• Baş sahypa
  • Eserleri
  • Asyryň getiren şübheleri - 1
  • Ähli pygamberler Arap ýarym adasyndan gelip çykandygyna görä, pygamber gönderilmeýän beýleki yklymlarda ýaşaýanlary ynanç we amal taýdan jogapkär etmek dogrymy we bu talap adalatlymydyr?

Ähli pygamberler Arap ýarym adasyndan gelip çykandygyna görä, pygamber gönderilmeýän beýleki yklymlarda ýaşaýanlary ynanç we amal taýdan jogapkär etmek dogrymy we bu talap adalatlymydyr?

Bu sorag iki bölekden ybarat. 1. Pygamberleriň diňe Arap ýarym adasyndan döremegi we beýleki yklymlarda hiç bir nebiniň gelmezligi, 2. Özlerine pygamber iberilmedik milletleriň azaba ugradylmagynyň adalatlylyk bolmajaklygy.

Geliñ indi öz gezeklerinde bu sowallaryň ikisinem ele alalyň. Emma ondan öň ynsanlaryň arasynda Nebiniň tutÿan orny, hatda zerurlygy meselesinde durup geçeliñ.

Pygamberlik ýokary bir derejedir. Ol ynsanyň öz beýikliginiň Hakdan halka egilen bir şahasy we tebigatyň içinde emma tebigatdan aÿratynlykda ýaşaýan barlygyň köňli we dilidir. Onda hem seçilmek, hem beýgeldilmek hem-de wezipeli edilip iberilmek bardyr. Danalarda bolşy ýaly, Nebi diňe beýik bir paýhas, närselere we hadysalara täsirini ýetirÿän bir zehin däldir. Ol ähli ukyplary bilen işjeň, ajaýyp, hemişe öwüsÿän we her öwüsgünde täze, gökler ötesine göterlen, meselelerine ylahy öwüsgünlerden çäreler gözleÿän, närseleri arş bilen birikdirÿän dana ynsandyr.

Onda jisim ruha, akyl kalba tabyn bolup, nazary isimler we sypatlar äleminde, aÿlanyp dursa da Onyñ gadamy nazarynyñ ýetip biljek her ýerinde biledir.

Nebide duýgular iň soňky pyntygyna çenli ösüp kemala gelendir, görmek, duýmak we bilmek tebigy çäklerden geçip has giñdir. Olaryň görüşini dürli tolkunlar bilen düşündirmegiň mümkin bolmaýşy ýaly, eşidenlerini hem ses tolkunlary bilen düşündirip bolmaz. Aýratyn hem biziň derňemek we jemlemek ölçeglerimiziň çäginden geçÿän ylymlaryna erişmek asla hiç kime miýesser etmejekdir.

Ynsanlyk olaryň ÿol görkezmegi sebäpli barlyga aralaşyp närseleri açyş edip biler. Olaryň yrşat we tälim halkalarynyň daşynda ne närselere, ne-de hadysalara kämil aralaşyp bilerler ne-de tebigatda anyk kesgitli derñewler geçirip bilerler...

Tebigatyň syrlaryny we ondaky ylahy kanunlaryny beşere peşgeş etmek olaryň birinji dersidir we ders öwrenjelere laýyk derslerdir. Onyň ötesinde bolsa barlyk älemini, barlygyna şaýat görkezen Beýik Ýaradanyň isim we sypatlaryny bildirmek, aň ýetirip bolmajak Gudraty güÿçli hakynda ölçeg we inçeden-inçe salyhatlylyk... Eger bütin bu älemleri elinde tutan, zerrelerden galaktika dumanlaryna çenli hökümini we sözüni ýöreden olary tesbi däneleri ýaly öwrüp-çöwren, haldan hala, şekilden şekile özgerdÿän ajaÿyp Gudratyň we Eradanyň Sahyby bilen oňa beriljek derejeler we degişli ediljek hususlar hakynda Nebileriň ap-aýdyň beýanlary bolmasady, Ol hakynda ne dogry söz aýtmak, ne-de dogry düşünmek mümkin bolardy.

Diýmek Nebi närseleriň we hadysalaryň içine girip, tutuş ýaşaýşy bilen bize ders berişi ýaly, her zadyň, her hadysanyň birinji dersi bolan Beÿik Ýaradany, ajaÿyp Gudrat we Erada Sahybyny isim we sypatlary bilen Zaty Uluhiýeti arasynda inçe deňlik we syrly arabaglanşygy esas alyp düşündiren hem ýene Oldur.

Beýle bolsa zeminiň hiç bir yklymy we hiç bir zaman aralygy olaryň bereketinden we nurundan mahrum galan däldir. Sebäbi olaryň yrşat halkalarynyň daşynda, barlyk älemine degişli henize çenline ne dury höküm berilipdir, ne-de pelsepäniň biri-birine gapma-garşy we şübheden doly bulaşyk howasyndan üstün çykylypdyr.

Esasan her yklymyñ her döwrüň bir pygamberiň gözegçiligi astynda bolmagyny akyl, hikmet we Kuran birleşip güýçlendirýärler. Onda-da hiç-hili şübhe döretmejek şekilde...

Iň kiçi muzeýde, iň ýönekeý sergide hem ÿol görkezijilere, taryp edijilere zerurlygyň duýulşy ýaly, ýolbelet bolmazdan şeýle ýeri gezip görmegiñ hiç-hili manysy ÿokdyr. Edil şonyñ ÿaly şu ajaÿyp älem köşgüni ony görmäge gelenlere aňlatjak, ondaky inçe syrlary düşündirjek jarça we ýolgörkezija zerurlyk bardyr.

Şeÿle hem döreden bu düzgün-nyzamy, bu sergi we sungatlaryň eserlerini dabaraly ÿagdaÿda ajaÿyp bir sergide sergileÿän, ähli hal- hereketleri we eserleri bilen özüni tomaşaçylara tanatmak isleýän Gudraty Güÿçli sergileri açÿar,, eserlerini görkezÿär, tomaşaçylaryň dykgatyny çekÿär, olary saÿlan deñsiz-taÿsyz kişiler bilen öz Zady, sypatlaryny we isimlerini muşdak tomaşaçylaryna neneñ tanatdyrmasyn, nämçin hikmet doly eserlerini manysyz goÿsyn. Bu asla mümkin däldir. Hawa, her-bir zady bir dil we nagma görnüşine getirip olar bilen bizlere hikmetini we maslahatlaryny añladÿan Beÿik Biribar her dürli bidereklikden päkdir we mukaddesdir.

Galyberse-de Ol Gudraty Güÿçliniñ öz beýany bolan Kuran ýer ýüzüniň her tarapynda ÿaşap geçen pygamberlerden söz açýär. «Jelalym haky üçin biz her millete Allaha gulluk ediň, butlara çokunmaň diýip bir pygamber iberdik». (Nahl, 36).

Gynansak-da ynsanlyk bu beýik şahsyÿetlerden alan dersini belli bir wagt geçenden soñ unudÿar ÿa-da azgynlyga uçraÿar. Wagtyñ geçmegi bilen Nebileri we ÿagşyzadalary butlaşdyryp tañry derejesine göteripdirler.

Grekleriň Tañrylar dagyndan, Ganga derýasyna çenli adamzadyñ döreden birgiden oñanlary bardyr, olaryň häzirki görnüşleri bilen gelip çykyşlarynda örän uly parhlar bar bolsa gerek.

Ne Hytaýyň Konfusiýsini ne-de hindileriň Brahmanyny Buddasyna sygynyp öz taglymatlary bilen gelip ÿeten netijäni deñeşdirmek mümkin däldir. Özgerip duran ynsan añynyň ilki dörän hakykatlardan nähili uzaklaşandygyny anyklamak kyndyr.

Eger Kurany Kerim şübheleri aradan aýyran beýany bilen Hezreti Ysany bize tanatmasady, Serkofyñ ala-garaňky diwarlarynyň arasynda poplaryň butparazlyk garaýyşlary bilen garjaşan düşünjeleriniň içinden hakyky, sagdyn Hezreti Ysany tapmak mümkinem boljak däldi.

Ynsana Uluhiýetiň ýöñkelmegi we Zat-y Uluhyýetiň ynsanlaşdyrylmasy, biri-birine ters bolan «üç» we «biriň» iň birinji mesele hökmünde ynama ýerleşdirilmesi akyl we mantygy hasaba almazlyk Allaha garşy edilen iň beýik bihaýalykdyr.

Biziň günlerimizde çygryndan çykarylan hristian dabara we ybadatlary ybathanalary we çilehanalary bilen gadymy rim we grek butparazlygynyň arasynda hiç bir şekilde uly parh duýulmaýar. Kuranyň aýdyňlaşdyryjy we düşündiriji beýanlary nazara alynman hristian ybabdathanasy we ol ýerde bolup geçýänleri gören kişiniñ Hezreti Mesihi (a.s.) Appolondan tapawutlandyrmasy örän kyn bolar.

Häzirki döwrümize şeýle ýakyn bir döwürde hristianlygyň öz kitap we pygamberlerini bu hala getiren nokatlaryndan başlap wagt ajdarhasynyñ gorkunç dişleriniň arasynda kim bilýär gör näçe Mesihler owrap gidendir. Ygtybarly bir habardan bilişimize görä her nebiniň wezipesini özünden soňra yzyna eýerjileriň, dowam etdirjekdigine, olardan soňra bolsa bir topar bähbitparazlaryñ bar zady başaşak, bulam-bujar etjekdigine nygtaÿan pygamber sözi örän ähmiýetlidir. Hawa, şu sebäpben bu gün batyl dine öwrülen birnäçe dinler bar, asly arassa, gözbaşy wahyýdan gaýdýandygyna garamazdan dowam etdirjileriň nadanlygy we duşmanlarynyň ynsapsyzlygy sebäpli bu gün bütin esaslary bilen ýalan-ýaşryk zatlaryň ýygyndysyna öwrülipdirler.

Şeýle-de bolsa biziň günlerimize çenli saklanyp gelýän batyl dinleriň bir näçesiniň berk aslynyň bolandygyny ýeterlik derejede kuwwatly we her döwrüň bir pygamberiň adyny almagy-da täsindir we göwne makuldyr.

Pygamberlik berilmedige pygamber diýmek, nebiniň pygamberdigini inkär eden ýaly küfür saýylýar. Diňe hristianlygyň mysalyna salgylanyp görsegem Buddizimiň gelip çykyşyna şübheli bakmazlyk, Brahmanizme seresaply çemeleşmek ynsanyň elinden gelmeýär. Hatda Konfusiýniñ dykyn alan pelsepesiniň aňyrsyndan gözlemek, şamanizmi düşündirilip bilner diýip hereket etmek meniň pikirimçe dogry hasap edilmelidir.

Bular döreýişlerinde isle arassa, isle bulanyk syzyntgy bolsun häzirki ýagdaýlaryndan tapawutly bir mana eýe bolandyklaryna hiç kim şübhelenmeýär. Wagtyň we hadysalaryň olary köneldip, käte-de täze goşmaçalary bilen üýtgetmegi şeýle bir köp gezek bolup geçipdir ilkinji esaslandyryjylar dolanyp gelip görüp bilsediler getiren dinlerini tanamazlardy.

Dünýäde ýene şular ýaly ýoýulan birnäçe dinler bar we olaryň aglabasynyň ilki başdaky arassalyklaryny kabul etmekleri zerurdyr. Bir ýerinde Kuran: «Içinde pygamberi bolmadyk millet ýokdur» (Fatyr, 24) diýip ýer ýüzüni öz içine alýan höküm beripdir. Emma biz jahanyň çar tarapynda dörän we bir maglumata görä sany 124 müňe ýetýän pygamberlerden diňe 28-isini bilýäris. Galyberse-de, bularyň arasynda-da birnäçesiniň haçan we nirede ýaşap geçendigine degişli hiç bir maglumatymyz ýok.

Dogrusy, gelip-geçen ähli pygamberleri bilmek hökmanlygy diýen ýaly zadam ýok. Kuran: «Olaryň bir kysmyny saňa hekaýat edip aňlatdyk, bir kysmyny bolsa aňlatmadyk» (Gafir,78) diýip beýan edilmedikleriniň üstünde durulmazlygyny hem duýdurypdyr.

Bu gün dinler taryhy, pelsepe we antropologiýa ylymlary öwrenilende biri-birinden örän uzak milletlerde hem biriniň beýlekisine örän ýakyn umumy nokatlarynyň bardygy göze ilýär. Jemläp aýtsak, hemmesinde «köpden» «ÿeke-täge» tarap, göterilmejek bela- beterleriñ dep bolmagy üçin, beýik dergaha elleriňi açmak we gollaryňy ýokary göterip ÿalbarmak, ruhy hadysalar bilen gatnaşykda meñzeş hereketler olaryñ gözbaşynyñ mugallymynyñ birdigine yşarat edýär. Kanar adalaryndaky ýerli milletlerden maýýa halkyna çenli, bugdaý reňk indeýlerden adam iýiji taýpalara çenli olaryň dini dabara we ybadatlarynda, şol bir äheň we şol bir owaz duýulýar.

Professor, doktor Mahmut Mustafanyň iki sany juda wagşy taýpalar hakyndaky ylmy işleri bu ýagdaýy tassyklaýär. Doktoryň aýtmagyna görä Mawmawlar Musaý atly bir ylaha ynanýarlar. Bu ilah Zatynda we hereketinde birdir. Birini dünýä indiren özi hem biri tarapyndan dünýä indirilen däldir. Taýy we meňzeşi-de ýokdur. Ol görünmez, bilinmez, diňe ýaradanlary bilen tanalar. Neýamneýam taýpasy barada-da Mawmawlaryň ynanjyna meňzeş zatlar hakynda söz açylypdyr. Olar hem ähli zada sözi ýöreýän, tokaýdaky her bir zady öz eradasy bilen herekete getiren we günälileri ýyldyryma urduran bir ylah bardyr, Ol-da Mabud-u Mutlakdyr diýip düşünipdirler.

Görşümiz ýaly olardaky ylah düşünjesi bilen Kurandaky Zat-y Uluhyýet düşünjesiniň arasynda uly bir parh ýok ýaly görünýär. Hatda Mawmawlar «Yhlas» süresiniň manysyny berýän sözleri aýdaýarlar» diýip-de bileris.

Medeniýetleri şeýle uzak we bize belli bolan pygamberleriň täsirinden daşardaky, gadymylygyny saklan bu kowumlar, ýaşaýşyň iň ýönekeý kanunlarynam bilmeýändiklerine garamazdan Allaha degişli bu iň çuň we iň dury düşünjeleri nireden bilip bilerler. Diýmek «Her milletiň bir resuly bardyr we resullary gelenligi üçin olar barada berilen höküm adalatsyz bolmaaz we hiç kimsä zulum edilmez» (Ýunus, 47) beýany ylahy we ähli ýer ýüzüne degişli hakykatdyr we hiç bir yklym ondan daşarda däldir.

Doktor Mahmut Mustapanyň ýazan zatlaryna meňzeş ýazgylary hut özi bilen tanyşmak miýesser bolan kerkukly matematika pofessory, doktor Adyl Beý hem gürrüň beripdi. Doktorlyk ylmy işini Amerikada goran mahaly ýerli millet bilen ýygy aragatnaşykda bolan Adyl Beý özüni haýran eden wakalary şeýle gürrüň berýär. Ýerli adamlar öz aralarynda tewhit akydesine uýgun ybadatlar edýärler we Allahyň iýmeýändigine, içmeýändigine, wagta tabyn däldigine ynanýandyklaryny aýdýarlar, hatda bu älemde bar bolan ähli zadyň Onuň eradasyna boýundygyny gaýtalap-gaýtalap aýdýarlar.

Şeýle hem birnäçe selbi we wujudy sypatlar barada gürrüň berýärler welin, düşünjelerindäki bu beýikligi ýaşaýyşlaryndaky wagşylyk we çarwalyklary bilen bir ýerde göz öňüne getirmek asla mümkin däldi...

Diýmek, gündogardan günbatara, dünýäniň iň çet künjeklerinde bu akyde we düşünje birligi, diňe älemiň sahybynyň olara iberen ilçileriniň ýaýratmagy bilen düşündirip bolar. Çünki iň beýik filosoflarynyň hem akyl ýetirip bilmedik bular ýaly berk tewhit akydasyny wagşylykda ýaşaýan Mawmawlara, Neýamneýamlara ýa-da Maýýalara bermek asla mümkin däldir. Diýmek, ary bilen garynjanam eýesiz taşlamadyk Rahmeti Soňsuz ynsanlary hem pygambersiz goýmandyr, zamanlara we mekanlara olaryň üsti bilen nur çaýypdyr, jahanlary ýagtyldypdyr...

Indi bolsa soragyň ikinji tarapy bolan pygamberleri görmedik kimselere azap edilip edilmejekdigi baradaky meseläni açyklalyň.

Ilki bilen birinji bölümde belläp geçipdik, zemin hiç bir döwürde nur-u nebiwetden mahrum galmandyr... mahal-mahal az wagtlyk guraklyk duýulsa-da, yzy bilen çagbalap-çagbalap rahmet ýagmyry ýagypdyr. Şonuň üçin hem her şahs az-u köp bu rahmeti görüpdir, duýupdyr, dadypdyr we doýupdyr. Şeýle hem düÿpli ýoýulmalaryň bolan ýerlerinde ol pygamberden beýleki pygambere çenli aradaky boşluk (fetret) döwründe şeýle bir çalt ýaýrap, töweregi garaňkylyga bogdurypdy. Her garaňkylygy bir aýdyňlyk, her aýdyňlygy bir garaňkylyk çalşyryp durýarka öz eradalarynyň daşynda garaňkylykda galanlara-da Hak rahmet buşlugyny buşlapdyr: «Biz pygamber ibermämizsoň azab görkezijilerden däldiris». (Isara, 15).

Diýmek ilki bilen oýarmak, soňra borçly etmek we has soňra-da azab ýa-da rahmet...

Hawa, mezheb ymamlary şahalara bölünip muňa biraz parhly düşünýärler. Mysal üçin, Ymam Maturidi we onuň tarapdarlary älemde her biri bir kitap müňlerçe delil barka Allahy bilmeýän bagyşlanmaz diýýärler. Eşariler bolsa: «Biz pygamber ibermämizsoň azab görkezijilerden däldiris» diýen aýata daýanyp azaba mynasyp saýylmagyň teblygdan soňra boljagyny esas edip alýarlar.

Iki ymamyň nukdaý nazaryny bir pikire jemleýänler hem bar: bir adam hiç bir pygamberi görmändir, emma inkär meslegine girip buta-da çokunmadyk bolsa ol ähl-i nejatdyr. Çünki ynsanlaryň arasynda hiç hili deñeşdirmek we saÿlamak ukybynyñ bolmaýyşy ýaly, närse we hadysalardan many çykaryp bilmeÿärler. Şonuň üçin beýle ynsanlar ilki yrşat edilýär,dogry ÿola çagyrylÿar ondan soňraky edýän hereketlerine görä olara jeza ýa-da sylag-serpaý berilýär.

Emma bir ynsan küfri özüne kär edinip, onuň pelsepesini döredip we bilkastlaýyn Allaha garşy söweş yglan edýän bolsa, ol bu dünýäniň iň çet ülkesinde bolsa-da inkäriniñ we dinsizligiň çezasyny çeker.

Netije hökmünde şuny aýtmak bolar. Allahyň pygamber ibermedik hiç bir yklymynyñ bolmaýyşy ýaly pygamberleriň hem iberilmedik, uzaga çeken fetret döwri hem bolan däldir. Her döwrüň ynsanyna pygamberligiň getiren sergin şemaly azda-kände nesip edendir. Pygamberiň adynyň doly unudylan we eserleriniň zamanasy tarapyndan zaýalan ýurtlarda bolsa ikinji bir pygamber iberilýänçä aralykdaky döwürde, ýagny fetret döwründe ýaşan ynsanlar azaba duçar ediljek däldigi barada söz açylýar. Bilip bilkastlaýyn we aň-düşünjäň bilen inkäri uluhiýete gitmeseň bolýar.

Her zadyň dogrusyny ylmy bilen her-bir zady muhit (närseleri gurşan) bolan biler.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr