Kuran Pygamberimiziň (s.a.w.) beýany bolup bilermi? Eger däl bolsa ony nähili subut edip bilersiňiz?

Kuran Pygamberimiziň (s.a.w.) beýany bolup bilermi? Eger däl bolsa ony nähili subut edip bilersiňiz?

Bu babatda şu wagta çenli hiç bir şübhä, hiç bir ikirjiňlenmä ýer galmaz ýaly derejede örän köp zat aýdyldy we örän köp zat ýazyldy. Biz hem sorag-jogap çäklerinde we meseläniň esasy özenine degişli ýerlerini aýdyp geçmek bilen çäklenmekçi.

Kurany Kerimiň Pygamber Serwerimiz ýa-da başga kimdir biri tarapyndan döredilendigi hakyndaky düşünje käbir gözleri gapyk nadanlar, Kuranyň duşmany bolan käbir gündogary öwrenijiler tarapyndan häli-şindi orta atylyp durlan bir meseledir we onuň maksady bilimi ýeterlik bolmadyk, göz ýetimi heniz giňemedik ynsanlaryň aklyny bulaşdyrmakdyr. Meniň pikirimçe, geçmişiň müşrikleri ýaly bu günüň müşrikleri hem bu meselede hiç zada düşünjegem bolman duşmançylykly hereket edýärler, duşmançylykly sözleýärler. Çünki kim bolsa bolsun tapawudy ýok, ynsaply bir adam Kurany eline alan badyna onuň kimdir biri tarapyndan ýazylandyr diýerden juda beýikdigine we ylahydygyna göz ýetirer.

Indi bolsa bu meseläni çuňdan derňän beýik alymlaryň kitaplaryndan öwrenmegi maslahat bermek bilen birlikde,biz hem käbir mysallary ýatlatmakçydyrys.

1. Kuranyň uslyby bilen hadyslaryň uslyby şeýle bir parhlydyr, araplar Serwerimiziň Kurandan daşyndaky beýleki beýanlaryny özleriniň söhbetlerine we gürleşme äheňlerine ýakyn görýärdiler, emma, Kuranyň äheňine gezek gelende haýran galmakdan aýňalyp bilmeýärdiler.

2. Hadyslary okan mahalyň onuň arkasynda oýlanan, sözlän, Allahdan gorkusyndan ýaňa iki büklüm bolan bir ynsanyň bardygy duýulýar. Kuranyň sesinde welin uly gaýduwsyzlyk, haýbatly äheň we ýowuz bir şiwe bildirip dur. Bir adam beýanlarynda biri-birinden şeýle tapawutly iki uslyby birden ýöretmegi ne bir ynandyryjydyr, ne-de mümkin bir zatdyr.

3. Mekdebi-medresäni görmedik ummi – sowatsyz bir ynsanyň – ol ummi pygambere ruhlarymyz pida bolsun – kemsiz-kössüz, şahsy, maşgala, jemgyýetçilik, ykdysady we hukuky bir nyzamy esaslandyrmagy ähli zatdan öňürti dury akyla ters gelýär. Üstesine bu nyzam täsin we täzeligini ýitirmän, asyrlar boýy dost-duşman bir giden millet tarapyndan amal edilip gelinýär!

4. Kuranda barlyk, ýaşaýyş we bulara degişli ybadat, hukuk we ykdysadyýet ýaly meseleler biri-biri bilen şeýle deňagramlylykda we ýerbe-ýer alnyp gidilipdir welin, bulary görmezlige salyp, ony ynsanyň kelamy diýip göz öňüne getirmek, hamala bu kitaby adamzada getireni ynsandanam ýokarda durýan bir güýç hasap etmek diýmekdir. Çünki, ýokardaky meseleleriň hatda ýeke biri, könelmeýän we döwrebaplygyny ýitirmeýän hususyýete eýe bolmak bilen, iň beýik zehinleriň hem aşagyndan çykyp bilmejek agyr meselesidir. Şonuň ýaly her biri birnäçe ýiti zehiniň hötdesinden gelip bilmejek meselesinden ýüzlerçesini özünde jemleýän bir kitaby mekdep-medrese görmedik bir sowtsyza ýöňkemek esassyz toslamadyr.

5. Kuran geçmişe, geljege degişli berýän habarlary bilen hem täsindir we ol asla beşer kelamy bolup bilmez. Bu gün täze-täze açyşlar bilen ýüze çykarylan, geçmişdäki kowumlaryň ýaşaýyş tarzlary, gowy ýa-da ýaramaz akybetleri sözme-söz birnäçe asyr mundan öň Kurany Kerimde habar berilşi ýaly bolup geçipdir. Hezreti Salyh, Hezreti Lut, Hezreti Musa ýaly pygamberler, olaryň kowumlary we olardan galan taryhy galyndylaryň her biri aýry-aýrylykda bir ibret alarlyk nusgalardyr...

Kuranyň geçmiş hakynda berýän habarlarynyň anyk we dogry bolşy ýaly geljege degişli öňünden beren habarlary-da şol ölçegde ähmiýetli we hersi özbaşyna bir mugjyzadyr. Meselem: ýyllarça öňünden Mekgäniň eýelenjegini we Käbä howpsuz ýagdaýda, arkaýyn giriljekdigini «Allahyň nesip etdiren güni ynam bilen, başlaryňyzy syrdyryp ýa-da gysgaltdyryp, gorkman Mesjidi Harama girjeksiňiz» (Fetih süresi, 27) aýaty bilen habar berişi ýaly yslamyň ähli batyl nyzamlardan üstün çykjakdygyny-da «O Resulyny hidaýet we hak din bilen iberdi, ähli dinlerden üstün çyksyn diýip. Şaýat hökmünde Allah ýeterlikdir» (Fetih, 28) beýany bilen yglan etdi. Şonuň ýaly-da ol gün hristian rimlileriň garşysynda söweşip ýeňiş gazanan ýaly görnen otparaz sasanitleriň ýeňiljegini, şol bir wagtda-da Bedir ýeňişi bilen musulmanlaryň begenjegini «Rim ýeňildi (ýurduňyza) ýakyn bir ýerde. Olar bu ýeňilişden soňra (täzeden) üstün çykarlar. Birnäçe ýylyň dowamynda. Mundan öňem, soňam iş Allaha degişlidir. O gün müminler hem begenerler» (Rum, 2-4) buşlugyny aýdypdy. Wagty gelende Kuranyň habar berşi ýaly hem bolup çykdy. Munuň ýaly «Eý Resul, Rabbiňden saňa indirilenini eşitdir. Eger muny etmeseň Onuň ilçiligini ýerine ýetirmedigiň bolar. Allah seni (ynsanlardan gelen ýamanlyklardan) gorar» (Maide, 67) aýaty bilen hem iň ýakyn agasyndan başlap, duşman milletlere, duşman döwletlere çenli daşy duşmanlaryndan doly bolan ýagdaýynda-da ömrüni howpsuz geçirjekdigi wada edilipdi we ol şeýle hem boldy.

Dürli ylmy ugurlardaky öňe gidişlikler bilen obýektiw (afak) we subýektiw (enfüs), ýagny ynsanyň durkunyň we mekanlaryň ilik-düwme öwreniljegini, ylmy oýlap tapyşlaryň we tassyklamalaryň, täzeden täze açyşlaryň adamzady ynanmaga mejbur etjegini Kuranda «Biz olara gurşan daşky älemlerde we öz içki älemlerinde mugjyzalarymyzy görkezjekdiris, şeýlelik bilen (Kuranyň we Kuranda aýdylanlaryň) hakykatdygyny olara aýan bolsun. Rabbyň her zada şaýat bolmagy ýeterlik dälmi?» (Fussilet, 53) mugjyzewi beýany bilen aýdylyp geçipdir we häzirki döwürde şol nokada dogry barha ýakynlap barylýar.

Şonuň ýaly-da, Kuran indirilen gününden bu ýana «Biliň, ant bolsun, eger ynsanlar we jynlar şu Kuranyň bir mislini döretmek üçin ýygnansalar ýene onuň mislini döredip bilmezler. Biri-birlerine arka dursalar-da.» (Isra, 88) diýip duşmanlarynyň çetine degende bir-iki sany ownuk samahyllydan başga hiç kim oňa nazire etmäge het etmänligi we edip hem bilmezligi onuň bu barada beren habarynyň dogrulygyny, özüniň Allahyň gudratydygyny yglan edäýr.

Kurany Kerimiň inen ilkinji ýyllarynda musulmanlar azlykdylar, güýçsüzdiler we geljekleriniň nähili boljakdygyny göz öňüne-de getirip bilmeýärdiler. Ne bir döwlet, ne dünýä häkimýetini, ne ýer ýüzündäki nyzamlary düzgüne saljak esaslary özünde jemleýän diniň gudratdygy hakynda hiç bir zat bilmeýärdiler. Şol sebäpli Kuran «Allah siziň araňyzdan ynanyp, haýyr işiň başyny tutanlara şeýle wada etdi. Olardan öňküleri nähili hökmürowan kylan bolsa, olary hem ýer ýüzüne hökmürowan kyljak we özleri üçin begenip seçen dinlerini berkitmäge ýagdaý berjek, hem gorkularyndan soň olary howpsuzlyga ýetirjekdir» (Nur, 55) aýaty bilen olara bu belent maksatlary görkezýär we jahanyň häkimýetiniň olaryň eline geçjekdigini buşlaýar.

Ýene-de şular ýaly musulmanlygyň we musulmanlaryň geljegi, ýeňişleri we ýeňlişleri, ýetjek beýik derejeleri we pese gaçyşlary hakynda örän köp aýatlar bar, olaryň hemmesini bu ýerde mysal getirmek mümkin däl.

Kurany Kerimiň geljege degişli beren habarlarynyň uly bölümini dürli ylmy pudaklaryň barjak iň aňryçäk nokatlaryny degişli aýatlarynda görkezýär. Ylmy tassyklamalara degişli gysgaça jemlemeler görnüşinde Kuranyň beren habarlary şeýle bir täsin we şeýle bir jedelsizdir, onuň bu ugurda aýdanlaryna üns bermezlik mümkin bolmaýyşy ýaly, olara ynsanyň aýdan zadydyr diýmek hem mümkin däl.

Ýüzlerçe aýatlaryň aç-açan, delillendirmek we yşarat ýoly bilen beýan eden täsinliklerine salgylanylyp birnäçe eserleriň ýazylandygyndan, bu meseläniň giňişleýin düşündirişi babatda şol eserlere salgylanmagy maslahat berýäris we mysal bolsun diýip käbir aýatlarda yşarat edilen we delil bolan hususlary agzap geçmekçi bolýarys.

Älemiň ýaradylyşy

Älemiň ýaradylşy babatda «Inkär edenler, gökler we ýer bitişik haldaka olary biri-birinden aýyrandygymyzy, soňra bolsa ähli janlylary suwdan ýaradandygymyzy görüp oýlanmaýarlarmy? Şonda-da iman etmejeklermi?» (Enbiýa, 30) aýatynda aňladylýan beýik hakykat, ondan şahalanyp gaýdýan dürli ylmy işler öňe sürülse-de, ilkinji döreýişe, ýaradylyşa degişli üýtgewsiz, iň berk ýörelgedir. Aýatda beýan edilen bitişiklik we aýrylmak, isleseňiz gazlardan düzülen maddanyň planetalara bölünmegi, isleseňiz Güneş sistemasy ýaly sistemalara bölünmegi we dürli nyzamlaryň orta çykmagy, isleseňiz bir ümürligiň, dumanlygyň bölünip, parçalanyp bir kada salynmagy şekilinde kabul ediň netijesi üýtgemez. Bu aýat ulanylan serişdä we seçilen uslyba görä ylmy gözlegler üçin ýagtylyk saçyjy yşyk çeşmesi bolup durýar. Ähli çaklamalaryň we nazarýetleriň könelip taşlanylmagynyň tersine, ol öz täzeligini gorap biziň günlerimize çenli gelip ýetendir we geljekki döwürlerde-de güýjüni ýitirmez.

Astronomiýa

Kurany Kerimde astronomiýa ylmynyň esasyny düzjek şeýle köp aýat bardyr, bulary bir ýere jemläp ýeke-ýekeden düşündiriş berjek bolsak tom-tom kitaplar ýazmaly bolar. Biz diňe bir-iki aýatyň yşaratyny beýan edip çäklenmekçi. «Allah şeýle bir barlykdyr, gökleri görüşiňiz ýaly hiç bir diregsiz şeýle beýige göterdi, soňra-da bu eradasyny (ýaratmak erkini) arşyna ýöneltdi. Şondan bärem ählisi belli bir wagt çäklerinde akyp dur» (Rad, 2). Aýýat gökleriň ýokary göterilmegini, giňäp beýgelmegini hatyrladyşy ýaly her zadyň nyzam içinde, bize mälim bolmadyk görnüşde egin-egne, omuz-omza bolmalydygyny düşündirýär. Hawa, Asman gümmeziniň gapyşyp dargamasyna ýagdaý bermeýän, gözümize görünýän jynsdan bir diregi hem ýok emma, ýene-de olaryň hiç biri diregsiz däldir. Çünki, maddalaryň dargamazlygy we gelip biri-birine çakyşmazlygy üçin, görünsin görünmesin, bar bolan şu nyzamyň esasyny düzýän kanun, kada, ýörelge manysynda bir diregiň bolmagy zerurdyr.

Kuran bu düşündirişi bilen bize medeniýetler arasynda-da dartyş we itiş kanunynyň bardygyny düşündirýär we munuň Nýutonyň dartyş güýji kanunyna we ýa-da Eýnşteýniň göwrümleriň giňemek kanunyna kybap gelýändigi ýa-da gelmeýändigi möhüm däldir.

Şeýle hem aýatyň Günüň we Aýyň akyp gidýändiginden söz açmagy örän täsindir we üstünde durlup geçilmegine degýär. Rahman süresindäki «Güneş we Aýyň hereketleri dolulygyna belli bir hasaba baglydyr» (Rahman, 5), Enbiýa süresindäki «Gijäni, gündizi Güneşi, Aýy ýaradan Oldur. Bularyň her biri bir öz ýolunda ýüzüp, akyp gidýär» (Enbiýa, 33), Ýasyn süresindäki «Güneş özüne mahsus ýolunda akyp gidýär» diýenden soňra «Bularyň her biri belli bir ýol bilen aýlanar durarlar» (Ýasin, 38-40) diýip, Güneşiň, Aýyň we beýleki planetalaryň bir nyzama görä ýaradylandygyny, bir topluma degişlidigini we belli bir ölçege daýanýandygyny ap-aýdyň dile getirýär.

Ýeriň togalaklygy

«Gijäni gündiziň, gündizi hem gijäniň yzyna tirkeýär» (Zümer, 5) aýaty ulanylan serişdä laýyklykda gije we gündiziň biri-biriniň yzyna tirkelmesini selläniň başa oralşy ýaly ýagtylygyň we garaňkylygyň Ýer şarynyň daşyna «selle ýaly saralmagy» sözi bilen aňladylýar. Başga bir aýatda bolsa «Biz Ýer ýüzüni ýumurtga ýaly, ellips şekilinde etdik» (Naziat, 30) diýip, gözi barlara pygamberlik mertebesinde ýetilen iň ýokary nokady görkezýär.

Mekanyň giňemegi barada

«Gök ýüzüni biz öz elimiz bilen gurduk we elmydam giňeldýändiris» (Zariýat, 47). Bu giňeme isleseňiz Eýnşteýniň düşünen manysynda, isleseňiz Edwin Hubbleiň Gün sistemasyna degişli bolan galaktikadan ýyldyzlar dumanynyň uzaklaşmasy şekilinde kabul ediň tapawudy ýok. Möhüm zat Kuranyň bu esasy meselä barmak basyp, takyk ylymlaryň has öňünde çür başa çykyp, olaryň ýoluny yşyk tutup ýagtylandyrmagydyr.

Metrologiýa

Howa akymlary, bulutlaryň galňamagy, howanyň elektriklenmesi, ýyldyrymlaryň çakmagy we olaryň görünmegi Kurany Kerimde ýerbe-ýer ylahy nygmatlary ýatlatmak we ýeri gelende ynsanlara duýduryş bermek babatda örän köp zikr edilen hususlardan biridir. Meselem «Ine seret, Allah bulutlary sürýär, soň toplap birleşdirýär, soňra bolsa üst-üste galňydýar. Munuň esasynda-da ýagmyr ýagmaga başlaýar. Dolyny-da has ýokarda gatlakdan indirýär, onuň bilen islese urýar, islese-de sowa geçirýär» (Nur, 43). Her ýerde bolşy ýaly bu ýerde-de Kuran ýagmyryň emele gelşinden söz açyp, asmanda ala-zenzele turuzan bulut, ýagmyr, gök gürlemegi we ýyldyrym ýaly ýüreklere gorky salýan hadysalaryň, yzyndan geljek rehim-şepagaty görkezmek we ruhlary oňa oýa bolmaga çagyrmakda, şol bir wagtda-da belli tertibe görä ýagmyr we dolynyň emele geliş ýagdaýlaryny, soňra bolsa ýere inmeklerini şeýle ajaýyp şekilde aňladýar. Bu aňladyşyň tarzyndan şol bada herkes şu günki bilimine ters düşmejek şekilde ýagmyr we dolynyň emele geliş ýagdaýyna düşüner we Kuranyň beýanyna haýran galyp bakar. Kuran iki gapma-garşy elektrigiň biri-birini çekmesi, birmeňzeş elektrik akymynyň biri-birini itmesi, ýelleriň şol arada biri-birini iten bulutlary birleşdirişini, ýerden ýokary göterlen pozitiw akymlaryň asmanda bar bolan elektrik bilen birleşmesi netijesinde elektriklenmäniň döremegi we bu nokatda buguň suw damjalaryna öwrülip ýere inmesi ýaly giňişleýin düşündirişler bilen meşgul bolmaz. Ol wakanyň özeniniň, esasy meseläniň üstünde durýar. Giňişleýin düşündirişleri zamananyň özüne goýar.

Hijir süresindäki «Şemaly size baglary sapýan ýaly edip iberdik hem size gökden suw indirip size ýetirdik (ýogsa) siz suwy uzak wagtlaýyn saklap bilmezdiňiz» (Hijr, 22) aýaty bu hususa başga bir ugury hem goşup, agaçlaryň we gülleriň tohumlanmagy meselesinde şemalyň täsirine dykgaty çekişi ýaly, şemalyň şeýle hem bulutlary birleşdirmek wezipesini hem ýatladyp geçýär. Hakyna seredeniňde, Kuran indirilen wagty ne otuň, ne agajyň, ne gülleriň şemalyň kömegi bilen tohumlanmagy, ne-de bulutlardan ýagyşyň ýagmasy üçin gapma-garşy elektrik akymlarynyň birikmeginiň zerurdygynyň bilinmeýişi ýaly ýelleriň şol işleri bir wagtyň özünde, ýüzüniň ugruna ýerine ýetirýändiginden hem hiç kimse habarly däldi...

Fizika

Barlygyň esasyny düzýän närse bolan madda we onuň jübüt ýa-da täk bolmak aýratynlygy hem Kurany Kerimiň düşündirýän meselelerindendir.

Meselem, Zariýat süresinde «Oňat pikir edersiňiz diýip biz her zady jübüt edip ýaratdyk» (Zariýat, 49) her zadyň jübüt edilip ýaradylandygy we Kuranyň beýan edýän bu meselesi möhüm bir esas, umumy bir ýörelgedigine düşünmek bolýar. Şuara süresindäki aýatda bolsa «Ýer ýüzüne seretmeýärlermi? Biz onda ençeme köňül açyjy jübütler ýaradyp ýetişdirdik» (Şuara, 7) diýlip, her sene gözümiziň öňünde haşr-u neşr bolan ýüz müňlerçe jübüte ünsümizi çekýär we Allahyň nygmatlaryny hatyrladýar. Ýasyn süresindäki aýat bolsa has giň manyny öz içine alýar we has täsin. «Allah şeýle bir beýikdir, topragyň ýüzüni örtenlerinden (olaryň) özlerinden we heniz bilmedikleri niçe zatlardan örän köp jübütler ýaradandyr» (Ýasyn, 36) şekilindäki beýany bilen bu gün bilip öwrenen jübütlerimizden başga-da heniz bilinmeýän jübütleriň bardygyndan söz açýar.

Hawa, Allah ynsanlardaky erkeklik we tişilikden, otlaryň we agaçlaryň jübüt bolmak esasyna, atomlardaky elektronyň we ýadronyň ikiliginden, madda we anti madda çenli, janly-jansyz, ýerde-gökde dürli ýagdaýlarda we derejelerde näçe jübüt bar bolsa nygmatlarynyň ählisini ýatladyp, özünden başga her bir zadyň jübütdigini zikr edip bizi oýlanmaga çagyrýar.

Diňe mysal hökmünde ýokarda getiren aýatlarymyzdan başga-da, örän köp ylahy beýan bar. Olaryň her biriniň aýry-aýrylykda bir mugjyza bolmagy hem Kuranyň Allahyň kelamydygyna hem-de Pygamberimiziň Onuň ilçisidigine ap-aýdyň delildir.

Hawa, Kuran ýer ýüzünde ýaşaýyşyň emele gelşinden ösümlikleriň tohumlanmagyna we köpelmegine, haýwanlaryň ýaradylan wagtyndan olar bilen ýaşaýyşlaryny dowam etdirmekleriniň käbir syrly dessurlaryna, bal arysynyň we garynjanyň gizlin dünýälerinden guşlaryň uçup bilişlerine çenli, haýwan süýdüniň emele geliş ýollaryndan ynsanyň ene garnynda geçirýän döwürlerine çenli birnäçe meselede özüne mahsus dilde şeýle aýdyň, gysgaça, şeýle manyly, şeýle häkim bir uslypda ele alanlaryny düşündirýär welin, biziň ýorumlarymyz bir ýaňa, islendik wagt olara ýüzlenilse mydama täze, ýaş we ylymlaryň iň soňky ýetip biljek derejelerinie ýetndikleri görülýär.

Şeýlelikde bir kitap, müňlerçe ynsanyň kim bilýär gör näçe asyrlyk zähmeti netijesinde ýetip bilen sepgitleriniň has aňyrsyna barmak basýar. Meselä degişli bir uslyp bilen ony mazmun görnüşinde berýär. Ine şeýle kitaby on dört asyr mundan owalky bir ynsan-ha däl, häzirki döwrüň alymlarynyň ýüzlerçe, müňlereçe ýiti zehinleriniň zähmetiniň netijesinde hem döretmek mümkin däldir. Sebäbi ol kitap, Kuran ýaly baý mazmunly, beýan edilişi haýran ediji, usluby belent, şiwesi-de ylahy bolup bilmez...

Indi, dönüp söhbetdeşimizden soralyň, ümmiligi mugjyza bolan ol Şahs mekdebiň, medresäniň, kitabyň bilinmeýän jahyllyýet döwründe jandarlarda süýdüň emele gelşini kimden öwrendi? Şemalyň ösümlikleriň tohumlanmagyna kömek edýändigini, bulutlary çakyşdyrýandygyny, ýagmyrlaryň we dolularyň döreýiş nokadyny nireden bildi? Ýer şarynyň ellips şekilindedigini Oňa kim öwretdi? Mekanyň giňeýändigini şol döwürde haýsy abserwatoriýada, haýsy ägirt teleskop bilen görüp öwrendi? Atmosferanyň gatlaklaryny we ýokary göterildigiçe kislorodyň azalýandygy Ol haýsy laboratoriýalarda tejribe etdi? Haýsy rentgen şöhlesi bilen düwnçegiň ene garnynda geçiren ösüşlerini bolşy-bolşy ýaly anyklap bildi? Soňra bolsa bu maglumatlary jikme-jik bilýän, kärine ökde haýsy ylym adamsy mysaly şübhesiz, ikirjiňlenmän we özüne ynamly Kuran ýaly baý mazmunly, beýan edilişi haýran ediji, usluby belent, şiwesi-de ylahy örän arkaýyn bir tarzda diňleýijisine düşündirdi?

6. Kurany Kerim Serwerimiziň wezipesini, jogapkärçiligini we hukuklaryny düşündirip Oňa ýol görkezişi ýaly käte-käte-de derejesine laýyk şekilde Oňa duýduryşlar, tabşyryklar berip oýardy. Meselem, bir gezek mynafyklara rugsat bermeli däl-kä rugsat bereni üçin «Allah seni bagyşlasyn, dogrusyny aýdýanlar saňa anyk belli bolup, ýalan sözleýänleri bilmezden öň neçün olara rugsat berdiň?» (Tewbe, 43) şekilinde duýduryş alyşy ýaly Bedir ýesirleri babatda gelen netijesi üçin hem «Ýer ýüzünde doly ýerleşip, ykrar edilýänçä hiç bir pygambere gul eýesi bolmak ýaraşmaz. Siz geçiji dünýä malyny isleýärsiňiz. Allah bolsa (siz üçin) ahyreti isleýär. Allah elmydam üstün we hikmet sahybydyr...» (Enfal, 89) «Eger Allahdan (bagyşlanmagyňyza degişli) bir ýazgy we takdyr geçmedik bolsady alan oljaňyz sebäpli, siz hökman bir azap görerdiňiz» (Enfal, 68) manysynda duýduruş eşdipdi. Bir gezek hem Allahyň islegine üns bermezden «Ertir bu işi ederin» diýendigi üçin «Hiç bir zady ertir ederin diýme. Diňe Allah islese diý, nesip etdirse diý. Unudan wagtyň Rabbiňi ýatla we «Belki Rabbim meni mundanam has dogry bir bilgä ulaştyrar» diý» (Kehf, 23-24) emrini we duýduryşyny berdi. Başga bir gezek bolsa «Ynsanlardan gorkup çekinýärsiň. Ýogsa asyl çekinilmäge laýyk bolan Allahdyr» (Ahzab, 37) duýduryşyny berdi we aslyýetinde diňe Allahdan gorkmalydygyny aýtdy. Söýgüli aýallaryny bir meseledäki eden hereketlerine garşy bal şerbetini içmejekdigine emin edende «Eý Pygamber! Aýallaryň göwnüni gözläp, Allahyň saňa halal kylan zadyny neçün haram kylýarsyň? Allah örän gafur we rahymdyr» (Tahrim, 1) diýip berk duýduryşlar berýär.

Bulara meňzeş ýene birnäçe aýat bilen bir tarapdan Onuň wezipe, jogapkärçilik we hukuklarynyň çäkleri belli edilýärkä, başga bir tarapdan, az hem bolsa bu çäklere hormat goýulmalydygy, wezipe we jogapkärçiligi mukarrabine mynasyp ýerine ýetirlmelidigi Oňa duýdurlypdyr, ýatladylypdyr we mahal-mahal berk duýduryş berlipdir.

Indi, bolsa oýlanyp görüň, bir ynsan bir kitap taýýarlar-da, ol kitabyň birnäçe ýerinde özi hakynda duýduryş, ýazgarmak, igenç we ýatlatma aýatlary ýerleşdirermi? Hiç haçan!.. Ol kitap Allahyň kitaby, Ol şahs hem ol kitabyň mertebeli, şerefli ýaýradyjysydyr...

7. Kurany Kerim çeperçiligi taýdan täsindir we bu babatda deňi-taýy ýokdur. Şu sebäpdenem ony bir ynsan ýazypdyr diýmek mümkin däldir.

Serwerimiz (s.a.w.) pygamber bolup orta çykan döwründe köpçüligiň içinde bir süri şahyr, suhanwerler we söz ussatlary bardy. Olaryň köpüsi-de Onuň garşydaşlarydy. Ýerli-ýerden kellelerine agram berip oýlanýardylar. Kurany bir galyba salmak, bir zada meňzetmek we her edip hesip edip onuň hötdesinden gelmek isleýärdiler. Hatda, arasynda hristian, ýahudy alymlary bilen hem duşuşýardylar, olaryň düşünjelerini alýardylar. Näçe baha dursa dursun Kuranyň şöhratynyň artyşyny duruzmak we ony ýatyrmak üçin kellelerine näme gelse etmäge taýýardylar. Bütin bu aslyşmalara we päsgelçiliklere, akyla-oýa gelmejek garşy durmalara ünsem bermän ýoluny dowam etdiren Hezreti Muhammet (s.a.w.) ählu inkärçilige, dinsizlige diňe we diňe Kuran bilen garşy durýardy we duşmanlarynyň şeýle kändigine garamazdan göreşlerini ýeňiş bilen tamamlaýardy.

Hawa, ol gün hristian we ýahudy ulemalary bilen birlikde çeper sözüň men diýen wekilleri bir güýje öwrülip töweregi ala-başagaýlyga öwüren döwründe Kuran ol ýokary beýan ediş güýji, täsir edijiligi, haýran ediji uslyby, kalbyňy sarsdyrýan ledünniligi we ruhanylygy bilen diňleýijileriň köňlüne girdi, arşy-kürsi ýaňlandyrjak ses batlandy, merdana urşujy kimin garşydaşlaryny söweşe çagyrdy, haýbat atdy, üstlerine süründi: «Siz hem Kurana meňzeş bir kitap, hiç bolmanda bir süresine deňleşip biljek, dagy bolmasa bir aýatyň agyrlygynda taý geljek bir zat ýazyň, ýogsa-da ýoldan sowulyň, gidiň!..» diýipdi we o günden bu güne-de «Eger gulumyz Muhammede (s.a.w.) iberenimize şübhelenýän bolsaňyz, onda onuň ýaly bir süre getiriň, eger aýdýanyňyz dogry bolsa. Allahdan başga ähli kömekçileriňizi hem çagyryň» (Bakara, 23). «Aýt, ant bolsun, eger ynsanlar we jynlar Kuranyň mislini döretjek bolup bir ýere ýygnansalaram ýene başarmazlar. Biri-birlerine arka çykyp, kömek etseler-de» (Isra, 88). «Ýogsa ony özünden tosladymy diýýärler? Olara aýt, beýle bolsa bolmanda onuň bir misli bolan on sure dörediň. Hatda, eger aýdýanyňyz dogry bolsa, Allahdan başga çagyrybilenleriňizi hem çagyryň» (Hild, 13) aýatlary bilen şol bir aýdanyny gaýta-gaýta aýdýarka bir-iki samramany hasaba almasak, Kuranyň bu haýbatyna jogap berilmezligi onuň gözbaşynyň beşeri däldigini görkezýär. Çünki, taryh şaýatdyr, Kuranyň garşydaşlary Oňa we Onuň jarçysyna her dürli ýamanlyk etmäge synanşanlarynda-da Kurana nazire (öýkünmek) getirmegi akyllaryndanam geçirip bilmediler. Eger muny başarmaga güýçleri ýetsedi, öýkünmeleri bilen Kuranyň sesini kesjekdiler, howpdan doly söweş ýoluna düşmejekdiler.

Hawa, ol ägirt söz ussatlary mertebe, hormat hatda ar, namys ýaly iň gymmatly taraplaryny howp astyna atyp söweş ýoluny seçmekleri Kurana öýkünip onuň mislini döretmegiň mümkin däldiginiň iň aýdyň delilidir. Eger meňzeşini döretmek mümkin bolsady «dil söweşiniň» ýerine harby söweşi seçip geljeklerini howp astyna atmazdylar.

Arap şahyrlarynyň we neşirçileriniň Kuranyň mislini döretmegi niýet edinenlerinde oňa hristian we ýahudy çeşmelerinden esas gözlemekleri beýhuda we çäresizligiň işidir. Çünki hristianlaryňam, jöhütleriňem bu mazmunda, munuň ýaly söze baý bir kitap taýýarlap orta goýmaga güýçleri ýetsedi, heý-de başga birine ýetirjekmidiler. «Biz ýazdyk» diýip öwüner ýörerdiler...

Galyberse-de, düýnden bu güne dykgatsyz ýa-da duşmançylykly bir-iki gündogarşynasa we müşrige garşy birnäçe ylym adamy, derňeýji, aň-düşünjeli alymlar Kuranyň çeperçilik baýlygy, beýan ediş güýji babatda haýranlyklaryny gizläp bilmediler we ony alkyşladylar.

Çarles Milles: «Uslyp baýlygy babatda Kuranyň öýkünip we terjime edip bolmajak görnüşde ýokary derejä eýedigini...», Wiktor Imberdes: «Kuranyň ähli hukuk esaslaryna gözbaş bolup biljek baý mazmuna eýedigini...», Ernest Renan: «Kuranyň dini ynkylap bilen birlikde edebi bir ynkylap hem edendigini...», Gustaf Le Bon: «Kuran bilen gelen yslamyň iň tämiz, iň päk bir töwhit düşünjesini bütin dünýä teblyg edendigini...», JI. Huart: «Kuranyň Allah kelamy bolup, wahyý ýoly bilen Hezreti Muhammede (s.a.w.) teblyg edilendigini...», H. Holman: «Hezreti Muhammediň (s.a.w.) Allahyň iň soňky pygamberidigini, yslamýetiň bolsa wahyý edilen dinleriň iň soňkusydygyny...», Emile Dermenhem: «Kuranyň, Pygamber aleýissalamyň ilkinji mugjyzesidigini, edebi gözelligi bilen-de erşilmez syrdygyny...», Artur Bellegri: «Hezreti Muhammediň (s.a.w.) teblig eden Kuranynyň hut Allahyň eseridigini...», Jean Paul Rouks: «Pygamberimiziň iň güýçli mugjyzasynyň melek arkaly gönderilen Kurany Kerimdigini...», Raýmond Çarles: «Kuranyň hökmüniň häzirem dowam edýändigini we Allahyň bir ilçisiniň üsti bilen mümünlere teblyg eden beýanlarynyň iň janlysydygyny...», Doktor Moris: «Kuranyň her dürli tankydyň çür depesindäki mugjyzadygyny, ajaýypdygyny, hatda has ileri gidip, edebiýat bilen meşgullanýanlar üçin Kuranyň bir edebi gözbaşdygyny, dili öwrenijiler üçin söz hazynasydygyny, şahyrlar üçin bir ylham çeşmesidigini...», Manuel King: «Pygamberimiziň pygamberliginiň dowamynda Allahdan gelen emirleriň jeminiň Kuranda bardygyny...» Mr. Rodwell: «Kurany okadygyça ynsanyň haýranlar içinde galýandygyny» aýdýarlar we oňlamak bilen çapak çarpýarlar.

Diňe ýeke sözlemleri mysal alnan bu dürli ylym adamlary we hünärmenler ýaly ýene ýüzlerçe düşünjeli we akyldarlar öwrenenleriniň giňliginde şol bir hakykatlara barmak basyp, Kuranyň garşysynda gol gowşuryp iki büklüm bolupdyrlar.

Müňlerçe hünärmenleriň we ussatlaryň galamyndan çykan bu ugurda örän çynlakaý ýazylan eserleriň ýanynda Kuran hakynda söz sözlemek bize düşmezdi emma, başda sahyb-y Kuranyň, soňra-da galam ussadynyň bagyşlajagynyň umydy, bitiren hyzmatlaryna goşandymyzy goşmak arzuwy bilen bu batyrgaýlygy etdik.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr