Ahli barlykda özara bir sazlaşygyn bolmagy ahyreti subut edýär

Ahli barlykda özara bir sazlaşygyn bolmagy ahyreti subut edýär

Töwerekdäki barlyklar bilen ynsan arasynda örän berk baglanyşyk bardyr. Bu özara baglanyşyk ony ýaradan Halygyň birligine we ýeke-täkligine delalet eder. Görülÿän, duýulÿan, dadylÿan zatlary ýaradan kim bolsa, ynsana görmek, duýmak, tagam bilmek ukyplaryny yhsan eden hem ýene Oldur.

Rehim şepagat ediljekleri döreden bilen ynsana rehim şepagat duýgusyny beren hem şol bir Barlykdyr. Käbir hadysalar erk- erade arkaly berjaý edilÿär. Bu hadysalary döredenem, ynsana erk-erada duÿgysyny berenem şol bir Barlykdyr. Sanap aňyrsyna çykyp bolmajak nygmatlary beren bilen, şol bir wagtyñ özünde nygmatlary datmak duýgusyny ynsana beren, döreden bir Wajibul-Wujud bardyr. Ynsanyň bedenine gözi ýerleşdiren kim bolsa, Asmanyñ gözöne Güneşi göreç kimin ýerleşdiren hem Oldur. Şonuň üçinem ynsanyň gözi bilen Güneşiň arasynda özara baglanyşyk we sazlaşyk bardyr.

Alma ynsanyň bedeni üçin peýdaly witaminleri özünde jemleýär. Gaty we düzüminde seluloza bolan almanyň gabygy hem peýdalydyr. Çünki ol iýilende içegelerde ony eredip biljek enzim ýokdugy sebäpli içegeler ýaltalykdan halas bolar, bu-da beden üçin peýdalydyr.

Alma witaminleri bilen peýdalydyr. Emma, ynsan onuň witaminlerinden peýda görmekçikä agzy datly tagamy almasa, iýesi gelmese ol witaminleri alyp bilermikä? Diňe örän zerur ýagdaýda zerur bolan mukdaryny, edil derman ýaly alar we ynsanyň içinde işdäsizlik döreder. Emma, oýlanyp göreliň, ilki bilen biziň bedenimiz ondaky witaminlere mätäç edilip ýaradylypdyr. Şonuň üçin ol witaminleri alýarkak agzymyza-da keýp berilýär, we biz alma iýýärkäkbedenimize peýdasyndan beter agzymyzda döreden süýjüligi, lezzeti üçin iýýäris. Ähli miweleri iýişimizi alma iýişimiz bilen deňeşdirenimizde, bu usulyň ýaşaýyşyň her böleginde ulanylandygyny-da ýatlalyň.

Ynsan nesliniň, hatda bütin janly-jandarlaryň nesliniñ tükenmezligi we dowamaty üçin Jenaby Hak bir kanun goýupdyr. Emma bu ÿaradylyş kanunynda öňünden töleg hökmünde keýp we lezzet ýerleşdiripdir. Eger bu töleg öňünden ol amalyň içine ýerleşdirilmesedi gaÿta tersine, bu hereket ynsanyň ýigrenen bir ýakymsyz ýagdaýy halynda bolan bolsady, onda ynsanyň nesli dowamy hiç-haçan mümkün bolmazdy.

Bütin bu aýdylanlardan, şeÿle netije çykarmak mümkün: nesliñ dowamaty kanunyny kim döreden bolsa, ondaky öñünden töleg hökmündäki lezzeti hem şol döredipdir. Bulary döredende hem ÿaradylyşa kybap görnüşde döredendir. Şeýle bolsa ÿaradylyş tebigylygy ýaradan hem Ol Gudratdyr.

Hawa, Jenaby Hak biri-biri bilen şeÿle sazlaşygy bolan bu nygmatlary bilen bize Perwerdigärimizdigini görkezÿär, saçagymyzy näz-nygmatlardan doldurÿar, soňra bolsa duÿdansyz howa garalyp apy-tupan turuzÿar. Yzy bilenem uly hormat bilen taýýarlanylan saçak ÿele sowrulÿar. Ölüm ýeli ösýär we ýa bizi, ýa-da ol nygmatlary alyp gidýär. Diýmek bu ýerde bize hödür edilen nygmatlar diňe geçiji we pany dünýä üçin berilmeýär. Eger bu ýerde beren nygmatlarynyň arasynda sazlaşyk bar bolsa ähli nygmatlary baglanyşdyrýan, has uly bir nygmaty hem bardyr. Bu ýerde dadyranlary hem diňe ahyret nygmatlaryna höwesi artdyrmak üçindir. Ýagny,bu dünýädäki nygmatlar ahyretde beriljek nygmatlaryñ mysaly, nusgasydyr we olaryň asyl nusgasy o ýerde beriljekdir. Dünýädäki bu arabaglanyşygy kabul edenimizden soň, ahyretdäki baglanyşygy kabul etmezlik akyl işi däldir.

Jenaby Hak bu älem bilen o älemi biri-birine berk baglanşykly we utgaşykly edip ýaradypdyr.

Barlyk, barlykdaky ölçeg we mizan bütin nygmatlar hem gözellikler beýleki älemdäki manylaryna yşarat edýärkä, bela, tebigy betbagtçylyklar we jebri-jepalar olara mynasyplar üçin ol älemde hem edil şonuň ýaly boljakdygyny habar berýärler.

Hasap we hasabatlar, aýap saklamalar we goraglar, bütün amallaryň bir hasabynyň boljakdygyna we hasaba alnan amallaryň ýagdaýyna görä, bir gün ÿüzi gyzaryp gap-gara bolar, ýa-da görlüp-eşdilmedik begenç we şatlykdan ýaña güljekdigine anyk delildirler. Köňüllere giňlik beren bu ylahy beýany ýene bir gezek gaýtalalyň:

«Ýüzler bar, ol gün şadyÿan parlar Rabbine bakar». (Kiýame, 75/22, 23).

Hawa bir öýüň otaglarynyň arasynda nähili berk bir baglanşyk we sazlaşyk bar bolsa, dünýä bilen ahyretiň arasynda-da edil şeýle we hatda ondanam has kämil ÿagdaÿda sazlaşyk bardyr.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr