Kuran bolan we boljak her zatdan habar berýär diýýärler. Bu dogrumydyr? Dogry bolsa, şu günlerimizdäki ylmy we tehniki meseleleri-de munuň içinde diýip düşünip bilerismi?

Kuran bolan we boljak her zatdan habar berýär diýýärler. Bu dogrumydyr? Dogry bolsa, şu günlerimizdäki ylmy we tehniki meseleleri-de munuň içinde diýip düşünip bilerismi?

Beýik Ýaradyjynyň ynsan ogulunyň öwrenmegine rugsat eden çäklerde onuň maddy we ruhy taýdan ösüşine wesile bolan hemme zatdan gysgaça söz açandygy dogrudyr. Emma Allahyň (j.j.) rugsat etmedik we ynsan oglunyň hem dünýä we ahyret durmuşyna bir peýdasy degmejek zatlardan söz açmagy, üstesine giňişleýin beýan etmegi asla mümkin bolmandyr. Çünki beýle zady kabul etmek, içi hikmetden doly bir kitaba biderek ysnat getirmek bolar, ol mukaddes beýan muňa meňzeş peýdasyz zatlardan, biderekliklerden örän beýikdir.

Kuranyň ele alyp derňeýän zatlarynda özüne mahsus bir usuly bardyr, ol usul bilinmedik wagtlary öwreniji köp gezek şowsuzlyga uçurap biler. Ýagny, gözleýän zadyny ondan tapyp bilmez.

Ilki bilen, Kuranyň iň birinji maksady bu älem sergisindäki söz, setir, jümle we kitaplar bilen sergi eýesini tanytmak, iman we ybadat ýoluny açmak, şahsyýetiň we jemgyýetiň ýaşaýyşny kada getirmek, dünýä sagadatynyň ahyretde hem dowam etjekdigine güwä geçip ynsany hakyky sagadata ýetirmekdir.

Şonuň üçin hem bu beýik maksada ýetilmeginiň ýolunda ähli zatdan söz açylýar. Ele alan zatlaryny Ol baş maksadyna wesile edip ulanýar we ähmiýetine görä olary beýan edýär.

Ynsan üçin inen we ynsanyň Ýaradyjysy bilen gatnaşygyny, onuň ebedi sagadatyny maksat edinen Kuran, maksadyndaky meseläniň beýikligi, giňligi we durmuşydygy babatda örän köptaraply we reňbe-reňdir. Onuň ähli bu köptaraplylygyny açyp görkezmek üçin kitaphanalary dolduran kitaplar ýazylypdyr we tefsirler edilipdir.

Dana edebiýatçylar, beýik suhangöýler Onuň jadylaýjy sözlerine we çeper söz sungatyndaky ýokary derejesine haýranlyk bilen dessanlar bagyşlaýarka, nazarlaryny içki we daşky älemlerde aýlaýan ylym adamlary, onuň aýdyňlaşdyryjy şöhlesiniň astynda barlygyň we hadysalaryň hakyky ýüzüni görmek we düşünmek bagtyýarlygyna gowuşýarlar. Psihologlar, sosiologlar köpçülige we ynsan ruhuna degişli iň çylşyrymly meselelerde onuň bien çözgüde ýetenlerinde, ahlak adamlary-da, terbiýeçiler-de ony tükenmez, baý we dürli öwüşginli gözbaş diýip kabul edýärler, nesilleriň terbiýesinde mydam Oňa ýüzlenip durýarlar.

Bu giň we baý mazmunyň özüne laýyk sözbaşysy meselesinde hünärmenleriniň kemsiz we dury beýanlaryny salgy berip, okyjyny bu ugurda ýazylan kitaplar bilen iki-çäk goýýaryn. Ýogsa, Kurany ähli tarapdan, bir ýyldan bäri dowam edip gelýän sorag-jogap çäginde düşündirmegiň mümkin däldigine okyjylarymyz hem düşünýän bolsalar gerek.

Emma Kuranyň bir tarapy bar, «Kuranyň mazmuny» diýlende, aýratyn hem ýaşlarymyzyň aklyna gelýän Kuranyň ylym we tehnika, has dogrusy takyk we tebigy ylymlar bilen baglanyşykly bolup biljek tarapydyr. Sowalda-da munuň göz öňünde tutulýandygy sebäpli, biz hem bu aýratynlygyň üstünde durmakçy.

Bu ugur hem täze dörän ugur däl. Bu meselede bu günki güne çenli ýüzlerçe eser ýazyldy we olar bilen Kuran hakykatlarynyň ýüzlerçesine yşyk tutuldy. Emma köpüsi döwrüň ylym we medeniýetiniň täsirine düşülip ýazylan bu eserler gözboýagçylyk ýorumlary sebäpli okyjylar tarapyndan şübhe astyna alyndy. Üstesine hem henize çenli subut edilmedik nazarýetleri bir ylmy hakykat ýaly hasap edip, Kuranyň hakykatlaryny oňa uýdurmak üçin edilen synanşyklar, büs-bütin Kurany ýoýmakçy bolýan we pese düşürmekçi bolýän manylary berýär. Ýogsa Kuranyň ol meselelere degişli beýany örän aýdyň we sähel gaýrat etse her kime-de düşnükli şekildedir.

Bu sebäpli ony düşündirmekde tarap tutmazlyk, ylahy beýanyň berkligine we aýdyňlygynda sadyk bolmagy we ony wakalaryň yzyna düşürmän, ýüz görülýän aýna ýaly hadysalaryň öňünde goýmagy esas edinmelidiris. Dili, aýatlaryň inmegine sebäp bolan hadysalary (esbaby nüzul) we sözleriň many tapawutlylygyny bilip öwrenilmegi, ylmy adalgalara girilmändigi üçin geň görünse-de ýalňyş bolmaz. Bu sebäpli sahaba (r.a.), tabiin we Ibn-i Jerir ýaly Kurany ilkinji tefsir eden alymlaryň düşünişleriniň subut edilen ylmy açyşlar bilen kybapdaş gelmegine derek, soňky döwrüň alymlarynyň pelsepeleşen we has çuň ýaly görünýän pikirleri ylmyň ruhuna gelmeýän çylşyrymly pikirlerdir. Bu-da bize döwrüň täsirine düşmän Kurany düşündiren tefsir alymlarynyň onuň ruhuna has içgin aralaşandygyny görkezýär.

Indi bolsa düşündirenlerime bir mysal we berilen soraga-da bir jogap bermek maksady bilen aşakdaky mysallary size hödürlemek isleýärin.

1. Ezelden ebedilige çenli hemme zady gören we bilen Beýik Ýaradan, ilkinji nobatda umumy manyda geljegiň bir ylym we irfan, hem munuň gutulgysyz netijesi hökmünde-de iman döwrüniň boljakdygyna ünsi çekýär. «Kuranyň hakykatdygy olara aýan bolsun diýip biz olara daş-töweregimizi gurşaýan tebigatda we içki dünýälerinde aýatlarymyzy görkezjekdiris» (Fussilet, 53). Ilkinji döwürlerden şu günlerimize çenli ähli tasawwuf ýoluna eýerýänleriň ählisiniň anyk delil hökmünde ýüzlenlen bu aýaty hususanda ylmy nukdaý nazardan derňelende, özbaşyna bir mugjizedigi anyk görner.

Makro älemden mikro äleme çenli ynsanyň gözlegleriniň we düşünmek meýdanynyň çägine giren näçe zat bar bolsa, geljekde aýdyňlaşan taraplary bilen Kuranda aýdylanlary tassyklar we Ýaradanyň bardygyny, ýeke-täkdigini görkezer. Häzirki günümizde neşir edilen bu mesele bilen baglanşykly ýüzlerçe kitaba seredenimizde, ylahy beýanyň hakykatlarynyň günsaýyn äşgär edilýändigini görýäris we häzirden, geljekde düşünilip bilinjek, tebigata degişli bolan müňlerçe zybanyň ony tesbih edýändigini eşidýän ýaly bolýarys.

Eýýäm, bu günlerde-de örän köp hadysalaryň dili bilen «ýedi gat Asman ýer we bularyň içinde bolanlar Ony tesbih ederler. Ony hamd edip, tesbih etmeýän hiç bir zat ýokdur. Emma siz olaryň tesbihlaryna düşünmersiňiz» (Isra, 44) hakykatdan düşünen zatlarymyz üns berlenine degýän zatlardyr. Hawa, atomlaryň çözülen «dili», bize örän köp zady düşündirişi ýaly, ýyldyzlar dumanynyň hereketlerinden hem ähmiýetli, köp zada düşüneris. Heniz bu jümle jahana degişli bu tesbihy eşitjek we oňa düşünjek adamlaryň sany örän az, ony dünýä eşitdirjek Kuran jemagaty hem onçakly derejede däl.

2. Kuranyň ene garnynda düwünçegiň ösüp kemala gelişini beýan edişi-de örän täsindir: «Eý ynsanlar, eger öleniňizden soň diriljekdigiňize şübhelenýän bolsaňyz, biz sizi toprakdan, soňra nutfeden (tohumdan), soňra alakadan (lagtalanan gan), soňra bir bölejik etden ýaratdyk-da size görkezjegimizi açyk görkezdik...» (Haj, 5). Başga bir ýerde bolsa, ädimme-ädim ene garnynda bolup geçýän zatlar sanma-san sanalýar we aýdyňlaşdyrylar: «Kasam bolsun, biz ynsany süzülen arassa palçykdan ýaratdyk. Soňra ony nutfe tohum hökmünde bir ýere (ýatga) ýerleşdirdik. Soň nutfäni lagta gan halyna öwürdik. Mundan soňra lagta gany bir bölek et halyna getirdik. Şol bölek eti süňklere öwürdik. Süňklere-de et ördürdik. Soňra bolsa ony başga bir barlyga öwürdik. Ýagny, bu döwürde oňa ruh üflenip, beýleki jandarlardan tapawutly bir görnüşe getirdik...». (Müminun, 12-13-14). Başga bir aýatda bolsa, ýene-de ene garnynda bolýan zatlary başga bir nazardan aýdyňladyryşyny görýäris: «Sizi eneňiziň garnynda üç garaňkylygyň içinde bir görnüşden başga bir görnüşe (nutfe, alaka, mudga) geçirip ýaratdyk...»(Zümer, 6). Bilişimiz ýaly, ýatgy daşyndan içine dogry üç dokumadan emele gelýär. Parametrium, miometrium, endometrium. Bu dokumalar suwy, ýylylygy we ýagtylygy geçirmeýän zatlardan örülendir. Kuran bu dokumalara zulmet diýýär we ynsanyň bu üç zulmet içinde ýaradylandygyny habar berýär.

Indi modern anatomiýa ýolgörkeziji bolan bu aýatlardaky özboluşly habarlar bilen lukmanlarymyzy özbaşlaryna goýup başga bir hususy öwrenmäge geçeliň.

3. Kuran süýdüň emele geliş ýagdaýlaryny-da edil süýt ýaly dury we aýdyň aňladýar: «Haýwanlarda-da siziň üçin ybratlar bardyr. Olaryň garynlaryndan fers (ýary siňdirilen iýmit) bilen ganyň aralygyndan ap-arassa, içenlere ýokumly süýt içirýäris». (Nahl, 66). Alynan iýmit maddalarynyň ilki bilen ýary siňip we soňra siňen maddalaryň süýt mäzlerinde ikinji bir zada öwrülişini Kuran jikme-jik beýan edýär.

4. Başga bir mugjyzewi beýany hem her bir zadyň bir erkek birem tişi görnüşde jübüt ýaradylmagydyr. «Ne beýikdir Ol, topragyň gögerdenlerinden, ynsanlaryň özlerinden we ýene bilmedikleri niçe zatlaryň hemmesini jübt ýaratdy». (Ýasyn, 36). Janly-jandarlardaky iki jynslylyk gadymdan bilinýärdi. Emma, otlaryň, agaçlaryň we «ýene-de bilmedikleri niçe zatlaryň» sözi bilen atomlara, bulutlara çenli ähli zadyň pozitiw we negatiw jübütiniň bardygy barada aýdylanlar mümkin boldugyça düşnükli we haýran edijidir. Kuran ýene başga aýatlary bilen hem her zadyň jübtüniň bolmalydygy hakynda durup geçýär. Getirilen mysallar ýeterlikdir diýen düşünje bilen başga bir aýata geçmekçi bolýaryn.

5. Kuran älemiň bir gornüşden başga bir görnüşe geçişi meselesini-de ýene özüne mahsus usulda beýan edýär: «Inkär edenler görmedilermi, gök bilen ýer bitişikdi, biz olary aýyrdyk we her bir janly zady suwdan ýaratdyk...» (Enbiýa, 30).

Bu aňladyş şeýle bir arassadyr, ne düýnki Kant we Laplasyň, ne-de modern döwrüň Asimowlarynyň nazaryýyeti bilen asla kirledilmez.

Islese ýaradylyşyň ilkinji maddasynyň efirdigini kabul edeliň, islese bütin älemi tutjak ägirt duman «haos» bolsun we soňra isleseňiz ýaşaýşa itergi beren suw, ýeriň ýüzünden göterlen gaz we bug, yzyna ýagmyr bolup ýagyp deňizleri döredip janlylara zerur şert we köken bolsun, isle başga şekilde orta çyksyn...

Älemiň bir bütewi zadyň bölekleri we biri-birine nusga we mysal eke-täk hakykatyň ýapraklarydygy düşündirilýär hem-de Kaliforniýa çynarlaryndan ynsanlara çenli bedeniň dörtden üç bölegini tutýan suwuň diriligiň özenidigine aýdyňlyk berilýär.

6. Bütin älemi ýylydan Güneşiň aýratyn ähmiýeti bardyr. Kuran onuň iň möhüm tarapyny dört sözden ybarat bir jümle bilen şu manyda düşündirýär: «Güneşem öz müstekarry, ýagny, özüne bellenilen çyzykda we belli bir wagt içinde berk bellenilen istykamat we hereket içinde akar gider». (Ýasyn, 38).

Bu beýan Güneşiň özüne bellenilen ýol bilen akyp gidişini aňladyşy ýaly, başga bir agyrlyk merkezine görä hereket edýändigini hem habar berýär. Şol bir wagtda wezipesini berjaý edip bolandan soň bir ýerde saklanyp durjakdygyna-da üns çekilýär.

Kuran kelimeleriniň many baýlygyndan, dört sözde şeýle köp hakykat habar berilýär we örän köp garaňky meseleler aýdyňlaşdyrylýar. Şunuň ýaly täsirli we çeper habarlardan ýene biri hem mekanyň giňelmegi bilen baglanşykly aýatdyr.

7. «Gögi öz ellerimiz bilen (gudrat we erada bilen) gurduk. Biz ony dowamly giňeldýändiris». (Zariýat, 47). Ýene dört kelime älem-jahana degişli bir meselä dykgatymyzy çekýär. Siz bu aýratynlygy isleseňiz Hubleniň koefsenti bilen düşündiriň, isleseňiz başga bir ýol bilen, Asman jisimleriniň arasyndaky uzaklygyň barha ulalýandygyny görkezýän aýat kelimeleri bilenem, düzülişi bilenem dup-durudyr we aýdylýan zat hem açyk aýdylandyr.

8. Ýene bir aýatda bolsa, bu ýakynlaşmakdaky, uzaklaşmakdaky we biri-biriniň içinde aýlanyp durmakdaky bar bolan kanuna dykgat çekilýär. «Allah Oldur, gökleri görnüp duran diregsiz beýgeltdi...» (Rad, 2). Bir nyzama görä hereket edýän sistemalar, ýyldyzlar we olaryň hemralary bir kada we düzgüne laýyklykda hereket edýär, emma olary aýakda saklaýan sütünleri gözümiz bilen görüp bilmeýäris. Bu sütünler bolsa jisimler arasyndaky dartyş kanunydyr. Hajj süresiniň 65-nji aýatynda bolsa asmandaky jisimleriiň ýer ýüzüne dökülip biljekdigini, emma Allahyň rugsat bermeýändigi aňladylýar. Bu bolsa jisimleriň arasyndaky dartyş kanunynyň beýanydyr.

Bu meselede isleseňiz Nýutonyň «Ýeriň umumy dartyş güýji» kanuny nukdaý nazardan, isleseňiz astronomiýanyň modern döwrüniň «boşluk, Eýnşteýniň çekimde esas edip kabul eden usuly» arkaly öwreniň aýdylan zat haýran ediji görnüşde açykdyr we düşnüklidir.

9. Döwrümiziň meşhur meselelriniň arasynda möhüm orun alan Aýa syýahat meselesi hem bir yşaratda düşündirilýär diýip hasap edýärin. «Dolanaý şekilini alan Aýa kasam edýärin, siz şübhesiz gatdan gata çykarsyňyz (beýgelersiňiz)» (Inşikak, 18-19). Has öňler teswirçiler «haldan hala, şekilden şekile barýan üýtgeşmeleri görersiňiz» tarzda many çykaran hem bolsalar, biz Aýa kasam edilen soň, sözüň aňyrsynda ýatýan manysyna görä, ýokardaky pikirimizi dogry hasap edýäris.

10. Ýer togalgynyň şekilini üýtgetmesi bilen baglanyşykly beýan hem haýran galdyryjydyr: «Biziň ýere gelip ony gyralaryndan kiçeldişimizi görmeýärlermi? Ýeňiji bolan olarmy, ýogsa bizmi?» (Enbiýa, 44).

Ýeriň gyralarynyň kiçelmesi, ýagmyr, sil we ýel bilen daglaryň erroziýasyny aňlatsa-da esasan, polýuslaryň gysylmagyndan söz açýan bolsa gerek.

11. Soňky mysaly Aý bilen Güneşiň meňzeşliklerinden getireliň: «Biz gije we gündizi iki alamat edip ýaratdyk. Gijäniň alamty Aýy öçürdik, gündiziň alamatyny aýdyňladyjy etdik» (Isra, 12).

Ibn-i Abbas gijäniň alamaty Aý, gündiziň alamaty bolsa Güneşdir diýýär. Bu sebäpli hem «gijäniň alamatyny öçürdik» sözünden, bir zamanlar Aýyň hem Güneş ýaly yşyk beren hemra bolandygyny, gyzgynlygynyň bolandygyny, has soňra Beýik Ýaradanyň onuň yşyk we gyzgynlygyny söndürendigini düşündirýär we bir tarapdan onda Aýyň geçmişinden söz açylýar, bir tarapdan bolsa beýleki ýyldyzlaryň takdyr we akybetlerine yşarat edilýär.

Yşarat edilen bu birnäçe mysallar ýaly, Kuranda has köp aýatlar ynsany gyzyklandyran her meseläniň, hiç bolmanda, gysgaça düşündirişiniň Kuranda bardygyny, hem-de bu meselelere degişli ylahy beýanyň her kes düşünip biljek şekilde, emma ynsan üçin düşündirişi mümkin bolmadyk mugjyzewidigini görkezýär.

Geljekde ygtybarly biriniň Kuranyň bular ýaly aýatlaryny zikr edilen ölçegler içinde tefsir etjekdigine umyt etmek bilen men mundan artyk söz uzaltmak islemeýärin.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr