Allah ähli zady ýaratdy diýýärler, (Haşa – Allah saklasyn), Ony kim ýaratdy?

Bu soragam köp soralýan soraglaryň biridir.

Men bu soragy Resuly Ekremiň (s.a.w.) pygamberliginiň bir alamaty hökmünde görýärin we gaýypdan beren habarynyň berjaý bolmasynyň öňünde başymy egip «Eşhedü enne Muhammed er-Resulullah» diýip, şahadat getirýärin. Hawa, Resuly Ekrem (s.a.w.) Allahyň şerefli ilçisidir. Kyýamata çenli bolup geçjek ähli zady bir telewizor ekranynda gören ýaly gören we aýdan ähli zatlary dos-dogrudyr. Has soň orta çykjak hadysalar hakynda beren hökümleri, aýdan zatlary şeýle bir ygtybarlydyr, wagty gelende hemmesi bolşy-bolşy ýaly dogry çykypdyr. Ine bu-da olardan biridir. Buýrýar: (sahabalaryň beýle zatlar aklyna gelmez) «Şeýle bir gün geler, aýagyny aýagynyň üstüne atar, ulumsylyk, tekepbirlik özüne göwniýetijilik bilen ähli meselelleri çözen ýaly bolup: «Muny Allah ýaratdy, şuny Allah ýaratdy, Allahy kim ýaratdy?» diýerler».

Bu sorag berlende öz ýanymdan pikir edip, «Eşhedü enne Muhammed er-Resulullah» diýdim. Nähili görüpsiň we nähili dogry aýdypsyň!.. Şu nebsleri we men-menlikleri faraonlaşan, sebäpleri hudaýlaşdyran we her zady sebäpleriň içinde düşündirmäge çytraşan ynsanlaryň gözýetimleriniň darlygyny, düşünjeleriniň aşa garyplygyny mundan gowy suratlandyrmak mümkin däl.

Asyl meselämize gelsek, bu-da inkärçileriň orta atan soraglaryndan biridir. Köplenç ýaş beýniler şuňa meňzeş soraglaryň aşagynda galyp ezilýär. Hawa, olar soňsuzlyga düşünmezler, sebäpleriň zynjyr ýaly uzap gitmesini we beýle aldawyň bir manysynyň bardygyny-ýokdugyny asla derňemezler.

Mundan ötri şübhä giderler-de, öz ýanlaryndan Allaham islendik bir sebäp ýaly bir sebäpdir öýderler we Allahy orta çykaran bir sebäp bardyr, Allaham şonuň netijesidir diýip düşünerler. Bu ýalňyş pikiriň netijesidir. Munuň kökünde Allahdan bihabarlyk ýatýar. Allah ähli sebäpleri ýaradyjydyr we barlygynyň başlangyjy ýokdur.

Bu güne çenli kelamçylar sebäpleriň zynjyr ýaly uzap gidip bilmejekdigini dürli usullar bilen orta goýup «Musebibul esbap» (sebäpleri ýaradan) bolan Allahyň barlygyny subut etmäge çalyşyp gelipdirler. Olaryň bu hususdaky düşünjeleriniň özenini bir-iki mysal bilen aňlatmak peýdaly bolsa gerek. Kelamçylar: «Sebäpleriň zynjyr ýaly dowam edip gitjegini oýuňa getirmek, ol sebäpleriň aslyny bilmezligiň we Yaradandan gaflatda bolunmagynyň netijesidir» diýýärler. Hawa, barlygyň soňsuzdan bäri dowam edip gelen bir kysm sebäpler zynjyryndan ybartdygyny ähtimal etmek ýalňyşdyr. Beýle bir zada bolup biläýjek zatdyr öýdüp ähtimal etmek sadalygyň sebäpli aldanmakdyr. Meselem, ýer ýüzüniň al-ýaşyl bolmagy howa, suw we Güneşe bagly, suw, howa, Güneş hem bir kysm maddalara – kisloroda, kömürturşy gazyna, karbona, azoda ... we şuňa meňzeşlere, bu maddalar hem has kiçilere, has kiçileri hem ondanam kiçilere bagly... Munuň şeýdip uzap gitmesine ähtimal bermek we zadyň bu ýol bilen düşündirilip bilinjegine ynanmak aldanmak we gep oýnatmakdyr. Onda-da, bir ýerde munuň garşysyna anti-madda, anti-atom bilen çykylýar we metafizika fizikany ýeňäýse... we şonda-da ilki we soň ähli sebäpler haýran edip sazlaşyk içinde bir kanun bir gullukçy ýaly hereket edýän bolsalar...

Hawa, «Şu şundan, şu-da şundan...» diýmek haýsy-da bolsa bir meseläni çözmesi beýle-de dursun, tersine ähli zady içinden çykylmaz hala getirýär. Çünki beýle bir zady mümkin hasaplamak, edil «Ýumurtga towukdan, towugam ýumurtgadan» düşünjesiniň tükeniksiz dowam edip gitjegine ynanmak ýaly bir samahyllma meňzär. Bulardan towugy ýa-da ýumurtgany Gudraty Soňsuz, Ezeli bir barlyk ýaradypdyr diýýänçäk öňe sürlen pikirleriň ählisi esassyz galar. Tersine, bular barlygy özünden bolan Beýik Ýaradana degişli edildigi şobada aýdyňlyga ýeter. Ondan soň ýeke öýjük şekilinde ýumurtganyň ilki ýaradylan bolmagynyň ýa-da öz neslini özi dowam etdirsin diýlip towugyň ilki ýaradylyp we onuň ýumurtgalamagynyň tapawudy ýokdur.

Muny beýle kabul etmän «o ondan, o-da ondan»... diýmegiň hiç hili aýdyňlyga ýetirmejekdigi ýaly jogap berlen bir sorag bilen birlikde başga-da bir giden sorag ýüze çykar. Meselem, ýagmyr buluda bagly, bulut minus-plus damjalara, olar bugarma hadysasyna, o da suwlaryň barlygyna, iň soňunda o-da suwlary emele getiren elementlere... Şeýdip sebäpler zynjyry, belki, birnäçe ädim ilerläp dowam eder-de durar. Emma duran ýerinde-de ýene «şeýle-de bolup biler, beýle-de» diýip ynsan özünüň çaklamalaryň gujagyna düşendigini duýup galar we olar bilen kanagatlanmaga çalşar. Bu bolsa haýran ediji bir nyzam, bir sazlaşyk we bir-biri bilen baglanşyk içinde, bir hikmet eli bilen orta çykany syzylýan ähli barlygy çaga gepi bilen düşündirjek bolmakdan başga, şeýle hem ylymlaryň gözýetimini we maksadyny garaňkylatmakdan başga zat däldir. Ýogsa her gelnen netije üçin şübhesiz bir sebäp gerekdir. Gaýry makul we gaýry mantyk sebäpleriň uzap gitmegi, uzap gitmegiň keramaty bolup, makul hala geljekdigine düşünmek, mümkin däl zady mükin ýaly görmek bir akmaklykdyr.

Indi bolsa bir mysal bilen bu ýagdaýy aýdyňlaşdyrmaga çalşalyň. Men yzky aýaklary bolmadyk oturgyçda otyryn. Oturgyjymyň ýykylmazlygy üçin ony özi ýaly başga bir oturgyja diräpdirler, ony hem ýene bir oturgyja... Şeýdip dowam edip gidip otyr. Bu hal zaman we mekan ölçeglerine sygman dowam edip gidip otursa-da ahyry, yzky aýaklary abat, ýere berk direnen oturgyja daýanmansoň, ony zynjyr ýaly uzadyp gidip oturmak, oturgyja yzky aýak bolup bilmez.

Başga bir mysal. Öňümizde bir nol san bar diýeliň. Bu nolluk çep gapdalynda başga bir san bilen omuz-omuza durmansoň, özi ýaly nollaryň köpelmesi oňa asla hiç zat gazandyrmaz. Trillion gezek trillion nollary yz-yzyna tirkeseňem ýene gymmaty artmaz, nol nollugyna galar. Haçanda onuň çepine bir san ýazylsa, nolam çepindäki sana görä bir gymmatlyga eýe bolar. Bu bize şuny görkezýär. Bir zadyň özbaşdak barlygy bolman we özi özüne jogap berip bilmeýän bolsa, özi ýaly mätäçleriň oňa barlyk gazandyrmaklary, oňa esas bolmaklary mümkin däldir. Hemmesi şol bir zada mätäç we şol bir ýagdaýda ejiz bolanlaryň bir ýere jemlenmegi, mätäçligi köpeltmekden we ejizi ardyrmakdan başga zada ýaramaz. Şonuň üçin, sebäpleriň goşulmagy kabul edilse-de, fizikanyň sarsmaz kanunlaryndan sebäbiň netijä görä uýgun gelmegi ýörelgesine laýyklykda, sebäp bilen netijäniň arasynda makul bir baglanşygyň bolmagy şertdir. Muňa görä, meselem, ýer şarynyň ýaşamak üçin oňaýly hala gelmesinden, ynsanyň düşünjeli bir barlyk bolmasyna çenli her zada bir sebäp tapmak, onda-da makul we ol netijäni hasyl etjek bir sebäp tapmak gerekdir.

Ýogsa, ýer togalagynyň häzirki ýagdaýyndan, ýagny tizligi, Güneşden uzaklygy, atmosfera gatlagy, aýlanyp-dolanyp duran döwürliligi, hikmetli meýli, atmosferany düzýän gazlaryň öz içindäki zerur bolan hereketleri... ýaly hususlardan tutuň-da, onuň toprak we ösümlüklere, deňizlere we olardaky syrly kanunlara, ýeller we olaryň üstlerine ýüklenen wezipelere çenli müňlerçe, ýüz müňlerçe hadysaň şeýle bir sazlaşyk içinde akyşyna, bularyň ählisine ker-kör sebäpler we sergezdan tötänliklerdir diýmek akylyň öz-özüni ýalana çykarmasy we çüýrütmesi diýmekdir.

Hawa, bu hususda kelamçylaryň «döwür we ýolunmaýan zynjyr» ýoly bilen ähli sebäpleri kesip biçeniňden soňra işi müsebbibül-esbab bolan Allaha ýetirip, soňra bolsa her zada «mümkinul-wüjüd» diýmeklerine garşylyk, ähli sebäpleriň, ähli wesileleriň baryp Oňa daýanan zada «Wajyb-ül-wüjüd» diýip töwhyda yş açan hem bolsalar, olaryň ele alan netijesini has salamatly ýol bilen hem elde etmek mümkindir. Hawa, Beýik Ýaradanyň her eserinde özüne degişli möhrüň, zikgäniň bolmasy Onuň barlygyna bir däl müňlerçe delilidir. Ylymlaryň älemiň syrlaryna yşyk tutmaga başlan bu günlerimizde, her ylym özüne mahsus dili bilen Onuň barlygyny yglan edýär we muny jar edýär.

Bu meselede birnäçeleriň ýazan örän gymmatly eserlerini ýeterlik hasap edip berlen soraga dolanýaryn.

Hawa hemme zat soň ýaradylandyr. Ýaradan hem Allahdyr. Allah Allahdygy üçin ýardylan däldir. Ýaradylan islendik zat mahlukdyr we mätäçdir. Ol bolsa barlygy, ýaradylşy özünden we hiç kime mätäç bolmaýan – Ganiýýi alel-ytlak Allahdyr. Her zat baryp Oňa daýanýar, ähli garaňkylyklar, düşündirilmejek ýaly görnen zatlar Onuň bilen aýdyňlaşar. Bar eden Ol, barlygy ýöreden Ol, çeken Ol, iten Ol we bir maksada ýetiren hem Oldur. Oňa-da sebäp ediler ýaly Ondan öte hiç zat ýokdur.

Muny ýene iki sany ýönekeý mysal bilen beýan etmäge çalşaýyn. Meselem, bedenimi aýaklarym göterýär, aýaklarymy-da zemin. Şeýle göwnejaý göterijini tapanyňdan soň täze sebäpleri gözlemegiň zerurlygy ýok. Ýa-da meselem, otlynyň iň yzky wagonyny onuň öňündäki herekete getirýär, ony hem onuň öň ýanyndaky, onam ondan öňdäki, iň soňunda lokomotiwe gelende, onuň özüne güýji ýetýär, kuwwaty, ýasalşy we işleýişi bilen «özi özüni hereket etdirýär» diýeris. Getirilen bu mysallarda, aldawa düşen akyllaryň Allahyň ýaradan zadyndan täze we täze sebäpler bilen lokomotiwi çalyşmaklary mümkindir diýilmekçi bolunýar. Şonda-da yzyny üzmän lokoimotiwi çalyşmakdanam netije bolmansoň paltalary daşa degip «ine, sebäplerem gutardy» diýip özlerini aşak goýberişlerini göreris.

Bu ýerde akyllary bulaşdyrýan başga-da bir mesele, düşünjesi çäkli ynsan oglunyň ezel düşünjesine doly düşünmän, maddany ezeli kabul etmegi, soň bolsa sanlar bilen düşündirilip bolmajak geçmiş içinde, bolup bilmejek zatlara bolup biler diýmesidir.

Muny berk bileliň, ezel öten zamanyň soňy däl, ol bir zamansyzlykdyr. Zamanlar kentrilion gezek kentrilion ýyllary bilen ezeliň ýanynda bir pursatça-da bolmazlar. Şonuň üçinem sebäpleriň bir-birine ilişip zynjyr ýaly düzülmeginde esas bolan maddanyň bir başlangyjynyň bolmalydygy bu gün her kes tarapyndan kabul edilen meseledir. Elektronlaryň hereketinde, ýadro fizikasyndaky syrda, dynuwsyz radiasiýa goýberýän Güneşdäki syrly işleýişde we termodinamika kanunlarynyň älem giňişliginde ýöredilşinde, her zadyň soňunyň boljakdygyna degişli ýyldyzlar sistemasynda, Güneşiň parlaklygynda müň bir habar bar. Soňy bolan her bir zadyň başlangyjynyň hem bolmalydygy bolsa üstünde jedel edilmejek derejede aýandyr we bellidir.

Bu sebäpli, her zat başlangyçda barlyga ukyply boluşy ýaly, sönüp gitmesi bilenem Onuň owaly-ahyrynyň bolmandygyny görkezýär. Çünki başlangyjy bolanyň bir gün soňunyň geljeginiň belli boluşy ýaly, başlangyjy bolmadygyň soňunyň bolmajakdygy hem bellidir. Şonuň üçinem biz madda, maddadan ýasalan her zada bu gün baram bolsa erte ýok bolup biler diýen nazar bilen bakýarys. Emma, älemleriň az-azdan eräp gitmegi, maddanyň ýuwaş-ýuwaş tükenmesi köpleri ýalňyşdyryp biljek şekildedir we haýaldyr. Ýuwaşam bolsa, uzak geçmişden bu ýana kämilleşip giňeýän dünýäler, bir gün büzülip şübhesiz ýitip gitjekdir. Hawa, madda bu gün bar hem bolsa birnäçe oňaýly täsirleriň yşygy astynda şekilini üýtgedişi hemmelere şübhesizdir. Indi muny size ýene bir otlynyň mysalynda düşündirmäge çalşaýyn.

Üns beriň, Izmirden ugran otly 50-55 kilometr daşlykdaky Turgutly menziline tarap hereket etdi. Otly sagatda 55 kilometr tizlik bilen barýar. Muňa görä otlymyz bu aralygy laýyk bir sagatda alar. Bu tizlik bilen ýarym sagat ýörän otly ýoluň galan ýarsynda tizligini ýarpy aşakladar. Muňa görä ýoluň heniz geçilmedik 27,5 kilometr aralygyň ýarsyny tizligini ýarpy aşakladan otly ýarym sagatda geçip biljek. Emma ýene ýarym sagatdan otly tizligini öňküsindenem ýarpy aşak düşürdi. Ýene ýarym sagatdan tizligini ozalkysynyňam ýarpysyna düşürdi. Şeýdip her ýarym sagatdan tizligini ýarpy aşakladyp barýan otly misli hiç haçan Turgutla ýetmejek ýaly görünýär. Aslynda aralyk gutarjak we barylmagy gerek bolan ýere şübhesiz baryljak. Emma, beýle haýal hereket edilenden soň, ynsan hiç wagt ol ýere ýetilmejek ýaly göz öňüne getirýär.

Şunuň ýaly, madda-da bir çözüme we dargama dogry barýar. Bu birnäçe million sene soň hem bolsa, şübhesiz bolup geçjekdir we barlygy özünden bolandan başga ähli zat ýitip, ýok bolup gider we diňe Ol baky galar.

Netije, Allah, elbetde, bar we ähli zadyň ýaradyjysydyr. Oňa ýaradylandyr diýip ysnat getirmek, ýaradyjyny ýaradylanlardan tapawutlandyryp bilmezlik ýaly düşünje nadanlygydyr. Bular ýaly endamyňy tikenekledýän hyýala getirmäni orta atýan biçäre müňkürler, akylly görünjek bolup, akyl bilen nähili gapma-garşy ýagdaýa düşenlerinden habarsyzdyrlar. Hawa, bu gün indi kimdir biriniň ýerinden turup maddanyň ezelidigini aýtmagy we Zat-y Uluhyýeti inkär etmegi bolup bildigiçe geň, geň göründigiçe-de köre-körlük hasap edilýär.

Şonda-da barlyk we hadysalara geregiçe aralaşyp bilmeýän bir topar materialistler maddanyň soňky bogunlaryna çenli sökülip dargamagyny, atomyň garşysyna çykan tükenişini, many we netijeleri bilen syzyp düşünjek günlerine çenli düşünjelerinde hakykatsyz, beýanlarynda ýalançy bolmaklaryna garamazdan käbir nadan adamlary aldamalaryny dowam etdirjekdirler.

Işiň dogrusyny ylmy, ähli zatlary gurşap alan Zat-y Uluhiýet biler.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr