Allah neçün gullaryny bir meňzeş ýaratmady? Birini kör, birini agsak ýaratdy?

1. Allah mülk eýesidir. Mülkünde isleýşi ýaly hereket eder. Hiç kim Onuň işine gatyşmaz we Onuň ýaratmagyna päsgel bolup bilmez. Seni zerreleriňe çenli ýaradan, synalaryňy ýerbe-ýer goýup saňa ynsan sypatyny bagyş eden Allahdyr (j.j.). Sen bulary saňa lutf eden Allaha öňünden bir zatlar beripmidiň Ondan nägile we bir hak talap eder ýaly...

Eger sen özüňe berlenler babatda, Allaha bir zatlar beren bolsadyň, «Bir göz däl iki göz ber, bir el däl iki el ber» diýen ýaly talaplary etmäge, «Näme iki däl-de bir aýak berdiň» diýip nägilelik bildirmäge hakyň bolardy. Emma sen Allaha (j.j.) hiç zat bermezden – Allah saklasyn! – Oňa adalatsyzlyk ysnat edýärsiň. Adalatsyzlyk ödelmedik bir hakdan geler. Seniň Oňa gezek gelende ödelmedik nä hakyň galdy-da haksyzlyk edildi!

Allahutagala seni ýoklukdan çykaryp bar etdi, onda-da ynsan edip... Dykgat etseň senden aşakda birgiden mahluklar bar, olara bakyp saňa nämeleriň eçilendigine düşünip bilersiň.

2. Hak Tagala käte ynsanyň aýagyny alar, oňa derek ahyretde örän köp zatlary berer. Aýagyny almak bilen ol ynsana ejizdigini, biçäredigini, pakyrdygyny duýdurar. Kalbyny özüne öwürdip ol ynsanyň duýgularyna ösüş berse, örän az bir zat almak bilen, örän köp zat berdigi bolar. Diýmek daşyndan görmäge beýle bolmasa-da, hakykatda bu oňa Allahyň lutfunyň alamatydyr. Misli şehit edip jenneti berişi ýaly... Bir ynsan söweşde şehit bolýar. Bu şahadat bilen mahkeme-ýi Kübra bolan kyýamat magşar gününde we Allahyň huzurynda syddyklaryň, salyhlaryň gözi gitjek derejesine göteriler. Ony gören başga birleri: «Käşkä Allah bize-de söweş meýdanynda şehitlik nesibesini bagyş etsedi» diýerler. Şonuň üçin olar ýaly ynsan din üçin söweşde parça-parça bolsa-da, uly bir zat ýitiren saýylmaz. Belki-de alan zady oňa deňeşdirerden has uludyr.

Örän seýrek duşýan hem bolsa käbir ynsanlar bu meselede özüni öýkeli, göwnüne degilen, göwniçökgün we aldanan ýaly duýup, ters ýola düşseler-de, örän köp adamlarda bular ýaly kemlikler has köp ýagdaýda Allaha şükür etmäge wesile bolýar. Bu sebäpli agzalalyk dörediji pitneçi bir kysmy ynsanlaryň şu meseledäki ýitgilerini dillerine dolamasy ýerlikli däldir. Bu meselede esasy zat ebedilik, bakylyk üçin ýardylan ynsanlaryň ruhlarynda ol äleme degişli höwesi oýarmakdyr. Bu kemlilikde, kemlikleriň itergi bermesi bilen Allaha şükür etmek, başgalaryň hem ondan ybrat alyp ganatlanmalary şekilinde özüni görkezýän bolsa, maksada uýgun we hikmetlidir.

«Her işde bir hikmeti bardyr,
Hebes işi hiç etmez Allah...»
Hz. I. Hakky.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr