«Kime azaşmagy (zalalaty) myrat etsem azaşmakdan aýrylmaz, kime hak ýoly (hidaýeti) myrat etsem hak ýolundan aýrylmaz»

Kurany Kerimde «Kime azaşmagy (zalalaty) myrat etsem azaşmakdan aýrylmaz, kime hak ýoly (hidaýeti) myrat etsem hak ýolundan aýrylmaz» diýilýär hem-de «Ynsan ogluna akyl, pikir berdim, eradasyny öz eline berdim, hatda dogry ýolu-da, egri ýolu-da görkezdim. Haýsysyndan gitmekçi bolsa gitsin» diýilýär. Bu ýagdaýlara nähili düşünmeli?

Bu soragda iki mesele bar. Birinjisi, Hak Tagala külli eradasy bilen nämäni islese şol bolýarmy, ýogsa ynsan eden işini öz eradasy bilen edýärmi? Bu soragdaky aýat şeýledir: «Men ýehdillahiu fela mudille leh.We men ýudlil fela hadiýe leh.» Allah (j.j.) kimi hidaýete erdirse ony hiç kim dogry ýoldan azaşdyryp bilmez. Ol kimi-de zalalata iterse, hiç kim ony dogry ýola getirip bilmez». Manysyny yzlasaň hidaýet – dogry ýol, kämillik, nebileriň giden istikametli giň ýoludyr. Zalalet bolsa azmak, dogry ýoly ýitirmek we istikamatdan aýrylmak diýmekdir.

Dykgat etseňiz bularyň ikisem özbaşlaryna bir iş we ynsana degişli tarapy bilen hersi bir hereket, hersi bir amaldyr. Bu sebäpden bularyň ikisinem Allaha bermek gerekdir. Aýdyşymyz ýaly her iş Allaha degişlidir. Oňa degişli bolmadyk hiç bir iş görkezilmez. Zalalaty Mudill (azaşdyryjy, ýalňyş ýola höwes etdiriji) adynyň gerekligi bilen, hidaýeti Hadi isminiň tejellisine baglaýan diňe Allahdyr (j.j.). Hawa ikisini-de beren Hakdyr.

Emma, bu gul hiç bir dahyly, başlatmasy bolmazdan, Allah tarapyndan zor bilen zalalate itilýär ýa-da hidaýete ugrukdyrylýar, olam ýa azaşan, ýa dürs ynsan bolýar diýmek däldir.

Bu meseläni gysgaça şeýle düşündirmek bolar. Hidaýete ermede ýa-da zalalata düşmekde amal näçe bolsa, meselem, bu iş on tonna agyrlykdaky bir iş bolsa, onuň ýüzde birinem ynsana degişli etmek hatadyr. Hakyky mülk sahyby Allahdyr we ol iş hökman mülk sahybyna degişlidir.

Ýene bir anyk mysal getireliň. Allah hidaýet eder we hidaýetiniň wesileleri bardyr. Mesjide gitmek, nesihat diňlemek, pikirleriňe aýdyňlyk bermek hidaýetiň bir ýoludyr. Kurany Kerimi diňlemek, manysyny yzarlap çuňluklaryna çümüp gitmek hem hidaýet ýollaryndandyr. Resuly Ekremiň (s.a.w.) Huzur-u Risalet-Penahilerine gitmek sapak alyp öňünde oturmak, Ony jan-dil bilen diňlemek, Onuň köňülden çykan sözlerine gulak goymak, we Ondan gelen tejellilere köňlüňi açyk tutmak hidaýet ýollaryndan bir ýoldur. Ynsan bu ýollar bilen hidaýete ugrar. Hawa, mesjide barmak kiçijik bir iş bolsa-da, Allah (j.j.) mesjide barmaklygy hidaýete wesile kylyp biler. Hidaýet eden Allahdyr, emma bu hidaýete ýetmek üçin Allahyň gapysyny «kespi» bilen kakan guludyr.

Ynsan dynç alyş öýüne, meýhana, buthana gider. Şeýdibem «Midill» isminiň gapsyny kakar we «Meni azaşdyr» diýdigi bolar. Allah myradyna ýetsin diýip ony azaşdyrar. Emma islese öňüne bir päsgelçilik goýar, azaşdyrmanam biler. Dykgat edilse ynsanyň elinde şonça jüzi bir zat bardyr, ol hem ne hidaýete, ne-de zalalata hakyky sebäp boljak häsiýetde däldir.

Şeýle bir mysal getireýin. Siz Kurany Kerimi we wagz nesihatlary diňläniňizde edil şonuň ýaly ylmy bir kitap okan wagtyňyz içiňiz nurdan dolar. Şeýle hem başga biri minaranyň kölegesinde ezan-i Muhammediýni eşidýärke, wagyz-nesihat diňleýärkä, hatda tüýs ýürekden aýdylan mynajat gulagyna ilende-de birahatlanyp «Bu ýakymsyz sesler näme-kä?» diýip azanyň sesinden şikaýet eder.

Diýmek, hidaýet edenem, zalalat berenem Allahdyr (j.j.). Emma kim zalalatyň ýoluna gitse, Allah (j.j.) hem müňden 999,9 bölegi özüne degişli işi ýaradar – misli düwmäni basmak ýaly – soňra bolsa ynsany zalalata meýil we arzuwy sebäpli ýa jezalandyrar ýa-da bagyşlar.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr