Yslamda meşrepçilik barmydyr? Sahabe-i Kiram arasynda beýle bölünmeler bolupmydy? Birleşdiriji bir pikir näme bolup biler?

Meşrep sözi arapçadyr we «içmek» manysyny berýän «şurb» kökünden gaýdýar.

Halk arasyndaky manysy ynsanlaryň şol bir hakykatyň esasy däl meselelerine dürlüçe düşünmek diýmekdir.

Aýratyn hem bu gün yslam, iman we Kurana hyzmat etmek meselesinde, maksatda we göz öňünde tutulan ahyrky nokatda bir bolmak bilen birlikde, wesile we ýollarda tapawutly pikir öwürmelere, düşünjelere «meşrep» nazary bilen bakyp bileris.

Dünýäniň gündogarynda we günbatarynda kim dine, imana hyzamt edip, kim beýik yslam dininiň beýikligini ýaýratsa, meşrebi nähili bolanda-da ol kabul edilmeli, alkyşlanylmaly we hormatlanylmalydyr. Ýollar, usullar bir bolman biler. Esasy zat öňde goýlan maksadyň birligidir.

Bu ýollaryň dürli-dürli bolmagyna täsir eden her hili sebäpler bardyr. Ynsany gurşan töwereginiň, alan medeniýetiniň oňa täsiriniň bolşy ýaly, şol bir wagtda Esmai ylahiýä mazhariýetiň hem özboluşly täsiri bardyr. Muňa görä aýry-aýry meşrepleriň döremegi adaty ýagdaýdyr we öňden bäri hem döräp gelendir.

Hezreti Alynyň meşrebini hiç wagt Hezreti Ebu Bekiriňkä deňeşdirip bolmaz. Faruk-u Agzam Hezreti Omar bilen Ebu Zerriň meşrepleri düýpgeter tapawutlydyr. Ýogsa ikisi-de gaýduwsyzdy, batyrdy. Emma, Hezreti Omarda ýokary derejede döwlet we ony dolandyrmak, kämil bir guramaçylyk düşünjesi bar bolsa, Hezreti Ebu Zerr örän özboluşly bir ynsandy...

Bu ýagdaýlardan şeýle netijeleri çykarmak bolar, ýagny, bütin dinleri birleşdiren, ähli meşrepleriň agzyny birikdiren we ähli häsiýetleri we ukyplary aşan Resuly Ekrem (s.a.w.) döwründe-de meşrepler we häsiýetler doly ortadan aýrylmady we meşrepleriň jemlenmegine gitmediler we gidilmedi...

Aslynda bulary birleşdirjek bolmak ýaradylşa tersdir. Çünki başga-başga ýaradylan ynsanlaryň şol bir şekilde düşünmegi mümkinem däldir. Elbetde, zor görkezmegiň netijesinde dürli nägilelikleriň döremegi mümkindir. Meshebleri birleşdirmek isleýänler, ynsanlaryň ýaradylyşyndaky bu inçe aýratynlyga göz ýetirip bilmändirler, ynsanyň zandyny tanamandyrlar we şol sebäpden hem olara beşeri we beşerdäki ukyplary we paýhaslary görmeýän ýa-da görmek hem islemeýän adamlardyr diýmek bolar. Allahyň ýaradan ukyplary eger Onuň hikmetiniň talabyna görä işjeňlik görkezip, ýerine ýetirmeli işleriniň doly hötdesinden geljek bolsalar, elbetde aýry-aýry mezhepler hem bolar. Şeýlelikde ukyplaryň, paýhaslaryň dürlüligi fykyhda Hanefi, Şafygy, Mäliki, Hanbeli, Ewzaýi, Sewri we Zuhri... ýaly birgiden mezhepler görnüşinde dörejekdir. Ynsanlaryň köňlüne, duýgularyna, kalbyna, wyždanyna ýüzlenen we şerigata, yslam dinine hyzmat etmek maksady bilen, tä pygamberimiziň döwründen şu güne çenli gurlan kalp we ruhuň pajarlap ösmegini maksat tutunan nyzamlarda-da dürli tarykatlar şekilinde orta çykjakdyr.

Ilkinji tarykatçylar Sufyan-y Sewri, Ibrahim bin Edhem, aýratyn hem her sopynyň ynam bildireni Baýezit Bisatmi, has soňraklarda Jüneýit Bagdady… hersi özbaşyna açan çygyry bilen ägirt ynsanlar bolup bütin ähl-i hak tarapyndan söýülip hormatlanan Gaws-i Agzam Abdulkadyr Geýlany we şalar şasy Şa Nagyşbendi Hezretleri aýry-aýry meşreplere, aýry-aýry häsiýetlere wekilçilik edip, şol bir reňki dürli tonlarda, Hezreti Muhammediň (s.a.w.) getiren hakykatyny janlandyrmaga çalşypdyrlar.

Muhýiddin Ibni Arabynyň tarykatyny, Ymam Rabbany Hezretleriniňki bile ýan-ýana goýjak bolsaňyz, biri-birinden örän uzakdadyklaryny görersiňiz. Beýik weli, Ymam Rabbani sahaba mesleginiň beýik wekili, fark mezhebiň hem kutbudyr. Her kesiň ykrar edişi ýaly Hakykat-y Ahmediýýäniň (s.a.w.) ýoluna çuň düşünipdir. Zahyr we batyny Ahmediýýäni (s.a.w.) jemläp Onuň içki we daşky bütewiligini iň kämil şekilde düşündirenleriň biri, belki-de birinjisi bolupdyr. Dört ýüz ýyldan bäri saçýan nurunyň ýagtylygyny henizem kalbymyzda duýýarys…

Ine bu ägirt ynsan ýeri gelende Muhýiddin Ibni Araba garşy «Fütuhat-y Mekkiýe däl, Fütuhat-y Medeniýe...» diýip pygamber ýoluny we sahaba meslesine ünsi çekipdir. Bu ýol ähl-i sünnet wel jemagat ýoly we bu jemagat hem hakykat-y Ahmediýeniň (s.a.w.) wekilleridir. Şeýle hem bu mesele bir meşrep meselesidir. Ibni Arabyda «Wahdet-i wüjud» düşünjesi bar, emma, bu belli bir derejede «Allahdan başga barlyk ýok» manysynda däl-de, «Allahdan başga barlyklaryň asyl wüjudlary ýok» manysynda «Wahdet-i şuhudy» aňdyran bir wahdet-i wüjut diýmekdir.

Men bu öwrüm-çöwrümli we ber-bulaşyk ýollara sizi meşrepleriň bir ýere birigip bilmejekdiklerini görkezmek üçin çekdim we aýladym.

Soragyň esasyny emele getriýän meselä gezek gelende bolsa, dünýä durdugyça meşrepler we mezhepler hem biri-birinden tapawutly garaýyşlarda bolarlar we hiç kim munuň öňüni alyp bilmez. Emma wesilelerdäki tapawutlyklara garamazdan, maksatda birleşip bilmekleri islendik wagt mümkindir. Diller dürli-dürli bolsa-da, aýdýan hakykatlary şol bir hakykatdyr. Arap şahyrynyň aýdyşy ýaly:

«Biziň beýan edişimiz örän köp dürli we dagynykdyr. Emma, seniň gözelligiň birdir. Hemmämiz hem şol gözelligi görkezmäge çalyşýarys».

Sözler başga-başga, beýan edişler dürli-dürli, äheňler, salgylar başga-başga, emma hemmesiniň düşündirýäni şol bir gözellik...

Hawa, ruhlarda Allahyň ryzasy, köňüllerde Şerigat-y Ahmediýýä (s.a.w.) bolan söýgi we ruh bu esasyň daşynda perwana bolansoň düşünişmezlikler, tapawutlar bolsa-da, düşünşip, pikir alyşmak islendik wagt bolup biljek bir zatdyr.

Bu gün hakyky yslam düşünjesiniň bir ýere jemlenmegi we düşünişilmegi üçin zerur bolan zatlar bar bolsa, (meniň pikirimçe bardyr) onda olaryň üstünde durmagymyz dogry bolsa gerek.

Birleşip bütewileşmek we meşrep düşünjelerini geçip bilmek ýa duýgy, ýa-da düşünje we mantyk babatda bolup biler. Bir derejede duýgy babatda bu birleşmek we bütewileşmek düşünjesi dürli jemagatlaryň bir pikire gelmeginde, daş görnüşinde wagtlaýyn bolsa-da, agzybirligi üpjün etmekde ýeterlik bolup biler. Emma, ynsan belli bir duran ýerinde durman, elmydam pikir we ruh babatda ösüşde bolandygy üçin örän inçe we pamyk ýüplügi ýaly bolan bu duýgy bütewiligi we bu duýgy bütewiligini orta çykaran bag kä halatda ýeterlik bolman biler. Şonuň üçin ynsanlar duýgy bagynyň ýeterlik boljak ýerine çenli duýgy baglary bilen baglansalar-da, onuň ýeterlik bolmadyk ýerinde bir ýere jemlenip pikir we mantyk taýdan birleşmegi üpjün etmekleri şertdir. Hawa, haky nähagyň täsirinden halas etmek, käfirlere baknalykdan gutulmak, Muhammet ummatynyň adamzadyň ykbalyna oňyn täsirini ýetirp bilmegini üpjün etmek, Kuran-y mugjyze-il-beýanyň ýer ýüzünde häkim bolmagyny gazanmak üçin pikir we mantyk taýdan düşünişmek hökmandyr.

Meseläni belli bir derejede mysallar bilen aýdyňlaşdyrmakçy bolsak ynsanlarymyzyň arasynda 20-30 ýyl mundan öňem duýgy birligi we bütewiligi bardy. Bu birlik we bütewilik musulmanlaryň garşysyna kommunizm we inkärçilik ýaly akymlaryň barlygy sebäplidi... Ýagny, garşy tarapda (Allah saklasyn!) Allahy we Resulyllahy (s.a.w.) kabul etmeýän, Kurany Kerimi düýpden inkär edýän bir topar, bäri tarapda-da näçe antikommunist bar bolsa, kommunizmiň garşysynda garaşsyz döwletleriň birleşişi ýaly, bir ara gelip birleşipdiler. Meselem, milletçilik esaslarynda ýöreýän, täzeden dogluş we diriliş pelsepesi bilen ýöreýän, iman esaslarynyň ýaýradylmagyny ýörelge hökmünde özleşdirip muny ýol tutunanlar syýasy arenada işi ýagdaýa görä ýöretmegiň pikirini edip we bu ugurda hyzmat edýän näçe syýasy we beýleki syýasy däl akymlar bar bolsa bary birden antikommunist birligi döredip birleşipdiler, bitewileşipdiler. Şonuň üçin ateizme garşy bolan islendik bir adam «Sebilur Reşad» gazetini okaýşy ýaly «Täze Ystambuly», «Erkin Adamy», «Beýik Gündogary», hatda «Orkuny» we «Milli ýoly» hem okaýardy. Ol günlerde ynanlar tarapyndan neşir edilen gazetlerdir žurnallaryň meşhurlary şulardy. Emma, bulardan biri has köp Altaýlar we Sübhandagy töwereklerinde aýlanýar, beýlekisi Gar-i Hiradan, Sewr gowagyndan we mukaddes şäher Medineden söz açýardy. Birisi köňülden, beýlekisi akyl-paýhasdan söze başlaýardy. Bu duýgy howasynda örän köp adamlar «Näme bolsa bolsun, garşymyzda Allahy inkär edenleriň agzyny birikdirýän döwründe birligimizi bozmalyň» diýýärdiler.

Görşümiz ýaly bitewilik o döwürlerde tutuşlygyna duýgudaşlygyň üsti bilen saklanýardy. Bu sebäpden, şeýle bir wagt geldi, indi bar bolan doganlyk düşünjesi ýeterlik bolman başlady. Musulmanlar pikir babatda-da, kalp babatda-da öňe ilerlediler. Pikirlenip, agtaryp, okap ýokary sepgitlere ýetdiler. Nämäniň we haýsy pikirleriň yslama garşydygyny görüp öwrendiler ýa-da köpçülige görä şeýle zand etdiler. Bir bütewi goranyş, bir bitewi düşünje, bir bitewi hyjuw o güne çenli bar bolanlary bir ýere jemläpdi we uzak wagtlap bilelikde ýatyp turup, bir üçegiň astynda bilelikde bolupdylar. Misli Allaha, Pygambere küfür edenleriň bir üçegiň aşagyna jemlenşi ýaly, bular hem duýgy taýdan raýdaş bolanlar bilen egin-egne beripdiler. Kim bilýär, belki-de şol döwürde agy-garany, ýagşyny-ýamany ini-boýuna görmek mümkinçiligine eýe boldular we ähli zada düşündiler. Hawa, görüp düşündiler. Özleri ähli akyllary we kalplary bilen Medine medeniýetine dogry we her bir babatda Resuly Ekrem (s.a.w.) bilen bile gelen ylahy hakykatlary häkim kylmak istikamatynda hereket edenlerinde, başgalar başga söwdada we bu düşünjelerden menzil-menzil daşdadylar. Birdenem şol döwre çenli baglanylan duýgy baglary şarta-şarta ýolunmaga başlady, birden büs-bütin duýgy we duýgudaşlyklaryň başaga-başgadygy orta çykdy.

Ine, bu döwürden soň duýgudaşlyk baglary ýetmän başlady. Mundan soň biri-birinden aýrylyp biri Çyna, biri Çynmaçyna tarap aýry-aýry istikamatlara giden kimseler üçin pikir we mantyk babatda bir ýere jemlejek esaslara, ýörelgelere, dessurlara mätäçlik emele geldi...

Biz öz nukdaý nazarymyzdan ilki Türkiýede, soňra tutuş yslam dünýäsinde täzeden döreýiş we diriliş sepgitlerini gözden geçirip we her kim öz paýyna düşenini edip, ykbalyň hatyrasyna taýýarlan ynanç we kanagatyny gorag astyna alsagam, uýulmagy zerur bolan käbir esaslaryň ünsden düşürilmezliginiň gerekdigini ýatlatmagy dogry hasap edýäris.

Ilki bilen şu gün herkesiň başgalary öz meşrebine goşjak bolmakdan el göterip, Hak ýolundaky her bir hyzmata alkyşlap hormat goýmagy zerurdyr. Niçik-de bolsa adaty durmuşda dürli kärleriň hünärmenleri, senetkärleri we el hünäriniň ussatlary biri-birini ykrar edip, öndüren önümlerini, çeken zähmetleriniň netijelerini üýtgedip, alşyp-berişip, umumy maksat ugrunda biri-birine kömek edýärler. Edil şonuň ýaly dürli meşrep we mezhep agzalarynyň arasynda birmeňzeş aňlaýyşyň ýollary gözlenilmeli, maksat we netijäniň ýumşadyjylygy bilen sebäp we wesileleriň gödekligi gürrüňsiz ýumşadylmalydyr. Munuň üçin hem edilmegi gerek bolan ýeke-täk zat her kimi öz hyzmat ediş ýolunda hormatlamak we «Meniň Allahymyň adyny sena edinen, Pygamberimi (s.a.w.) hormatlap, şöhratlandyran her kes meniň doganymdyr» diýip başgalaryny hem kabul etmekdir.

Kabul edip, kapitalizme we kommunizme özüňi ýuwutdyrmazlyk, ateistleriň getiren gorkunç girdabyna düşmezlik üçin ýüzleýem bolsa, agzybirlik, jebislik we bütewilik üpjün edilmelidir. Iňlisler öz durmuşu we öz ykbaly üçin Anglo-sakson we Galli bolup bir bütewiligi döredipdirler. Bu iki aýry-aýry taýpa biri-birlerini şeýle bir ýigrenýärler, anglosaksona „sen galli“ diýseň seniň bilen ýumruklaşmaga-da ýaltanmaz. Gallilere-de „sen anglosakson“ diýseň ondanam ýumruk iýersiň. Munuň bilen birlikde, bu iki topar arasynda, daş görnüşde şu güne çenli ýekeje-de ownuk bir çekişme, jedele girmegem bolmandyr. Çünki olar bir stoluň başyna geçipdirler, aralaryndaky tapawutly aýratynlyklary görüpdirler, äşgär görnüp duran umumylyklary berkidipdirler, Beýik Britaniýanyň ykbaly we geljegi üçin birnäçe pidakärlikleri göz öňünde tutup, düşünişmek nokadyny tapypdyrlar we düşünişipdirler.

Munuň biziň meselämiz nukdaý nazaryndan manysy şudur. Her birimiz haýsy meşrepden bolsak bolalyň, Allahymyz bir, Kitabymyz bir, Pygamberimiz bir, kyblamyz bir, ýolumyz bir, ýörelgämiz birdir. Hawa, şeýdip düşünişip agzybirligimizi duýgudaşlykdan çykaryp bu birlikleriň üstünde gurmaga mejburdyrys. Çünki, bütin bu birler birligimizi tassyk edýär we wyždanymyzy birlik ruhuna çagyrýar. Munuň tersine aýtmak oňşuksyzlyga bahanadan başga zat däldir.

Häzirki günlerde gymmatly bir hazynany belli bir nokada eltmegi maksat tutunan biz, ony ýerine eltenimizden soňra, hökmany suratda duelde atyşmaga çykmaly bolsagam, amanadymyzy eýelerine gowşuranymyzdan soňra zerur bolsa şol melgun işi edeliň. Emma, ilki bilen hökman bu mübärek milletiň bu gününiň, ertiriniň pikirini edeliň we şu memleketiň dinsizlere, inkärçilere şam bolmagyna pursat bermäliň we oňa mümkinçilik döretmäliň...

Bu meselede ikinji ýol hem şudur. Hiç kimse başgalaryny öz ýol-ýörelgesine salmak üçin zorluk etmeli däldir. Barsyn, her kim öz düşünjesine görä hyzmat etsin. Şu ýeri unudylmaly däldir, bir kysym kimseleriň aňyna giren pikirlerden el çekmegi kyn, hatda köp gezeklerde asla mümkin bolmaýar. Güýç ulanmak asla çykalga bolmaýşy ýaly, ol bitmeýän ýaralaryň dömmegine sebäp bolup biler. Hoşniýetlilik we geçirimlilik bolsa Kuranyň maslahatydyr. Geçirimli hereket edip, hoşniýetli bolanlar ykbalymyza degişli iň ähmiýetli meseläni çözenler hasap ediler.

Üstünde durulmagy gerekli bolan ýene bir husus şudur. Meşrepleriň, häsiýetleriň birleşmeýändigi üçin her kes öz meşrebi içinde Kurana we imana hyzmat edýärkä örän möhüm işi edýändir. Bir kysym ýiti galam ýöredenler jemgyýetçilik durmuşymyz bilen baglanşykly meselelerde çäre görýärler we yslamyň şeýle mesleleriniň hem çözülmegine zerurlyk bar. Şeýlelikde, goý, käbirleri içtimagy we ykdysady meseleleri çözsün. Bizem öz edip biljek işimiz bilen meşgul bolalyň. Abbasylar döwründe bolşy ýaly, häzirlikçe olaryň uýgunlaşmalaryny geçireliň. Ähli-sünnet ölçegleri bilen ölçäp-biçeliň, taşlajagymyzy taşlap, alyp galjaklarymyzy alyp galalyň we täze düzümler bilen, täp-täze bir dünýäniň gurujylary we taýýarlaýjylary bolmaga çalşalyň.

Mysal üçin, bir topary göz öňüne getireliň. Olaryň ähli-sünnet nukdaý nazaryndan tankyt ediljek käbir kemçilikleri bolup biler. Emma, beýle seljerme we öwrenme meselesinde diňe olaryň däl, belki-de Günbataryňam alnyp bilinjek dogry taraplarynyň bardygyny asla gözden salmalyň. Olaryň hem duşmançylyklary we ýigrençleri hasaba alnyp, kabul edilip bilinjek zatlary kabul edilende biziň yzzat we abraýymyza näme zyýan geljek! Aslynda, islendik batyl mezhepde-de hakykat dänesi bardyr we ol mezheb barlygy we dowamlylygy bilen oňa borçludyr. Ine şol hakykat dänesi islendik wagt alnyp bilner, alynmalydyram...

Bu meseläniň düşnükli bolmagy üçin bir mysala ýüzleneliň. Ähli sünnet wel-jemagatdan başga musulmanlaryň içinde gadymdan bäri dowam edip gelýän, biri-birine gapma-garşy iki toparyň wekili iki mezhep bardyr. Mugtezile we Jebriýe. Mugtezile mezhebi «Gul hereketiniň halygydyr» ýörelgesine görä hereket edýär. Jebriýe mezhebi bolsa «Her zady Allah ýaradar, gul robot ýalydyr» düşünjesi bilen ýöreýär. Bular ynsanyň eradasy we Allahyň ýaratmasy meselesinde biri-birine gapma-garşy garaýyşlardadyrlar.

Mugtezile «Ynsan öz hereketini özi ýaradar Allah goşulmaz» şekilinde düşünýär. Şu günki günümizde-de rasionalistleriň köpüsi şu düşünjede.

Jebriýe bolsa, munuň tersine, ynsana hiç bir paý degişli däl hasap edýär we eradany hiç hasaba almaýar. Olara görä jogapkärçilikleri we eradasyzlygy bilen ynsan eli-goly bagly, arkasyndan urlan bir ýumruk bilen suwa ýykylyp we özüne-de «asla öllenäýmegin» diýlen ýaly bir ýagdaý beýan edilýär.

Ähl-i sünnet ondan alan bir hakykat dänesi bilen, beýleki birinden alan başga bir hakykatyny birikdirip täze bir netijä gelipdir. Mugtezile mezhebine görä: «Hawa, ynsanyň eradasy bardyr. Kuranyň birnäçe aýaty muňa delillik edýär. Ynsanyň eradasy bardyr we ynsan eradasy bilen salyh amal eder we jennete girer. Kurany Kerimde «Ynsana etjek işinden başga zat ýokdur» (Nejm, 39) buýrulýar. Emma «Älemleriň Rabbi Allah islemese siz hiç bir zat diläp bilmersiňiz» (Tekwir, 29) düşündirişi bilen Allahyň isleginiň bir esasy zatdygyny-da asla ýatdan çykarylmaly däldigini görkezýär. Hawa, siziň erada diýýäniňiziň güýjüniň çäkleri şeýle bir dardyr, barlygy ýoklugy deň diýen ýalydyr. Emma, ýönekeý şert hökmünde ol erada bardyr we günä-sogap, jeza-synag ýaly hususlara-da bir esasdyr».

Men bulary aýtmak bilen şuny düşündirmek isledim. Kapitalistik ýörelgäniň içinde-de bir hakykat dänesi bardyr. Kommunistik ýörelgäniň içinde-de şeýle. Emma, kommunizm ony hyýanatçylykly ulanýar. Döwlet eýeçiligini, pukralary gorap goldamagy hyýanatçylykly ulanýar we ikiýüzlülik edýär. Ine bular köpçüligi, jemagatlary süýrekläp alyp gidýärler. Yslamyň bolsa ähli meseleleri, ähli ýörelgeleri hak, hakykat, istikamat we adalatdyr. Ol hemme taraplaýyn birleşdiriji ýörelgeleriň toplumydyr.

Meşreplere gezek gelende her meşrebiň içinde bir hakykat dänesi bardyr. Hak Tagalanyň parhly häsiýetlerde we meşreplerde ýaradan zatlaryny görmezlikden gelip, ýaradylyş hakykatyna garşy çykyp, aýry-aýry çeşmelerden çogup çykan suwlary bir-birine garyşdyryp hyýaly bütewilik ýoluny gözlemäliň. Herkes öz ýerinde, ýörelgesinde Kuranyň nurlaryny we imanyny ýaýsyn hem başgalar bilen işi bolmasyn. Birleşmejek bolsa iň bolmanda agzalalyk bir döretmesin. Iň pesinden musulmanlaryň gybatyny edip durmasyn. Her bir musulmany alkyşlamagyň ýoluny bilsin. Her «Allah» diýene goldaw etsin. Inşallahu Tagala şonda, gysga wagtyň içinde agzybirlik we jebislik öz-özünden dörär.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr