«We alleme Ademel esmae kulleha» aýaty nämeleri aňladýar?

Bakara süresiniň bu 31-nji aýatynyň manysy «Allah (j.j.) Hezreti Adama ähli isimleri tälim etdi» şekilindedir. Mälim, isimleriň Hezreti Adama öwredilmegi Kurany Hakimde Hezreti Adamyň halife saýlanmagy barada söz açylan ýerde beýan edilýär. Melekler ynsanyň ýaradylşyndaky we durkundaky bir topar aýratynlyklardan ötüri ýer ýüzünde bir topar bulaşyklyklary döretjegini, gan dökjegini duýup Hak Tagala ýüzlendiler. Ýagny: «Ýa Rabbimiz, ynsanyň durkuna seretseňiz bu gan dökjege, biri-birini öldürjege, agzalalyk döretjege meňzeýär...» diýdiler. Edil ynsanyň ýüzündäki çyzyklardan onuň ruh we durkuny okaýan melekler Hezreti Adamyň manewi ýüzünde muny gördüler. Çünki ýeriň palçygyndan-gumundan alynan bir barlygyň ýüzünde bular ýazylgydy... Onda ylahy nefha (ruha, jana) degişli başga zatlar hem ýazylgydy, emma, Melaike-i Kiramyň gözüne ilki ýetmezçilikler ildi. Hawa, bir tarapy toprak, bir tarapy ylahy nefha bolan ynsan. Toprak tarapy bilen onda şähwetler, ynjyklyk, gaharlar, kineler, ýigrençler bardy. Ylahy nefha bilen bolsa Aglaýy Illiýine (jennetiň iň beýik derejedäki ýerine) çykyp, iň owadan şekili aljak we Mele-i Aglanyň ýaşaýjylarynyň arasyna goşuljak bir ýaradylşy-da bardy.

Melekler hem Hezreti Adamyň ýaradylyşyna degişli bu halyny duýup Hak Tagala sowal bilen ýüzlendiler: «Ýer ýüzünde bozgaklyk döretjek, gan dökjek birini ýaratjakmysyň?» Allah (j.j.) hem meleklere synag bolsun diýip ilki Adam ata barlyklaryň ismlerini tälim buýurdy. Ýagny daş, agaç, çyra, toprak ýaly zatlaryň atlaryny öwretdi. Emma, barlyklaryň özüni görmezden olaryň atlaryny teoretiki öwretmegiň hiç bir manysy ýokdur. Şonuň üçin barlyklaryň hakykaty bilen doly manyda atlary öwredilendir. Esasan älemde her bir zat at we şol ady göterýän närsäni aňladýan hakykatyň iki tarapydyr. Bu nukdaý nazardan Hezreti Adama isimleri öwretdi diýilmegi, şol ismleri göterýän närseleriň hem many mazmunyny hem öwretdi diýildigidir. Hezreti Adama mazmun görnüşde öwredilen isimleriň giňeldilen düşündirişini Allah Hezreti Muhammede (s.a.w.) tälim etdi. Hawa, Hezreti Asdama sanaw görnüşinde öwredilenler Pygamberimize (s.a.w.) kitap edilip jikme-jik düşündirilipdir.

Hak Tagala isimleri tälim etmek bilen Hezreti Adam atanyň halyfdygyny görkezipdir. Ýeriň ýüzünden alnan maddalar bilen ýaradylan we Adam ismi bilen ýat edilen Hezreti Adam Muhýiddin Ibni Arabiniň «Fususul Hikem» eserinde beýan edişi ýaly Allahyň (j.j.) ýer ýüzündäki halyfy we makamy jemiň sahybydyr. Barlyga Hezreti Adamyň ýaradylyşynyň nukdaý nazaryndan seredilse «wahdeti wüjut» görüler. Ynsan ýer ýüzünde Allahyň nazary düşen barlykdyr we onda Allahyň ähli ismleri şöhlelenip jem bolandyr. Şonuň üçin ynsan makamy jemiň sahybydyr. Allah (j.j.) bu möhüm mertebäni Hezreti Adam ata ismleri tälim etmek bilen yhsan edendir.

Diýmek, Allah Hezreti Adama ähli ylymlaryň jemini ylham etdi. Netijede Hezreti Adam bir tarapdan dini hakykatlaryň mazmunyny, beýleki tarapdan bolsa himiýa, fizika, astronomiýa, lukmançylyk ýaly tebigy we takyk bilimleriň mazmunyny wahý arkaly öwrendi. Ýagny, dini we dünýewi ylymlary giňişleýin görnüşde däl-de, esasy kada we ýörelgelerini öwrendi. Hawa, bular mazmun görnüşindäki zatlardy, belki-de käbir yşaratlar bilen beýan edilen zatlardy. Şol bir wagtda-da bu öwredilenler şeýle bir täsindi, Melaike-i Kirama görkezilen wagty olary bilmediler.

Bu bilmezlik meselesinde şeýle bir husus düşündirilip bilner. Älem-i jismaniýet (jisimler älemi) Älem-i Erwahdan (ruhlar äleminden) mydama parhlydyr. Biz bir tarapdan jisimler älemine degişli barlykdyrys. Şonuň ýaly şu görüp duran tebigat kitabynyň her parçasy hem jismany äleme degişli zatlardyr. Jismaniýete degişli janly-jansyz zatlar bir ölçegde jismany däller tarapyndan doly bilinmeýär. Meselem, jismany älemde görmegiň, eşitmegiň ölçegleri bardyr we şol ölçegden daşyna çykylmaz. Ynsanlar görülip bilinjek zatlaryň milliondan bäşisini görer, aňyrsyny görmez. Çünki bu görmek, eşitmek jisimler äleminde bolup geçýär. Emma, Melaike-i Kiramyň görüş we eşidiş ölçegi düýbünden başgadyr. Çünki olar ruhanydyrlar. Şonuň üçin bir kysym latif jisimler, hatda ruhanylar we jynlar älem-i şahadaty synlamak üçin jismany bolan bir barlygyň kölegesinde onuň maddy bedeninden peýdalanar, onuň gözi bilen älem-i jismana sereder. Seniň nazaryňda şu kewni fesatdaky (pany älemler) ýagdaý, maddy älemlerdäkiden düýpgöter başgadyr. Melaike-i Kiram bahary, tomsy, gülleri, mör-möjekleri, janly-jandarlary seniň görşüňden tapawutly görer. Hawa, olar başga ölçeglerden bakýandyklary üçin seniň bakyş, görüş, eşidiş we hoşwagt bolşuňdan örän tapawutly zatlara göz ýetirerler. Hak Tagalanyň Hezreti Adama (a.s.) tälim eden isimleri, älem we barlyklaryň ýaradylyşynda bar we ýörgünli bolan kanun we ýörelgeleri içine alan hakykatlardyr. Jismi latyf, ýagny nurana bolan Melaike-i Kiram maddy jisimlere mahsus bolan aýratynlyklary belli bir derejede bilmeýändikleri üçin «Seniň öwredenleriňden başgasyny bilmeýäris. Seni tesbih we takdys edýäris» diýdiler. (Bakara, 32).

Bu iki meseläni biri-birine laýyklan mahalymyz şu netijä gelýäris. Hak Tagala älemdäki hakykatlary mazmun görnüşinde Hezreti Adama tälim etdi we bu tälim wagtyň dowamynda kämilleşdi, kemala geldi hem Kämili Mutlak, Makam-i Mahmudyň sahyby Hezreti Muhammetde (s.a.w.) jem boldy. Ol öwrediljek her bir zada mynasyp bolmak jähdinden Muhammet, Ahmet, Mahmut we Hamit boldy. Ýagny hemme taraplaýyn hamd-u sena giden ýollaryň ýol aýrymynda ýol görkezen we töweregini ýagtyldan bir şahsyýet bolup döredi. Onuň mazhar (yeten) bolan zatlaryna henize çenli hiç kim mazhar bolup bilmändi. Ol ähli isimleriň mazhary (çeşmesi) Kurany Kerim ýaly, ähli isimleri durmuşa ornaşdyrmak üçin gönderildi. Kurana görä Fatiha näme bolsa, ol hem ähli pygamberlere fatiha boldy.

Fatihadaky ýedi aýat ilkinji nobatda Hezreti Adama gönükdirilendir we ol ýedi aýatyň jemlenýän nokadydyr. Hawa, Hezreti Adamda hem ýedi sypat jemlenendir. Ýedi aýat ledün ylmy taýdan ýedi sypata bakýar, ýedi hakykaty görkezýär. Şonuň üçin namazda ynsan bu ýedi hakykaty görkezmek taýyndan ýedi synasy bilen sejde edýär. Resuly Ekrem (s.a.w.) bolsa Fatyhanyň giňişleýin düşündirişi bolan Kurany Kerime mazhardyr. Ýagny, Fatiha Resuly Ekremde (s.a.w.) giňişleýin beýan edilendir. Şonuň üçin Oňa (s.a.w.) «Ahmet», ymmatyna «Hammadun» we Onuň (s.a.w.) töweregine toplanyp saýalanylan tuga bolsa, «Liwaül-Hamd» diýlipdir.

Hawa, isimler doly görnüşde Hezreti Muhammede (s.a.w.) ylham buýrulandyr. Ol (s.a.w.), nähili bagtlybiz hem hähili bagtly!

Esasan takyk we tebigy bilimler-de isimleriň tälim edilmegi bilen düşündirilýär. Beýik Mürşid Bediuzzamanyň hem aýdyşy ýaly: « Şu «We alleme Ademel esmae kulleha» aýatyny, ynsanda jemlenen ähli ukyplarynyň we zehiniň üstü bilen ýeten bütin ylmy-tehniki açyşlaryny we ösüşlerini, senet täsinliklerini «Talimi Esma» ady bilen beýan etmeginde we aňlatmagynda şeýle inçe we beýik bir syr bardyr, her bir kemalyň, her bir ylymyň, her bir ösüşiň, her bir takyk ylymyň uly bir hakykaty bar we ol hakykat ylahy bir isme daýanýar. Ýogsa ähli zat ýarpy-ýalta bir görnüş we bulaşyk bir sudur bolup galar.

Meselem, geometriýa bir ylymdyr. Onuň hakykaty Hak Tagalanyň Adyl we Mukaddir (takdyr eden, ölçeýän) ismine aralaşyp, geometriýa aýnasynda ol ismiň hikmetden doly şöhlelenşini ähli gözellikleri bilen açyp görkezmekdir. Lukmançylyk bir ylym we bir senetdir. Onuň hakykat we soň syryny açmak bolsa O Mutlak Hekimiň «Şafi» (dertlere şipa beren) ismine daýanyp we Ol Beýik Ýaradanyň ýer ýüzüne ýaran giň dermanhanasynda Onuň rahmetiniň ajaýyplygyny görmek we hakyky şypa bereniň Ol (j.j.) dugyny bilmek bilen mümkindir.

Şonuň ýaly beýleki ylym we senetleriň her biri Allahyň (j.j.) nurly isimlerinden birine daýandyrlandygy, has dogrusy daýanmagy duýulýan möçberde öňi açylar, böwetlerden geçip bilmän galmaz. Ýogsa çaklamalaryň we nazarýetleriň garaňkylygynda gidilse wehim we şübheden saplanylmaz.

Her zadyň dogrusyny iň oňat bilen Oldyr (j.j.)

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr