Allahyň biziň ybadatymyza mätäçligi bolmasa-da biz ybadatlarymyzy näme üçin öz ýagdaýymyza we islegimize görä amal etmeýäris?

Ybadat duýgusy ynsana Hak Tagalany tanadýan öňde durýan esasdyr. Ýagny, ynsan bir tarapdan bu ajaýyp älem-jahany ýaradan Gudraty güýçlä delil bolan bellikleriň, nyşanlaryň üsti bilen bir nyzam we intizama göz ýetirer. Soňra bolsa bu üýtgeşik nyzamy guran, nyzam sahybyny, nyzamy döredijini tanar. Ine şeýle, dykgat we ibret bilen bakyp bilen hiç bir zady biweç, nyzamsyz görmez we netijede özüniň hem bu nyzama görä hereket etmeginiň gerekdigine düşüner.

Edil şonuň ýaly barlyga gözellik we gelşiklilik taýdan bakan onuň şeýle owadan, şeýle ýokary derejede kämildigini görer, misli has gözelini döretmek mümkinem däldir. Ynsanyň keşbinden ýeriň ýüzüne, ondan ýyldyzlar bilen bezelen gök ýüzüne çenli ruhuňy göteriji gözellik, şeýle baş aýlaýjy düzgün we ynsany haýran eden şeýle bir datly şiwe bardyr, biri-birine eriş-argaç bu çyzgylary, bu reňki, bu äheňi görübem, bu ajaýyp we jadylaýjy sergini sergilän Gudraty güýçlüni görmezlik, bilmezlik mümkin däldir...

Isle daş-töwerek (afaki), isle içki älem (enfusi) baradaky derňewler we garaýyşlar ynsana kalbyny heýjana salýan şeýle şirin ylhamlary gazandyrýar, şeýle bir joşa getirýär, şeýle bir ol sepgitden beýleki sepgide aşyrýar welin, begenjiňden hem tolgunmakdan ýaňa çaga ýaly towsaklabermek duýgusy geçýär ynsanyň kalbyndan... Iň haýyrly iş we hereketden, iň owadan ismlereriň yşkyndan kebelekler ýaly uçup-gonup ýörşüňi göreniňde, bizi ähli ynsanperwer duýgularymyz bilen taplaýan bu gözellikleriň gözbaşy bolan gözel sypatlary hormat bilen alkyşlaýarys. Haýranlar galyp we edep bilen olaryň belent mertebeli Sahyb-y Zişanyň garşysynda serden geçýäris.

Bir başga nukdaý nazardan älemdäki her bir zat, misli başga bir ýerde taýýarlanylyp, ynsana ulanmagy üçin hödürlenen ýalydyr. Käbiri konserwirlenen, käbiri miwe şekilinde hödürlenilen bu nygmatlar bilen ýer ýüzi edil giňden ýazylan nygmat saçagy, baglar, bakjalar bolsa oňa hödür edijiler ýalydyr. Ynsan bu öňüne ýazylan saçakdaky nygmatlara elini uzatdygyça, hakyky nygmat eýesini duýýan, syzýan ýaly bolýar. Özüni başga bir üýtgeşik keýp, kanagatlanmak, geň galmak we haýranlyk içinde duýýar. Diýeli, aň bar bir bäbek rahmet çeşmesi bolan ene göwsüne agzyny goýan mahaly, özi üçin taýýarlanylan örän ýokumly iýmitiň başga bir älemden onuň dadyna ýetişip gelendigini duýar we hadysalaryň aňyrsynda üýtgeşik nygmatlary beren, üýtgeşik hödür eden biriniň bardygyny syzar. Ulaldygyça Onuň pikirini eder, Onuň nygmatlarynyň garşysynda iki büklüm bolar.

Hawa, her nygmat, her yhsan bir tarapdan o nygmatyň we yhsanyň sahybyna delildir. Beýleki bir tarapdan bolsa bizi Onuň öňünde edepli bolmaga borçlandyrar. Nirede bir nygmat, bir gözellik, bir nyzam we tertip bar bolsa, şol nygmata, gözellige, yhsana alkyş we haýranlyk duýgusy oýanar. Ýagny, Allahyň (j.j.) özüni bildirmäge derek, bendesi derrew Oňa boýun bolmak bilen jogap bermelidir. Bu jähtden hereket edip, Mütezile mezhebi bilen bir ölçegde Maturidiler (Maturidiler ygtykatda biziň mezhebimizdir) şeýle diýýärler: «Hiç bir Nebi gelmese we hiç bir mürşit ynsanlary irşat etmesedi, älem-jahanyň ýüzüne serilen hakykatlara bakyp, ynsan Allahy tanamaga we oňa görä özüni alyp barmaga mejbur edilendir». Bu mesele bilen baglanyşykly maturidilerden birnäçe mysal getirmek mümkindir. Meselem, Serwerimiziň (s.a.w.) töweregindäki käbir ynsanlar butlardan doly bolan Käbäniň töwereginde dünýä inip, önüp ösüpdir, emma özlerine Allaha tarap barýan ýoly görkezjek adama duşmadylar. Başynda Serwerimiz bolmak bilen tewhit adyna özlerine hiç bir zat ündelmändi. Emma, çarwanyň aýdyşy ýaly: «Bir ýerde bir düýe gumalagy ol ýerden düýäniň geçendigini, bir ýerde bolsa adam yzlary ol ýerden kimdir biriniň ýörändigini dörkezýär. Indi oýlanyp görüň, şu ýyldyzlardan doly älem, ondaky sazlaşyk we bu düz meýdanlar, bularyň ählisi, tutuş durky bilen her zatdan habardar bolan Allaha delil dälmi?» Bir çarwa diýýär muny. Çölden, gum depelerinden başga zady bilmeýän şeýle düşünýän bolsa, beýlekiler gör nähili çuň düşünip bilerler... Serwerimiz tutuş adamzady halas edip biljek örän giň düşünjä, ukyba eýedi. Ýagny, ol ynasan üsti bir ynsandy. Ol ýörite berlen ukyp we düşünjesi bilen älemiň hakyky manysyna göz ýetiripdir, özüne heniz pygamberlik berilmänkä älem kitabynda Haky syzyp, Onuň gözleginde bolupdyr. Şonuň üçin Hira gowagyna çekilip özüni ybadata beripdir. Buharynyň ilki başlarda Aýşe enemizden gürrüň beren bir hadysynda şeýle düşündirilýär. Hatyja enemiziň aýtmagyna görä Serwerimiz özüni tutuşlygyna ybadata berip, aram-aram diňe azygyny almak üçin öýe geler eken. Şeýle düşünjä we ýaşaýyşa eýe bolan ynsan käbir hakykatlara göz ýetirip, Hak Tagala belli ölçegde gulluk edip biljekdigini görkezýär. Bu meselede Zeýd bin Amryň wepat bolan pursatytndaky düşünjesi we sözleri örän manylydyr. Zeýd Hezreti Omaryň kakasynyň doganydyr. Ölmeziniň öň ýanynda ähli maşgala agzalaryny töweregine ýygnady we geljek pygambere degişli bilýänlerini olara gürrüň berdi. Ol Serwerimiziň (s.a.w.) pygamberligini görüp ýetişmändi. Ýagny, atyny sürüp deňiz kenaryna gelip ýetse-de, yslam gämisine münüp ýetişmändi... Emma bütin ruhy bilen Serwerimiziň (s.a.w.) howasyny duýupdy, Onuň hakyky many we mazmunyny, hakykat-y Ahmediýýäni syzypdy. Ýülüklerine çenli duýupdy. Emma, duýan, syzan bu zatlaryny atlandyryp bilmedi. Ol: «Şapakda Allahyň bir nury bar. Dogjakdygyna ynanýaryn. Onuň şöhlesini depämizde görýän ýaly bolýaryn» diýýär. Soňra Hak Tagala ýüzlenip: «Eý, Beýik Ýaradan! Men seni doly tanamadym, tanasadym ýüzümi ýere goýjakdym, gaýdybam ýerden galdyrjak däldim» manyda duýgularyny beýan edýär. Görşümiz ýaly ter-tämiz, dup-dury bir wyždan eger butparazlyga bulaşdyrylmadyk we töwereginiň täsirine düşmedik bolanda äleme, ondaky nyzam intizama gözi düşen badyna ondaky umumy sazlaşygy görüp, ol hem özüni tertibe salyp, gulluga taýyn bolup, Allaha gulluk etjekdi.

Diýmek, Allahy bilmegiň we tanamagyň ýanynda bada-bat Allaha gulluk başlanýar... Hawa, eger-de bize müň bir nygmat eçilen Allah bar bolsa, gulluk hem bolmalydyr. Şeýlelikde, Allah (j.j.) ynsan wyždanynda gizlenip ýatan bu gulluk düşünjesini tertipleşdirýär. Ýagny, eý Nygmat Beriji seniň öňüňde hormat bilen ýüzümi ýere goýaryn, kyýamata çenli başymy ýerden galdyrmaryn, azamatyň öňünde iki bükülip egilerin. Rejaizade Ekremiň «Nirede Allahym dyzlaryň, başymy goýsam...». Başga biri bolsa şeýle diýýär: «Nirede şol mübärek goluň arkamy bereýin». Bu sözleriň ählisi ylahy yşk, ylahy tolgunma bilen ynsanyň diýmäge söz tapmaýandygy sebäpli Oňa gulluk edilmelidigini aňladýar. Emma bu gullugyň nähili bolmalydygyny Özi habar bermese ynsan kesgitläp bilmeýär.

Ýagny Allah Oňa: «Men Allah, sen-de meniň gulumsuň. Nygmatlarym bilen meni tanadyň. Men hem saňa gulluk etmegiň edebini öwredeýin. Meniň huzuryma şeýle giriler. Ilki bilen täret alarsyň, soňra içeri giren pursadyň nebsiň damagyny çalmak manysynda «Beýik Sensiň Allahym, senden özge islendik zat pesdir» diýersiň. Gulluk düşünjesi içinde gol gowşuryp durarsyň we soňra meniň gullugymda çuňlaşdygyňça çuňlaşarsyň. Magrajyň täsirinde sende derejäňe görä ruhy taýdan Nebiler Soltanynyň göterilen ýerlerine göterilmek arzuwy oýanar, göterildigiňçe şükrüň artyp rukuwa gidersiň, rukuwda egildikçe täze bir derejä ýetersiň, birdenem başyňy sejdä goýarsyň. Şondaky päli pesligiňe we kiçi göwünliligiňe görä aýratyn bir belentlige galarsyň. Başyňy ýerden galdyrarsyň, uludan bir dem alyp, soňra ýene täze gözlegleriň bilen gaýtadan sejdä gidersiň we soňra «Guluň Rabbine iň golaý wagty başy sejdedekädir. Sejdede mahalyňyz Allaha köp doga ediň» buýrugy wyždanyňda oýanar. «We takallubeke fyssajidin» (Şuara, 219) «Sejde edenleriň arasynda seniňem iki büklüm bolanyňy görýär» syry bilen, sejde edenleriň içinde büklüm-büklüm bükülmeler, seniň ukybyňa görä hakyky namazyň baş maksady bolan magraja üstünlikli göterilersiň.

Ybadat diýmek «Allaha iman we Zaty Uluhyýet hakyndaky magryfet we ýalkym saçyp duran magryfetden beýgelen muhabbet we haýran galmak bilen berjaý edilmesi zerur bolan zatlaryň ýene-de Hak Tagalanyň bildirmegi we irşady bilen ýene Onuň emrlerine görä berjaý edilemli hal-hereketler» diýmekdir.

Bulary aýtmak bilen meseläniň bir tarapyny düşündirdigimiz bolýar. Ýagny, Rabbimizi tanan mahalyň, aljyrap gelşiksiz işleri etmezlik üçin Onuň anyk we aýdyň aýatlarynyň ýol görkezijiligi we Serwerimiziň saçan ýagtysynyň astynda talaba laýyk gulluk edýäris we Ýaradanyň hoşnutlygyny gözleýäris.

Ikinji meselä gelenimizde, ynsan söwda, ylym, tebigat, oba hojalygy we senagatda elmydam bir ugur görkezijä we ondan käbir zatlary öwrenmäge mätäçdir. Meselem, aýdalyň her biriňiziň bir işiňiz bar. Kimiňiziň bir fabrigi bar we dokmaçylyk edýärsiňiz. Kimiňiz plastika bilen meşgul bolýarsyňyz, kimiňiz bolsa deri eýlemek bilen... Başga birisi biziň peýdamyzy, edýän işlerimizde aldanmazlygymyzy, söwda düzgünlerini oňat bilip işlerimizi dogry ýöretmegimizi üpjün etmek üçin bizi öňünde oturdýar we diýýär: «Siz bu işe hökman hötde gelersiňiz. Çünki muny edip bilmegiňiz hem bir zeruryýet hem mejburlykdyr. Emma bu işi iň gowy şekilde, iň bähbitli biçimde berjaý etmegiňiz üçin ynsany we onuň güýjüni ýerlikli peýdalanmagyňyz üçin şu çäreleri görmegiňiz hökmandyr we başga-da şuny, şuny berjaý etmelisiňiz...»

Indi, bizde zerre ýaly ynsap bar bolsa, Onuň eden bu duýduryşyna we ýol görkezmegine derek bizden hiç bir zady talap etmeýän bu päk ýürekli, eli haýyrly ynsany diňläp, onuň ündeýän çärelerine ähmiýet bereris we teklibine görä işlerimizi tertipleşdireris. Edil şunuň ýaly, Rabbimize bolan tagat ybadatymyzy, öz arzuwymyza we aljyraňňylykda etjek haýsydyr bir hal-herekete görä däl-de, belki her birisi bilen bizi arşa tarap syýahata taýýarlaýan, her birisinde aýry bir magraç ruhy bolan Onuň esaslandyran ybadat galyplary içinde ýerine ýetiren mahalymyz, eden işlerimiz «bire müň beren» sünbüller ýaly bereketlenjekdir. Biz bilmeýäris, belki-de «Allahu Ekber» diýen mahalymyz rahmet älemleriniň düwmesine basýandyrys we ruhumyz munuň bilen ylhamlara açylýandyr. Belki-de Fatiha şerifi okanymyzda syrly bir açar bilen syrly bir kildi açýandyrys. Has soňra namazyň rükünleri bilen, hatda beýleki ybadat şekilleri bilen kim bilýär, gör, nähili syrly gapylary açmaga mümkinçilik alýandyrys. Hawa, sejdedekäk, ähli ýollarymyz düp-düz bolup, ähli gapylaryň açylandygyny aýdyp bileris. Doga-dileglerimiz oňa, göterilip dem alyşymyzyň Onuň huzurynda duýulandygyny we melekleriň daşymyzy gurşandygyny aýdyp bileris. Bütin bularyň bolmajakdygyny öňe sürüp biljek kim bar?... Üstesine Mühbiri Sadykyň (Iň sadyk habarçy Hezreti Muhammet) bulary gollaýan nury beýanlary hem barka. Beýle bolsa iň göwnejaý ybadat şekli, Rabbimiziň bize buýran ybadatydyr. Çünki ynsan guralyny ýasan Allah (j.j.) bu guralyň iň netijeli şekilde işlemegini, bu dünýä üçinem, o dünýä üçinem iň haýyrlysy bolmagyny ýene özi biler. Gurallary we fabrigi guran onuň işleýişine degişli düzgünnamany taýýarlan bolsa, fabrigi şol düzgünnama görä işletmek iň dogrusy bolar. Ine, bu sebäpdenem göwnümize gelen görnüşde däl-de, Serwerimiziň (s.a.w.) tälim eden we Allahyň emrlerine uýgun şekilde gulluk etmek, gullugyň iň kämil şekilidir. Muny Allah Muhammet ymmatyna yhsan edipdir. Ummaty Muhammet içinde-de, päk gulluk düşünjesinde bolanlara, aýratynam dürli döwürlerde dini döwrebap ösdürmek üçin hereket edenlere rahmeti bilen eçilip, gözlerini hakykata açypdyr. Muňa diňe «hazamin fazli rabbi» ýa-da «min fazli rabbena» diýeris. Hawa, bu Rabbimiziň bize päk bir yhsanydyr. Rabbim lutfy-keremi bilen muny bize bagş edişi ýaly, ýene lutfy-keremi bilen onuň dowamatyny nesip etdirsin. Bizi – Serwerimiziň (s.a.w.) dogasy bilen aýdýaryn – göz açyp ýumulýança-da, hatda ondanam az pursat nebsimiz bilen iki-çäk goýmasyn!..