Wagyz we söhbet etmek däbi

Wagyz we söhbet etmek däbi

M. Fethullah Gülen Hojaefendiniň hereketine we missiýasyna düşünip bilmek Yslam dünýäsindäki söhbet etmek däbine düşünilmegine-de baglydyr. Gürleşmek, wagyz etmek, dil bilen düşündirmek medeniýeti Yslam dini döräli bäri iň möhüm usullardan biridir. Dini düşünjeleriň sistemasy medreseler arkaly gurulýarka, munuň töwerege ýaýradylmagy wagyz we söhbet ýollary bilen amala aşyrylýardy. Mesjitlerdäki ymam kürsüleri munuň merkezidi. Söhbet we wagyz etmek sungaty özüniň özboluşlylygy bilen şol ýerlerde orta çykdy. Mesjitler Yslam dessurynyň we şäher medeniýetiniň merkezi öýleridi. M. Fethullah Gülen Hojaefendi ilki bilen medrese adamydy. Mesjit we halk köpçüliginiň arasynda gatyşyp-garyşyp ýaşaýardy. Ol medrese ýyllarynda ilkinji gezek wagyz etmäge çykanda, öz dili bilen aýtsak, boýy kürsüden kiçidi. Kiçijikliginden bäri mahsus çynlakaýlygy we çuň hyjuwy wagyzlarynda-da onuň özüne laýyk bir häsiýeti döretdi. Ilkinji wagyzlar üçin kürsä çykanda, söhbet etmek sungatynyň adamlara edýän güýçli täsiri täzeden göründi. Mundan soň ol özüni bu sungata, diniň, döwletiň we milletiň haýyrdyr ýagşylyga bolan islegini joşdurmaga bagyşlaýar. Ol Kur'any Kerimiň „Mü'min köpçüligini gaýrata galdyr“ diýen aýatyny edil özüne missiýa edinip alan ýalydy. Hawa, taryhy taýdan sözüň güýji onuň beýik we magnawy sözleýiş gudratynda ýene bir gezek özüni görkezdi.

Onuň söhbetdir wagyzlary – diňe daşyndan görünýän tarapy. Köp kişi ony joşdurjy wagyzlaryndan tanaýar. Ylmy, irfany we giň zehini köp ýyllap onuň söhbet etmek güýjüniň arkasynda galýar. Ýogsa, onuň Yslamyň esasy ylymlarynda we häzirki zaman günbatar bilimlerinde çuňňur sowady bardy. Emma, bu sowat ilkinji ýyllarda gizlin işjeňlik hökmünde galypdyr. Onuň dürli žurnallarda makalalary, hatda şygyrlary hem çap edilýärdi. Ol dini ylymlar bilen birlikde, taryh, pelsepe, sosiologiýa, edebiýat, sungat ýaly döwürdeş ylymlar bilenem köp ýyllap meşgullanypdyr. Emma, bularyň ählisi köpçülige täsirini ýetirmekde, olary Yslamyň tebligçileri etmekde kömekçi hökmünde ýüze çykýar. Haçan-da işjeň herekete öwrülen wagtynda-da görnüp başlaýar. M. F. Güleniň wagyz etmek ussatlygy barada aýdara zat köp. Ýöne gysgaça aýtsak, uzak wagtlap „gaflatda galan“, „uka giden“ diýen sözüň güýji ýene bir gezek onuň joşguny we ýürekdeşlik uslyby bilen gaýtadan direldi.

Onuň ilkinji resmi wezipesi 1959-njy ýylda Türkiýe Respublikasynyň din işleri müdirliginde döwlet ekzamenini üstünlikli tabşyrmagy bilen başlandy. Netijede, ol 30 ýyla golaý Türkiýäniň dürli welaýatlarynda ymam, wagyzçy, Kur'an öwredýän kurslaryň mugallymy bolup işledi, Edirne, Kyrklareli, Izmir, Edremit, Manisa, Çanakkale we beýleki ýerlerde wagyzçy wezipesini ýerine ýetirdi. Onuň tejribesi, köpçülik bilen ýakyn söhbetdeşlik gurmak uslyby bu ýyllarda kämilleşdi. Wagyz etmek sungaty arkaly halk köpçüliginiň dini, milli we hemaýatperwer duýgularyny oýarmagy başardy. Olaryň köpden bäri sönüp giden gaýratlaryny we umytlaryny wagyzlary bilen gaýtadan pyntyklatdy. Müňlerçe, on müňlerçe adam bu dini-milli wagyzlarda özüni tapdy, özüne we medeni gymmatlyklaryna bolan hakyky söýgini duýdy.

M. Fethullah Gülen Hojaefendiniň ilkinji işjeňligi, şeýdip, şäherme-şäher aýlanyp gezende, wagyz häsiýetinde özüni görkezdi. Şol sebäpli onuň wagyzçylygy we adamlar bilen söhbet gurmagy hemişe daş-töwerege täsirini ýetirýän iň ähmiýetli tarapy bolupdyr. Iýmegi, içmegi, geýinmegi... hemişe ýüzlenýän mähellesiniň sosial-psihologiki ýagdaýyna baglylykda bolýar. Her hereketi, aýdan sözi gyly kyrk ýarýan inçeden-inçe eleklerden süzülip geçýär. Ol hemişe gözastyndaky adamyň dykgatlylygy, duýgurlygynda ýaşaýardy. Bu diňe bir ynanjy, imany bolan adamlaryň ýagşy pikirlerine mynasyp bolmakdan döreýän häsiýet däldi. Tersine, her sözüň we hereketiň ilahi gözegçiligindedigini duýup ýaşaýan derwüşlik dessurlaryna berk baglanandygyndandy. Sözüň doly manysynda, ol döwrüniň bir guly hem ybadata berlen bendesi, hem derwüşidi. Sözündäki, hereketindäki we ýaradylyşyndaky çuň duýgurlygyň asyl sebäbi hem şondady. Ähli hereketleriniň iň inçe detallaryna we kalbyndaky çuňlugyna çenli siňen agraslygyň, salyhatlylygyň, parahatlygyň we asudalygyň esasynda Allaha gulluk etmek düşünjesi bardy. Onuň ähli duýgulary bu tertip-düzgüniň terbiýesinden süzülip geçendir. Wagyz wagty, duýgularyň çürbaşyna çykanda-da, herketine we içki tolgunmalaryna buýrup bilýän agraslygy we joşgun ölçegi bardyr. Ýogsa, köp wagyzçynyň joşa düşende, edil derýalaryň kenaryna sygmaýşy ýaly, dolup-daşmasy bolýar. Şol pursatda olar özlerini öz erkinde saklap bilmeýärler we köpçüligiň joşgun siline özlerini aldyrýarlar. Suw çekilip, ýagdaý asudalaşanda bolsa, bilmän aýdylan birgiden sözler we gözegçiligi ýitiren herketler ýüze çykýar. Emma, Hojaefendi kürsä çykanda, onuň agraslygy we çynlakaýlygy oturanlara häkim bolýar – ne özünden, ne-de diňleýän mähelleden artykmaç hereketleriň çykmagyna ýol bermeýär. Ol aýdýan sözleri bilen şeýle bir bütewileşerdi welin, hem gürrüňiň öňi, hem soňy – ählisi şol ýagdaýa görä gurulýardy. Mähelläniň öňüne çykmazyndan ozal, onuň çekýän ejiri edil çaga dogurýanyň burgusyna meňzeş duýgulara meňzärdi. Dogulmak wagty gelmedik ýeke sözi, düşünjäni daşyna çykarmazlyk üçin ünsli bolardy. M. F. Gülen – hereketi hem dini manyda, hem sosial-medeni jähtden özüniň medeni däp-dessurlaryny dolulygyna kämilleşdiren we dowam etdiren hereketdir.

M. Fethullah Gülen adamlar bilen gatnaşykda boldugyça, olaryň dini, sosial we medeni – ähli problemalaryny hem ýakyndan öwrenipdir. Olaryň çözgüdini gözlemäge ymtylypdyr.

Şol bir wagtda ol ýurduň pikir, syýasy akymlaryny, proýektlerini, jemgyýetdäki ornuny, derejelerini ýeke-ýeke gözden geçirip, ählisini çuňňur derňäpdi. Soňra Yslam dünýäsiniň problemalaryna ýüzlenip, zehinini has giň prespektiwalar bilen ýiteltmäge mümkinçilik tapypdyr. Ol pelsepe, düşünje we intellektual syýahatynyň netijesinde ýurduň, belki, Yslam dünýäsiniň, hatda dünýä medeniýetiniň iň esasy problemasyny ynsana berilýän bilim-terbiýesinde görýär. Muny entek 70-nji ýyllaryň başynda duýup, ýaş talyplarynyň üsti bilen, tutuş dünýä ýaýran özboluşly bilim ulgamyny döredip, ony durmuşa geçirmäge başlaýar.

Bir tarapdan wagyzçylyk wezipesini dowam etdirýärkä, başga bir tarapdan okuwçylara niýetlenen kurslar geçirýär. Wagyzlarynda mekdep salmagyň häzirki döwür üçin mesjit salmakdan has haýyrly, faziletli we zerurdygyny gaýta-gaýta nygtap, halk köpçüliginiň haýyr-sahawatyny bu ugra gönükdirýär. Onuň bu hereketi konserwatiw düşünjeliler tarapyndan şobada tankyt edilmäge başlandy. Çünki, olary has gysga wagtyň içinde netije berip biljek proýektler gyzyklandyrýardy. Bilim we mekdep bolsa, uzak wagtlaýyn proýektdi. Üstesine, bular konserwatiw pikirlileri aladalandyrmaýan ugurlardy. Olar bilim we mekdep proýektiniň geljekki sosial täsirini öňünden görüp bilmeýärdi. Şonuň üçin, bu pikiri gürrüňini edeniňe degýän bir iş hem hasaplamandylar. Gülen ençeme ýyllaryň dowamynda konserwatiw pikirlileri bu täze proýekt bilen gyzyklandyrmaga, olara görelde bolmaga çalyşýardy. Başga bir tarapdan bolsa, resmi döwlet mehanizmine bu halk köpçüligine niýetlenen inisiatiwasynyň maksadynyň dolulygyna milletiň we milli ruhuň hereketlendirji güýjüdigini, syýasy we ideologiki ýa-da başga bir maksadynyň ýokdugyny düşündirmäge çalyşdy. Hakykatdan-da, bu diňe halk köpçüligine niýetlenen inisiatiwady. Hiç hili syýasy maksatlary göz öňünde tutmaýardy. Ýeke-täk maksady – ýaşlara bilim bermekdi.

M. Fethullah Gülen geçen asyryň 70-80-nji ýyllarynda wagyzlary diňlenip, dürli medeniýetli, giň köpçülik tarapyndan yzyna düşülen seýrek adamlaryň hilindendi. Ilkinji bilim guramalary (başlangyç we orta mekdep) 90-njy ýyllara gelende, hem Türkiýede, hem dünýäde geçirilýän bilim olimpiadalaryna gatnaşyp, özüni tanatmaga, bilim ugrunda uly üstünlikler gazanmaga başlady. Bu netijeler bilim guramalarynyň özüni tutandygyny, ençeme ýyllap çekilen yhlasyň ýerine düşendigini aç-açan görkezýärdi. Başgaça aýtsak, M. Fethullah Gülen Hojaefendiniň bilim hereketi bilen baglanşykly proýektiniň wagtlaýyn bir zat däldiginiň görkezijisi boldy. Başga bir tarapdan, M. Fethullah Gülen Hojaefendi ýurduň hereketine we gün tertibine girdi. Döwlet býurokratiýasyndan, syýasatçylara, akademiklerdir professorlardan sungat dünýäsine, ýazyjy-şahyrdan žurnalistlere çenli her kimiň üns merkezine öwrüldi. 90-njy ýyllar, bir tarapdan, daşary ýurtlara ýaýran, beýleki tarapdan dürli gatlakdaky köpçüligiň ünsüni çeken adamlar bilen giňişleýin dialogyň başlanan ýyllary boldy. Bu yhlas soňky wagtlarda görülmedik dialoglar döwrüniň başyny başlady. Türkiýe 1980-nji ýylyň öň ýanlary düşünje, syýasy we ideologiki hereketdir akymlaryň söweş meýdanyna öwrülipdi. Bu hereketlerde we çaknyşmalarda on müňlerçe ýaş ýigitler wepat boldy. 70-nji ýyllarda tutuş dünýäni gysyp-gowran ideologiki dawalar Türkiýä-de agyr täsirini ýetirdi. Fethullah Gülen Hojaefendi özüni söýenleri we wagzyny diňlän ýaş ýigitleri juda ünslülik, sabyrlylyk we seresaplylyk bilen bu galmagallardan uzakda saklamagy başardy. 1980-nji ýyldaky harby agdarlyşyk ýurtda dym-dyrslyk döretdi. Ýurt 60-70-nji ýyllaryň dowamynda üç nesli ýitirdi. Adamlar argyn we doýgun görünýärdi. 80-nji ýyllar pikir-düşünje we ideologiki hereketleriň togtadylan ýyllary boldy. Ine, şeýle döwürde-de, M. Fethullah Gülen Hojaefendi dialog we ylalaşyk medeniýetiniň esaslaryny gurmaga başlady.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr