Takdyr, kaza we at:a kanunlary

Takdyr, kaza we at:a kanunlary

Kaza Lewhi- Mahfuzda, ýagny Baş Kitapda Allahyň (j.j.) takdyr eden hökümleriniň, wagty gelende guluňam erki bilen ýerine ýetirmesi, ýagny takdyryň höküminiň berjaý edilmegidir.

At:a – “bermek” kökünden gelýän arapça söz bolup, Hak tagalanyň bermegi, ihsany (ýagşylygy), lütfy we peşgeşi diýmekdir.

Lewhi Mahfuzdan başga Allahyň (j.j.) Lewhi Mahw we Isbat kitaplary bardyr. Lewhi Mahfuz öňem belläp geçişimiz ýaly, “Imami Mubin” ýa-da “Ümmül-Kitap” bolup, onda üýtgeme we bozulmak bolmaz. Lewhi Mahw we Isbat bolsa, “Allah islänini bozar, mahw eder (ýok eder); islänini hem öňküsi ýaly goýar; Baş Kitap onuň içindedir” (Ra’d, 13/39) diýilýär. Lewhi Mahw Allahyň (j.j.) at:a kanuny bilen takdyrdan käbirini üýtgedip, hökümini berjaý etmegi buýrmagynyň kitabynyň adydyr.

At:a kanuny kazany bozar. Meselem, takdyry ýerine ýetirilip bilinjek, ýagny kaza buýrulyp bilinjek bir gul özüne mahsus bir latifäni (hoş sözi) ulanyp, Allah bilen gatnaşyga geçer we ýakynlyk gazanar. Ol bir doga-dileg ýa-da sadaka ýaly Hak tagalanyň halajak amalyny edip, Oňa ýakynlaşýar we gazanan bu ýakynlygy sebäpli Allah (j.j.) onuň üçin aýratyn beýik at:a eder we bir kazany berjaý etmän, guluň peýdasyna üýtgeder.

Meselem, gul bir günä işi etmek niýeti we meýli bilen öýünden çykar. Ol bu niýet bilen erk düwmesine basany üçin, Allah hem onuň meýliniň netijesini ýaradar we ony islän ýerine äkider. Ýöne ol guluň ajaýyp bir ýagdaýy, Allahyň (j.j.) halajak bir tarapy, mysal üçin, gijesiniň bir pursadynda iki damja gözýaşy dökendir, ýa-da ulagy bilen birki sany dostuny söhbete äkidendir. Bularam Allahyň rahmetini oýarandyrar we Allah (j.j.) hem onuň öňünden günä ýerine däl-de, gülzarlyga äkitjek bir dost çykarar. Şeýdip, guluň erki bilen saýlan hökümini üýtgeder. Ine, Allahyň (j.j.) bir sebäp bilen ýa-da hiç bir sebäpsiz hökümini, kazany gulunyň peýdasyna üýtgetmegi Oňa degişli at:adyr.

Munuň üçin Allahdan (j.j.) “Niýet edenem bolsa, näme üçin o guluň meýhana gitmegine rugsat bermediň? Name üçin o baradaky kazany ata bilen üýtgetdiň?” diýip soramaga hakymyz ýokdur. Ol islänini islänine isledigiçe lütf eder. Islänini hidaýata, islänini dalalete iteklär. Şol sebäpden biziň ähli hasenatymyz (ýagşylyklarymyz) Allahyň lütfi, ähli seýýiatymyz (erbetliklerimiz) öz gazananlarymyzdyr (Nisa, 4/79). Ýöne köp gezek Allah (j.j.) seýýiatymyz we günälerimiz bilen başaşak gaýtjak wagtymyz elimizden tutar, bizi halas eder. Bu Onuň lütfudyr. Bu lütuf bilen belalaryň we kynçylyklaryň öňüni alyşy ýaly, küfre we günälere batmagymyza-da rugsat bermez. Bular mynasyp bolmasalar-da, birnaçe gullaryna ataýy Soltanlyk etmegidir.

Allah (j.j.) at:asy bilen kazany bozman, erkimiz bilen etmek islän işimizi ýaratsady, bu mahzy adalat (adalatyň hut özi) bolardy we oňa hiç kim hiç zat diýip bilmezdi. Ýaratmazlygy bolsa, hususy lütfy we ihsanydyr. Kur’anda gaýta-gaýta aýdylyşy ýaly, Allah (j.j.) dürli kowumlaryň we milletleriň heläk bolmagyny küfürde, şirkde, zulumda, azgynlykda we garşy gitmekde özdiýenliliklerine, kesirliklerine baglapdyr. Emma Ýunus kowmy özlerine laýyk bela we heläkçilik gelmäge başlanda, doga etmäge durupdyr. Munuň netijesinde-de Allah (j.j.) o belany dep edipdir, ýagny at:a Ýunus kowmy hakyndaky kazany bozupdyr.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr