Bäş wagt namaz parzdyr. Käbir ülkelerde bolsa alty aý gije, alty aý hem gündiz bolýar. Şol ýerlerde namaz nähili okalmaly?

Bu soragy soraýanlaryň hakykatda öwrenmek niýetleriniň bardygyny ýa-da ýokdygyny bilmeýäris. Çünki şu wagta çenli bu sorag elmydam yslamyýetiň tutuş ýer ýüzüne degişli dindigini inkär eden bet niýetliler tarapyndan berilýär. Muny aýtmak bilen, siz yslamyýeti tutuş ýer ýüzüniň dini hasaplaýarsyňyz, emma alty aý gije we alty aý gündiz bolan ýerlerde namaz okap, oraza tutup ýaşamak mümkinmi?

Ilki başda şuny aýdaýyn, dünýäde hiç bir nyzam, hatda bu nyzam diňe ykdysady bir nyzam bolsa-da, asla yslamyň ýeten tutuş ýer ýüzüne ýaýramak derejesine ýetip bilmez. Ine, şu günki günümizdäki müň kemçilikli nyzamlar bar, ynsanyň olara nyzam diýmäge dili hem barmaýar. Hatda bularyň arasynda heniz diňe nazarýet halynda ýaşap ugranlary bar, birnäçe synag-derňemelerden geçenlerem bar... Meselem, Marksyň ykdysady nyzamy Engels bilen birlikde birnäçe gezek gözden geçirilip düzedilendigine garamazdan, biri-biriniň yzy bilen gelen internasionallarda käbir ýerleri täzeden işlenilipdir, düzedişler geçirilipdir we her gezeginde olara başga bir häsiýetler berlipdir.

Bu husus biziň günlerimizdäki her bir ykdysady nyzamda bolşy ýaly, ähli döwürlerde we dürli-dürli nyzamlarda-da ýygy-ýygy göze ilen tebigy ýetmezçilik we ynasanlyga degişli kemçilikdir.

Ýeri gelende şuny hem aýratyn bellemek isleýärin, men beýle deňeşdirmeler bilen işi bassyr-ýussur edip ýüzleý almak niýetinde däl. Şeýle hem garşydaşlarymyzyň ýörelgesi we häsiýeti dialektik bolanlygy sebäpli biziň hem wagtlaýynça pese gaçyş we çaga äheňine girmegimize sebäp bolýar...

Ikinjiden, dünýäniň ilatynyň näçeden-näçesi bular ýaly ýerlerde ýaşaýar. Olaryň bu özboluşly ýagdaýlary sebäpli ýeriň ýüzüne şeýle giň ýaýran din tankytlanylýar. Hawa, ol buzluk we garaňkylyk diýarda ýaşaýanlar adamzadyň näçeden näçesikä? Belki milliondan birem däldir. Beýle bolsa dünýäniň çar künjegini we birgiden ynsanlary bir ýana goýup bäş-üç sany başga medeniýetden bolan biçäreleriň ýagdaýlaryny delil ýaly görkezip şübhe döretmäge çalyşmak, dogrulyk we ylmylyk bilen hiç wagt bir ýere sygyşjak zat däldir.

Üçünjiden, dünýäniň şol künjeklerinde musulman ýaşaýarmyka, musulmanlaryň namaz meselesi dert edilýär-de, şol ýerdäkileriň nädip namaz okajaklary soralýar? Eger bir gün adamzat buzluklara ýerleşenden soňra, olardan käbirleri ybadat-u tagaty öwrenmäge gelseler, ine şonda bu soragyň berilmeginiň manysy boljak. Ýogsa häzirki wagtda bu soragy biz arassa köňüllere şübhe atmak diýip kabul edýäris. Materialistler bilen gürleşeňde göwne makul däl dil we dialektika tapýarlar. Allah bagyşlasyn!

Indi bolsa bu barada yslamda nämeleriň aýdylyp-aýdylmandygy barada gysgaça durup geçeliň. Şuny anyk bilmeli, hiç bir nokatda gümürtiklik goýmadyk yslam bu meseläni hem açyp görkezmegi ahmal eden däldir. Hawa, bu husus bir waka sebäpli yslamyň ilkinji döwürlerinde düşündirilip geçilipdir. Ymam Buhariniň «Sahyhynda» we Ahmet bin Hanbeliň «Müsnedinde» Serwerimiz bilen sahabasynyň arasynda şeýle mazmunda bir gürrüňdeşligiň bolandygyny görýäris. Pygamberimiz: «Dinden ýüz öwrülen wagty Deçjal çykar», başga bir rowaýatda bolsa: «Ol demirgazyk-gündogardan dörär we kyrk günde ýer ýüzüni o başdan bu başa aýlanyp çykar. Onuň bir güni siziň bir ýylyňyzdyr... we bir güni bardyr bir aýyňyz, ýene bir güni bardyr bir hepdäňiz, galan günleri bolsa siziň günleriňiz ýalydyr» buýurýar. Sahabasy soraýar: «Uzynlygy bir ýyla deň bolan ol günde bir günlük namaz ýeterlik bolarmy?» Serwerimiz jogap berýär: «Ýok, bellärsiňiz we hasap edersiňiz». Ýagny, gije-gündizden düzülen aýlary we hepdeleri ýigrimi dört sagatlyk gije-gündize bölersiňiz we ybadatyňyzy şoňa görä amal edersiňiz.

Mesele fykh alymlary tarapyndan derňelende her dürli ýalňyş düşünmelere ýer galmaz ýaly çözülipdir. Mysal üçin, Ymam Şafygynyň «El Umm» kitabyndan bu mezhebe degişli «Menhej» diýen kitaba çenli we hanafileriň gadym kitaplaryndan «Tahtawynyň» haşiýesine çenli bu meseläniň üstünde giňişleýin durlup geçilýär we her kesiň düşünjek meselesi halyna getirilendir.

Bu mesele wagtlaryň namaza sebäp bolmagyndan söz açylyp ele alynýar we düşündirilýär. Biz bu meselede diňe berlen soraga degişli ýerlerine degip geçmekçidiris.

Wagtlar namazyň sebäpleridir. Wagty girýänçä namazam parz däldir. Meselem, bir ýerde ýassynyň wagty gelmese ýassy namazy hem parz bolmaz. Emma, bu ýagdaý günüň wagtynyň anyk belli bolmadyk ýerleri üçindir. Ýogsa Deçjal bilen baglanyşykly düşündirilişi ýaly ýylyň uly böleginiň gije ýa-da gündiz bolan ýerlerinde, ol uzyn gündizi ýa gijäni gije-gündiziň hasabyna görä bölüp hasaplamak bilen namaz borjumyzy ýerine ýetireris. Ýagny, ol ýere iň ýakyn ülkäniň wagtlaryny ulanyp, bar bolan gije we gündizi belli bölümlere bölüşdirip gije böleginde gijeki ybadatlary, gündizki böleginde-de gündizki ybadatlary berjaý ederis. Edil iýmek, içmek, ýatmak we turmakda tebigy we kanuna laýyklygy saklap böleklere bölüşimiz ýaly...

Hawa, birnäçe aýlap Günüň ýaşmaýan ýa-da dogmaýan ýerlerinde tebigy kanuna laýyklyga nähili boýun bolýan bolsak onda oraza, namaz we haç ýaly ybadatlarda-da ýaşaýan durmuşymyza deň getirip, şonuň bilen sazlaşykly hereket etmäge mejburdyrys.

Netijede, yslam bu hususy hem asla ahmal etmändir, şeýle ülkelere iň ýakyn ýurtlardan bäş wagt namazyň okaljak ýerine degişli wagt sanawyny düzüp ulanmak ýörelgesini getiripdir diýip aýdyp bileris.

Bu ýerde ýene bir meseläniň ele alnymagy dogry boljak. Ol hem wagtyň girmedik ýerinde namazyň okalmajakdygy baradaky meseledir. Hawa hakykatdan-da wagtlar namazlara sebäp hökmünde görkezilse-de, namazyň hakyky sebäbi Allahyň emridir. Bu esasda wagtyň belli bolmadyk ýerlerden başga bir wagt içinde ol namazyň kaza edilmesi yhtyýat taýdan has muwafykdyr.

Işiň dogrusyny Ol biler.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr