Käbir adamlar «Biz näme üçin Allahy görmeýäris?» diýýärler. Muňa nähili jogap berilmelidir?

Görmek, tutşlygyna ihata (düşünmek, gurşamak) meselesidir. Meselem, ynsanyň bedeninde mikroplar bar, hatda bir dişiň düýbünden birnäçe million bakteriýany tapsa bolýar. Olar öz mümkinçiliklerine, başaryşlaryna görä ynsanyň dişini köwmäge, ýukaltmaga, owratmaga çalyşýarlar. Şonda-da, ynsan ne bularyň sesini eşider, ne-de bularyň barlygyndan habary bardyr. Olar hem ynsany doly görmezler we hiç haçan tutuşlygyna düşünip bilmezler. Esasan, ynsany görüp tutuşlygyna düşünmekleri üçin, mundan başga-da doly garaşsyz bolmaklary we şol bir wagtyň özünde teleskop ýaly göze eýe bolmalary gerekdir. Diýmek, tutuşlygyna düşünip bilmeýändikleri görmeklerine päsgel berýär. Olar bolsa şol wagt nämäň garşysynda bolsalar şony görýärler...

Mikro älemden alan bu mysalymyza meňzeş bir mysaly makro älemden hem alalyň. Mysal üçin, özümizi uly bir teleskobyň başynda oturan ýaly göz öňüne getireliň. Ol teleskobam ýagtylyk ýyly bilen dört milliard ýyl aňyrsyny görkezýär diýeliň. Şonda-da bütin älem hakyndaky bilýänlerimiz «deňizden bir damjadyr». Belki, diňe teleskopymyzda görünýän meýdan hakynda bulam-bujar, çaklamalara meňzeş maglumatlary alyp bileris. Bu çaklamalarymyz bizde ýene, täze çaklamalary döreder we başga maglumatlary ele salmaga çalşarys. Biz bu ýerde älemiň dolandyrylyşyny, umumy şekilini, many mazmunyny we aýratynlygyny görmeris, oňa göz ýetiribem bilmeris. Çünki mikro älemde bolşy ýaly makro älemde-de doly gurşamaga, düşünmäge eýe däldiris.

Görşümiz ýaly, elimizdäki mikroskobyň ýa-da rentgen şöhleleriniň mikro barlyklary doly öwrenmegimize doly ýeterlik bolmaýşy ýaly, makro älemde-de teleskop arkaly ähli zady doly öwrenip bilmeýäris. Indi bolsa, Allah hakynda oýlanalyň. Pygamber Serwerimiz (s.a.w.) buýurýar: «Allahyň kürsüsine deňesek ähli kewn-ü mekanlar, (ýagny ýagtylygyň tizliginde trilýon gezek trilýon çuňluklara ýetýän kewn-ü mekanlar) çöle oklanan halka ýalydyr. Onuň arşy bilen deňeşdireniňde kürsi, çöle atylan halka ýalydyr». Hil we san ölçegleriniň içinde arş we kürsi deňeşdiremizdäki tapawut nähili gudrat, uly azamat! Allahutagala we Tekaddes Hezretleri emr we eradasyny bu arş we kürsden dolandyrýar we hökümini ol ýerden berýär...

Indi älemler bilen deňeşdireniňde mikroskopik bir ululykda bolan siziň bütin kewn-ü mekanlary aňlap biljegiňizi tassyklamaňyz, nähili boş gürrüň bolsa, şonuň ýaly bütin mekanlar Onuň bilen deňeşdireniňde mikroskopik hala geler we Arşy Agzamy aňlamak üçin sarp eden gaýratyňyz hem şol derejede boş pişedir. Arşy Agzam diňe Allahyň buýruk berýän we älemi dolandyrýan ýeridir. Beýle bolsa, Allah nädip gurşalyp, doly düşünilip bilner?..

Şol sebäpli Kurany Kerimde «Ony gözler tutşlugyna gurşap görüp bilmez. Ol (Onuň ylmy) bolsa ähli gözleri tutuşlygyna gurşar» buýrýar. (Engam, 103).

Hawa ol basar we basyratlar – gözler we nazarlar Oňa göz ýetirip, tutyşlygyna düşünip, görüp bilmezler. Görmek üçin tutuşlygyna gurşamak gerekdir. Ol bütin gözleri we nazarlary gurşaýar, düşünýär, gözler bolsa Ony tutuşlygyna gurşap görüp bilmez. Meseläniň has düşnükli bolmagy üçin, Onuň bu jähetden bilinmegi şertdir.

Başga bir tarapdan, nur Allahyň (j.j.) hyjaby – perdesidir. Biz şol nury tutuşlygyna gurşap görüp bilmeýäris. Serwerimiz (s.a.w.) magraçdan gelende sahabasy sorady: «Rabbyňy gördüňmi?». Bir gezekde şeýle buýurdy: (Ebu Zerriň gürrüň bermegine görä) «Ol bir Nur, nädip Ony görüp bilerin». Başga bir ýerde buýurýar: «Men bir nur gördüm». Aslynda, nur mahlukdyr. Allah Münewweru-n Nurdur. Nura şekil beren, biçim beren, görnüşini döreden Allahdyr (j.j.). Nur Allah däldir. Onuň mahlugydyr. Başga bir hadysda şeýle buýurýar: «Allahyň hyjaby nurdur». Ýagny, siziň bilen Onuň arasynda bir nur bardyr. Siz nur bilen muhatsyňyz – gurşalansyňyz. Bu ýerde başga bir çuňluk bar! Ýene-de muhat diýýäris, emma sypatlary bilen, başga bir zat bilen däl. Sypatlary ne gaýrydyr, ne-de Özüdir...

Uluhyýete degişli meselelere aralaşdygymyzça mesele çuňlaşýar, agyrlaşýar we aşagyndan çykmaz ýaly bir ýagdaý döreýär.

Netije hökmünde şuny aýtmak bolar. Allah (j.j.) görülmez. Hijaby nurdur Onuň. Siz görseňiz – nury görersiňiz.

Meselem, Nebs-i emmaräniň – ynsany erbetlige itekleýän nebsiň, syrlaryna aralaşmaga çalşan wagtyňyz gyzyl bir nur görersiňiz, nebs-i lewwamä geleňizde mawy we nebs-i mütmainnä – (Allaha ýakynlaşdyrýan iň gözel ahlak, erbetlikden daşlaşyp, rahatlyga, ýagşylyga, durnuklylyga ýeten nebse) ýeteniňizde ýaşyl bir nur görersiňiz. Soňra bir derejä göterlersiňiz ol ýerde gören nuruňyzyň reňkini aýdyp-düşündirip bilmersiňiz. Bular ählullahyň (Allah dostlarynyň) göz ýetirip biljekleridir we ol diňe wyždanyň gazanan tejribeleri bilen ösüp kemala geler.

Bir pikiri bermek üçin meseläni düşündirmäge bu reňkler bilen girdim we bulary dykgatyňyza hödürledim. Bu esasda siziň görüp biljegiňiz diňe, Jenaby Hakyň nurunyň kölegesiniň kölegesinden ybarat boljakdyr. Bu sebäpdenem ýene görenlerden saýylmajaksyňyz.

Indi bolsa, meseläni üçünji tarapyndan öwreneliň. Ybraýym Hakky hezretleri diýýär:

«Tapylmaz Rabbimiň garşylygy, deňdeşi we meňzeşi älemde we şekilden päkdir, mukaddesdir Tagalallah».

Ilkinji nobatda Rabbimiziň garşylygy ýokdur. Bu örän möhüm aýratynlykdyr. Bir zadyň garşylygy bar bolsa ol görlüp bilner. Ýagny sen yşygy görýärsiň, çünki onuň garşylygy garaňkylyk bar. Şeýle hem her dürli uzynlyklar hakynda aýdyp bolar. Meselem, bu iki metr, bu bolsa üç... Garşylygy bolany üçin olar tertibe salnyp bilner.

Allahyň ne garşylygy, ne-de deňdeşi bardyr. Şonuň üçin garaňkylygyň yşygy görkezişi ýaly ol hem garşylygy bilen görünsin.

Şeýle hem meselä fizikanyň nukdaý nazaryndan seredeliň. Ynsan şu öňüne serlen kewn-u mekanyň näçesinden näçesini görýärkä? Görýän zatlaryňyz hakynda heý belli bir san aýdyp bilermisiňiz? Meselem, pikir edip göreliň, görüp biljek zatlarymyzdan milliard esse milliard barlyk şu älem sergisinde biziň nazarymyza goýlupdyr we «Baş üstüne, ybrat alyň, Ýaradany alkyşlaň» diýlipdir. Herhal, nazarymyza hödürlenen zatlaryň milliondan bäşisini görýäris we galanlaryny hatda tanamaýarysam. Hawa, diňe belli bir ölçegdäki, belli bir yşyk tolkunlarynyň içinde bolanlaryny görýäris. Bu ýagdaýda, ünsüňizi çekmek isleýärin: «Men näme üçin Allahy görmeýärin?» diýen bir ynsan millionda bäşisini görýän darajyk älemiň arasyna tutuş kewn-i mekany dolandyrýan Allahy görmek isleýär. Nähili dar düşünjelilik.

Hawa, älem kitabynyň meseleleriniň garşysynda müň dürli kelle agyrdan Ony görüp biler. Beýik nebi Hezreti Musa we nebiler nebisi Hezreti Muhammet (s.a.w.) öz ýagdaýlaryna görä şübhesiz Ony görer. Beýlekiler hem özlerine görä... Bu ýerde gözleg edene, pikir öwürene sylag-serpaý bardyr. Ahyretde beg, soltan bolmak isleýänler bu dünýäde aňlaryny we kalplaryny täzeläp, has dogrusy, o ýerde pikir we ruh taýdan belende göterilenlere gelişjek şekilde Allahy görmek we eşitmek üçin bu ýerde kalp we ruhlary bilen ýaşarlar, eden ýagşylyklary bilen belende göterilerler, bir gowa suw bilen o ýere gitmezler, bir umman äkiderler ötelere... Elbetde, başardyklaryça. Zaýyf bir hadysda – käbirleri (mewzu) ýalan diýip saýýar – Ybraýym Hakky zaýyfdygyna bakman ony terjime edipdir.

«Sygmaryn diýdi hak, ýere, asmana,
Hazynadygy bilindi, bu köňül magdanynda»

Jahanlar azamatynyň ýanynda zerrelerçe-de bolmaýan Ol Biribar lutufkärdir, her müminiň kalbynda hazyna bolup bilner we Onuň duýgularyny doly kanagatlandyrmaga wesile bolar!..

Her zadyň dogrusyny Ol biler.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr