Adam ata we How eneden dünýä inen çagalar şol döwürde biri-birlerine öýlenenem bolsalar, indi näme üçin bu gadagan edilipdir?

Bu sowalyň hem-de muňa meňzeş soraglaryň belli-belli toparlar, guramalar tarapyndan ýörite taýýarlanylyp, ýaşlaryň arasyna ýaýradylýandygyna gynansak-da häli-şindi şeýle soraglara duş gelýäris. Ilki bilen, şu we şuňa meňzeş sowallary orta atanlaryň ak ýürekli adamlardygyna ynanmak gaty kyn. Bu sowalyň arkasyndan aýtmakçy bolynýan zatlar biraz dykgat edilse düşüniljek derejede açyk we aýandyr. Bular ýaly soraglary tapmak bilen olaryň esasy maksatlaryndan biri, belki-de birinjisi diniň esaslarynda bir topar gapma-garşylyklar bar diýen düşünjäni oýarmakdyr.

Muňa meňzeş soraglaryň ählisinde elmydam pitençi düzgünleriň ters belgileri bardyr. Allah gorasyn!.. «Allah ýokdur. Din bir tirýekdir. Mukaddesler bir gadaganlyklar we imperializmiň ekspluatirleýiji guraly... Maşgala we ondaky haram we halal araçäkleri ýer ýüzündäki hakykatlara gapma-garşy we belli bir döwrüň ezijilik etmek ýollary... we ş.m.» Perdäniň syrylmagy bilen orta çykan bu zatlar, dogrusy, endamyňy tikenekledýär. «Olaryň pikirine görä: Biri-birine gapma-garşy emrler bilen bu güne çenli dowam edip gelýän din, indi ylym we pelsepäniň ýeten derejeleriniň öňünde talap edijiligini ýitiripdir. Beýle bolsa kakabaş we serhoş akylymyza gelen her zady edibermelidiris. Uýaňa, ýeňňeňe we daýzaňa öýlenmegem bolup biler»...

Ine, ýazyksyz ýaly görünen sowalyň arkasyndaky endamyňy tikeneklediji ahlaksyz garaýyşlar we ýigrenji meýiller! Ine «pozitiwizmi» we «Rasionalizmi» galkan edinip ýaş nesillerimiziň azaşdyrylşy!..

Jemgyýetimiziň belli bir toparynda diniň we nesliň sagdynlygyna degişli ýörelgeleri ýok etmegi maksat edinen bular ýaly soraglary tapýanlara seredenimizde «Bu-da olaryň ýalňyş pikirlerinden biri, dogrular bolsa olaryň içi kitüwli soraglarynyň tersidigine görä, bunuň beýle bolmagy iň dogusydyr» diýmek anyk jogap boljakdyr. Emma biz ýene bir-iki sözlem bilen munuň üstünde durup şulary aýtmak isleýäris.

1. Ilki bilen bu bir dini mesele bolmak bilen birlikde diniň esasy däl meselelerindendir. Dine ynanmaýanyň, şeýle hem diniň esaslaryny kabul etmeýäniň bular ýaly zatlary gorjalamaga asla haky ýokdur.

2. Din emir we gadaganlyklary bilen ynanlar üçin çäklendirijidigi hakynda hiç kimiň şübhesi ýokdur. Şonuň üçin inkärçiler beýle meselelere goşulmasalar has gowy bolardy. Şeýle hem inkärçiler kakabaş, serhoş, islänlerini edip ýaşýandyklaryna garamazdan, ynaçly ynsanlaryň hiç biri olaryň bulaşyk, pes ýaşaýyşyna goşulmaýar. Çünki amal we hereketlerindäki azgynlyklar we azaşmalar diňe we diňe düşünjäniň, garaýyşyň we ygtykadyň bozuklygyndan döreýär. Bulary dogry ýola gönükdirmezden olaryň hal-hereketlerini düzetmäge yhlas etmek netijesizdir.

3. Bu mesele diniň esaslaryna degişli däl meseledir. Bular ýaly meselelerde adamzadyň ösüşi bilen parallel gidip kämilleşmek manysynda özgerişler her döwürde bolupdyr. Şu wagtky boýun egýän emirlerimiz we gadaganlyklarymyz o döwrüň emr we gadaganlyklaryndan tapawutsyzdyr. Bu hususda möhüm bolan Emir edijiniň emridir. Ol düýn bir eneden ekiz bolup dünýä inenleriň biri-birine öýlenmegini gadagan eder, bu gün bolsa ata-ene baglanşygy jähdinden täze gadaganlyklary goýar we «bu gatnaşyk haramdyr» diýer. Bu misli bir çaganyň ösüp kemala gelýän döwründe durmuşa degişli kanunlaryň, ýagny iýmitiniň, içgisiniň, geýimleriniň wagty gelende üýtgeýşi, hatda onuň ýaşyna görä dilini tapmak ýaly... hemişe ösüşde bolan adamzat ýaşaýşynda-da edil şolar ýaly zatlar bolup geçipdir. Çaga ideginde ulalşyna, düşünjesine görä bolunmagy kiçijiklik, hatda bilimsizlik däl-de, tersine bir beýiklik we bilimlilikden nyşan bolmaýarmy näme?! Edil şonuň ýaly düýnden bu güne kämilleşen, ösen adamzadyň her döwrüne görä kanun bellemek hikmetdir we hakyky bolmalysydyr.

4. Bu meseläniň sowalda aýdylyşy ýaly bolup geçmesi, biziň ynanýan çeşmelerimizde ýokdur. Ysraýylyýatdan geçen bolmagy mümkin. Diňe Kuranyň aýatlaryna esaslanyp, şejere zynjyrymyzy Adam ata (a.s.) we onuň ýanýoldaşyna baglaýandygymyz üçin bu ýagdaýy kabul etmäge özümizi mejbur edýäris. Meseläniň aslyny yzarlaman, sowalda getirilşi ýaly kabul edilen ýagdaýynda adamogluna maslahatlara boýun egmek dersini bermek babatda wagtlaýyn rugsat berilipdir, soňra bolsa gadagan edilip, wagtyň geçmegi bilen muňa meňzeş hökümleriň üýtgedilip bilinjekdigi ýatladylýar.

5. Wagtlaýyn rugsat edilen şeýle höküm ýüzlenilýänleriň tapawutlydygy sebäpli aýratyn görnüşe eýe bolýar. Hawa, Adam atanyň çagalarynyň ýetişen ojagy, gökden gelen emrler bilen mydama nurly we maşgala agzalarynyň bolsa wyždanlary elmydam oýa bolan bir içeri elbetde başgalardan örän tapawutlydyr.

Ýer ýüzünde ilkinji ynsan bolmak täzeligi, edilen kiçijik günäniň uly jezasynyň köňüllerde sarsgyn emele getiren gorkynyň dowam etmegi we goýberen ýalňyşy sebäpli jennetden daşlaşdyrylan ata-enäniň gynançdan doly köňli bilen, başyny tutan maşgalalarynda mubahlar hem endişe beriji we hopukdyryjydyr. Beýle bir maşgalada biri-biri bilen nikalaşjak kimseler ýanaşyk dursalaram agzy orazaly ynsan ýaly permanlary çykýança biri beýlekisine gyýa bakmakdan saklanar. Beýle maşgalada kalplaryň çigligi wahyýnyň ýyldyrym çakan ýaly aýatlary bilen düzediler. Beýle içerde ähli araçäkler ýok edilse-de, ynsanlar wyždanlaryyň ýol bermeýän çäklerini aşyp bilmezler, aşmazlaram.

Emma biziň döwrümizdäki maşgalalarda ýokarda aýdylan manylaryň we saklaýjy hususlaryň hiç biriniň ýoklugy sebäpli çäklere uýulmaýar. Belki-de has irki ýaşlarda edilen gelşiksiz hereket ömür boýy utandyrjak ahwalda dowam eder. Şeýlelik bilenem içeri üçin zerur bolan rahatlyk, ygtybarlylyk ýitiriler we ol içeri indi içýan içersine öwrüler.

Indi, ýene bir gezek oýlanyp görüň! Uýasy, ýeňňesi, doganynyň çagasy babatda ýaramaz duýgulara özüni aldyran ahlaksyz toparyň bolýan öýünde rahat oturyp bolarmy? Olar ýaly öýde her kim gözüne ýaran zada eýe bolmak üçin erbet pikirleri etjek, hatda öz dogany bilen jetleşige girjek... Belki-de edil şeýle düşünje bilen Hezreti Adamyň (a.s.) çagalarynyň arasyndaky jeneýatlara baş goşuljak we oňşuksyzlyklar dowam edip gitjek.

Diýmek goraýjy düzgün-kadalar, wyždanlary oýarýan sebäpler bar bolan wagty şol düzgünler erbetlik üçin peýdalanmasa-da, oýaryjy güýçleriň aradan aýrylmagy, saklaýjy ruhuň içerden ýitip gitmegi bilen her dürli hyýanatlara gapylar açylyp bilner.

Erbet zatlary suratlandyryp aýtmazlyk üçin eşidenlerimi we görenlerimi jikme-jik beýan etmek islemeýärin. Ýogsa maşgaladaky ahmal etmeleriň netijesinde ynsany ynsanlygyndan utandyrjak şeýle hadysalar dowam edip gidip otyr, olary eşidip üýşenmezlik mümkin däl.

Ýene bir meseläni jemleýärkäk şuny aýdyp bileris. Ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlarynda «Ýere düşüň, käbiriňiz käbirleriňize duşman bolup» (Bakara, 36) sesiniň tolkunlary duýlan bir içeri, içindäki gorky, hormat, bedeniňi düýrükdiriji we kalbyňy sarsdyryjy endişeler bilen döwrümiziň içerilerine meňzemeýişi ýaly, şol içerä degişli wagtlaýyn hökümler, elbetde, häzirki günümiziň maşgalalaryna degişli hökümlere meňzemez.

Galyberse-de, bu görnüşde dowam edýän wakalaryň sany barada anyk bir zatlar aýtmagam çetin. Belki beýle waka bir ýa iki gezek bolup geçendir.

6. Nikanyň, öýlenmegiň netije beren hikmetlerinden biri hem baýlygyň dargamagynyň we keseki ellere geçmeginiň öňüni almakdyr. Emma, ol döwürde ähli ynsanlar Hezreti Adamyň çagalary bolansoň we ýer ýüzi başdan-aýaga olaryň ygtyýaryna berlendigi üçin ne-hä ähli malyň bir ele jemlenmegi ne-de elden ele geçmegi, ne bir ýere toplanmagy ne-de dargadylmagy asla ýüze çykyp biljek mesele däldi. Şu günki günümizde bolsa, jemgyýetçilik durmuşymyzyň gurluşy uly tapawutlyklary döredýär...

Şuny hem aýdyp geçmek gerek, ýagny dürli usullar bilen baýlyk paýlaşylsa-da, bu meselede aýratyn hökümiň esaslandyrylmagy asla göz öňünde tutulan däldir. Bu meselede aýdylan we aýdyljak ýeke-täk söz, şübhesiz hikmet sahybynyň hikmetli beýanyndan ybaratdyr. Hak Tagala Adam ata we How enäni ýaradypdyr, soňra olaryň zürýatlarynyň özara nikalaşmagyndan başga ýol döredip bilmezmidi?

Zat-y Uluhiýete garşy beýle sorag, hem nadanlyk, hem biedeplikdir.

Allah (j.j.) bir Adam (a.s.) we bir How enäni ýaradyşy ýaly, ikinji bir Adam ata bilen How enäni hem ýaradyp biler. Hem şu wagt, hem geçmiş döwürlerde, müňlerçe we ýüz müňlerçe älemleri ýaradan Allaha (j.j.), ikinji bir Adam ata bilen How enäni ýaratmak, hiç haçan agyr düşmez. Emma, hikmeti şeýle zerurlygy talap edendigi üçin şeýle-de etdi.

Allah ýogsa-da biziň çäkli we bozuk gözellik ölçeglerimize, çyzgylarymyza görä däl, Öz hikmetine görä ýaradar. Biz älemdäki gözellikleri we betnyşanlyklary Onuň emr we gadaganlyklarynyň prizmasyndan geçirmek arkaly gözellik we betnyşanlyk aň-düşünjesine ýetip bildik. Onuň her emrini tutaryk edinip, närseleri we hadysalary düşündirmäge synanyşdyk. Her höküminiň bir üýtgewsiz kanundygyna göz ýetirip bilşimizçe, esaslandyran ýörgelerimize daýanyp dogra ýetip bildik.

Ol tutuş adamzady Hezreti Adamyň (a.s.) we How enäniň köküne baglady. Biz hem şeýle bolmagyny iň gözeli diýip kabul etdik. Galyberse-de, ynsanlaryň özara birikdirýän şeýle kök bilen baglanşygy has güýçlüdir.

Maddy taýdan bu wahdet (birlik) ruhlardaky birligiň tohumyny göterýär. Edil bir agajyň köküne we şänigine aralaşdygyňça birligiň belli bolşy ýaly, has ileri gidilse her zadyň «Adam» wahdetiniň içinde saklanýandygy görüler. Bu garaýyşda agaç erkek hem tişini bütewi halda jemleýär. Tohumlandyrýanam oldyr, tohumlanýanam. Biri-birinden uzaklaşyp erkeklik-tişilik orta çykan ýagdaýynda olaryň tohumlanmak we tohumlandyrmak ýagdaýy başgaça bolar.

Ynsan hökmünde herkim bolsa-da, onuň adamzat kowmuna degişlidigine bolan duýgymyzy Adam (a.s.) atanyň we How enäniň wahdeti bilen Ýaradanyň kalbymyza guýan söýgisinde we ynsanlykda görýäris. Düýnki hökümiň bu gün üýtgemegi bolsa hökümleriniň garşysynda iki büklüm boldugymyz Gudraty Güýçliniň hikmetine, hikmetiniň içindäki kökden uzaklaşmaga we adamzat şejeresiniň zynjyry içinde bolmagymyza, erkegi bilen, aýaly bilen ynsanlygyň özüne degişli manylaryna hem eýe bolmagymyza eltýär. «Her işiň bir hikmeti bardyr, hebes işi işlemez Allah» diýýäris.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr