Bu diniň Allah tarapyndan gelendigine we adamzadyň bähbidine gönderilendigine şübhe ýok. Beýle bolsa bu diniň gul saklamaga rugsat etmegine nähili düşünmeli?

Bu meseläniň taryhy, jemgyýetçilik we psihologik taraplary bardyr. Sabyr edip yzarlan wagtymyz hem şu sowalyň jogabyna hem-de aklymyza gelip biljek beyleki sowallaryň jogabyna ýeteris.

Ilki bilen gulçulygy halamaýandygymyzyň we oňa ýigrenç bilen bakýandygymyzyň bir topar gadymy we täze sebäpleriniň bardygyny ýatlap geçmek peýdaly bolsa gerek.

  • Taryhy materializmiň adamzadyň taryhyna we dünýä bolan garaýşy, ýagny hojaýyn- işçi, baý – garyp, ezilýän we ezýän ýaly düşünjeler… Soňra jemgyýetçilik ösüşiniň içinde tebigat we ýaradylyş, gul saklamak we gul eýeçiligi, has soňra işçi we iş hakynyň adalatsyz tölenmegi, ekspluatirlemek diylen yaly aňlatmalar şeýle bir ýaýrady, her kim derrew orta çykan bu düşünjeleri başgaça bolaýmasyn diýilmez ýaly derejede goldamaga başlady. Iň bolmanda başgaça bolup biljekdigi göz öňünde tutulyp, seresaply çemeleşilmegi gerek wagtynda-da bu meselä bir taraplaýyn garaldy we bir taraply karar berildi.
  • Taryhyň gadym döwürlerinde, aýratyn hem Rimde we Müsürde gullara edilen wagşylyk we zalymlarça çemeleşilmegi kalbymyzda nägilelik döredýär we tisgindirýär. Şol sebäpli hem ondan bäri asyrlar geçen hem bolsa gullaryň arkalary bilen piramidalara daş çekendiklerini, bir saman çöpi ýaly gerekmejek zatlaryň hatarynda ýitip gidendiklerini, zalym ýolbaşçylaryň keýpini götermek üçin arenalarda arslanlar bilen söweşendiklerini, boýnundaky kemsidiji tagmalary bilen görýäris we gulçulyga-da, gul eýelerine-de ýigrenç bilen garaýarys.
  • Ýakyn taryhymyzda we şu günlerde ýesirlere garşy adamkärçiligiň talaplaryndan çykyp çemeleşilmegi wyždanyny ýitirmedik biziň neslimizi hem muňa dahylly etdi, gahar atyna atlandyrdy we aýaga galdyrdy.

Ine, bu sebäplerden ötri neslimizde gulçulyga bolan ýigrenç döredi we ol bu düzgüni goraýanlara-da duşman boldy. Bu düşünjä eýe bolanlar we oňa garşy hereket edenler ýerden göge çenli haklydyrlar we dürs hereket edýärler. Emma yslama hüjüm etmek we ony tankytlamak maksady bilen bu düşünjäni ulanýanlar biçak adalatsyzlyk edýärler. Çünki gelip çykyşy boýunça gulçulygyň yslama daýanmaýyşy ýaly, häzrki barlygy hem yslama dahylly däldir. Gulçulyk gelip çykyşynda-da, şu günki gününde-de mydama başga milletlere we döwletlere daýandy we barlygyny hem şonuň ýaly dowam etdirýär. Şonuň üçin biz hem ilki ony döreden sebäpleriň üstünde durup geçmek isleýäris.

Gulçulyk harby söweşleriň netijesinde emele gelýär we şu yagdaýyň dowam etmegini isleýän milletleriň içinde ol dowam edýär. Kösençsiz, bolçulykda ýaşamagy maksat tutunan Rim gadymy taryhynyň şaýatlyk etmegine görä eşretli we keýpi-sapanyň ösen döwleti bolupdyr. Egin-eşigiň iň gowulrayny geýip, şaçaklaryny dürli-dümen nazy-nygmatlar bilen bezäp, ynsany utandyryjy iň pes arzuwlaryň içinde haýwan nisint bir ömür geçirýärdiler. Bu ysrypçylyga we azgynçylyga, bu eşretli, şowhun-dabaraly durmuşda ýaşamakçy bolýanlara tükeniksiz baýlyk, alnyp durlan olja, gul we gyrnaklar gerekdi. Şonuň üçin rimliler ýöriş edýärdiler, ýurtlary basyp alyp öz koloniýalaryna öwürýärdiler. Şeýdibem ýer ýüzünde öz agalygyny dowam etdirmek isleýärdiler. Musulmanlar müsüri boýun egdirenlerinde bu agalyk sürüjiligi ähli erbetlikleri bilen görüpdiler. Zat-haryt bazarlary ýaly gul bazarlary… Aýal diýmän, erkek diýmän horluk baryny görkezip, zynjyrlara baglap ýesir alynanlaryň ol bazara getirilmesi, aç-açan alyjylara hödürlenilmesi… Agşam düşüp öýlere dolanylanda olaryň porsap duran, içi her dürli mör-mejeklerden doly kümelere, dälizlere dykylmasy… Hatda birnäçe gezek şeýle ýerlerde-de olara ýatyp dynç almaga mümkinçilik berilmeýşi… Ellisiniň-ýüzüsiniň üst-üste bir ýere dykylmasy musulmanlaryň görmedik-bilmedik zatlarydy we bulary görüp olar örän gynanypdylar. Olaryň baran ýerlerinde yslamyň ýörelgelerini tutup bu ýarany bejermäge derek, günbatarlylar gadymy Rimiň we Müsüriň elhenç mirasyny hiç bir düzediş girizmezden bolşy-bolşy ýaly alýardylar. Mundan soňra gul günbatarly agalara hyzmatkärlik etjek, olaryň keýpini götermek üçin uruşjaklar, olaryň dynjyny bermek üçin öljekdiler, öldürjekdiler. Edil mes rimlileriň keýpi üçin gladiatorlaryň ölüşişleri ýaly…

Yslam ilki bilen ony bir waka hökmünde häsiýetlendirdi. Soňra olaryň ne satylmak, ne-de keýp götermek üçin ýardylamndyklaryny ýatlatdy we olaryňam ynsandyklaryna ünsi çekdi. «Siziň käbiriňiz käbiriňizdendir», (Nisa, 25) «Kim guluny öldürse ony öldüreris, kim ony zyndana taşlasa ýa-da aç goýsa, biz hem ony zyndana taşlarys we aç goýarys, kim guluny biçdirse biz hem ony biçdireris» (Buhari, Müslim, Tirmizi) ýaly ylahy ýörelgeleri yglan edip, düşünjä istikamet berip ters ýörelgäň öňüni aldy. «Siz Adamyň ogullarysyňyz. Adam bolsa toprakdandyr» (Müslim). «Bilip goýuň hiç bir arabyň arap bolmadykdan, arap bolmadygyň hem arapdan, hiç bir akýagyzyň garaýagyzdan, garaýagyzyň hem akýagyzdan üstün ýeri ýokdur. Üstünlik takwalyk bilendir». Ýagny, ähli üstünlik we artykmaçlyk Ýaradanyň ynsana bakyşy we ynsanyň hem bu nazaryň garşysynda bolşuny we hereketlerini düzetmesine bagly edip goýýar. Yslamyň bu ýumşak howasynyň saýasynda uzak geçmişiň dowamynda gulçulykda bolan ençeme ynsanlar ýokarda getirilen hadysyň beýan edişine görä niçeme saçy dagynyk, perişan halda bolan kimseler bardyr olar at-abraýly kişilerden hormat-sylag görüpdirler. Hezreti Omar (r.a.) «Bilal biziň iň hormatlymyz, ony hormatlymyz Ebu Bekir azatlyga çykardy» diýende ol ynsana bolan sylagyny beýan edýärdi. Yslam olary umumy manyda dogan hasap edýär bu mesele bilen baglanşyklylykda «Hyzmatçylaryňyz we gullaryňyz doganlaryňyzdyr. Dogany golunyň astynda bolan her şahs oňa iýýäninden iýdirsin, geýýäninden geýindirsin. Olara başaryp bilmejek işlerini buýrmasyn. Eger agyr işleri buýrmaly bolsaňyz şo bada özüňizem kömekleşiň» (Buhari). «Siziň araňyzdan hiç biriňiz bu gulumdyr ýa-da gyrnagymdyr diýmesin. Gyzym ýa oglum, ýa-da doganym diýsin». (Müslim, Ebu Dawut). Bu sebäpli Hezreti Omar (r.a.) Mesjidi Aksanyň ozüne tabşyrylmagy üçin eden syýahatynda Medineden ol ýere çenli hyzmatkäri bilen ulaglaryna gezekleşip münip gelipdi. Hezreti Osman (r.a.) döwlet ýolbaşçysy bolan döwürlerinde gulunyň gulagyny çekendigi üçin märekäň öňünde gulagyny gulunyň eline tutduryp çekdiripdi. Ebu Zer(r.a.) bir laý eşigini guluna geýdirip ýene bir laýynam özi geýer eken...

Bularyň hemmesi guluň hem bir ynsandygyny, hatda beýleki ynsanlardan hiç bir tapawudy bolmaýan ynsandygyny aňladýar we şeýlelik bilen birinji basgançagy berkidýär. Ýen bir gezek gaýtadan ýatlatmak gerek bolsa, dünýäniň iň unudylan çet bir ülkesinde duýgulary babatda zaýalanmadyk bir halk üçin bu beýik öwrülşikdi. Çünki şol döwür ösen milletler we döwletler guluň hem ynsandygyna düşünmek derejesine entek golaýlamandy. Şol döwürde gullar arenalarda wagşy arslanlaryn öňüne atylýardy, iş ýerlerinde ynsapsyz ýagdaýda gamçylanýardy we olaryň ynsandygy ýaňsa alynýardy. Ynha, şeýle döwürde yslamyň gullara bolan hereketi ýazgaryp, tutuş wyždanlara täze höküm berýärdi.

Bu netijeli hem göwnejaý çemeleşmeler gullaryň özüne geň täsir edipdi. Gul deňhukuklylyk ýörelgesi bilen ynsanlygyna gowşup hojaýynynyň ýanynda öz ornuny almagyna, hatda azatlygyny gazanyp erkinlige çykmagyna garamazdan hojaýynyndan aýrylyşmak islemeýärdi. Zeýd bin Haris bilen başlanan bu ýagdaý dowam edip gidipdi. Pygamber Serwerimiz (s.a.w.) Zeýdi azat edip, kakasy bilen gidip biler ýaly erkinligi berendigine garamazdan, Serwerimiziň ýanynda galmagy saýlapdyr we has soňra başga-da birnäçe gul hem edil şonuň ýaly hereket edipdirler. Çünki olara şeýle gowy gatnaşyklar edilýärdi. Olar hojaýynlarynyň maşgalasynyň biri hasap edilýärdi. Hojaýynlary hem olara deň hukukly garaýardy. Dogrusy, başgaça bolmagy mümkinem däldi. Çünki bu gün olara hojaýyn ýaly görünselerem ertir kimiň kime hojaýyndygyny kesgitlemek mümkin däl. Galyberse-de ýörelgeler hem örän berk we bu düşünjäni aýak üstünde saklap bilerlik güýje eýedi. «Kim guluny öldürse özünem öldüreris, kim guluny zyndana atyp naharyndan kemse, biz onuň özüni zyndana atarys we naharyny kemeris» (Buhary, Müslim). Bu jezany gollamak bilen gul eýesi seresaply bolmagyň çäresindedi, gul bolsa örän arkaýyndy. Bularyň ählisi owalda-ahyrda, taryhda görülmedik hadysalardy we bu meselede yslamyň bu barada getirenleriniň birinji basgangançagyny görkezýär.

Ikinji basgançak azatlyga ýetirmek basganjagydyr. Ynsan üçin esasy zat azatlykdyr. Azatlykdaky bir ynsany gula öwürmek uly günä hasaplanýar we şondan gazanan girdeýjiňi ulanmak hem-de peýdalanmak şübhesiz haramdyr. Ynsanyň azatlygyny, erkinligini çäklendirýän, bütünleý ýok edýän her bir iş we hereket ýazgarylmaga mynasyp görlüşi ýaly, gulçulygyň garşysyna hereket edýän, her çäre we her gaýrat yslam nazarynda alkyşlanypdyr. Bir ynsany ýarpy azat etmek azat eden üçin bedeniniň ýarsyny ahyret azabyndan azat etmek, doly azat etmek bolsa bedeniňi doly gorag astyna almak hasaplanýar. Yslamda gullary azatlyga ýetirmek maksat hökmünde öran möhüm bir mesele hasaplanylýar. Yslam, gerek bolan ýerinde ony bir wezipe saýýar, kä ýerde fazylet diýýär, gollaýandyr, kä ýerde hojaýyn bilen gul arasyndaky düşünişme we şertnamalar arkaly ähli gapylary açyk tutar.

Bu ugurda görkezilen iň duýarlykly göreş hem her bir meselede bolşy ýaly ýene yslamyň gelmegi bilen başlanypdyr we dowam edipdir. Pygamberimiziň (s.a.w.) we Hezreti Ebu Bekiriň (r.a.) gul alyp azat etmek meselesinde görkezen gaýratlary we bu ugurda harç eden baýlyklary her kes tarapyndan bilinýän hususlardyr.

Ilki başda şahsy mal we baýlyk bilen ýerine ýetirilen bu iş, has soňra döwlet tarapyndan berjaý edilýän wezipeleriň arasynda mynasyp orun alýar. Pygamberimiz (s.a.w.) on adama sowat öwredeni azatlyga çykarýar we bu çäre mal-mülk ýetmezçiligi sebäpli oňňudyň kyn günlerinde berjaý edilýärdi. Has soňraky döwürde aýratynam Omar bin Abdulaziz döwründe bolsa zekadyň sarp ediljek ugurlaryndan biri şeklinde iş ýüzüne geçýär we sagdan-soldan gelen ýygyn-ýygyn ýesir bahasy döwlet hazynasyndan tölenilip erkinlige gowuşýardy. Bulardan başga käbir dini wezipelerdäki hatalar, käbir hereketlerdäki dogry ýoldan gyşarmalar we bir topar günäler günäkärden diňe gul azat etmegi talap edýärdi.

Kasam edip, ant içip soň bolsa kasamyňy bozmakda, zyhar* (*Yslamda bir erkegiň aýalyny özüne nikasy ebedi haram bolan enesi, uýasy we gyzy ýaly ýakynlaryna deňemesine zyhar diýilýär. Meselem «Sen maňa enem ýalysyň» diýmegi yslam gadagan edýär we muny edenlere keffaret belleýär) çäresinde, adam öldürmek jenaýatynda günälenýänlere köplenç bir guly azat etmek talap edilýärdi. «Kim hata edip bir mümini öldürse, onuň keffareti, bir mümin guly azat etmek we öleniň yzynda galanlara hun tölegini ödemekdir» (Nisa, 92).

Bir jenaýatyň hem jemgyýete, hem-de öldürileniň maşgalasyna degişli taraplarynyň bardygy üçin hun tölenmegi wepat bolanyň maşgalasyna kömek bolşy ýaly, bir guly azat etmekde köpçülige bir erkin şahsy goşmak bilen jemgyýetiň ýitgisiniň hem ýerine salnandygy bolýar. Muňa görä-de, bir ýogalana derek, başga bir ynsanyň azat bolmagy, misli bir şahsyň täzeden dirildilmegi ýaly görlüpdir.

Bulardan başga yslamda «mükatebe» «tedbir» ýollary bilen hem gullar azat edilýär. Olaryň birinjisinde hojaýynyna gul özara ylalaşylan mukdarda mal tölegini tölemek şertini öz üstüne alýar. Bu şertnamanyň netijesinde gula azat bolmak ýoly açylýar. Kuranyň bu meseledäki açyk beýanynda guluň azat edilmegi üçin eden teklibini hojaýyn kabul edenden soň, gula şertnamadaky jogapkärçiligi ýerine ýetirmek galýar. Ikinjisinde bolsa, hojaýynyň dünýäden ötmegi ýa-da gaýry hadysalara baglylykda guly erkinlige goýbermek wadasydyr. «Meniň ýogalan günüm sen azatsyň» şekilinde söz bereniňden soňra tedbir edilýär we gula azat bolmagyň ýoly açylýar. Mundan başga sogap gazanmak maksady bilen azatlyga gowuşdyrmak çäresi her dürli wasp etmeleriň iň ýokarsynda orun alýar. Geçmişde ýüzlerçe tussagy tamakynçylyksyz azat edip, munuň bilen Allahyň yhsan we lutfuna garaşylýan döwürleri bolşy ýaly, mübärek aýlar, mübärek günler we gijeler ýesirleriň, gullaryň azat edilmegi üçin pursat hasap edilýardi.

Bu ýerde şuny aýdyp bolar: «Gullaryň azatlyga çykarylmasynda we olara adamkärçilikli çemeleşmekde hernäçe öňe gidişlik bolsa bolsun, hatda hemmesine birden azatlyk berilse-de, ýene gulçulygyň kabul edilendigini, muňa degişli hökümleriň berlendigini we hukuk kitaplarynda hem bu ugurdan düzgünnamalaryň bolandygyny görýäris. Bu bolsa gulçulygy kabul etmekden başga zat däldir. Adamzadyň ganyna ornap giden binäçe ýaramaz däp-dessurlary bir demde ýok eden yslam gulçulygy ýatyrmakda-da elbetde çäre görmändir. Ýogsa bu meselede çäre görüp bilýärkä çäre görmezligi ony goldadygy manysyny berer».

Bu meselede hemme zatdan öňürti şuny bilmegimiz gerek. Yslam gulçulygy özü esaslandyrmaýşy ýaly, ony goraýjy we dowam etdiriji hem bolmandyr. Gulçulyk döwletleriň hem milletleriň söweşleri sebäpli ýüze çykypdyr. Döwletleriň arasynda harby söweşler dowam etdigiçe, ynsanlaryň hem tebigaty üýtgemänsoň gulçulyk, ýesir almak kyýamata çenli dowam eder we onuň öňüni almak hiç bir millletiň ýeke özüne başartmaz. Indi pikir edip göreliň.

Biz bir döwlet bilen söweşe girdik, ýesir aldyk we bizdenem ýesir aldylar. Bu ýesirlere çemeleşmegiň dürli ýollary bar:

  1. Käbir zalymlaryň edilşi ýaly hemmesini gylyçdan geçirmek,
  2. Ýa-da ýesir saklanýan ýerde idi-yssuwat edip goragda saklamak,
  3. Ýa-da olara öz ýurtlaryna dolanar ýaly ýagdaýlary döretmek,
  4. Ýa-da olary müminlere paýlap, alnan olja hasabynda görmek.

Indi bolsa yza dönüp bularyň hersiniň üstünde aýratyn durup geçeliň.

  • Ilki bilen haýsy wyždan, haýsy ynsap aýal-erkek, çaga-çuga baryny birýandan gylyçdan geçirmegiň tarapdary bolar. Aradan asyrlaryň geçendigine garamazdan, kartajalylara rowa görlen zulum henizem rimlileriň alnynda utandyryjy bir gara tegimil bolup dur. Buhtunnasyryň ýowuz hereketleri, faraonlaryň jebir-sütemleri adamzadyň aňynda zalymlygyň öçmejek yzyny goýdy. Beýle uzaga gitmesegem boljak – Balkanlarda biziň çeken jebrimiz, Russiýada gurban bolan otuz million, faşistler tarapyndan öldürilen milliyonlarça ynsan... Bütin bulara gynanmajak ynsany görkezip bilermisiňiz?
  • Esirleriň saklanylýan konslagerleriniň elhençligi mundan pes däldir. Ýigriminji asyr ýesir saklanýan ýerleriň iň eýmendiriji sahnalaryna şaýat boldy. Balkanlardaky konslagerleriň hemmesi, aýratynam Edirne (Saraýiçi) türmesi wagşylary yzda galdyrjak görnüşde jebir sütemlerden dolydyr. Amerikalylar Ýaponlaryň esir saklaýan ýerlerinden şikaýat edýärler.Eger olar Saraýiçindäki ýesir aýallaryň mämeleriniň kesilip, namyslaryna degilendigini, ýesir erkekleriň bolsa agaç gabygy iýdirilip ölüm halynda taşlanylşyny, Azerbegjandaky we Orsýetdäki ele düşenlere edilýän zulymlary görsediler, Ýaponiýadaky çekenleriniňem, çekdirenleriniňem şeýle dile dolar derejede agyr däldigini tassyklardylar. Ikinji Jahan urşu sebäpli Ýewropa-da, Aziýa-da konslagerleriň elhençliklerini gördi we ýaşady. Diýmek bu ýol we usuly durmuşda ulanmak, ynsaba we adamkärçilige sygyşmaýan wagşylykdan we ganhorlukdan başga zat däl.
  • Ýesirleri öz ýurtlaryna gaýtaryp bermek ýaly adamkärçilikli ýoly hormat bilen alkyşlaýarys. Emma olar bizden alan ýesirlerini öldürýän, yzyna bermeýän bolsalar bu biziň öz adamlarymyza wepasyzlyk etdigimiz bolar. Çünki gaýtaryp berlen ýesirleriň biz baradaky bir topar maglumatlar bilen ýurtlaryna, harby birliklerine dönmekleri hem duşmana strategik utuş, hem-de biziň goşun birliklerimizde ruhy pese düşmegi emele getirmekden, duşmany has-da batyrlandyryp, güýçlendirmekden we olaryň has dogumly hüjüme geçmeklerine kömek etmekden başga zat däldir. Belki ýesirlere bular ýaly çemeleşmek diňe döwletleriň özara ylalaşmalary esasynda amala aşyrylyp bilner, bu-da düýnem, bu günem ýygy-ýygydan ulanylýan çärelerden biridir. Geljekde-de bu usuldan peýdalanylar we belli bir derejede ýesirleriň sanynyň artmagynyň öňü alnyp bilner.
  • Iň soňky usul bolan ýesirleriň söweşe gatnaşanlaryň arasynda paýlanylyşy meselesi galýar. Yslam ýeňilen garşydaşlaryny wagtlaýyn ýesir almak ýoluny saýlap alypdyr. Ne öldürmek, ne-de köpçülikleýin gyrmak ýoly... Ne ýesir saklanýan lagerler we ol ýerdäki gorkezilýän sütemler, ne-de duşmany ruhlandyrjak bir ýol. Belki bularyň hemmesinden has ýokarda ynsanyň tebigatyna-da gelişýän bir ýol şu yol dur.

Her müminiň maşgalasyndaky ýesir dogryny, gowyny ýakyndan görmek mümkinçiligini alýar. Görkezilen oňat görelde we adamkärçilikli edilýän hereketler bilen köňli awlanjak – munuň şeýle bolýandygyna taryhda müňlerçe mysallar bar – soňra erkinlige goýberilen ýesir musulmanlaryň beýan eden hakykatlaryny ýaýratmaga mümkinçilik aljak. Bu ýol we bu usul bilen müňlerçe kämil ynsanlar ýetişipdir. Ymam Mäligiň şeýhi Nafiden başlap, Tawus bin Keýsan we Mesruk ýaly ýüzlerçe Tabiin ymamyny hem goşup sanajagymyz «Mewali» (Yslamy terbiýe berlip ýetişdirilen we soň azat edilen gullar) topary diňe şu ýol bilen ýetişdirilenlerdir.

Munuň bilen birlikde biz bu usuly wagtlaýyn hasap edýäris. Çünki bu görnüşdäki usul gaýtalanyp dursa-da, yslamda azatlygyň esasdygyny, ýesirlikden gutulmak barada ulanylýan ýollaryň köplügi we diniň dürli ýollar bilen bu meselede eden tutanýerli goldawlary, gulçulygyň esasydäl we wagtlaýyndygyny görkezýär. Emma dünýä döwletleri şol bir meselede belli bir ylalaşyga barýançalar durmuşyň belli ugurlarynda gulçulyk dörediler we dowam etdiriler. Yslamyň bu meselede ýeke özüniň beren hökümleri bolsa, diňe öz jemagatynyň çäginde galar. Ýogsa ol hökümini berdi, ýörelgelerini hem belli etdi. Dünýäde parahatçylygy dabaralandyrmak ugrunda gaýrat görkezýänlere, diňe bu ýörelgeleri umumy adamzat gymmatlyklaryna öwrüp durmuşa ornaşdyrmak galýar. Aslynda bu yslamyň özgertmek we düzgüne salmak barada çäre gören hususlaryndandyr. Şonuň üçin yslam iň wagşy we ynsanlygyny ýitirenleri haýra-ýagşylyga çagyrmagyň ýoluny görkezýär. Öz serhetlerini aşan meseleleri bolsa geljegiň döwlet dolandyryjylaryna tabşyrýar.

Bu meselede ýene bir aýratynlyk, ol hem öz musulman jemagatymyzyň ähli şahslarynyň yslamy manyda bişip ýetişen bolmaýandyklarydyr. Esasan her kesi melekleriň derejesine çykarjagyna degişli dinimizde hiç hili hökmanylyk ýokdur. Onuň kudsi ýörelgelerini berk tutmak bilen beýgelip melekleşenleriň bolşy ýaly, özüni ösdürmedik bir kysym ham ruhlar-da tapylyp bilner we olar ýalylaryň esasy bolmadyk meseleler babatda bärden gaýtmalary we kemçilikleriniň bolmagy adaty zat. Ine, şeýle ýagdaýdaky ynsanlarda gulçulygyň ýitip gitmezliginiň arzuwy, bu meselede beýlekileriň ýagny, gulçulygy saklap gelýän milletleriň ýanynda görünmegi-de adaty bolup biler.

Bir mesele galdy, ol hem belli döwürlerde azatlyga, erkinlige ýetirmegiň ýollary barka, bilinýärkä uzak wagtlap müminleriň ellerinde ýesir, gul saklamaklarydyr. Bu bolsa aýdylan zatlaryň durmuşdaky ýagdaýa ters gelmegi ýalydyr.

Hawa, ilkinji asyrdan başlap belli döwürlerde müminleriň bu ornaşan däbi ýöredip gelendiklerini görýäris. Emma, munda iki çynlakaý sebäp we bähbit bar. Bularyň biri hojaýynlara degişli, ikinjisi bolsa gullar bilen baglanyşykly. Biraz öňräk-de belläp geçişimiz ýaly yslam kämil ynsanyň ösüp ýetişmeginiň kepilligini ynsandaky erade we erkinlik bilen baglanşykly görýär. Esasan kemçilikli we kämilleşmedik şahslar kämil ynsanlara degişli bir kysym işleri kemçiliksiz ýerine ýetirip bilmezler. Ine, şeýle şahslaryň terbiýeý-i Muhammediýe (s.a.w.) bilen bişişýänçäler bu işiň doly durmuşa ornaşyp bilmeýändigi adaty ýagdaýdyr. Galyberse-de bäş-üç göçgünliniň gödek duýgularda ýaşamaklaryny wesile edip yslamy nähak ýere garalajak bolmak ynsapsyzlykdyr.

Ikinji ýagdaý gullaryň özleri bilen baglanyşyklydyr. Bu hususda yslamyň ýörelgesi sada häsiýetli ynsanlary göz öňünde tutýandyr we özboluşlydyr. Ilkinji musulmanlar bu meseläni gullara ilki bilen ynsandyklaryny düşündirmek, erkinlige garşy bolan wagşylyklaryny ýok etmek, maşgala gurmagyň ýoluny görkezmek we erkin durmuşa öwrenişdirmek ýaly terbiýeleýji ýörgeler bilen ele alypdyrlar.

Endik we öwrenişmeler ynsanda ikinji bir häsiýet döredýär. Adamy asyl bolmaly häsiýetine gaýtaryp getirmek bir wagşy haýwany eldekileşdiren ýaly kyndyr. Gulçulyk hem şeýledir we ol bir häsiýetiň asyl kaddyndan gyşaryp bozulmagydyr. Düzedilmegi uzak wagt talap edýär. Müminler hem muny edipdirler.

Her mümin «Gardaşym» diýip bagryna basan guluna özbaşyna işlemek, özbaşyna gazanmak, öýli bolmak we maşgalanyň güzeranyny aýlamak ýaly hususlary ýeke-ýeke öwredipdir, öwrenişdiripdir. Zyýana galmajak bolsa ýa-da peýda görmek umydy bar bolsa soňra ony azat edipdir.

Eger bu çärelere laýyk hereket edilmän ol ukyp we başarjaňlyklary kütelen ynsanlar, arkalarynda-da «ar-namys» ýüki urulansoň köpçülige goýberilseler akwarium balyklary ýa-da kapasada saklanýan guşjagazlar ýaly jemgyýetiň garym-gatym gün-güzeranyndan aljyraňlyga düşjekdiler we köneje günlerine dolanyp gelenlerini kem görjek däldiler. Munuň bolsa gullar üçin hiç bir haýry ýokdur. Amerika Respublikasyndan Abram Linkolnyň bir karar bilen ähli gullary erkinlige çykarmagy gullaryň täzeden öz hojaýynlarynyň ýanyna gaýdyp barmagy bilen tamamlanypdy. Başgaça bolmagy mümkinem däldi. Ömürboýy ýa-da ömrüniň belli bir bölegini ýesirlikde geçiren bir ynsan diňe buýrulanyny ýerine ýetirmäge öwrenişipdir. Belki bir başarjaň ynsandy, emma bir gural ýaly kesesinden dolandyrylmagyna mätäç bolansoň ol adam elli ýaşlarynda bolsa-da çaga ýalydyr. Ol ýaşamagy başarýan, ýaşamaga höwesek biriniň ýanynda tälim we terbiýe görmäge mätäçdir. Bu husus diňe bir erkinligini aldyran gullara degişli bolman belki koloniýada bolup soň garaşsyzlygyny alan döwletlerde-de duýulan bir ýagdaýdyr. Hawa, bu milletlerde hem uzak wagtlap terbiýe berlip, şahsyýetlik buýsanjy döredilmese keseki döwletlere, keseki milletlere elgarama bolmakdan we olary alkyşlap gezmekden başga zady bilmezler. Hatda şahsy buýsanjyny ýitiren milletlerde täzeden menlik aň-düşünjesini oýarmak, ýesirlere ynsandyklaryny düşündirmekdenem kyndyr diýip aýtsa bolar. Ýöne bu biziň gürrüňini edýän meselämize girmeýär...

Hawa, yslam gula buýsanç, ynsanlyk aň-düşünjesini gazandyrmak bilen işe başlady, onuň göýdükleşen ruhuna rahatlyk getirdi. Kalbynda erkinlige düşünmegi we oňa bolan söýgini ýerleşdirdi, misli "ine, berdim" diýýän ýaly edilipdir. Soňra bolsa höwes bilen ýaşalýardy. Zeýd bin Harisäniň ýetişdirilip azatlyga çykarylmagy we yzy bilen asylly ýeriň bir gyzyna öýlendirilmegi, soňra içinde abraýly adamlar hem bolan bir yslam goşunyna serkerde bellenilmegi ädimme-ädim göz öňünde tutulan bir maksada gönükmekden başga zat däldir.

Bilal Hebeşiniň (r.a.) öň hatarlarda ýer almagy, Huzeýfäniň guly Salimiň (r.a.) musulmanlaryň gözigidijilik bilen garajak orunda bolmagy, päk Selmanyň Resulyllahyň maşgalasyndan saýylmagy guluň musulmançylykda we musulmanlaryň maşgalasynda ne halda bolandygyna janly mysaldyr. Bu mysallaryň sanyny ýüzlerçe edip bilerdik. Emma sorag-jogap çäklerinde munça uzyn jogap iç gysgynç bolar diýen pikir bilen sözümi gysgaldýaryn...

Jemleme hökmünde şuny aýdyp bileris. Yslam gulçulygy özi döretmedi, tersine ony özgertdi we halas bolmagyň ýollaryny görkezdi. Eger söweşleriň emele getiren ýesirleri we bir kysym biçäre ruhlar muny goldamadyk we oňa ýol açmadyk bolsalardy gulçulyk yslamyň beýik gurluşynda bu tankyt edilişi ýaly asla berk saklanmazdy. Şeýle-de zerurlyk sebäpli peýda bolan gulçulyk içinde ol hökümlerini çykarypdy we ony görkezilişi ýaly ejiz we perişanlykdan, ezilmekden we kemsidilmekden halas edip şübhesiz haýra we şübhesiz gowulyga ýönelipdi.

Yslamyň öňüni başlan şahsy gul-gyrnak saklamagy galdyrmak talaby bilen bu günki günde bu görnüşdäki gulçulukdan indi halas bolunan ýaly, döwletleriň we milletleriň koloniýalarda saklanmagynyň ýok bolmagyny dileg edip sözümi tamamlaýaryn.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr