Giriş

Ýolumyzyň ugruna setir-setir goýup, soňra bolsa görmäge çagyran sergileriňi, iň üýtgeşik şekiller halynda gutulan, gaplan, çarçywalan deňsiz-taýsyz, iň haýran ediji sungat eserleriňi we tenha Özüňe belli pynhan syrlaryňdan doly gözellikleriň aýanlygy hökmünde müňbir reňkleriň öwüşgünini berip we ýene Öz senetleriniň jemlenmesi bolan tebigatyň synasynda ýerleşdiren, ol, gözleri gamaşdyryjy, baş aýlandyryjy surat eserleriň iň parlagy, iň dogry ölçegde we biri-biri bilen täsin baglanşykda bolan zatlary we hadysalary görüp-yzlap, Seniň galamyň sesinde we o galam bilen ýazyp orta getiren kitabyň şirin sazlaşygynda Seni görüp, Seni duýup ruhumyz joşanda, gözel atlarynyň yşygynyň astynda açylan yşlardan görülen ähli nyzam we sazlaşyklaryň, gözümiz bilen gören reňkdir suratlarymyzyň, çar tarapdan eşdilýän owazdyr nagmalaryň, bu owazdan dörän mukamlaryň we simfoniýalaryň çeşmesine gözümiz gitdi.

Köňüllerimiz ol ähli zadyň gözbaşy bolan beýik älemleriň syrlary bilen dolup-daşdy.

Kalp we iman gözüne açylan ol aýry-aýry penjirelerden ahyret älemine tomaşa edip, köňüllerimizdäki «tuba-i jennet» tohumynyň bir agaç halyndaky asyl durkuny synlamaga het etdik we ötelere, öteleriňem ötesine uzap giden örän uzyn, örän hatarly, emma örän özüne çekiji syýahata güýjümiziň ýetmejek zadyna baş goşduk. Şol wagt hem nurly beýanyny ruhumyza ýolgörkeziji edip, at we sypatlarynyň aýdyňlaşdyryjy ýagtysy astynda ýene ýola we ýola, soňsuzluga uzaýan ýola düşdük.

Kelamynda düşündirilip suratlandyrylan iň inçe şahalaryna çenli çyzgysy çyzylan, ahyrynda Hatemül-Enbiýanyň magrajy bilen ähli, ähli gapylar açylyp magryfet adamsynyň köňlündäki hyjuwlary bilen ol älemlere göterilmek mümkinçiligi dörän uly syýahatda hetden aşyp syrly gapylary kakdyk, edep-ekram bilmeýän ham hyýal ruhlarymyzyyň bagyşlanmagyny diläp, geçirimliligiňize sygynýarys.

Eý, bizi barlyga gowşduran we barlyk keýpiniň tagamyny aldyran Gözelleriň Gözeli, Beýik Ýaradan! Bu ägirt barlygy bir kitap ýaly öňümizde açyp goýan Sen, onuň syrlaryny wyždanlarymyza duýduran Sen we wyždanlarymyzy ylahy syrlaryň möwç urup duran yklymyna ýakynlaşdyran ýene Sensiň! Sen bizi ýaratmasadyň biz barlyk bolmazdyk. Bu kämil barlygy bir kitap ýaly öňümizde açyp, ýol görkezijileriň we taryp edijileriň arkaly düşündirip, bize ýeke-ýeke şerh etmesediň, Seni bilmeýän, köňüllerine aralaşylmadyk nadanlaryň topary bolup ýykylar giderdik. Lutf edip biziň özümize görä Özüňi aňlatmasadyň gerekmejek dünýälik zatlar bilen wyždanlarymyzyň arasynda baglanşyk döredip, Zati Uluhiýetden bilenlerimizi we bilmejeklerimizi tutup ele saljak, şekillendirip ugur-ýörelge berjek, ylmy ylym, magryfeti magryfet eden ilkinji tassyklaýjyny ruhumyza ýerleşdirmesediň, onda biz nireden bulary we Seni bilerdik we ýoluňa haýran galyp bakardyk!

Biz Seniň gapyňda boýny gandally gullar, wyždanlarymyza ýagty saçyp duran ýalkymlar hem Seniň barlygyň arkasyndandyr. Biz nämä eýe bolsak Seniň berenleriňdir, Seniň peşgeşleriňdir. Muny ýene bir gezek yglan edip, azat bolmagy kabul etmeýän gapy gullaryňdygymyzy ykrar edýäris, ähdu-peýmanlarymyzy täzelemek isleýäris.

Eý zikri, pikiri ruhlara minnetdarlyk bilen beren Köňüller Soltany! Seniň öwreden we ruhlarymyza eşitdiren zatlaryňy köňülleri köňüllerimiz ýaly öli we sergezdan bolanlara ýetirmek üçin ýerbe-ýer goýlan zatlaryň we hadysalaryň içine aralaşyp, mahal-mahal özümize dolanyp, bolan-geçen zatlardan we bu umumy hatarma-hatar, gezekli-gezegine agyp-dönüp durmalardan Seniň barlygyňa bakýan penjireleri, Seniň huzuryňa ýetirjek ýollary gözläp tapmaga çalyşdyk.

Bu işde hata eden bolsam, Saňa barýarkam we başgalara hem ýol görkezmäge çalşyp etdim. Kemçilik goýberen bolsak Seniň ýoluňda goýberdik. Hata elmydama hatadyr, kemçilik elmydama kemçilikdir. Biz göwni döwük, ruhlary iki büklüm, boýunlaryna gahdal salnan, berjek hökümleriňe müň jan bilen intizar edýänlerdendiris. Muny diýýärkäm bilýärin, Seniň soňsuzluga çenli uzaýan rahmetiň gazabyňdan öňdedir. Seniň keremiňe, eçilenleriňe göz ýetiren gapy gullaryna aýpdyr günäleriň gelişmejegi belli, emma bagyşlamagyň Size has gelişýändigini aýtmagyma, haýyş edýän ygtyýar ber!

Hawa, Soltanym «Soltanlara soltanlyk, gedaýlara gedaýcylyk ýaraşar».

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr