Musulman däl ýurtlarda doglanlaryň ýagdaýlary o dünýede nähili bolar?

Bu sorag köpden bäri soralyp gelinýän soraglardan biri we meniň pikirimçe munda dialektikanyň tarapyny tutmak islenilýär. Ýagny, «Biz Allaha we Onuň Resulyna ynanýandygymyz üçin jennete gireris, emma, yslam dünýäsinden örän uzakdaky ýurtlarda, meselem, Parižde, Londonda, Moskwada doglan kimseler biziň eýe bolan mümkinçiliklerimize eýe bolmansoňlar, biziň gowşan nurumyza gowuşmazlar we netijede ählisi jähenneme düşerler» diýen pikiriň iki aýratynlygy bar. Birinjisi, özlerini Allahdan has merhemetli görkezmek, ikinjisi bolsa yslama garşy gizlin bir tankyt...

Ilki bilen soragda belli edilşi we köpler tarapyndan oýlanylşy ýaly «Bizden uzak, musulman bolmadyk diýarlarda bolan kimseler jähenneme düşjekler» diýen şekilde umumy bir höküm ýok. Ýöne, başga bir höküm bar, Serwerimiz Sallallahu Aleýhi we Sellemiň görkezen ýolundan habardar, çakylygyny eşiden, Onuň ýagty saçan nuruna saýat bolan kimseler gedemliklerinden bu işi kabul etmeýän we gulaklaryny dykýan bolsalar, elbetde olar jähenneme düşerler. Bu ýerde Allahyň merhemetindenem has artyk merhemti öňe sürüp, başga bir üýtgeşik düşünjelere girmek köpbilmişlik etmekden başga zat däldir. Hawa, olar jähenneme girjeklerdir hem-de diňe musulman däl ýurtda bolanlary däl, biziň ýurdumyzda-da Serwerimiz Sallallahu Aleýhi we Sellemiň çakylygyny eşdip, Ony kabul etmeýänler, getiren esaslaryna eýerip Onuň ýoly bilen gitmrýänler hem jähenneme düşer we ebedi zyýana galanlardan bolarlar.

Rabbiň soňsuz rahmetinden umyt edýäris bizi Onuň çakylygyny kabul eden, yzyndan ylgan, herkesiň Ony terk eden döwründe Oňa eýe çykanlardan eýlesin!..

Bu mesele öňden bäri Kuran we Sünnetiň meselelerini akyl, mantyk, paýhas, pähim-parasat we pelsepe ýoly bilen ybadat, ýorum, we düşündirişlere baş goşan kelamçylar tarapyndan hem ele alnan we jikme-jik öwrenilen bir meseledir. Hawa, Ony ykrar etmeýänler ýaly Ony ykrar etmäge pursat tapmaýanlar hem jähenneme girjeklermidir? Ýa-da bu ikisiniň arasynda tapawut barmy?

Şu günki günümizde örän köp ähmiýetli meseleler barka häzir muňa meňzeş sowallryň üstünde durmalymyka, durmaly dälmikä? Muňa meňzeş soraglaryň jogabyny tapmak o dünýede görjeklerimiziň hatyrasyna bize näme gazandyrar? Şu durmuşymyzyň hatyrasyna wada edýän zatlary nämekä? Beýik meshep ymamlarynyň şeýle seresaplylyk bilen üstünde durýan bu meselesi şeýle ähmiýetli we zerur meselemidi beri, ony birýaňalyk etmek üçin munça wagt sarp edipdirler?

Indi, bular we bulara meňzeş bir süri soragy birleşdirip getiren meseleden öňünçä din alymlary bolan ymamlaryň öwrenişleriniň we görüşleriniň gysgaça mazmunyny beýan etmäge çalşaýyn.

Akydada iki sany ähmiýetli ähli-sünnet akymyndan Eşarylaryň aýtmagyna görä Hak Tagalanyň adyny eşitmedik, Oňa degişli hiç bir teblyga şaýat bolmadyk kimse nirede, nähili ýaşasa ýaşasyn ähli-fetret (iki pygamber arasy wagt) bolandyklary üçin ähli-nejatdyrlar, ýagny jennetidirler. Siz Ymmaty Muhammet bolup, Serwerimize degişli habarlary alyp dünýäniň garaňkylyk yklymlaryna ýetirmedik bolsaňyz, Eşaryýa görä, ol garaňky ülkedäkiler ähli-nejatdyrlar we halas bolanlardyr. Hak Tagala belli bir derejede olara egilşik etjekdir we Jennetden ýer berjekdir...

Maturidilere gezek gelende, belli bir tarapdan Muteziler mezhebi bilen meňzeş düşünjededirler. Olara görä, bir ynsan akyly bilen Ýaradany tapsa adyny-sanyny bilsin-bilmesin halas bolar. Emma, akyly bilen düşünje taýdan Ýaradany tapmadyk bolsa halas bolmaz. Aslynda bu iki görüş birmeňzeş bolmasa-da, biri-birinden onçakly daşda-da däldir. Maturidiýe görä bir ynsan nirede bolsa bolsun, dagda, düzde, çölde, bu ýerde, ýa-da o ýerde aýlar-günleriň dogup ýaşmasyndan, ýyldyzlaryň parlaklygyndan, zeminiň nyzamy-intizam içindäki müň bir gözelliklerine, daglaryň seleňläp durşundan, depeleriň iç-içinden geçip, egin-egne berip ýatyşlaryndan, otlaryň-agaçlaryň näzikden-näzik çaýkanyşlaryndan, gülleriň jilwe çakyp ýylgyryşlaryna çenli hemmesi Ondan syrly bir habar we Soltanlar Soltanyny çeper aňladýan bir dildir. Şonuň üçin akyly başyndaky bir ynsan göz gamaşdyran bu görnüşleriň we kalplary gozgan bu owazlaryň, bu reň jümbüşiniň garşysynda her bir zadyň arkasynda gizlenen ol gudrat elini syzjakdyr we şübhesiz bir Ýaradanyň bardygyna ynanjakdyr. O Ýaradanyň adyny-sypatyny, Onuň kitaplaryny we ilçilerini bilmese-de, şeýle kişiler ähli-nejatdyr.

Ine şu nukdaý nazardan musulman däl ýurtlarda ýaşaýan ynsanlar hakynda derrew uly gürläp «ynanmady, beýle bolsa jähenneme girjekdir» diýmeýäris, diýmerisem. Çünki mezhep ymamlarynyň bu şekildäki nukdaý nazary iň azyndan sesimizi çykarmazlygy buýrýar...

Ymam Eşari hezretleri gelen kararyna «Biz Pygamber göndermesek (hiç bir millete) azap görkezjek däldiris» (Isra, 15) diýen aýaty delil edinýärdi. Hawa, Allah Kuranda «Pygamber göndermeden azap etmeris» diýýär. Beýle bolsa pygamberi görmedik, eşitmediklere azap edilmese gerek.

Maturidi hezretlerine görä akyl, «hüsun-kubuh» (ýagşy we ýaman) meselesinde esasy möhüm serişdedir we ýagşyny ýamandan seljerip biljek bir aýratynlyga eýedir. Ynsan akyly bilen bir topar zatlary biri-birinden tapawutlandyryp bilýär. Bu owadan, bu betnyşan diýip bilýär. Emma, aklyň ähli zady syzyp biljegini aýtmak hem ýalňyşdyr... Şonuň üçin Allah ýagşylygy buýrupdyr, ýamanlygy gadagan edipdir we bu ähmiýetli işi islendik wagt ýalňyşyp biljek aklyň paýyna goýmandyr. Wahyý bilen bulary anyklaşdyrypdyr, tertibe salypdyr, pygamberleriniň üsti bilen äşgär edipdir we ýeke nokadynam gümürtük edip goýmandyr. Maturidilere görä, akyl zynanyň erbetligini syzyp biler. Çünki onda şejeräniň, nesliň zaýalanjakdygy anykdyr. Kimiň maly kimiň çagasyna galjak? Şonuň üçin zynanyň erbetligi akyl tarapdan aýdylyp bilner. Ogurlyk etmegiň erbetligem akyl tarapdan syzylyp bilner. Çünki başganyň der döküp gazanan zadyny elinden almak erbetlikdir. Akyl spirtli içgileri içmegiň erbetliginem syzar. Çünki ol ynsanyň aklyny elinden alýar. Nesillere ters täsirini ýetirýär we bir topar keselleriň döremegine-de sebäp bolýar... Ýene şuňa meňzeş birnäçe zatlaryň akyl bilen alyp bolýandygyny aýtmak bolar...

Gowy we owadan zatlar hakynda-da, ýagdaý şeýledir. Meselem, adalat, başgalara ýagşylyk etmek gowy zatlardyr we munu akyl syzyp biler. Kuran we Sünnet bolsa bu meselelerde emrler berip köp zady aýdyňlaşdyrypdyr we bizi ýalňyş düşünmekden halas edipdir.

Şonuň ýaly-da Allaha iman gowy zatdyr. Çünki ynsan onuň saýasynda ynama gowşar. Heniz dirikä başy jennetlere ýeter we o dünýä degişli ajaýyplyklary şu dünýede ýaşar. Şol bir wagtda imana ýetiren ýol hem akyl-paýhas bilen syzylyp bilinjek häsiýetdedir. Hatda çölde mal bakyp ýören sowatsyz çarwa-da muňa düşünipdir. Allahyň Resulynyň huzuruna gelen bir çarwadan nähili ýol bilen beýik Ýaradana ýetip bilendigi soralanda «Bir ýerde bir düýäň gumalagy ol ýerden düýäň geçeninden habar berýän bolsa, aýak yzlary ol ýerden ýörelendigine delillik eder. Şu gök ýüzi ýyldyzlaryň sazlaşygy içinde, ýer ýüzi jülge-jülge gözellikleri bilen Alim we Habir bolan Allaha delillik etmezmi?» diýýär. Diýmek, bir düýe çopany öz akyly bilen her bir zady eliniň içinde saklaýan, her bir zady ylmy bilen dolandyrýan we her bir zatdan habarly bolan Gudraty Güýçliniň bardygyna akyl ýetirip bilýär. Beýle bolansoň iman meselesinde akyly gözden salmak bolmaz.

Ine bu nukdaý nazardan Maturidi «Ynsan akyly bilen Ýaradany syzyp biler» diýendir. Şonuň üçin yslam gelmezden öňki jahylýet döwri bolan fetret döwründe bu mesele köpler tarapyndan syzylypdyr. Meslem, bulardan Waraka bin Newfel beýik zenan Hatyjeýi Kübra enemiziň kakasynyň doganydyr. Serwerimiz Aleýhissalatu Wesselam ilkinji wahyý inende Jebraýyly ýer gögüň arasynda boýdan başyna, ganatlary bilen görende gorkupdyr, endamlary dyglap gidipdir we aýak aldygyna ylgap öýüne gelipdir we görenlerini Hatyja enemize gürrüň beripdir. Ol-da pyagmberimizi (s.a.w.) Warakanyň ýanyna alyp barypdyr. Bu kişi heniz Serwerimize (s.a.w.) pygamberlik gelmänkä beýik Ýaradanyň bardygyny syzypdyr, butlaryň hiç bir zady ýaradyp bilmejekdigini duýupdyr we akyly bilen Allahyň bardygyna ynanypdyr... Bulardan ýene biri Zeýddi. Hezreti Omar, Serwerimiziň kakasynyň dogany. Wagtal-wagtal butlardan ýüzüni öwürerdi-de şeýle diýerdi: «Bulara ybadat edilmez, bularyň hemmesi batyldyr, bir Ýaradan bar, emma, men bilmeýärin ol kimdir?..» Ol ölüm ýassygynda ýatyrka-da Hezreti Omary we ogly Hezreti Said bilen birlikde maşgala agzalaryny toplady we şeýle diýdi: «Men Allahyň bir dininiň bardygyna ynanýaryn, onuň kölgesi, alamatlary başyňyzyň üstündedir». Serwerimiz pygamberligini ýaňy yglan eden ýa-da heniz etmedik döwürleri, ine şol döwürlerde onuň: «Men ol diniň kölgesiniň başyňyzyň üstündedigini duýýaryn. Ol din gelen badyna wagt ýitirmän derrew oňa giriň» diýmesi, köp zada akyl-paýhasy bilen ýetendigini görkezýär. O-da «Bu zatlar adam eli bilen edilen zatlar asla ylah bolup bilmez» diýmegidi. Netijede ynasan eli bilen dikilen bu but we heýkelleriň hiç biri ynsanlaryň mätäçliklerini aradan aýyrmaz. Çünki, aslynda olar ynsanlara mätäç. Özleri mätäç bolansoň özgäniň mätäçligine nädip jogap berip bilsinler?

Şeýlelik bilen ýönekeý bir düşünje bilenem bolsa herkes gökleri we ýeri elinde tutan bir Gudraty Güýçlä düşünip biler. Zeýd we Waraka ýakynlarynyň wyždanlarynda bir owaz bolup galsynlar, zamanyň we mekanyň Serweri, ilkinji ykbal dostlaryny, hakykata şeýle ir düşünenleriň arasyndan seçip, akyl-paýhasyň jylawyny wahyýyň eline berip soňsuzlyga ýelken açyp ýörejekdir...

Indi, täzeden dönüp soragy gaýtalap göreliň. Yslam diýarynyň daşynda doglan kimseler gürrüňsiz jähennememi düşjekler? Hawa, Serwerimiz Sallallahu aleýhi we Sellemiň, Kuranyň aýdanlaryny eşidip we pygamberimiziň pygamberdigine şahadat getirip, emma bu ugurda hiç hili gözlegde bolmadyk kişiler, elbetde, jähenneme girerler. Emma, muňa garamazdan, sähelçe-de bolsa, hiç bir mümkinçilige eýe bolmadyk garaňkylykda ýetişen, garaňkylykda galan, garaňkylykdan dem alan, garaňkylyk içinde ýatan-turanlar, umyt edýäris Hak Tagalanyň merhemetinden peýdalanyp hasaba çekilmekden halas bolsunlar...

Rugsat berseňiz berlen soragdaky meseläniň biz bilen baglanşykly tarapy barada aýtmakçy bolýaryn. Ilkinji musulmanlar musulmançylyga doly wekilçilik edip, Serwerimizden (s.a.w.) eşiden habarlaryny dünýäniň dört künjüne ýaýradýardylar we köpçüligiň wyždanyny oýarýardylar. Bu gün olaryň durmuşy hekaýalarynyň kölgelerinde hem şeýle beýik, şeýle çuň ruhy ahwalat syzylýar, bir ynsan ol hakykatlara düşündigi, olaryň getiren habarlaryna adamzadyň biparh galmajakdygyna bada-bat düşünýär. Bu mümkin boldugyça edermen, mümkin boldugyça armazak, gaýduwsyz ynsanlar örän gysga wagtyň içinde dünýäniň dört ýanynda şeýle bir ala-galmagal emele getirdiler, misli seslerini eşitmedik ýer-ýurt galmady we yslamyň nury iň garaňkylyk, iň tümlük nokatlara çenli ýagtylandyrdy. Hawa, olar örän çalt, örän hereketli we örän ýokary derejede yslamy temsil etdiler we Kuranyň beýanlaryny Sebt bogazyndan Aral kölüne çenli, Anadoly kenarlaryndan Hytaý diwaryna çenli ýetirdiler. Hawa, Hezreti Osman döwründe musulmançylyk bu ýerlere çenli gelip ýetdi. Hezreti Muawiýe döwründe Ukbe Ibn Nafiler bilen Herkül burçuna gelip durupdy. Berberiler, bu günki Marokko, Tunis, Alžyr, durşuna Demirgazyk Afrika ýurtlary yslamyň golastyna girdiler we onuň emirlerine tabyn bolup başladylar. Başlangyç döwründen hasap ediljek bolsa heniz otuz ýylam bolmandy. Bu otuz ýylyň içinde dünýäniň dört künjeginde şamçyraglar ýakdylar we dünýäni ýagtyltdylar. Baran ýerlerinde yslama kemsiz wekilçilik etdiler, herkes tarapyndan söýlüp hormatlandylar, ykrar edildiler. Şeýle bir ykrar edildiler, hristianlar we ýahudiler indi ony öz dindeşlerinden olary üstün tutýardylar. Hezreti Omar mesjidi Aksa gidende, Ebu Ubeýde Şama girende söýgi bilen garşylandylar. Hatda bir salym musulmanlaryň Şamdan çekilmeli boljakdyklary orta çykanda hristian poplary kiliselere dolup musulmanlaryň hossarlygynyň dowamaty üçin doga etdiler. Musulmanlara: «Gidişiňiz ýaly inşallah ýene gelersiňiz. Jizýe (paç) berip, goragyňyzda bolarys» diýdiler. Ilkinji musulmanlaryň şeýle eý görülmesi bilen milletler joşa-joşa akyp musulmançylyga goşulýardylar. Aslynda her biri bir Omar bola, ol mübärek jemagaty görenleriň musulman bolmazlygy mümkinem däldi. Gije Hak huzurynda tagat ybadat kylyp, ýüreklerini ýakyp-ýandyryp gözýaş dökenler, gündiz at üstünde, ellerinde gylyç edermenleriň edermeni we ol «ruhbanun filleýli we fuysanun fynnehar» bolan gahrymanlar köňüllere şeýle bir giripdiler, herkesde şeýle bir oňat duýgylar oýarypdylar, örän ýakyn geljekde tutuş jahan gapylarynyň olara açyljakdygyna ynam bilen garalýardy.

Şu günlerde bolsa biz bir ada we adajyga sözümizi geçirip bilmeýäris. Elimizdäki ýerleriň howpsuzlygyny hem üpjün edip bilmeýäris. Olaryň bolsa döreden ynamlarynyň, dana syýasatlarynyň, pähim-paýhaslarynyň we dini ýaşaýyşlarynyň öňünde galalaryň gapylary doly açylýardy we hormatly ildeşlik, simwoliki açarlar däl, hakyky ýolbaşçylyk we hakyky açarlar berilýärdi.

Bu günki Siriýa we Palestina musulmanlaryň eline geçende ol ýerde bolan goşun ýolbaşçylary Mesjidi Aksanyň açaryny isläpdiler. Wezipeli pop: «Mesjidi Aksanyň açaryny aljagyň keşbini bilýäris we bu açarlary Ondan başgasyna bermegimiz mümkin däldir» diýdi. Olar öz aralarynda gepleşibersinler, Hezreti Omar Medineden Mesjidi Aksa tarap ýola düşüpdi... we kimsäniň nähili gelmeldigindenem habary ýokdy. Emma, şol popuň garaşyşy ýaly gelýärdi. Döwlet mülkünden bir düýe alyp, onuň bilen ýola rowana bolupdy. Taksi ýok? Ýeňil maşyn ýok, emma, bir bedew at bolup bilerdi. Nätjek-dä, ol atam ýokdy. Hyzmatkäri bilen bile bir düýäni gezekleşip münüp gelýärdiler. Ýakyna gelenlerinde goşun ýolbaşçylary doga etdiler. Inşallah Iordaniýa derýasyny geçenlerinden soň düýä münmek gezegi Hezreti Omara geler. Çünki, bu Wizantiýa halky öz köşklerinde şowhun we dabaradan başga zat görmänsoň, bize ýolbaşçylyk eden halyfy beýle görnüşde, ýagny hyzmatçysy düýäň üstünde özüniňem ol düýäni idip gelýänini görseler aýp bolar. Aslyýetinde aýp bolan zat, adalatsyzlyk we özgäň hakyny iýmekdi. Hezreti Omar muny etmezlige çalyşýardy. Olar doga edibersinler, Allah iň haýyrly bolanyny seçipdi. Derýadan aşan wagtlary düýäni iýtme gezegi Hezreti Omara gelipdi. Ol düýeden düşdi we ýerine guly mündi we Hezreti Omar düýäniň owsaryny aldy, derýanyň kenary bilen gidiberdiler... Munça günläp, uzak ýoly düýeli geçensoňlar egin-eşigi düýäň hatabyna sürtüle-sürtüle ýyrtylypdy. Bu ýere gelýänçäler gör näçe gezek eline iňňe sapak alyp, bir çete cykyp eşiklerini ýamapdy! Egnindäki eşiginde şol gün on dört ýamasy bardy. Estagfyrullah! Olara ýama diýilmez olar hormat nyşanlary diýilse dogry bolar... Bu ýagdaýy gören pop: «Boldy-boldy. Biziň kitaplarymyzda-da şu görnüş beýan edilýärdi» diýip gygyryberdi. Megerem, uly gurrandazlarynyň gurrasyna görä Hezreti Omaryň ýol boýy gelişi kitaplarynda ýazylanmyş. Şol sebäpli Hezreti Omary bolup gelşinden tanan pop: «Biz açary ine şuňa bereris» diýdi.

Açarlaryň oňa berilmegi, Mesjidi Aksanyň musulmanlaryň ygtyýaryna geçmegi ynsanlaryň topar-topar musulmaçylyga girmegine wesile boldy.

Men size Hezreti Omar ýaly yslamyň abraýy bolan bir kaddy-kamaty bilen baglanşykly wakalary aýdyp berip, duýgy dünýäňize täsir etmegi maksat tutmadym. Maksadym, düýnki bolşy ýaly yslam bu gün hem öz ruhuna uýgun şekilde wekilçilik edilýärmikä? Olar 20-25 ýylyň içinde uly ölçegde Afrikany, Taşkendi, Samarkandy, Buharany... Buharileri, Müslimleri, Tirmizileri, Ibni Sinalary, Farabileri, Birunileri ýetişdiren mübärek bir dünýäni bir demde, bir hemlede, bir öwüsginde elde etdiler. Kawkaz, Azerbaýjan, Yrak we Eýran ýaly ýurtlarda öz häkimýetlerini gurdular. Hawa bir hemlede dünýäniň dört burçunda «Lä ilahe illallah Muhammedün Resulullah» hakykatyny ýaýratdylar we yslam habaryny herkese duýdurdylar.

Bu gün ol uzak ülkeleri goýuň, biz dogry-dürs öz dünýämize-de bir zatlar düşündirdik diýip aýdyp bilmeris. Bizi diňleýän bir jemagat içinde bolýarys we olary ynandyrmaga çalyşýarys. Emma hiç ynanmaýarlar. Aýdan sözlerimiz buzdan doňdurylan diwara degip yzyna gaýdýan ýaly, sowuk-sowuk gelip ýüzümize urulýar. Sözde aýdýarys emma hiç ruhy taýdan täsirimizi ýetirip bilmeýäris. Bulary Rabbimiziň soňsuz lutflaryna garşy gadyrbilmezlik edip aýtmaýaryn, aýtmarynam. Ilkinji döwrüň ynsanlary bilen bizi deňeşdireniňde, Ashab-y Kiram bilen aramyzdaky uzaklyga dykgatyňyzy çekmek maksadyna eýerýärin.

Gögerçinler kimin ganatlanyp, çyn bedewler kimin çarpaýa galyp, eginlerine alan ylahy habary herkese, her ýere eşitdirmek üçin çar ýana ýaýradylar, Eýrana, Turana we bütin dünýä... Ukbe bin Nafä-de Afrikany açmak düşüpdi. Üst-üste gazanan üstünlikleri bilen musulmanlaryň ýüzüniň tuwagyna öwrülen Ukbe duşmanlary tarapyndan atylan töhmet sebäpli şol ýeriň emiri tarapyndan buýruk çykarylyp, goly zynjyrlanyp, yslamy ýaýratmak hereketinden alnyp galnypdyr. Gollary zynjyrly bäş ýyl zyndanda ýatan döwründe iň uly hasraty yslamy ýaýratmakdan galmagy bolupdy. «O başyndan bu başyna Afrikada musulmançylygy ýaýratmak arzuwym bardy, päsgel berdiler, şoňa gynanýan» diýerdi. Bir gün, yslama ýetiren uly zyýanlary bilen birlikde Ukbäniň golundaky zynjyryny aýyryp, ony täzeden Afrika wali (gubernator)edip bellände iň uly haýyr işini eden Ýezit günäsine deň sogap işi hem edip Ukbäni boşatdy. Ol durgunlyk ýagdaýyna gelen yslam ýeňişlerini we yslamlaşdyrma hereketini täzeden janlandyrdy. Ukbe hem bir demde soň nokada ýetdi. Atyny okeana urup, suwuň içine çenli girýär we «Allahym, bu aňyrsy görünmeýän, garaňky deňiz öňümden çykmasady, seniň beýik adyňy deňizlerdenem aşyryp dünýälere ýetirjekdim» diýýär. Dünýäni ol şunuň ýaly göz öňüne getirýärdi. Ähtimal, oňa ýene bir dünýäden – Amerikadan söz açylsady «Oňa nähili gidilýär?» diýip munuň pikirini ederdi.

Hawa, bu ynsanlaryň ýaşan döwründe musulmançylyk ýaýradylýardy, eşitdirilýärdi we herkese düşündirilýärdi. Eşitdirilmedik ýerlere barmagyň hasratyny çekýärdiler. Bize gezek gelende ne oňa özüne mynasyp derejede wekilçilik edip bildik ne-de ýyldyrym çaltlygynda ýeriň dört künjegine ýaýradyp bildik. Hawa, olar ýaly bu işi barlygymyzyň maksady hökmünde görmedik. Onuň üçin şahsy işlerimizi terk edip bilmedik. Onuň üçin bir gezeklik bolsun öýlerimiziň ýoluny unutmadyk. Bu işe birinji işdir diýip, beýleki işlerimize gezegine görä ikinji, üçünji, dördünji... diýmedik. Dogrusy biz hem küfür diýaryna gitdik, emma marka getirmäge, dollar getirmäge, şiling getirmäge, frank getirmäge gitdik. Allahyň beýik adyny ýaýratmaga gitmedik. Edil şonuň ýaly olara beýik hakykatlary eşitdirmedik. Bu gün olar biziň gaýratsyzlygymyz, biziň ejizligimiz, biziň başarnyksyzlygymyz sebäpli küfür we küfranlykda ýaşaýan bolsalar, megerem, bu babatda bir sorag olara berilse, bir soragam bizden soralar.

Düýn bir arkadaşymyzyň guramagy bilen ol ýerlerde geçrilen bir konferensiýany görmäge mümkinçiligim boldy. Konferensiýa nemesçe geçýärdi we onuň bir sözüne-de düşünmeýärdim. Emma belgiler, gözümiň görýän zatlary maňa köp zatlary habar berýärdi. Mundan biraz öňräk Berlinde bir mazaryň başynda aýaklarym ädilmän: «Başym saňa gurban bolsun Allahym, Seniň mübärek adyňy bulara we bu ýerdäkilere eşitdirip bilmedik» diýip iňledim. Häzir bu görnüşlere bakyp otyrkam öz-özüme nämeler diýdim, nämeler: «Gollandiýada bir kilisede bir ýaş musulman konferensiýa berýär we kilisäniň popy-da oturyp ony diňleýär. Musulman bolupdyr, başy ýaglykly gollandiýaly aýallar we höwes bilen yslamy öwrenmek isleýän başga aýallar... soraglar soralýar, jogaplar berilýär...» Häzir bu ýerde olary dile getirmekden ejiz gelýärin. Emma bularyň hemmesi bir pessaý ses we tejribe manysynda öwrenje, höwesjeň zatlardan ybarat... Muňa meňzeş gaýratlar yslamyň ýolunda hyzmat hasap edilse-de, hyzmatyň hut özi däldigi açyk.

Biz bu gün heniz bu kaşaň köşgüň howlusynda aýlanşyp ýörüs. Uly bir işler bitirýäris diýip aýdyp bilmeris. Bu sebäpdenem köp adamlar häli-häzirem ýoldan azaşyp ýörler. Wagtal-wagtal olara din, diýanet düşündirmäge synanyşdygam, emma, netijesiz çekişmelerden halas bolup bilmedik we dogrusy heniz Hezreti Omaryň derejesinde, Ukbe bin Nafi derejesinde, Ebu Ubeýde derejesinde, Ahmet bin Kaýs derejesinde, Mugire bin Şube derejesinde, Kaka derejesinde bu meselä girişip bilmedik. Kim bilýär olaryň batyrlygynyň, edermenliginiň, adamkärçiliginiň, ynanjynyň, azmynyň we kararlylygynyň garşysynda garşydaşlarynyň ýüregi näçe gezek hopugandyr we olary gören gözler gör näçe gezek iman etmegi ýüregine düwendir?.. Olaryň bu meseledäki gaýratlaryna, sähelçesini hasaba almasak, bu gün bagyrlarynda musulmanlary ösdürip ýetişdiren ülkeleriň ol ilkinji mübärekler tarapyndan dine salynmasy hem delil hökmünde ýeterlik.

Ine, mesele şu nukdaý nazardan öwrenilse, şol wagt Parižde, Londonda, Nýuýorkda ýaşaýanlara biraz has ýumşak garardyňyz, hatda belki dyzyňyzy ýumruklap we eliňizi ýüregiňiziň üstüne goýup «Ýazyklar bize bolsun, diýmedik, eşitdirmedik we olary garaňkylygy böwsüp ýagty gündize çykarmadyk» diýersiňiz.

Bu ýerde meşhur wagyz ediji Nejmetdin Nursaçan hojanyň aýdyp beren hekaýatlaryndan bir bolan waka ýadymda galypdyr, ony size gürüň bermekçi bolýaryn. Biziň işçilerimizden biri Ýewropada bir öýde myhman galýar. Öý eýesi bilen bile oturýar, bile turýar, bile iýip-içýär. Soňra ol işine gidýär, öý eýeleri hem öz işlerine gidýärler. Emma, myhman musulman dini duýgy we dini düşünjelerine görä ýaşamakdan, olary düşündirmekden çekinmeýär. Wagtyň geçmegi bilen öý eýesi, maşgalabaşy musulman bolýar we edil Amr Ibni Tüfeýl ýaly ol musulman bolansoň, aýalam: «Şu güne çenli biledik, indem bile bolaly. Syratda-da bile bolaly, jennetde-de. Eger musulmançylyk ynsany ötelere ýetirjek bir zat bolsa, sen gidersiňde men näme üçin galaýyn» diýýär we «Lä ilahe illallah» diýip o-da galkynýar. Birden jedir-jedir çagalaram, tutuş maşgala biragyzdan musulman bolýarlar. Yslamyýet bilen tanyşanlaryndan soňra öýlrei jennetiň bir künjegine öwrülýär. Aradan esli wagt geçenden soň bir gün öý eýesi mürşidine hemmämizi haýran etjek şu sözleri aýdypdyr: «Eger walla, käteler begenjimden we şatlygymdan ýaňa seni bagryma basyp her tarapyňdan öpesim gelýär. Emma birdenem şeýle bir öýke bilen saňa seredýärin welin, ýakaňdan tutup silterläp, urasym, ýenjiberesim gelýär. Çünki sen biziň öýmüze geldiň, hormatly myhmanymyz bolduň, seni Serwerimiz (s.a.w.) yzarlady. Hawa, sen geleňde Hezreti Muhammet Sallallahu Aleýhi Wessellem hem geldi, Kuranam geldi, Allaha imanam geldi we saýaňda öýmüz jennetiň bir burçuna öwrüldi. Emma, meniň bir kakam bardy. Päk, arassa bir ynsandy. Sen gelmeziň öň ýany hristian bolup dünýeden ötdi. Näme üçin biraz öňräk gelip oňa-da bulary düşündirmediň?» Meniň pikirimçe bu perýat, bu nala çekmek, bu sarsma we titreme, bütin hristian we ýahudy dünýäsiniň musulmançylyga bolan nägileligini aňladýar. Biz gitmedik. Yslamy äkitmedik. Hatda bolan ýerlerimizde hem gowşaklyk etdik, ony töweregimize ýaýratmadyk, yslamy geregiçe ýaşamadyk, düşündirmedik we ony mätäç kalplara ýetirmedik.

Rugsat etseňiz ýene bir mesele barada aýtmak isleýärin. Bizi musulmançylykdan uzaklaşdyrylanlar – olaryň öz sözi bilen aýtsam – bu millete elmydam Günbatar swilizasiýasynyň derejesinde bir durmuşy wada edip geldiler. Aradan bir asyra ýakyn, hatda bir hasapdan 150 ýyl ýaly bir döwrüň geçendigine garamazdan, henizem Günbataryň gapysynda dilegçilik edip ýörüs. Üýtgän hiç bir zat ýok. Bir iňňäniň ujy ýaly öňe süýşüldi diýip aýdyp bilmeýäris. O günem, bu günem Günbatar bizi mydam gapyguly we halaýygy ýaly gördi. Bäş-üç manat üçin ilini-ýurduny terk eden gapygullary... Häzir men sizden bir zady sorajak: «Hristian we ýahudiler musulman bolmaýar we biziň negözel ýörelgelerimizi kabul etmeýär. Munuň näme üçin beýlediginiň heý pikirini etdiňizmi?» Munuň jogaby göze görnüp dur. Birisi şeýle gowy ýörelgeleri bilen size gelse we habarlaryň iň gowsuny getirse, hatda gökleriň gapylaryny açsa, jennete barýan ýoly görkezse, emma ony görkezýän siziň gapyguluňyz bolsa, siziň hyzmatyňyzy edip ýören, ownuk işleriňizi edip ýören bolsa, siz onuň dinine girmegiň pikirini edermidiňiz?.. Her niçigem bolsa, gapyguluňyzyň yzna düşmersiňiz, hyzmatkäriňize tabyn we dilegçiden dilenýän bolmarsyňyz...

Bu gün yslam älemi özünden garaşylan şekilde agzybir däl, yslamy bolmalysy ýaly ýaşamaýar, durmuşynda amal etmeýär we henizem Günbataryň gapysynda dilegçilik edip ýör. Sen düýnki gapygullarynyň garşysynda şeýdip urlan ýumrukdan elli gezek seňseläp, elli gezek olaryň aýaklaryna ýykylsaň we olary göreňde titir-titir titreseň günbatarlyň seni diňlemesi, habarlaryňa gulak goýmagy asla mümkin däldir. Şonuň üçin, edil ata-babalarymyz ýaly yzzatly we buýsançly ynsanlar bolup, örän ýokary derejelerde yslamy bolmalysy ýaly ýaşap, onuň hakyky wekilleri bolup gapylaryndan baran wagtymyzda, diňe şonda olar bizi diňlärler we kabul ederler. «Dilegçileriniň dinini kabul etmek, ellerinde hyzmatkär we işçi bolup işleýänleriň sözlerine gulak asmak islemeýän bolsalar, dogrusy, bir tarapdan doly haklary bar» diýmäýin, emma, özlerini ýazyksyz duýup bilerler we ähtimal ötede bir sorag olara berlen wagty, bir soragam yslama wekilçilik edýän ýaly görnübem bu işi bulaşdyranlardan soraljakdyr.

Meniň pikirimçe, meselä ilki bilen bu babatda garalmaly, bize we olara degişli jogapkärçilikler bilelikde öwrenilmeli, hökümler hem adalat we istikamat çäklerinde berilmelidir. Ýogsa bir topar görümsiz kimseleriň daşary ýurtlarda ýaşaýan herkesi jähenneme oklap, gapysyna garawul bolup dikilmesi ýaly bir düşünjeden biz menzil-menzil uzakdadyrys. Şeýle hem musulmanlyk adyna orta çykyp, ýarpy-ýalta beýanlaryny aýdyp-aýtman ýörenleriň yzyndan älem ylgar diýen hyýalbentlikdenem biz juda uzakdadyrys.

Emma, ynanýarys bir gün dünýä ýüzünde bir üýtgeşiklik bolar. Orta guşagyň hünji-merjen dünýäsi, Türkiýe Müsür, Türküstan ýaly ülkeler öz kadlaryna gelerler. Bu mübärek dünýä şahsyýetli we ýaşatmak hyýaly bilen, ýaşama arzuwlaryndan gutulyp, ter-tämiz we tamakinçiliksiz, sahawatly ruhlaryň saýasynda täzeden ýer ýüzünde öz ornuny eýelär. Ine şol wagt jahanyň Gündogary-da, Günbatary-da bizi diňlär.

Bu ýerde bolup bilmejek bir zat ýok. Bolar, hatda bolubam ugrandyr. Bu gün Günbataryň pikir adamlary musulmançylygyň täsinliginiň we täzeliginiň öňünde haýrandyrlar we bu bakyş örän çynlakaý üýtgeşmelere sebäp boljak ýaly görünýär. Örän ýakyn geljekde ijtimagy geografiýada çynlakaý özgerişlikleriň boljakdygyny uzakdaky bir zat ýaly görmek ýalňyşdyr. Hawa, dünýä kartasynda bir topar üýtgeşmeler boljakdyr.* Emma, muny buýsançly, ruhubelent ynsanlar etjekdirler. Öz işiniň aşagynda galyp ezilen, bular ýaly meseleleri amala aşyrmagy boş wagtlaryna goýan, deregi dagan ynsanlar däl...

Bir başga wagt aýdyp geçişim ýaly başlaryny görden galdyryp, mazar daşlarynyň arasyndan size bakanlar «ine bular şolar bolmaly» diýen wagty siziň işiňiz biter, dünýäniň hem işi bitendir. Hawa, ine şol wagt dünýä bilen hasaplaşyp bilersiňiz.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr