Ibni Arabi hezretleriniň «Şejeretün Numaniýe» kitabyndaky yşaratlar hakykat bilen nähili derejede deň gelýär?

Bu kitabyň çap edilen görnüşini bilmeýärin. El ýazmasy birnäçe kitaphanalarda bardyr diýip hasap edýärin. Bularyň biri-de Edirnedäki Selimiýe kitaphanasyndadyr. Şejereýi Numaniýe ýaly başgada birnäçe eserlerinde Hezreti Muhýiddin gaýyba aralaşyp, käbir hakykatlara göz ýetirip, gaýypdan käbir habarlary beripdir. Ol Allahyň yhsany bolan ylham joşgunlary bilen häli-häzirki ýagdaýy ap-aýdyň görüşi ýaly, Allahyň lutfy bilen geçmişi-de, geljegi-de öňündäki kitabyň sahypalary ýaly görüp okaýan, aýdyň-gizlin düşündirişlerde bolan bir akymyň kutby we täsin bir şahsyýetdir. Şol bir wagtda onuň geljege degişli hadysalardan söz açmagy, meselem, pylan wagtda şeýle bir zat, pylan wagtda-da beýle bir zat we pylan wagtda-da başga bir zat bolar diýmegi onuň işlerinde örän açykdyr we başgalaryňkydan tapawutlydyr. Dogrusy, birnäçe Hak dosty Allahyň emri we rugsady bilen muňa meňzeş işleri edipdirler, emma, onuňky ýaly aýdyň we ileri giden däldirler.

Hezreti Muhýiddin bu meselede ilkinji bolmaýyşy ýaly iň soňky hem däldir. Ondan soňam birnäçeler edil şol şekilde we şol bi istikamatda käbir zatlardan habar beripdirler. Ondan has öň Ustady Küll Rehberi Ekmel Serwerimiz geçmiş we geljek bilen baglanşykly bular ýaly habarlary beripdir. Hawa, Ol soltanlar soltany kyýamata çenli bolup geçjek hadysalary edil telewizoryň ekranynda sereden ýaly ymmatynyň nazaryna hödürläpdir we olaryň käbir kysmy açykdyr, düşnüklidir, düşündiriş gerek bolmajak derejede aýdyňdyr. Käbir kysmy bolsa Kuranyň müteşabih aýatlary görnüşlerinden, emma düşündiriş berlip, tefsir edilende hakykatyna düşünilip bilinjek derejededir. Şeýle hem olaryň käbiri diňe ähl-i tahkykyň düşünip biljekleri şekildedir...

Has soňra Ählullahyň bu meseledäki aýdanlary, ýagny bir kysym hökümler çykaryp, bize degişli aýdyňladyjy bir topar zatlardan habar bermeleri ýa Kurana, ýa Serwerimiziň (s.a.w.) sünnetlerine, ýa-da gönüden-göni pygamberligiň çyragy astynda, öz köňüllerine öwsüp gelen ylhamlaryna... daýanyp biler. Ine bu saýada hak ärleri bir topar hakykatlara göz ýetirerler. Soňra bolsa hususy bir dil ulanyp olary başgalara düşündirerler. Emma bular ýaly hakykatlary orta atan hakykat ärleri halk bilen üýtgeşik bir baglanşykda boluşlary ýaly, hötjetlikden we öwünjeňlikden şonça uzakdyrlar. Müňbir täsin zatlary orta döker, müňbir gizlin habarlary bererler, emma asla hötjetlik etmezler. Hemmesiniňem dilinden düşürmedik sözi «Işiň dogrusyny Allah biler» diýmekdir. Esasda bu düşünje bolansoň, ýagny her bir zady bildiren we işiň esasyny, özenini lutf eden Allah bolansoň, bular ýaly habarlara ynanmazlyk, diňe garşy gitmek maksady bilen bolup biler. Şeýle hakykatlaryt kabul etmän olara garşy gidenleriň bolşy men-menlik bolup, olaryň tutaryklarynyň hiç bir ylmy gymmaty ýokdur.

«Wahyý-i metluw» bolan Kurandan başga, Serwerimiziň (s.a.w.) dellaly bolan ýene iki çeşme bar. Kudsy hadyslar we olaryň daşyndaky söz we beýanlary. Bular wahyý we ylhamyň haýsy derejesinden gelse gelsin, ylahy çeşmedir. Serwerimiz (s.a.w.) arap suhangöýleriň arasynda maksatlaryny çeper beýan etmekde täsin bir uslyp ulanan ynsan hökmünde kalbyna wahyý bolan zatlary, ruhundaky öwüsginleri iň çeper söz bilen belli galyplarda dile getiripdir. Ol bu öwüsginleri iň ajaýyp görnüşde ulanyp bize miras goýupdyr. Indi bir weli, her zadyň ussady saýylan Haje-i Kainat bolan Serwerimize daýanyp we Onuň ledün ylmynyň derýasyndan bir zatlar çykarsa, munda geň-taň görüp, geňlär ýaly näme bar?

Käte bir weliniň nazaryna uzakdan bir kysym hakykatlar görkeziler. Bular düýn bolşy ýaly şu gün hem bolup biler. Weli käte uzaklygy görmez we hakykaty bolşy ýaly gurşap bilmez. Käte islendik bir hadysany alamat hökmünde görer we düşündirişini bilmez. Bilmez-de özüne görä düşündiriş berer. Düşündirişini-de dogry hasap eder. Emma maksad-i ylahy başgadyr, olaryň düşündirişi başga... Edil ynsanyň gören düýşüni ýoruşy ýaly... Meselem, siz düýşüňizde altyn-kümüş görüp, Hak Tagala bu gün size göwnüňizden turjak lutuf-yhsanda bolar diýip pikir edersiňiz. Ýa-da maddy we magnewi taýdan nepi degjek bir zatlara mynasyp boljakdyryn diýip garaşarsyňyz. Emma, altyn-kümüşiň manysy nebis harsydünýäligi we nefs-i emmara taýyndan güýç-kuwwat gazanmak diýmekdir... Şeýle hem düýşüňizde Hezreti Jebraýyl penjiräňizden girýär. Siz muny ruh-u emin we ruh-u metin öýmüze giren bolsa, öýmüzde ylahy öwüsginlerden bir zatlar bolar diýip ýorarsyňyz. Emma mysal äleminde beýle waka bilen alamatlandyrylan hakykatyň manysy ol öýden beýik ruhly birisiniň wepat bolmagydyr. Şeýle hem biri düýşünde kimem bolsa bir ynasan bilen jynsy gatnaşyga girenini görer. Günähe girenini, girjegini zand eder. Ýogsa munuň manysy we düşündirilişi ol ynsana kömeginiň degmesi manysyny berýär. Edil şonuň ýaly waka Harun Reşidiň aýaly Hezreti Zübeýdäniň başyndan geçipdir. Bu mübärek aýalyň düýşünde Bagdat halky gelip onuň bilen jynsy gatnaşyga girip gidýär. Aryna, namysyna örän berk bolan bu aýal titiräp, endamlary tikenekläp oýanýar. Soňra bolsa bir ýorgutça düýşüni ýordurýar. Ýorgutçy oňa: «Şeýle bir haýyrly iş etjeksiň, tutuş adamzada onuň nepi deger » diýýär. Ep-esli wagt soň Zübeýde Hatun Harem-i şerife suw getirmek bagtyna mynasyp bolýar.

Hawa, weli kişi mysal äleminden hakykatlaryň aňladýan manysyny bilmese, olary düşündirjek bolar we käbirinde ýalňyşar. Mazmun taýyndan weliniň aýdanlary bilen nefsul emirdäki hakykat arasynda parh ýokdur. Parh onuň mazmunynda we giňişleýin beýanynda, biziň dilimiz bilen alamatlaryň diliniň parhlylygyndadyr. Bu parhlylygy aradan aýryp adamlara dogry habarlar bermek diňe pygamberler we olara eýerenlere miýesser edipdir. Pygamberler ýalňyşmaýarlar ýalňyşaýsalaram Allah derrew düzeder. Çünki köpçülige ymam bolansoňlar olaryň ýalňyşy diňe özlerine degişli bolup galmaz. Yzyndakylary hem ýalňyşdyrar. Olaryň her zady obýektiw we ähli adamzady gurşap, öz içine alýan häsiýetdedir.

Şonuň üçin Hezreti Muhýiddiniň Kur`ana bolsun, Sünnete bolsun, öz ylhamlaryna daýanyp aýdan zatlaram hakdyr. Emma, yşaratlar bilen özüne aňladylan, meslegi, meşrebi, wezipesi we döwri sebäpli düşündirişi gadagan edilen käbir meselelerde sünnete ters ýaly görnen beýanlary aýdypdyr. Ymam Şarani, Molla Jamy ýaly ähl-i tahkyk Hezreti Muhýiddin hem öz düşündirmek islän zatlaryny makul düşündirişler bilen düşündirmäge çalşypdyr.

«Şejeretün Nümaniýedäki» meselelere gelsek, bulardan birnäçesi bolup geçipdir, birnäçesi hem Allah islese, bolup geçjekdir. Meselem, Hezreti Muhýiddin Osmanly döwletiniň gurulmagyndan öň ýaşady. Hatda Möwlana Jelaleddin Rumy Hezretlerinden has ýaşuly, ýagny Seljuklar döwründe ýaşap geçenem bolsa, Osmanly döwletine we ondanam has soňraky döwürlere degişli bir topar wakalary açyk-ýapyk habar beripdir. Hezreti Muhýiddiniň mazary Ýawuz Soltan Selim Hezretleri zamanynda tapylýar we orta çykarylýar. Muňa degişlidigi aýdylýan şu söz örän dykgat çekijidir. «Sin şine girende Muhýiddiniň gabry orta çykar». Ýagny «Sin» Selim, «Şin» Şama girende Muhýiddiniň gabry belli bolar we özüniň hormata mynasyp ornuny alar. Şonda ol Hak Tagaladan gelen öwüsginlere we ylahy göze görünmelere daýanyp bulary aýdýar. Özünden däl, çünki et bilen süňkden ybarat bir barlyk bulary aýtmaz. Ol ähli durky bilen Allaha ýönelmiş, melekleriň mertebesine göterilmiş, Rabbymyz hem onuň melekleşen durkuna lutf edip, oňa ruhlar we ruhanylar derejesinde bir mähremlik edipdir. Bu mähremlik saýasynda barlygyň hakykatyna, hatda geçmiş we geljek zamanlara aralaşyp geçmişdäki möhüm wakalardan, geljekdäki näbelli hadysalardan, meselem, beýik Osmanly döwletiniň gurluşyndan, ösüşinden, taryhy ähmiýeti bolan birnäçe wakalardan, meselem, Myrat dördünjiň Rewan şäherini gabap ony alty aýda eýelejeginden we muňa meňzeş başga-da bir giden zatlardan söz açypdyr. Bu ýerde Edisony haýran eden we hormat goýmaga mejbur eden «Fütuhat» eserindäki elektrik togundan söz açylmasy ýatlanyňa degýän keramatlaryndandyr.

Aslynda Muhýiddin bu meselede ýalňyz däldir. Meselem, Manisaly Muştak Hezretleri Türkiýe dowletiniň döredilmeginden takmynan ýüz ýyl öň paýtagtyň Ystambuladan Ankara geçiriljegini aýdanyny gazetlerde ýazdylar. Emma, Muhýiddin bu meselede kutub ýalydyr.

Bularyň ählisi bilen birlikde bu beýik şähsyýetlere aýan bolan hakykatlar üýtgewsiz däldir. Allah her bir zady üýtgedip durşy ýaly, olaryň hem görüp, duýup bilen zatlaryny üýtgedip biler. Çünki Ol eli-goly bagly – Alla saklasyn! – eňen ugruna eňip oturan barlyk däldir. «Her pursatda Ol başgaça şöhlelenýär» (Rahman, 29). Her pursatda ynsanyň başyny aýlaýan başga bir buýrukdadyr. Jemläp aýtsak, Allah (j.j.) «Lewh-i mahw we isbat» kitabynda, ýagny bize görünmejek derejedäki belgileri-de edil görüp ýören zatlarymyzy üýtgedişi ýaly üýtgeder, başgaça ýazar. Islänini ýok eder, islänini taýdyrmaz. Esasy kitaba gelende ol kitap ylmy-ylahdyr, takdyr hem ylmy-ylahyň bir bölümidir. Hezreti Muhýiddin şol kitaba aralaşmagynyň çäginde näme aýdan bolsa dogrudyr. Hakykata ters gelýän käbir zatlar bar bolsa, ýa ol düşündirilişine düşünen däldir, ýa-da ol hakykatyň entek wagty gelen däldir, ýa biziň özümiz Hezreti Muhýiddiniň aýdýanlaryna düşünýän däldiris.