Kaza we takdyryň mertebeleri

Älemi gurşap alan jebri (mejbury) takdyr

A) Ylahy ylym taýyndan kaza we takdyr:

Ylahy ylym taýyndan kaza we takdyr kyýamata çenli ýüze çykjak ähli barlygyň we hadysalaryň plan we programmalarynyň Allah tarapyndan ýerleşdirilmegi, olara ylymy keşp berilmegidir. Älem-jahan ýaradylmazyndan öň, hadysda aýdylşyna görä: “Bu kewnü fesad (ýaradylyp soňra ýykyljak) ýaradylmazyndan öň Allah gurşap alan çäksiz ylymy bilen bar zady ýerleşdirdi. Bu her bir zadyň Allahyň ylymynda ýerleşmegi we takdyrydyr (Hijr, 15/21).

Allah (j.j.) akyla gelen her bir zadyň aňyrsynyň aňyrsyndadyr we Ol hiç bir görnüşde gullaryna meňzemez. Ýöne ylahy ylym taýyndan kazany we takdyry düşündirmek üçin (belki, hata bolmasyn) şeýle mysal getirip bileris:

Ynsan etjek işini ilki zehininde gurar, hyýalynda janlandyrar, soňra proýektleşdirer. Şeýde-şeýde ýuwaş-ýuwaşdan oňa şekil berer, bitirer. Ine, şu ynsanyň maddy älemde etjek işiniň bir nukdaýnazardan ylymy şekillendirmesidir.

B) Kitabet taýyndan kaza we takdyr:

Ylym planynda çyzylan plan we proýektler mubin (äşgär, aýan edilen) Kitapda ýazylandyr: “Ol şerefli Kur’an hem Lewhi Mahfuzdadyr.” (Büruj, 85/22). Kur’anda muňa aralarynda sähelçe tapawut bilen birlikde Ymam-y Mubin (Ýasinn, 36/12) we Kitab-y Mubin (Engam, 6/59) ýaly atlar berilýär we başymyza geljek ähli zadyň öňünden bu Kitapda bellenendigi (Toba, 9/51) we Kitapda ýazylmadyk hiç bir zadyň ýokdugy düşündirilýär (Engam, 6/38). Bu esasy kitapdyr we onda ýazylan zatlar asla üýtgemez. Ylahy ylymyň mahlukata degişli bir ady bolan Lewhi Mahfuz, eger şeýle meňzetmek dürs bolsa, asyl depder we ýeke-täk baş kitap ýalydyr. (Ra’d, 13/39). Bu kitap asyl nusga hökmünde alynyp, hamala, istisnah (göçürip köpeltmek) ediler we başga depderlere, kitaplara geçiriler.

Allahyň (j.j.) Lewhi Mahf we Isbat atly kitaby bardyr. (Ra’d, 13/39). Ýazylyp bozulmalar we üýtgetmeler şol kitapda görüner.

Kitabet, Istisnah we görnüşleri:

Allahyň (j.j.) dürli döwürlerde tapawutly kitabeti bardyr. Baş Kitapdan alynan nusgalaryň sahypalary, lewhalary, sanawlary göçürme ýagdaýynda kiçijik depderlerde istisnah ediler. Eger şeýle meňzetmek makul bolsa, meselem, ilat sanawynda baş kitap bolýar. Bu kitapdan her bir adam üçin isle jübsüne salsyn, isle boýnundan assyn, bir nusga alynýar. Edil şonuň ýaly, her bir adamyň ömrüniň dowamynda etjek ähli zady Baş Kitapdan istinsah edilip boýnundan asylar.

Istinsah her bir adamyň ömründe etjekleriniň perişdeler tarapyndan Baş Kitapdan alynyp, göçürmesiniň ýazylmagy diýmekdir. Bu barada Kur’anda: “Şübhesiz, Biz edenleriňizi belleýärdik” (Jasiýe, 45/29) diýilýär.

Adamlaryň boýunlaryndan asylan kitap bilen Kiramen Katibin (adamyň iki egnindäki perişdeler) perişdeleriniň ýazan kitabynyň arasynda tapawut ýokdur. Lewhi Mahfuzdaky Baş Kitabyň bir nusgasy bolan ynsanyň boýnundaky bu kitabyň (Isra, 17/13) ýa-da nusgadan başga keşbi we asyl durky bolman, diňe görünmeýän ylmy keşbi bardyr. Dünýä durmuşynda ynsan erki herekete geçer we onuň daşarda gymmaty we asyly bolan hereketlerini kitap halynda ýazarlar. Şu görnüşde adamyň o dünýä ýany bilen alyp gitjekleri-de, yzynda galdyrjaklary-da sypdyrylman ýeke-ýeke ýazylar (Ýasin, 36/12). Ine, bu iki kitap bir-biri bilen deňeşdirilende, aralarynda hiçhili tapawudyň ýokdugy görüner. Perişdeler: “Biziň ýazanlarymyz şular, eý, Rabby” diýseler, Allahy tagala-da: “Menem şolary ýazypdym” diýip jogap berer. Oraza aýy hafyzlaryň ýatdan Kur’an okaýanlar bilen olary kitapdan yzarlaýanlaryň şol bir zady görüşi ýaly, Allahyň (j.j.) Lewhi Mahfuzdan ýazan ylmy keşbi bolan kitap bilen perişdeleriň ynsanyň eden işlerini bellän fiili (işi) kitabynyň arasyndaky laýyklyk, deňlik ýüze çykar. Bu hem adamyň başyndan geçiren durmuşyna degişli ähli zadyň owal Lewhi Mahfuzda ýazylandygyny görkezer. Emma takdyr meselesiniň şu möhüm nokadyna berk düşünmelidiris: adam eden işlerini owal Lewhi Mahfuzda bellenip, ýazylandygy üçin edýän däldir. Gaýta, tersine onuň dünýä durmuşynda erkini ulanyp nähili işler etjekdigi öňünden bilinýär we ýazylýar. Muny gysgaça we anyk aýtjak bolsak:

Allah (j.j.) çäksiz ylymy bilen adamyň nähili işler etjekdigini öňünden bilip, Lewhi Mahfuzda ýazypdyr we bir nusgasyny onuň boýnundan asypdyr. Adam bu nusgada ýazylanlary öz erkine eder.

Allah (j.j.) adamyň edenlerini ýaradar.

Perişdelerem adamyň edenlerini ýeke-ýeke bellärler.

Perişdeler bellärler, çünki adamyň sözlän sözi, eden işi bilen ýazdyran kitaby ýa-da durmuş filmi o dünýäde öňünde goýulyp: “Oka kitabyňy!” (Isra, 14/14) diýiler we adam öz döreden durmuş filmini özi görer, garşy gidere ýeri bolmaz.

Wyždanda kitabet: Ruhlar älemindekäk ýa-da Mysal älemindekäk, ýa-da Zerreler älemindekäk Rabbymyz tarapyndan bize söz berdirilip, ýazylan bu kitabyň görünmeýän ýazgylaryny wyždanymyzda, hamala, ruhuň gözleri bilen görýäris, duýýarys. Entek tohum we zerreler älemine gönderilmeden owal ähli zerrelerimize buýran ruhuň öz äleminde, öz gulagy bilen eşidip, öz dili bilen jogabyny beren wyždanlara bellenen bu kitabet (Araf, 7/172) “Elestü birabbikim?” (Men Rabbyňyz dälmidirin?) – “Kalu Bela” (Hawa, Rabymyzsyň) äleminde ýazylan kitabetdir.

Jenin (ýaňy jan giren çaga düwünçegi) üçin Kitabet: Adam ene garnyna düşen pursatyndan melekler tarapyndan aýry kitabet we istinsah edilýär. Perişdeler beýik kitap Lewhi Mahfuzdan onuň paýyna düşeni, “päkmi, günäden gaýtmaýanmy we ş.m.” ýazarlar (Buhary, Müslim).

C) Meşiet (isleg) taýyndan Kaza we Takdyr:

Meşiet Allahyň (j.j.) islemeginiň barlyga degişli bolmagy we şol bir wagtda-da barlygyň bar hala gelmegi diýmekdir. Garap geçýän iki meselämizem Allahyň (j.j.) her bir zady ylmy planda we dürli görnüşde ýazmak islegi bilen boluşy ýaly, mundan soňky ýaratmak işi hem islegi netijesinde bolup geçýär.

Kur’anda we älem-jahanda “meşieti” has açyk, äşgär görýäris. Kur’anda iň köp geçýän sözlerden biri “şae” (56 gezek) we işlik görnüşinde “Ýeşaü” sözüdir (116). (Ser. Mu’jemül-Müfehres). Bu sözlerde beýan edilýän “gönüden-göni islemek” diýen manydyr. Ýaradylyşa degişli ähli etaplaryň hem Onuň meşieti netijesinde ýüze çykandygy juda aýdyň, aç-açan beýan edilýär. Bir işi etjek bolanymyzda aýdýan (Kehf, 18/18) “Inşaallah” sözem “Allah islese” diýmekdir.

Ýokarda belleýşimiz ýaly, Kur’anda meşiet bilen baglanşykly geçýan aýatlaryň sany juda köpdür. Meselem:

“Islänini edendir” (Büruç, 85/16). “Ýeriň-gögüň mülki we onuň arasyndaky ähli zat Allaha degişlidir. Ol islänini ýaradar (Maide, 5/17). “Aýt ki: Eý, mülküň eýesi Allahym, Sen isläniňe mülki berersiň, isläniňden mülki alarsyň, isläniňi eziz, isläniňi zelil edersiň” (A.Imran, 3/26). “Islänine azab eder, islänine merhemet eder” (Ankebut, 29/21). “Ol islänini azaşdyrar, islänini dogry ýola salar” (Nahl, 16/93). “Allah islemese, sizem islemersiňiz” (Insan, 76/30, Tekwir, 81/29).

Görüşimiz ýaly, meşiet adamyň durmuşyny doly gurşap alýar we ömrüň ähli etaplarynda özüni duýdurýar. Ähli pygamberleriň aýdanlarynda we Kur’anyň beýanynda-da görünýän şu hakykatdyr. Älem-jahan kitabynda okaýan beýanlarymyz we her adamyň älemde we öz nebsinde görýän manylary-da şundan tapawutly däldir. Günüň dogup-ýaşmagyna goşulyp, garyşyp bilmeýşimiz ýaly, ýüregimiziň uruşyna-da, gabaklarymyzyň açylyp-ýumulmasyna-da erk edip bilmeýäris. Birinji bölümde garap geçen meselelerimiz – mümkinçilik, ýokdan bar bolmak, düzgün-nyzam, hikmet, maksat we sungat delilleriniň ählisi bize Meşieti we Erki görkezýär.

Allahyň meşieti we eradasy barda-da bardyr, ýokda-da. Ýagny, Allahyň ýok bolmagyny isläni ýok bolar, bar bolmagyny isläni-de bar bolar (Ýasin, 36/82). Mümkünçilik delilinde düşündirilişi ýaly, älemiň we närsäniň barlygy bilen ýoklugy deňdir. Olaryň bolmagyny, ýoklarynyň bolsa, bolmazlygyny saýlaýan ýene Allahyň (j.j.) Meşieti, Eradasy we Gudratydyr..

D) Ýaradylyş taýyndan kaza we takdyr:

Biz geljekde etjek işlerimizi öňünden bilýäris we akylymyzda taslaýarys. Ikinji etapda bu taslamalary planlaşdyryp, proýektini çyzýarys. Ýagny, pikirimizdäkileri kagyza geçirýäris. Edil bir ussa ýaly, ýazarys, çyzarys, eger, islesek, asyl nusgamyzy geregiçe köpelderis. Üçünji etapda bu plan we proýektlerimizi zat hökmünde şekillendirmek, meselem, bir bina görnüşine getirmek isläris. Eger muny etmesek plan-poýektimize daşky eşigi geýdirmedigimiz bolar. Dördünji etapda bolsa, billýänlerimizi durmuşa geçirip başlarys. Daşyny, kerpijini, demirini, sementini alarys-da, bina gurarys. Allahyň (j.j.) ýaratmagy bularyň hiç birine meňzemez we akylyňa geljekleriň aňyrsyndadyr. Emma şonda-da Onuň (j.j.) ylymynda her zadyň taslamasy we plany bardyr. Ol bulary Lewhi Mahfuzda ýerleşdiripdir. Soňra wagtyň geçmegi bilen ýeri gelende bulary Gudratyň we Meşietiň täsiri bilen Ylymdan Gudrata, ýoklukdan barlyga çykarýar. Ýogy bar edýär we Baş Kitapdaky ýagdaýlara görä, ylymy haldan ýaratmak etabyna geçirýär.

Şonuň üçin, geçmişe uzaýan zaman dilimlerinde ýaradylan ähli barlyk we hadysalar üçin: “Diýmek, Lewhi Mahfuzda şeýle takdyr edilipdir we bu takdyra görä ýaradylypdyr” diýýäris. Edil şonuň ýaly, gözümiziň, hyýalymyzyň, düşünjämiziň we ruhumyzyň ýetip bilmedik, zamanyň geljek wagtlary üçinem ýene: “Lewhi Mahfuzda nahili takdyr edilip ýazylan bolsa, şeýle-de ýaradylar” ýa-da “Nähili ýaradyljak bolsa, Lewhi Mahfuzda-da şonuň ýaly takdyr edilip ýazylandyr” diýýäris.

Bu meselede her musulmanyň, hatda her adamyň diýjegi şudur: “Häzire çenli näme aýdan, näme eden, näme işlän bolsam, hemmesi Allahyň ylymynda we Baş Kitapda bardy. Geljekde aýtjagym we etjegim her bir zat, men bilmesem-de, ýene Baş Kitapda bellenendir. Erkim bilen näme etjek bolsam, Allah (j.j.) çäksiz ylymy bilen geçmişimde we geljegimde hemmesini bilýäni üçin “Erki bilen şuny-şuny şeýle eder” diýilip ýazylandyr. Men bu ýazgynyň daşyna çykyp bilmerin. Emma onuň şol ýerde ýazylan bolmagy meni mejbur etmez. Çünki, men edenlerimi öz erkim bilen edýärin. Allah (j.j.) hem erkim bilen näme etjegimi ezeli ylymy arkaly ýazypdyr.”

Şonuň üçin iki hili takdyr, ýaratmak we emir etmek orta çykýar:

1. Adamyň erkiniň hiç hili täsiriniň we güýjiniň ýetmeýän takdyry, älemdäki umumy takdyr we ýaratmakdyr (Emri kewni we jebri hilkat). Bu Allaha (j.j.) degişlidir. Allah mülküň eýesidir, mülkünde islänini eder, Faili Muhtardyr (Islänini etmäge hakly) näme islese, şony eder (A.Imran, 3.40) we hiç kim Ondan hasap soramaz (Hud, 11/107).

Emma Allah mutlak manyda Adyl we Häkimdir. Bendeleri özlerine zulum eder, Allah olara hiç bir görnüşde zulum etmez (Nisa, 4/40: Ýunus, 10/44; Kehf, 18/49).

Allahyň (j.j.) şeýle görnüşde erkimiz we gerek ýerinde garyşmagymyzdan daşgary älemdäki emirinde we ýaratmagynda köp hikmetler , bu jebri (mejbury) ýaradylyşda juda köp maksat, many we peýda bardyr. Dünýäniň aýlanmagy elimizde däldir, emma tutuşlygyna biziň peýdamyzadyr. Güne “ýagty saçma” diýsegem, şonda-da ýagtysyny iberer. Emma biz onuň bu ýagtysy üçin ne ýangyç iberýäris, ne-de töleg töleýäris. Ýagny, Gün bizden hiç zat alman, biziň peýdamyza işleýär. Içen zatlarymyzyň löderesini, çökündisini böwreklerimiziň üsti bilen daşyna çykarýarys. Bu biziň zyýanymyzamy? Bize şeýleleýin, yzyna gaýtarma şerti goýulman berlen 24 altynyň gymmatyndaky 24 sagadymyzdan diňe az mukdaryny berene gaýtaryp berýäris. Emma onuň ýerine dünýäde perişdeleriňem gözi gitjek faziletler bilen bezelen gözel ahlak we ahyretde ebedi jennet köşklerini alýarys. Nähili beýik lütuf! Gül ýüzleriň arasynda seýran etdirýär, ýigriminji asyryň tupanlarynyň arasynda halal adamlar bilen sagadat (bagtyýarlyk) asmanynyň ýyldyzlarynyň yzyndan barýarys. Nähili ajaýyp takdyr!

2. Ynsan erkiniň nazara alynyp hasaba goşulan emirler we ýaratmak (Emri Şergy we Dini): namaz, oraza, Allahyň ýolunda söweşmek we azgynjylyk etmezlik takdyry.

Meşiet we halk (ýaratmak) ikisem takdyr we emre baglydyr. Ýagny Allah erkimiziň daşyndaky älemde bar bolan hadysalary ýaratmagy-da, adamlaryň erki göz öňünde tutulyp emir eden hadysalary, hut ynsanyň özüniň işlemeleri netijesinde ýaratmagy-da meşýeti bilen islär we ýaradar. Emma ikinji böleginde ýaradan käbir zatlaryndan hoşal bolmaz. Meselem, namazy emir eder, ýaratmak islär we gulunyň erki bilen emele gelende hoşal bolup ýaradar. Küfüri we günäni söýmez, ýöne ynsan öz erki bilen o tarapa öwrülensoň, meşieti şolara degişli eder we hoşal bolmasa-da ýaradar. Edil şonuň ýaly, Allah (j.j.) erbetligi we zulmy hem söýmez (Bakara, 2/205; A.Imran, 3/22-57). Emma adam erki bilen bulara ýönelip, etmekçi bolansoň, närazy bolsa-da, ýaradyp biler. Şonuň üçin, haýryň ýanynda (daşyndan ýa-da hakykatdan) şer hasaplanan zatlary hem ýaradan Oldur.

Hawa, görüşimiz we aýatlardan düşünşimiz ýaly, Allah (j.j.) ähli zadyň ýaradyjysydyr. Emma Ol bizi dört tarapdan jebrilik (mejburlyk) we zor etmek bilen gurşandyr öýtmäň. Sebäplerimiziň we erkimiziň daşynda görünýän kanunlaryň we hadysalaryň gabawyndan we hüjüminden basylmalyň. Erkimizi duýmagymyz üçin bir çykalga, açyk penjire-de goýlandyr. Allah bizi elimiz-golumyz bagly, umytsyz we ýesir edip, şu äleme zyňyp goýberen däldir. Ol düwmesini basanda dört tarapymazam aýdyňlanar. Umyt yşygy, garaňkylykdan aýdyňlyga, ýeriň tümlüginden arşa çykarjak liftiň düwmesi ýa-da ägirt fabrikalary işledýän, çarhlary aýlaýan we yşyklary ýakýan hereket düwmesi hökmünde bize aýdýan çykalgasynyň ýa-da açyk penjiresiniň ady – jüz’i eradadyr (kiçijik, çäkli erkdir).

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr