Teblig näme üçin gerek? Tebligiň miwesi

Teblig näme üçin gerek? Tebligiň miwesi

Häzirki döwürde ýaşaýan adamlar „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesine beýleki döwürlere garanyňda has mätäçdir. Onsoňam, Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) başga pygamber gelmez. Muňa garamazdan, häzirki gün küpür hem günäniň tarapyna geçenler bar asyrlaryňka barabardyr. Şol sebäpden, şu döwürde şu mukaddes wezipäni boýnuna alýan adamlar, geçen her bir döwrüň adamsyndan has kän kynçylyga hem görgä duçar bolup biler. Ine, şeýle kyn şertler sebäpli şu günüň ýol görkezijileri we tebligçileri özlerinden öň ýaşap geçen adamlardan has beýik mertebä çykyp bilýärler. Şol kynçylyklar olary sahabalaryň edil yzýanyndaky mertäbe çykarar diýip umyt edýäris. Nebis bar zatdan pesde durýar, wezipe bolsa bar zatdan ýokarda. Allatagala mätäçlik derejelerine görä adamlara nygmat yhsan edýär. Allahyň rehmeti adamlara paýlananda, rehmetiň köp düşmegi adamyň güýç-gaýratyna bagly däldir. Kim has ejiz hem mätäç bolsa, Allatagala oňa has köp rehim edýär we ol adama ýardam berýär.

Dürli ýollar arkaly ýüregimize çenli baryp giren günäler biziň ysgynymyzy alypdyr. Yşk we muhabbetden mahrum bolup, tasdanam jesede öwrülip barýarys. Biz mundan beter nämä garaşýarys? Mundan aňyrda diňe (Allah saklasyn) şeýtanyň duçar bolan betbagtçylygy bar bolaýmasa. Hawa, biz her ädimde diýen ýaly günälere sataşýarys. Eger-de biz özümiň ruhy keşbimizi hem-de kimdigimizi görüp bilsedik, onda biz ilki bilen özümizden eýmenerdik.

Şeýle günäkär, şeýle gözgyny halda bolsagam, Rebbimiz bize „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini beripdir. Rehmete mätäç bolanymyz üçin Allah bizi şeýle wezipä çagyrýar. Biz juda ejiz ýaradylypdyrys. Allatagalanyň rehmeti bolsa çäksizdir. Beýik Ýaradanyň şeýle çäksiz rehmetine wyždanymyzdan syzdyryp, näçe gezek „Elhamdulillah” diýsegem, azdyr.

Ýigriminji asyr – ruhy gymmatlyklara degişli bar zadyň weýran bolan asyrydyr. Şu asyrda adamlar batyl bolana döndi. Oňaýsyz şertler juda känem bolsa, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) demi hem sesi henizem pyşyrdy ýaly bolup eşidilýär. Onuň ençeme asyrlar öň aýdyp giden sözleriniň ýaňlanşy, wagtdan hem alyslardan aşyp bize çenli gelip ýetýär. Elbetde, bu zatlaryň baryny diňe Allahyň çäksiz rehmeti bilen düşündirip bolar. Diýmek, şu çäksiz peşgeşiň şükürini ýetirmek biziň borjumyzdyr. Eger-de biz ruhumyzyň çuňluklaryny Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) dirilik eçilýän demi bilen dolduryp, dem alşymyzy onuň demine görä sazlap bilsek, onda biz şu peşgeşlere şükür etdigimiz bolar. Ine, şu zeýilli şükür etmegi başaranlar, ahyry halas bolarlar.

Saady Şirazy Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) ýüzlenip: „Ol ymmatyň gämisiniň ýolbaşçysy sen bolsaň, ol ymmat nähili bagtlydyr. Ol ymmatyň arkadaýanjy hem paýasy sen bolsaň, ol ymmat, gör, nähili bagtlydyr” diýýär. Hawa, biz bizi halas eden gämide barýarys. Şol gäminiň ýolbaşçysy Pygamber Serwerimizdir (sallallahu aleýhi wesellem). Şu gün ýolbaşçymyz bize ýene bir gezek seslenýär, ol gämiň şahsy düzüminiň nyzama düzülerini isleýär. Biz „Diňe şu gämä münenler halas bolar...” diýen sesi eşidip, halk bolup oňa jogap berip bilermikäk?!

* * *

Häzir bolsa, musulman adama teblig wezipesiniň tabşyrylyşy hem-de şu wezipäni akýürekden ýerine ýetiren adamyň bu dünýäde hem o dünýäde bagtly bolşy barada aýatlara esaslanyp aýdyp geçeliň. Allatagala Kurany Kerimde şeýle diýýär: „Siziň araňyzda ýagşylyga çagyrýan, ýagşyny buýrup, ýamanlykdan daş durmagy ündeýän bir jemagat bolsun. Ine, aramlyga, üstünlige diňe şolar ýeter” (Ali Imran, 3/104). Hawa, siziň araňyzda hemişe „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini ýerine ýetirýän, haýra çagyrýan, adamlara dogry ýoly görkezýän, ine, şeýle jemagat bolmalydyr. Şol jemagat erbetliklerden ýylan-içýandan ätiýaç edilşi ýaly, gaça durmalydyr. Başgaça aýdanyňda, olar adamlara Demirgazyk ýyldyzy ýaly, ýol görkezmelidir. Jemgyýetçilik durmuşynyň ummanynda syýahat edýän köpçülik gämisi şolara seredip, ugur kesgitläp bilmelidir. Şeýdip, ýalňyşlyklar mümkingadar azalmaly. Şu nusgalyk jemagat bu wezipä çyndan ýapyşmalydyr. Görenler olary „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesiniň adam şekiline giren heýkeli saýmalydyr.

Eger-de jemgyýetiň içinde hemişe şu ýagdaýy saklap bilýän jemagat ýok bolsa, onda şol jemgyýetiň soňy ýakyndyr. Arasynda şeýle jemagat döreýänçä, olar asla dogry ýoly tapyp bilmez.

Ýeri geleninde, ýene bir zady belläp geçesim gelýär. Ýagşylygy ýaýyp, ýamanlyga garşy durýan jemagatyň bar ýerini, şol ýeriň halkyny Allah gökden hem ýerden geljek ähli bela-beterlerden gorajakdygyna wada berýär. Şeýle wadany Beýik Biribardan başga kim berip biler? Ine, bu mesele barada Kurany Kerimde şeýle diýilýär: „Rebbiň halky dürs bolup, özlerini hem-de birek-biregi dogry ýola salmaga çalyşýan ýurdy nähak ýere heläklemez!” (Hud 11/117). Kurany Kerimden soň, beýik danalaryň, ähli pygamberleriň hem-de welileriň sözlerine salgylanyp, meniňem şeýle diýesim gelýär: „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesiniň berjaý edilýän ýerine Allatagala betbagtçylyklar ibermez. Eger-de jemgyýet şeýle uly jeza berilşige mynasybam bolsa, hälki jemagatyň hormatyna, bela-beterler gelmän biler. Sebäbi, şol jemagatyň adamlarynyň ýüregi hemişe Allatagala baglydyr. Olaryň ömrüniň her bir pursady hem minudy, ýagşylygy ýaýyp, ýamanlyga garşy durmak bilen geçýär. Olaryň aladasy erbet sanjy bolup beýnä urýar we olar güzap baryny görýärler. „Kime, nirede we nädip düşündirsemkäm?” diýen pikir olaryň aňynda hemişelik ýer tapýar. Iýip-içeninde-de, ýatyp-turanynda-da, şu pikir hemişe olaryň aňyny gurşap alýar. Olar şu pikirsiz ýaşap bilmeýärler. Ine, hakykata şu derejede bendi adamlar haýsydyr bir halkyň içinde bar bolsa, şol halk gökden-ýerden geljek bela-beterlerden aman bolarlar. Eger-de biziň betbagtçylyklardan halas bolasymyz gelýän bolsa, onda biz wagt ýitirmän, öz ýaradylyş maksadymyz bolan şu wezipä girişmelidiris. Şol wezipäni berjaý edenimizde-de, bir zady berk bellemek gerek. Ähli betbagtçylyklar „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý etmezlik sebäpli gelýändir. Betbagtçylyklardan halas bolasymyz gelýän bolsa, biz hökmany ýagdaýda „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesine dolanyp barmalydyrys. Başga islendik ybadat, şu derejede belany sowujy häsiýete eýe däldir. Allatagala bir adamy ýa-da halky, olar namaz okap duranam bolsa, Käbäni zyýarat edip ýörenem bolsa, doga kitaplaryny okap duranam bolsa, ýok edip bilýär. Emma, bir ýerde on adam jemlenşip, şol mukaddes wezipäni berjaý etmek üçin urunýan bolsa, Allatagala şol ýeri öz rehmeti bilen penalar we ol ýeri gorar.

Şonuň üçinem, käbir ýahudy çeşmelerde şeýle maglumatlar aýdylyp geçilýär: „Hezreti Lutuň (a.s) kowmy heläk bolanynda, olaryň arasynda gijesi bilen namaz okap, gündizleri agzy bekli müňlerçe takwa adamlar bolupdyr... Ýöne olar „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý etmeýärdiler”. Başga-da, hezreti Şuaýbyň (r.a) kowmy bolan Eýke halky heläk bolanynda-da, olaryň arasynda namaz okaýan, oraza tutýan nijeme adamlar bolupdyr...

Emma, aralarynda „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý edýänler barka, heläk bolan ýekeje-de kowmy ýa-da halky görkezip bolmaz. Sebäbi, taryhda şeýle mysal ýokdur. Aýat hem hadyslara salgylanyp, has soňrak bu meseläni giňişleýin düşündireris.

Teblig wezipesiniň ýer ýüzündäki ähmiýetine hem-de zerurlygyna başgaça jähtden seredip göreliň. Adam Allahyň ýerdäki halyfy boljak bolsa, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý edäýmelidir. Allatagala adamy – tutuş barlygy gol astyna alyp bilýän halyf edip ýaradypdyr. Allah adama öz erkinden erk bagş edipdir. „Ego” diňe adamda bardyr. Adam şonuň kömegi bilen özünde bar bolan duýgularyny oýaryp, Allatagalanyň at hem sypatlarynyň dürli öwüşginlerine akyl ýetirmäge çalyşýar. Şeýdip, ol özüniň kimligine düşünýär. Sebäbi, adamyň gursagyna guýlan „Menlik”, „Islendik bir zada eýe bolmak“ we „Erkinlik“ ýaly duýgular diňe ölçeg birligidir. Adam şol duýgularyň kömegi bilen özüniň çäklendirilendigine, Rebbiniň, Mäliginiň ýagny, Allahyň her zada güýjüniň ýetýändigine (kadyrdygyna) aň ýetirip bilýär.

Ynha, adama şeýle aýratynlygyň bagş edilmegi başdan onuň halyflygyny görkezýär. Galyberse-de, Allatagala perişdelere ýüzlenip: „Men ýer ýüzünde bir halyf bar etjek...” diýeninden soň, adamzadyň atasy hezreti Adamy (a.s) ýaradypdyr. Allatagala hezreti Adama barlykdan peýdalanmaga rugsat beripdir we göýä diýersiň, ony öz ýerine halyf yglan edipdir. Wekil – wekillik wezipesini beren kişiniň goýan çäginden daşary çykmaz. Şol çägiň daşynda onuň sözi ýöremez. Adamyň etmeli işleri bolsa, pygamberleriň getiren ylahy buýruklarynda doly aýdylýandyr. Ine, adam şol buýruklara boýun bolan ýagdaýynda, özüniň wekillik wezipesini doly berjaý etdigi bolýar.

Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) bir hadysy şu meseläni hasam aýdyňlaşdyrýar. Hadysda şeýle diýilýär: „Kim „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý etse, şol adam Allahyň, Allahyň Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) we kitabullahyň halyfydyr ”. Allatagala düşünmek we ony halka düşündirmek, Allahy tanamak we tanatdyrmak, öz ahlagyň bilen Allahyň bendesidigiňi görkezmek – her kimiň borjudyr. Pygamberimizi (sallallahu aleýhi wesellem) we Kurany Kerimi düşünip-düşündirmegem her kimiň borjudyr. Allahyň hem-de Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) goýan ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak we şol ýörelgelere eýermäge şert-ýagdaýy döretmek – ýene-de biziň borjumyzdyr. Şu borçlaryň bary – adamyň ýaradylyş maksadyny düzýär. Diýmek, adam „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý etse, öz borjuny ýerine ýetirdigi bolýar. Bularyň bary, adamy ädimme-ädim Allatagalanyň razyçylygyna eltjek ähmiýetli sebäplerdir.

Dürre Binti Ebi Leheb (r.anha) şeýle gürrüň berýär: „Bir gün Allahyň Resuly hütbe okap durdy. Şol wagt mesjide bir adam girdi-de, Allahyň Resulyna (sallallahu aleýhi wesellem): „Adamlaryň iň haýyrlysy kimdir?” diýip sorady. Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) bu sowala şeýle jogap berdi: „Adamlaryň iň haýyrlysy „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini berjaý edýän, köp okaýan, Allahdan gorkýan we sylaýy rahimi ( dogan-garyndaşlary bilen gatnaşyp, olaryň hal-ýagdaýyny soraýan hem-de olara kömek edýän) ýerine ýetirýändir.” ”

Hawa, adamlaryň iň haýyrlysy – şerigatyň buýran gowy hem ýagşy zatlaryny buýrup, ýagşylygy ýaýmak üçin alada edýän, gije-gündiz şol aladanyň yşgynda gezýän, ýamanlyga garşy durýan, ýamanlygyň boý alyp ösmegine ýol bermezlik üçin elinde baryny edýän, ýüregini şu maksada beren, Allahdan biçak gorkýan, durmuşyny tebigy kanunlar bilen Kuranyň birleşmegi esasynda guran, başgaça aýdanyňda, barlyga hem-de tebigy hadysalara Kurandan çogup çykýan hakykatlar bilen seredip bilýän, sylaýy rahimi berjaý edýän, adamlara mähir-muhabbet eçilýän adamdyr. Biziň üçin wezipeleriň iň beýigi şudur.

Eger-de halkymyzy söýýänimiz çyn bolsa, onda biz halkyň öňündäki jogapkärçiligimizi unutmaly däldiris. „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesi biziň üçin iň möhüm işdir. Diýmek, şu jogapkärçiligi tutuş adamzat üçin ýerine ýetirmelidiris.

Galyberse-de, şu wezipäni kim ýerine ýetirende-de, Allatagalanyň hoşallygyny gazanýar. Şol sebäpden Kurany Kerimde şeýle diýilýär: „Kitaplylaryň ählisi bir däldir. Olaryň arasynda uzak gijeler seždede durup, Allahyň aýatlaryny okaýanlar bardyr. Olar Allaha we ahyret gününe ynanýarlar. Ýamanlyga garşy durup, ýagşylyga tarap ylgaýarlar. Ine, olar salyhlardyr” (Ali Imran, 3/113,114).

Diýmek, onda şu wezipäni ýerine ýetirýän kim bolanynda-da, eger ol Allaha, ahyrete ynanýan bolsa, onda ol Kurandan alkyş alýar. Eýsem, bizi umytlandyryp, ruhlandyrýan şu we şuňa meňzeş aýatlar dälmi?

Hawa, häzirki döwrüň adamsy gahar-gazaba, süteme, ezýete däl-de, mähir-muhabbete, süýji söze, ýürekden çykýan sese mätäçdir. Her kim bilen mähirli bolup, adamyň ýürek sazyny edil öz köňül taryňdan döreýän ýaly duýup bilmeli we adamlaryň derdini deň paýlaşmaly. Hawa, şu döwür bizden şuny talap edýär. Şular edilen ýagdaýynda, adamzadyň garaşýan möhüm işiniň ýerine ýetirildigi bolar.

Häzirki gün, tutuş dünýäde adamlaryň Yslam dinini kabul etmegi, olaryň dogry ýoly saýlamagy bizi diýseň geň galdyrýar. Bolup geçýän şeýle täsin wakalar mähir bilen urýan ýürekleriň barlygyny görkezýär. Adamlarda ýigrenç oýaryjy häsiýetleriň düýnki gün bize hiç hili haýyr getirmeýşi ýaly, bu günem, ertirem haýyr getirmez.

Dogry ýoly tapyp, Yslam dinini kabul eden nijeme adamlar bilen gürrüňdeş boldum. Olar „Düýn ölen bolsadyk, häzirki gün imanyň ruhy howasyndan beýle ganyp bilmezdik” diýip kän aýdýardylar.

Dogry ýoly tapyp, musulman bolan hem-de Allahyň Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) huzurynda bolmak nesip eden sahabalaryň biri öň jahylyýet döwründe Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) egindeşleriniň birini öldüren eken. Sahabalaryň ýene biri ony şol etmişi sebäpli ýazgarypdyr. Ol bolsa şeýle jogap beripdir: „Sen meni şol etmişim zerarly aýyplaýaň. Allah meniň elim bilen ol adamy jennete salypdyr. Sebäbi, ol şehit boldy. Eger-de şol çaknyşykda men ölen bolsam, nähili bolardy? Çünki, o gün men kapyrdym. Eger ölen bolaýsam, ebedi dowzaha girerdim...”

Şu ýerde Sagadat asyryndan ýene bir janly mysal getiresim gelýär: „Amr bin As (r.a) bereketli hem uzak ömür süren sahabalaryň biridir. Ol soňky demini sanap ýatyrka, bir zady gaýgy edýärdi. Şol hasrat bilen içi ot bolup ýanýardy. Harby hem-de syýasatçy bolan, şol bir wagtyň özünde ymmatyň alymlaryndan hasaplanýan ogly – Abdullah bin Amr bin As (r.a) kakasyna şeýle diýýär: „Kaka jan! Sen bütin ömrüňe ölümden gorkýan adamlary halamazdyň. Gaýtam, olara gahar ederdiň. Şu wagt senem gaýgyly gördüm”. Ajal düşeginde soňky demini sanap ýatan Amr bin As (r.a) ogluna şeýle jogap berýär: „ Meniň ömrümde esasy üç döwür bardyr. Ana, şol döwürler meni her hili duýgulara salyp çykarýar. Başdaky döwrüm küfüriň içinde geçdi. Allah Resulyna (sallallahu aleýhi wesellem) we ýakynlaryna gün bermedik. Her ýerde we her gezek olaryň garşysyna durdum. Olar Hebeşistana hijret etdiler. Menem olaryň yzyndan gidip, olaryň öňünde dikildim. Şol wagtlar meniň ýaranlarymyň nijemesi kapyrlygyna ölüp gitdiler. Allatagala meni gorady. Meni dogry ýola eltdi. Ine, men şol döwürde ölmänime gije-gündiz Allaha hamd we şükür etdim. Ömrümiň ikinji döwründe bolsa, men hemişe Allah Resulynyň (sallallahu aleýhi wesellem) ýanynda boldum. Ondan asla daşlaşmadym. Şol döwre seredeniňde, päkize durmuşda ýaşadym. Juda köp sahabalar şeýle päk durmuşda ýaşap ýörkäler jan berdiler. Emma, meniň ajalym ýetmedi. Ine, men şol döwürde ölmänime biçak gynanýaryn. „Wah, şol döwürde ajalym ýetse bolmaýardymy?” diýip kän gussa batardym.

Ömrümiň üçünji döwründe Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) bakyýa göçüp gitdi. Indi ol biziň aramyzda ýokdy. Ýüze çykýan her bir meselelere biziň özümiz çözgüt tapmaly bolýardyk. Şol döwürde, wyždanymy ezýetde goýan nijeme wakalara goşulmaly boldum. Ine, ajal şu döwürde meniň ýakamdan ýapyşyp dur. Şonuň üçinem, gaýgy-endişäm bar. ”

Biz häzir, Amr bin Asyň (r.a) bolşy ýaly, ölmäni üçin irginsiz Allaha şükür edýän, garaňky döwrüň bosagasyndan geçip, ýagty hem nurly diýara baran, dileg edip Allaha ýalbaran adamlara duş gelýäris. Eger-de biz ol adamlary ömürleriniň ikinji we üçünji döwürlerinde päk durmuşa taýýarlap bilsek, soňky pursatlaryny Allaha şükür edip geçirmeklerine sebäp bolardyk.

Hawa, işe gutarma ýok. Esasan, Söýgi gahrymany bolup adamzada hyzmat etjek bolsaň... Söýgi gahrymany – Allatagalany adamlara söýdürmek üçin özünden geçýän – gerçekdir. Söýgi gahrymanynyň ähli aladasy – adamlara Allahy söýdürmek we olara ebedi durmuşa barýan ýoly görkezmekdir. Esasan, häzirki günde ol gahrymanyň gerdenine düşýän jogapkärçilik gaty uludyr. Sebäbi, dürli ýerlerdäki dini ýaşaýşa ymtylyşlar bizi her näçe umytlandyrsa-da, şu döwrüň adamlarynyň aglabasy Allatagaladan üzňe ýaşaýarlar. Adamzady şeýle girdapdan halas etmek örän kyn işdir. Kyn bolşy ýalam, ol mukaddes wezipesidir. Batgalykdan çykjak bolup urunýan, çapalanýan adama „Gymyldaman dur!” diýmek bilen, girdaba tarap barýan nesle-de „Ýürek päkligiňi we Allaha bolan ýakynlygyňy sakla!” diýmek – ikisem bir zatdyr. Belki-de, has kyndyr. Näçe kyn bolsa-da, biz şol kynçylygy ýeňip geçmelidiris. Söýgi, mähir-muhabbet we hoşniýetlilik – bular kynçylygy ýeňip geçmegiň ähmiýetli ýollarynyň biridir.

Biz adamlaryň jennete girmegini isleýäris. Emma, käbir adamlar jennete girip bilmezlik howpundan habarsyz ýaşaýarlar. Şol sebäpden, bular ýaly adamlar biziň adamzada jennete barýan ýoly görkezmek üçin çekýän zähmetimize sowuk-sala garaýar. Käbir ýerlerde olar bize gaharam edýärler. Olara öz bolşuna görä jogap gaýtarylmagy, olaryň jennete barýan ýoly düýbünden iňkär etmegine sebäp bolar. Diýmek, erbetlige erbetlik bilen jogap bermeli däl. Eger-de adam özüniň uçudyň gyrasynda duranyny bilse, onda ol bize düşüner-de, ylgap diýen ýaly biziň ýanymyza gelip, ýüregimizi şatlykdan doldurar. Kimdir biri bizi ýat görüp, bize garşy durup biler. Şonda-da, biz arman-irmän, olara hakykaty düşündirmelidiris. Adamzat gümmeziniň Aýy, Güni hasaplanýan pygamberleriň, öwlüýädir-danalaryň bary şeýdipdirler.

Hezreti Nuh (a.s) öz oglunyň gark bolmaryn öýdüp gämä münmekden çürt-kesik boýun gaçyrýanyny görüp, nijeler delmiripdir. Tolkunlaryň ogluny alyp barýanyny göreninde, onuň ýüregi biçak awapdyr. Şonda, ol sessiz gözýaş döküpdir. Häzirki günde-de şuňa meňzeş ýüzlerçe wakanyň şaýady bolanymyzda, biz hezreti Nuhuňky (a.s) ýaly duýgulary başdan geçirmelidiris.

Kakasynyň butlara çokunýanyny görüp, hezreti Ybraýymyň (a.s) ýüregi gan aglaýardy. Ol kakasyna hakykaty düşündirmek üçin her hili ýoly synap görýär. Şu günüň söýgi gahrymanlary bu zatlardan hökman sapak almalydyr.

Kyrk ýyllap gollaw beren agasy Ebu Talyp jan berjek bolup ýatyrka, başujunda durup, oňa: „Agam jan! Bir gezejik maňa iman getiräý. Ahyretde men saňa şepagat edeýin ” diýip özüni horlaýan dertli Nebiniň (sallallahu aleýhi wesellem) şu bolşy, gözümiziň öňünden asla gitmeli däldir.

Kowumdaşlary Ony (sallallahu aleýhi wesellem) kowupdyr we Oňa (sallallahu aleýhi wesellem) diýilmedik zat galmandyr. Şonda-da, Ol (sallallahu aleýhi wesellem) her kime mähir hem-de söýgi paýlapdyr. Şeýtmek bilen, Ol (sallallahu aleýhi wesellem) diňe utuş gazanypdyr. Sebäbi, yzyndan gelýän milliardlarça adamy ebedi ýaşaýşa eltjek ýol şol kynçylyklaryň köprüsinden geçip dowam edipdir.

Hawa, şu mukaddes wezipe söýgi gahrymanlarynyň tüýs başaraýjak işidir. Ýaşatmak arzuwy bilen ýaşaýşyň eşretini terk edenleriň wezipesidir bu... Adamlara jennete barýan ýoly görkezip bilmese, jennetde-de aram tapyp bilmejek beýik ideally söygi gahrymanlaryň wezipesidir bu... „Halkymyň sagdyn imana gowşanyny görsem, dowzahyň oduna ýanmaga hem razydyryn. Sebäbi, bedenim ýansa-da, köňlüm lälezar bolar. Halkymyň sagdyn imana gowşanyny görmesem, jennetem islemerin. Şol ýerem maňa zyndan bolar” diýip bilýän gahrymanlaryň wezipesidir bu... „Eý, Rebbim! Göwrämi şeýle bir ulalt welin, meniň bir özüm dowzahy dolduraýyn. Şol ýere başga bendäň girmesin” diýýän syddyklaryň wezipesidir bu...

Hawa, şu aýdylan sözler adamyň ruhy beýikligini ýüze çykarýanam bolsa, şol sözler ummanlara sygmaýan mähri ýada salýany üçin, has gymmatlydyr...

Allahyň Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) öz ymmatynyň käbirleriniň dowzaha girjegini eşiden wagty, magşar meýdanynda sežde edip: „Ymmatym! Ymmatym!” diýjekdir. Bu nähili mähirkä? Bu mähir şol pursatda Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) jenneti, hüýrleri we sansyz gözelliklerem ýatdan çykardýar. Onuň (sallallahu aleýhi wesellem) gözýaşy sil mysaly şol joşar durar. Hawa, Oňa (sallallahu aleýhi wesellem): „Sen indi başyňy galdyr! Şepagat et, şepagatyň kabul ediler” diýilýänçä, ol başyny ýerden galdyrmaz. „Ymmatym! Ymmatym!” diýip aglar. Ine, şu ahwalat Ol (sallallahu aleýhi wesellem) beýik ynsanyň öz ymmatyny nähili söýýänini görkezýär. Galyberse-de, Pygamberimiziň (sallallahu aleýhi wesellem) şu bolşy, onuň iň beýik söýgi gahrymanydygynam görkezýär. Hawa, özüniň ynsany eşretlerini, maşgala bagtyny, dünýewi işlerini, adamzada hyzmat etmek üçin ýatdan çykarmaýan we jandan, janandan geçip bilmeýän söýgi gahrymany bolup bilmez. Hakyky söýgi gahrymany bolmazdan, „Emri bil magruf, nehýi anil münker” wezipesini doly berjaý edip bolmaz.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr