Ynaçsyz adama ilki bilen nämäni we nähili düşündirmeli?

Ynaçsyz adama ilki bilen nämäni we nähili düşündirmeli?

Soraga jogap bermäge geçmezden öň käbir aýratynlyklary belli etmek dogry bolar.

Ilki bilen, ynançsyzlygyň dürli-dürli bolýandygyny aýtmalydyrys. Şahsyň öz dünýäsi, imana bolan garaýyşlary, ynanyljak zatlaryň hemmesine ynanyp ynanmaýandygy ýaly görnüşlerde bu dürlülik ýüze çykýar.

Iman esaslaryna biparhlygy sebäpli ynançsyz biriniň, ol esaslary kabul etmeýän başga birinden tapawutly bolşy ýaly, ol hem bu ugry düýbünden ret eden we ony ýok diýip kabul edenden doly tapawutlydyr.

Has başgaça aýtmak bilen bu ýagdaýy şeýle tertipde göz öňüne getirmek bolar.

  • Ynanylmaly zatlaryň bardygy hakynda pikirem etmeýän, biparhlygy sebäpli ýüze çykan ynançsyzlyk, umuman oýlanmaýanlaryň, nadanlaryň ýa-da ham-hyýallarynyň ýesiri zelil ruhlaryň we sepil akyllaryň işidir. Ynanç barada bulara nämede bolsa bir zatlary düşündirmek örän kyn bolýar, belki-de mümkinem däldir. Olaryň hereketine haýwanlaç içgi duýgulary häkimdir. Köpçüligiň eňen ugruna eňerler, oňa görä oturarlar, oňa görä turarlar.
  • Ynanç esaslaryny kabul etmeýänler. Bular nämä ymtylyp şu ýagdaýa gelse gelsinler, olar inkärçidirler we dinsizdirler. Her bir halkyň içinde şu günki günlerde san taýdan iň köp bolanlar köplenç şolardyr.
  • Ynanylmagy gerek bolan zatlary ýok hasap edýänler. Gadym döwür bilen deňeşdireniňde olaryň sany häzirki döwrümizde has köpdür.

Bu soňky iki bölüme girýän ynançsyzlar ýene şu aşakdakylara bölünýärler:

  • Ähli zady madda diýip hasap edýänler we hiç bir metafiziki hadysalara ynanmaýanlar.
  • Käbir metafiziki we parapsihologik hadysalara ynanýanlar. Ynançsyzlyk biziň günlerimizde azgynlaşan ynsanoglunyň iň ilki göze ilýän aýratynlygydyr we asyrymyzda ýaşlaryň aňlaryny alýan sebäplerden biridir.

Ynançsyzlyk tutuşlygyna alnyňda bir bela bolup, ähli eden-etdilikleriň esasy sütüni we gözbaşydyr. Adamzat özüniň iň galagoply döwürlerini iň imansyz bolan döwürlerinde ýaşady diýip aýdyp bileris. «Renesansyň» özbaşyna öňe düşenleri bilen fransuz rewolusiýasynyň gozgalaňçylary dünýä masştabynda ilkinji ynançsyzlygy getirenler we ony ýaýradanlar boldular. Has soňra bolsa bir proletar şahs oňa «din» diýip eýe çykdy we ony dünýäniň dört künjeginde pitne ataşyny tutaşdyryjy kükürtli çöpüne öwürdi.

Indi bir baş-başdaklyk we ýykgynçylyk pelsepesidigi äşgär belli bolan şu günki günümiziň dinsizligi biz jemgyýeti öwrenijilerden, ykdysadyýetçilerden has beter psihiatrlaryň üstünde işlemeli meselesi diýip hasap edýäris. Hawa, psihiatriýa degişli kitaplardaky däli tipler bilen döwrümiziň ynançsyz nesli deňeşdirilse munuň şeýledigine doly göz ýetiriler.

Emma, bu ne meniň çözüp biljek meselämdir, ne-de soralan soraga dogrudan dogry dahylly ýeri bardyr. Emma, bu barada aýdanymyzda ynançsyzlygy ýönekeý bir tertibe laýyklamak, ynanjyň derejeleri we tapawutly bolşy ýaly ynançsyzlygyň hem derejelerini we köpdürlüligini görkezmäge çalyşdyk. Her ynançsyza her sözlenen sözüň derman bolmajagyny, parhly inkärleriň hersiniň aýratynlykda ele alynmalydygyna we her inkärçiniň öz ýagdaýyna görä irşat edilmeginiň gerekdigine ünsüňizi çekmekçi bolýaryn.

Şonuň üçin hem ynançsyzlykdaky tapawutlylyklar näçe bolsa, şonça-da irşatda, oýarmakda we terbiýede azu-köp biri-birinden tapawutlanýan usullary ulanmakda peýda bardyr. Irşadyň we oýarmagyň netijeli bolmagyny gazanmak üçin ýüzlenilýäniň ýokarda görkezilen toparlaryň haýsy birine girýändigini öňünden bilmek, bir topar gerekmejek beýan etmeleriň, ýalňyşlaryň öňüni alar. Işiň bu bölegi ussatlarça, göwnejaý ýerine ýetirilenden soň, ynançsyza nämäniň nähili düşündiriljekdigi bir gezekde belli edilip bilner. Şeýle hem, biz şu aşakdaky hususlary-da gezekli-gezegine getirmegi makul bildik.

1. Ýüzlenilýän ynsanyň ynançsyzlygynyň nähili yanançsyzlykdygyny, tutuşlygynamy ýogsa käbir sütünleriň ýetmezçilik etmegi sebäpli kösenýärmi, düşündirilmegi gerek meseleleriň haýsylardygynyň anyklanmagyna ähmiýet berilmelidir. Bu arada köre-körlük bilen azaşyp giden ýa-da burnuny göge tutup ýören biri bilen netijesiz iş salyşyp wagtyň biderek gidirilmegine ýol berilmesin.

2. Ýüzlenilýän ynsanyň medeni derejesiniň, jemgyýetçilik gözýetiminiň bilinmegi gerek we düşünşip biljek bir dili bilen oňa ýüzlenilmegi möhümdir. Medeni derejesi ýokary bolan birine bilimi pes bolan biriniň aýdyp berjek zatlary göwnüne makul gelmez we ol ony dogry kabul etmez. Aýratynda biziň günlerimizde özünden göwni hoş birine, üstesine-de şol ugurdan nämedir bir zatlary bilýän bolsa daşyndan bir zatlar düşündirjek bolmak dogry däldir. Olar ýalylara öz derejesindäki biriniň we gönüden-göni özi bilen ýörite söhbet edilýändigini hem aňdyrman gerek bolan zatlary düşündirmek dogry bolar, çünki esasy zat maksada ýetilmegidir. Ýüzlenilýän ynsanyň düşünip biljek derejesinde söz tapmak, onuň dilini tapmak hem örän möhümdir. Häzirki döwrümizde düşünje darlygy dilimize-de geçe-geçe ony düşünilmez ýaly derejä getirdi we şol watanyň çäginde ýaşaýan nesilleriň şol bir dilde gürleşýändiklerini aýtmak hem kyn. Şonuň üçin metbugat we telewideniýe birleşdiriji halka hökmünde ýeke-täk bir dil, ýeke-täk stil babatda bähbitli işleri edip biljekdigi hakynda pikir öwrüp bolardy. Diňe dürli idiologiýalara aňyny aldyran biri-birinden tapawutly toparlaryň özlerine görä kitaplary, özlerine görä gazet we žurnallary bolansoň biçäre nesiller özleriniňikiden başga zada düşünmeýän topar bolup ýaşamakdan halas bolup bilmeýärler. Aýry-aýry terminler we aýry-aýry usullar nesilleriň arasynda aşylyp bilinmejek uçut gaýalary emele getiripdir. Bu ýagdaýlar göz öňünde tutulyp ýüzlenilýän adamyň haýsy sözlere we aňlatmak usulyna näçeräk öwrenişendigini anyk bilmek örän zerurudyr. Ýogsa biri-birini tanamaýan, iki sany kesekiniň öz aralarynda hiç zada düşünşip bilmän gepleşjek boluşlaryna meňzeş, geň-taň bir söhbetdeşligiň bolup geçmegi mümkindir. Maksat we tutulan maksadyň ýoluny ýagtyltjak terminleriň we düşünjäniň özüne çekiji we dury bolmagyna aýratyn dykgat edilmelidir.

3. Aňlatmakçy bolýan zatlarymyzy öňünden örän oňat bilmegimiz, hatda beýan etmekçi bolýan zadymyza degişli ýüze çykyp biljek sowallara doly düşündiriş berip biler ýaly derejede taýýar bolmagymyz hökmandyr. Ýogsa kiçijik ähmiýetsiz bir ýalňyşlyk ähli zady çeppesine çöwrüp biler. Netijede biziň bilimsizligimiz we kütekligimiz sebäpli solgun görünen beýik hakykatlar söhbetdeşimiziň düşünjesinde kiçeler, ownuk, ähmiýetsiz zada öwrüler we öçer gider. Has soňra olar başgalara-da bu şekilde gürrüňler bererler we söhbetlere başgaça bir garaýyşyň döremegine sebäp bolarlar. Meniň pikirimçe şeýdibem garşy tarap geljekde-de şeýle söhbetlerden gaça durar. Bu ýagdaýyň döremegine sebäp bolan şahs hernäçe gowy niýetde bolsa bolsun, uly ýalňyşlyk goýberen hasap ediler. Kim bilýär biziň günlerimizde şolar ýaly ýarym mürşitler sebäpli dinden daşlaşan ýaşlar bardyr... Könekiler «Ýarym molla din ýitirer, ýarym hekim jan» diýerdiler. Aslynda ýarym mürşidiň zyýany ýarym lukmanyňkydan has uludyr. Çünki hekimiň bilimsizligi ýa-da goýberen ýalňyşy maddy durmuşa gysga wagtlyk howp salýan bolsa, mürşidiňki örän uzak, ebedi durmuşy bozup dowzaha düşülmegine sebäp bolup biler.

4. Aňlatmakda dialektik we gürrüňdeşiň sussuny basmak ýoluna asla girilmeli däldir. Şahsyň özüne bolan buýsanjyna zeper ýetirýän bu usul, şol bir wagtda netijesizdir. Köňülde ynanç nurunyň ýaýramagy we ösmegi imany ýaratjak Gudraty Güýçli bilen ýygy gatnaşykda bolunmagyna baglydyr. Onuň hoşnutlygy we gorap goldamagy hasaba alynman, jedelleşmek, gaflatdan peýdalanmak usullary garşydaş tarapyň sesini sem etdirmäge ýarasa-da, täsiriniň bolup biljekdigi asla tassyk edilmez. Eger şeýle jedelleriň we çekişmeleriň ýüze çykjakdygy başdan bilnip, oňa-da taýýarlykly hem-de özüňe uly agram salyp gelýän bolsa ... bu adam jedele giren adamdan has beter garşydaş ýagdaýa geçer, kine bilen oturyp, öýkesi bilenem turup gider. Turan mahaly hem ynama ýetmedik köňüllerinde düşündirilmekçi bolan zatlara jogap gözlemek düşünjesi bilen turar. Mundan soňraky boljaklar bolsa belli zat – dostlaryna ýüzlenjek, kitaplary dörüşdirjek we müň çäre gözläp aklyna guýmakçy bolan zatlarymyzyň jogaplaryny gözlejekdir. Bu bolsa olary ynançsyzlykda ýene bir ädim aňry äkider, dine çagyran irşadçynyň berjaý etmekçi bolan zadyna ters bir ýagdaýa düşmeklerine sebäp boljakdyr.

5. Anlatmakda ýüzlenilýän adamyň köňlüne seslenilmelidir. Her sözlem hormat we söýgi bien başlanyp, şonuň ýalam soňlanmalydyr. Garşymyzdaka we ýa-da onuň düşünjelerine ýüzlenilip edilen islendik ýowuzlyk, düşündirmekçi bolýan zatlarymyza ters düşünilmegine sebäp bolup bilşi ýaly, söhbetdeşimizi hem bizden ürküzer. Mürşit hassasyna hökman kömek etmegi maksat tutunan rehim-şepagatly hekim ýaly oňa mährem, ony diňleýän we onuň manewi ejirlerini wyždanynda ýaşaýan, hakyky habarly we hakykat adamsy bolmalydyr. Ses we söz bu düşünjä gelnen mahaly sazlaşar we datly zemzem suwy ýaly garşydakynyň köňlüne guýulýan bolsa, onuň ýalňyş pikirlerini ýeňip göwnüni awlandygymyza arkaýyn bolup bileris. Hatda söhbetdeşimiziň ýüzüniň üýtgeýşine üns bermän, öz sözümize basym berip, garşy-garşy aýdyp dursak ony bizar etdigimiz, ýüregine düşgünç zatlary şol gaýtalap oturdygymyz bolar.

Bu ýerde şu ýagdaý asla unudylmaly däldir:

Söhbetdeşimiz ýanymyzdan giden mahaly biziň oňa goýan hormatlarymyzy, ýylgyryp duran ýüzümizi we mylaýym nazarlarymyzy, her hereketimizden we asyl durkumyzdan görünýän yhlas we ynanyşlarymyzy alyp gider we olary hiç haçan unutmaz. Şeýle hem bu ýagdaýyň durmuşynda ýene-de bir gezek gaýtalanmagyny arzuw etmegini hem goşsak, düşündirilmegi zerur bolan zatlaryň uly bölegini düşündirip bildik diýip hasap edip bileris.

6. Söhbetdeşimiziň ýalňyş düşünjeleri, tutaryksyz beýanlary onuň buýsanjyna, çetine degjek derejede tankyt edilmeli däldir. Şeýle hem özgeleriň ýanynda ony peseltjek zatlara asla ýüzlenmek dogry däldir. Maksat onuň köňlüne bir zatlar guýmak bolýan bolsa, zerur görülse bu ugurda biziň mertebämiz peseldilse peselmeli we biziň göwnümiz ýykylmalydyr. Galyberse-de, garşymyzdakyň janyna-damaryna degip bir zatlary kabul etdirmek asla mümkin däldir. Tersine, ony her gezekki gysaja salmak bizden uzaklaşdyrar.

7. Kä halatda käbir ynançsyzy ygtykady sagdyn, kalby arassa, herketleri tertipli deň-duşlary bilen tanyşdyrmak, dostlaşdyrmak müň nesihatdan has täsirli bolýar. Emma bu ýol çem gelen ynançsyz üçin ulanylmaly däldir. Şonuň üçin irşadçy ýüzlenilýäniň azda-kände ýykgyn edýän tarapyny bilip, şoňa görä bir usuly seçip almalydyr.

8. Munuň tersine, olary hereketleri ýeňles, düşünjesi bulaşyk, Beýik Ýaradana söýgüsi we ynanjy ejiz birleri bilen asla duşurmazlyk dogry bolar. Şeýle hem dini düşünjesiniň bardygyna garamazdan ybadat yşkyndan mahrum, duýgy we düşünjesi durlanmadyk birleri bilen tanyşyp gatnaşyk açmagyna hökmany suratda päsgelçilik döredilmelidir.

9. Onuň sözüni bölmän diňläp, içindäkilerini aýtmagyna pursat berilmelidir. Onuň hem ynsandygy göz öňünde tutulyp, eý görlüp, pikirlerine hoşniýetlilik bilen bakylmalydyr. Bir şahsyň ynanjyndaky kesgitliligi, öz içine gönükdirilen bolan ýagdaýynda ony berkleşdirer we sarpaly kylar. Daşyna we aýratyn-da hiç zat bilmeýänlere garşy bolsa ony gaçyrmakdan, ýigrenç duýgusyny oýarmakdan başga zada ýaramaz. Dogrusy, batyl pikirleri diňlemek ruhda ýara dömdürer we päk düşünjeleri harap eder. Emma, bular ýaly jebre çydamak bilen bir köňül gazanyljak bolsa dişimizi gysyp sabyr etmelidiris. Ýogsa oňa pikrini, garaýşyny beýan etmek hukugyny bermezden diňe özümiz düşündirmekçi bolsak, mejlisde demimiz daş ýarýan hem bolsa, ýüzlenilýäniň aňyna zerre ýalam zat girmez. Bu hususda halanmaýan birneçeler bar dünýäni agdaraýjak şekilde gaýrat görkezseler hem yhlaslary elek bilen suw daşaýanyňky ýaly netijesiz bolýar we şahsa istykamat dersini berip bilmeýär. Nälet bolsun, başgalary diňlemek edebinden mahrum, dyngysyz gürlemek hassalygyna ýoluganlara!

10. Düşündiren zatlarynda düşündireniň ýalňyz däldigini, gadymdan bäri örän köp adamlaryň şeýle pikirdedigini aýtmak peýdalydyr. Hatda häzirki günümizde bir-iki ynanmaýana derek, tertipli-düzgünli, her zada akyl ýetirmäge çalyşýan, berk ynançly ep-esli ylym adamsynyň bardygyny aýtmak gerekdir.

11. Bu çäklerde aýtmakçy bolan zatlarymyz, ilkinji nobatda, hiç şübhesiz kelemeýi towhydyň iki sütüni bolmalydyr. Emma, onuň bu meselelere degişli öň öwrenenleri ýa-da şol wagt söhbetde berlen düşünjeler onuň kalbynda ynanç we düşünje dörändigi duýlandan soň başga hususlara geçilip bilner. Ynanç babatda köňli heniz dogrulyga berk baglanmandygy sebäpli inkärçiniň islendik wagt edip biläýjek tankydyna batyrlyk görkezip biljek meseleleriň düşündirilmesinde örän seresaply bolunmalydyr. Netije hökmünde şuny aýdyp bileris. Ynançsyzysyň ýagdaýy öňünden kesgitlenenden soňra, ýokarda aýdylan usulyň çäginde birinji derejede düşündirilmesi zerur bolan zatlar iman esaslary bolmalydyr. Bu meselede köňlüň rahatlyga gowşandygyna göz etirilenden soňra, beýleki meseleleri düşündirmegä mümkinçilik döräp, pursadynyň gelendigi aýan bolar. Tersine, häzirki günümizde bolşy ýaly «ata et, ite-de ot» bermelere ýa-da başkaça aýdanyňda nahar çekmek tertibini bilmeýän kişiler ilkinji nobatda saçaga şerbetleri getirip hödür edişi ýaly ýagdaýlar ýüze çykar. Biz bu hödür edilşine hernäçe begensek begenibereliň onuň garşy tarapa ters täsiri uly bolar. Bu ýazgyny milli duýga we düşünjä suwsan we ynançsyzlyk girdabynyň içinde her eden hereketi bilen ölüm hortumyna ýakynlaşýan biçäre neslimizi halas etmek wezipesini üstüne alan hormatly magaryfçylara sowgat edýärin.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr