Näme üçin her zat başga bir zadyň ölümine daýanýar? Mysal üçin, jandarlaryň ýaşamagy ösümlikleriň ölümine, ynsanlaryň ýaşamagy haýwanlaryň ölümine...

Barlyga hökümi ýöreýän Gudraty Güýçliniň ysryp etmezliginden, iň pes zatlardan iň selçeň duş gelýän barlyklary döretmek adatyndan, her zada dowamly täzelenip durmagy bagş etmeginde we ähli barlyklary gamçylap kämillige tarap ugrukdyrmagyndan, başdan aýaga tutuş barlyk äleminde her bir ölümi bir doguş dowam etdirýär. Edil ýer ýüzünde gündiziň gijäni çalşyp durmagy, ýagtylygyň öz ornuny garaňkylyga bermegi, bu baş aýlandyryjy nyzamdan mydama täze we göwün açyjy netijeleriň alynmagy, has hem beýik maksatlar üçin Gün Zemine baglamagy, ýaşaýyşy ölüme tirkeýşi ýaly...

Indi bu aýratynlyklaryň üstünde gysgaça durup geçeliň. Emma, her zatdan öňürti ölümi tanamagymyz gerek.

Ölüm tebigy soňlanma, öçmek, öz-özünden gutaryş we ebedi ýok bolmak däldir. Ol bir göç etmek, halyňy başgalamak, başga bir ölçege geçmek we wezipe külpetinden aýrylyp, rahatlyga we rahmete ýetmekdir. Hatda bir garaýyşda her zadyň öz aslyna we hakykatyna dolanmagyndan ybaratdyr.

Şonuň üçin ölüm ömür ýaly özüne çekiji däldir. Emma dostuňa duşan ýaly begendirijidir we bakylyga gowuşmak derejesinde beýik bir nygmatdyr.

Ölümiň bu hakykatyny görmeýän maddaçylar ony mydama gorkunç bir zat ýaly görkezmäge çalşypdyrlar we ol barada gynandyryjy agyly sözleri aýdypdyrlar. Düýnden bu güne çenli ölümiň hakykatyna akyl ýetirip bilmeýän betbagtlaryň ýagdaýy elmydam şu bir meňzeş çyzgyda geçip gidýär.

Dogrusy, ölüm bir aýralyk bolandygy sebäpli aklyň nazaryna we ynsanyň ynsanlyk düşünjesine örän täsir ediji hadysadyr. Bu täsiri büs-bütin inkär etmegi kabul edip bolmaýşy ýaly, ýürege gulak asmazlyk hem asla mümkin däldir. Şonuň üçin dözümsiz ýüreklerde, duýgur ruhlarda – wagtlaýyn hem bolsa – onuň turuzjak harasady hakykatdan hem örän güýçlüdir. Olar üçin «basu-bad el-mewt» (ölümden soň täzeden dirilmek) akydasy, ähli zadyny aldyryp elini serip galan gedaýa soltanlygyň bagyş edilmegi ýa-da beriljek jezasyna garaşýan biriniň baky azat ýaşamak permanyny almagy ýaly ähli dert ejirlerini unutdyrjak we ony haýran ediji derejede şatlandyrjak beýik bir hadysadyr.

Bu sebäpden ölüm, onuň hakykatyna düşünenleriň nazarynda erkinlige çykmak, mekanyňy başgalamak we ýüzden togsan dokuz dostlaryň we söýenleriň bar bolan älemine syýahat etmek diýip kabul edilýärkä, ölüm hakykatyna düşünip bilmeýänler, diňe onuň daşky eýmendiriji alamatlaryny görýän käbir betbagtlar üçin bolsa ol bir jellat, dar agajy, düýpsüz guýy, tüm garaňkylyga barýan gorkunç dälizdir...

Ölümi ikinji we ebedi bir dirilmegiň başlangyjy saýýanlar synalarynda onuň süýjüden-süýji alamatlaryny duýduklaryça gözleriniň öňünde jennetiň baharlary janlanmaga başlar. Bu ygtykady joşgundan we hyjuwdan mahrum inkärçi bolsa ony her ýatlan wagty wyždanynda ýaşadan jähennemine girip çykar we ejir çeker. Çekýän ejirleri diňe özüne degişli bolup özünde tamamlanýan bolsa ýene ýagşy, emma özi bilen birlikde, degişli bolan we lezzetlerinden lezzet alyp agyrylaryny ruhunda duýdugy näçe barlyk bar bolsa, olaryň hem dertlerini köňlünde çeker we iki büklüm bolar.

Ynanan ynsanyň nazarynda her zadyň ölümi ýaşamagyň külpetinden, dünýewi muşakgatlardan dynmakdyr we olaryň mysaly görnüşleri, ylmy boluşlary bilen birlikde başga älemlerde ýaşamaklaryny dowam etdirmekleri jähtinden bir kämilllik, bir ösüş we has ýokary mertebä ýetmekden ybaratdyr.

Hawa, ölüm ebedi ýaşaýşa ýetirýändigi we ynsany durmuşyň muşakgatlaryndan halas edýänligi sebäpli uly bir nygmatdyr we ynsana iň gymmatly ylahy bir serpaýdyr. Emma, her kämillik we ýetilen sepgit, şeýle hem her lutf we dereje birnäçe süzgüçlerden geçmäge we ergin halda birnäçe basgyçlaryň aşagynda şekil almaga degişli boluşlary ýaly, ähli barlyklar hem elmydam şeýle eremek we süzülmek ýoly bilen has ýokary derejelere göterilmekdedirler. Meselem, altyn magdany we demir jöwheri eredilenden soň, ýagny belli bir manyda ölüp dirilenlerinden soň öz hakyky keşplerinde görünmek mümkinçiligine ýeterler. Ýogsa, şeýle täsirler görkezilmesedi, olar asyl durklaryna laýyk bolmadyk daş ýa-da toprak halynda ýerde ýatardylar.

Altyna we demire beýleki zatlary hem deňeşdiren wagtymyz islendik zadyň belli bir nokatda öçmegi, eräp tükenmegi daşyndan görmäge ýok bolup gitmek ýaly görünse-de, hakykatda has ýokary derejedäki hala geçmeginden başga zat däldir.

Howanyň zerrelerinden suwuň atomlaryna, otlaryň, agaçlaryň molekulalaryndan janly-jandarlaryň öýjüklerine çenli ähli zat täsin bir hyruç we mümkin boldugyça uly joşgun içinde ölüme barýarka, aslyýetinde özi üçin bellenilen kemal mertebesine ýetmäge howlugýandyr. Wodorod we kislorod özara birigenlerinde hususy aýratynlyklaryna görä ölerler, emma ähli barlyklar üçin iň zerur, iň möhüm bir elemente öwrülmek ýoly bilen täzeden dirilişe ýeterler.

Şonuň üçin hem biz ölüm bilen ýitip gitmek hadysasyna ýurduňy täzelemek, halyňy başgalamak diýýäris, emma hiç haçan ýok bolup gitmek, tükenmek diýmeýäris. Ýeke öýjükli ýönekeý jandarlardan başlap, çylşyrymly birleşmelere çenli, älemiň synasyndaky ähli sarsgynlar, haldan hala geçmeler, eremeler, dargamalar mydama iň oňat, iň owadan we iň täze netijeleri berip durka biz ölüme neneň ”ýitip, ýok bolup gitmek“ diýip bileris. Muňa diýilse-de, barlyklaryň syýahaty diýlip bilner. Emma, hiç haçan we asla ýok bolup gitmek diýilmez.

Başga bir garaýyşdan ölüm, mülk eýesiniň nazarynda wezipe tabşyryş dabarasyndan ybaratdyr. Her bir barlyk özüne laýyk gelýän ölçeglerde özüni barlyga ýetiren Gudraty Güýcliniň huzuryndan geçmek wezipesi bilen borçlandyrylýar. Dabaralar gutaryp, islenilen şekiller we suratlar belli edilenden soňra onuň gitmegi, ýerine başgalaryň gelmegi, sahnany şol bir zadyň birsyhly gaýtalanyp durmagyndan halas etmek we iň ajaýyp, iň täze görnüşler bilen oňa elmydam janlylygy gazandyrmak üçin zerurdyr. Şeýdip barlyklar aktýorlar ýaly bolup sahna çykarlar, özlerine degişli roly oýnarlar, aýtmaly sözlerini aýdarlar we soňra perdäniň aňyrsyna çekilerler. Goý, başgalar hem özlerine degişli oýny oýnamaga, ýürek urgularyny bildirmäge mümkinçilik alsynlar. «Gelen gider, gonan göçer». Emma, bu gelip gitmelerden täzelikler, janlylyklar we özüne çekijilik orta çykar.

Ýene bir tarapdan bolsa ölümiň sessiz nesihatynda hiç bir barlygyň öz başyna hut özüne gaýym däldigini, her bir zadyň ýanyp öçen yşyklar ýaly, sönmeýän, ebedi Güneşe delildigini görkezmek bilen, zyýanyň we zowalyň jan algyç penjeleriniň aşagynda iňleýän döwülen göwünlere galkynmak we huzura ermek ýoluna yşarat bardyr. Ýagny, köňlümizi aldyran zatlarymyzyň yzlaryna garaman çekilip gitmeleri bizde baky söýgülini gözlemek duýgusyny oýarar. Beýle duýgynyň oýanmagy bolsa, duýgular dünýämizde ebedilige gowuşmagyň ilkinji başlangyjydyr. Ine, ölüm – bu ilkinji başlangyç ynsany ýokary götyeren bir merdiwandyr.

Mundan ötri ölüme zyýan we zowal bilen çapym-çapym eden gylyç ýaly garamakdan has köp timar beren, bejeren bir el we neşter ýaly garamak has laýygydyr. Hatda, ony diňe zyýan we zowal ýaly görmek kemçilikli we hataly bir düşünjedir. Çünki hökmany ýokluk asla gürrüňini edeniňe degýän däldir. Gaýta tersine, her bir zat biziň dar düşünjelerimize görä ýok bolýar, mysaly we ylmy görnüşleri bolsa, hakydalarymyzdan Lewh-i Mahwuza we ahyrsoňy ähli närseleri öz içine alýan giň ylyma çenli dürli ölçeglerde we ölçeglere-de sygmaýan älemlerde parhly-parhly şekillerde barlyklaryny dowam etdirerler. Göräýmäge ähli zat tohum halyndaka çüýräp, gül halyndaka solup gidýän ýalydyr. Emma, ruhy we özi müňlerçe sümbüller we pyntyklarda dowamata ýeter. Indi bolsa, başga bir tarapdan sowala gaýtadan dolanyp geleliň. Her bir zat ölüme däl-de, ýaşaýyşa daýansady, ýagny hiç bir zat zyýan we zowal görmesedi, barlyk bar bolmagyň içinde aýlanyp dursady, närseler we hadysalar diňe bir taraplaýyn işlesedi, şonda näme bolardy?

Ilki bilen, geçen hususlar ölümiň bir rahmet we hikmet eseridigi kararyna gelmek bilen birlikde, ölümiň rahmete daýanmagyna derek, baky ölümsizlik bolsa ol biweç we şeýle bir gorkunç peläket bolardy welin, muny beýan etmek mümkin bolsady, ynsanlar ölümiň gelenine däl, gelmeýändigine zar-zar aglardylar.

Ýene bir gezek oýlanyp görüň! Hiç bir zat ýok bolmadyk ýagdaýynda entek ilkinji asyrlarda ynsanlaryň ýaşamagy, diňe bir siňekleriň dünýäni gurşap almagy bilenem mümkin bolmazdy. Janly-jandarlardan diňe garynjalar, otlardan çyrmaşyklar ýer ýüzüni tutsalar, soňam hiç bir çyrmaşyk çüýremesedi, hiç bir garynja ölmesedi, bir asyrda ýer ýüzi çyrmaşyk bilen saralardy we garynjalaryň galyňlygy birnäçe metre ýeter giderdi. Mundan soň, has-da gorkunç ýagdaýlar göz öňüne geldigiçe, ölümiň rahmetdigine, çüýremegiň hikmetdigine düşünmezlik mümkinmikä beri?

Häli-şindi görüp ýören älemimiziň ol akyllary haýran edýän gözelliklerinden näçeden näçesini garynja we çyrmaşyk ýumagynyň birmeňzeş ýüzünde görüp bilerdik?.. Iň gadymy we haýran ediji sungat eserleriniň görkezilmegi üçin açylan bütindünýä sergisinde şumy görkeziljek?.. Çar tarapynda gözellikleriň ýalkym saçyşy görnüp duran üýtgeşik kämil senetkäriň haýsy gözelligini bu garaňky keşpde görüp bilerdik?.. Bu halanmajak sypatda däl, älemiň gurluşyna wesile ägirt tomaşalaryň bolmagy, eger ölmän ýaşamaklary kabul bolsady, iň pes mahluklaram bu betnyşanlykdan bizar bolup gaçardylar...

Başga bir tarapdan hem bu uly älemiň dolanşynda şeýle täsin hikmet bar, zerre ýaly ysryp we artykmaçlyk göze ilmeýär. Iň aşakdaky we pes zatlardan iň gymmatly zatlary emele getiren Mutlak Hikmet Sahyby, elbetde, hiç bir zady ysryp etmez we iň degersiz galyndylary ýene başga bir ýerlerde ulanar we täzeden-täze älemleri döreder. Şeýle hem ruhuny we özüni ýanyna alan janlylaryň, aýratyn-da ynsanlaryň ol ruha we özüne hyzmat eden zerrelerini gürrüňsiz iň oňat şekilde ullanjakdyr we täze-täze ajaýyp mahluklary orta çykarjakdyr. Ýogsa, ilki sulba berip barlyga ýetiren bu mährem mahluklaryny iň soňunda gerekmejek galyndylar ýaly terk edýän bolsa, onda ähli zady gurşan hikmetine gelişmeýän ters hereket ediljekdi, emma Şany Uluhyýet beýle ederden beýikdir we azatdyr.

Netije hökmünde şuny aýdyp bileris. Ähli barlygyň belli tertip düzgünde aýlandyrylyp dolandyrylmasy sebäpli dury akyllara, lezzet isleýän köňüllere şahyrana ylhamlaryň bagş edilmegine çenli ýerbe-ýerdir we kämildir. Zerreleriň, molekulalaryň hereketinden we çözülmelerinden başlap otlaryň, agaçlaryň bir haldan başga bir hala geçmeklerine çenli, derýalaryň goşulyp gitmek maksady bilen deňizlere tarap okdurylyp akmagyndan deňizleriň özlerine garşylyk tapyp bugaryp bulutlara goşulmagyna çenli, hatda ondanam, dik aşaklygyna damja bolup gaýdyp, ýere siňmelerine çenli bularyň hemmesinde hakyky şöwk we hyjywdan dolup, bir ýagdaýdan başga bir ýagdaýa geçmäge howlugyşy görünýär.

Ne älemdir bu älem, akly pikri bikarar eýlär,
Mydam gudrat görkezip, görenim haýran eýlär,
Gök ýüzünden ýylgyryp Hak bereket her ýan eýlär,
Başdan aýak nuru-reňk, perdedir duman eýlär,
Çemendir, deňizdir, dagdyr, gülzardyr,
Bu dünýede şahyr bolmak iň bir adaty zatdyr.
(Abdulhak Hamid)

Bu älem şeýle bir älemdir, ynsanyň aklyny, pikirini kararsyz eýlär. Gudratyň ähli mugjyzalary gözümiň öňünden geler-geçer. Gök ýüzünden Hakyň nur saçyp paýlaýany behişdi ýylgyryşlardyr. Başdan-aýak nurlardan, reňklerden perdedir. Çemenlikdir, deňizdir, daglykdyr, bahar säheri. Bu ýerlerde doglanyň şahyr bolmagy adaty bir zatdyr.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr