Älemde görülen umumy hikmet

Älemde görülen umumy hikmet

Älem-jahanda ähli zady öz içine alan bir hikmeti gözümiz bilen görüp durus. Her zatda bir peýda, bähbit we maksat goýlupdyr. Materialistler sebäp diýlen hikmeti inkär edip, Jenaby Hakyň gudratyny makullamazlyga çalyşýarlar. Ýagny Ol şuňa görä şuny etmegiň mejburyýetinden azatdyr.

Asla Oňa hiç kimse jebir bilen bir iş etdirip bilmez.

Her kim nämäni islese ony Allah ýaradar.

Ýagny, takdyra näme degişli bolsa şol bolar.

«Älemleriň Rabbi Allah islemese, siz bir zady diläp bilersiňiz» (Insan, 76/30). Ynsan Onuň isläninden başgasyny diläp hem bilmez. Ýagny Ol ýeke-täk hakimdir. Emma ýaradan her bir zadyny bir hikmet bilen ýaradandyr.

Ynsan bir pursat nazar etse özündäki bir topar hikmet we bähbitleriň many-mazmunynyň ýylgyryş içinde orta çykandygyny görer. Onuň ähli agzalaryny ýeke-ýeke ele alan mahaly ondaky bir atomyňam gereksiz däldigi görner.

Uly bir ynsan görnüşinde bolan älem hem ençeme hikmetler bilen gurşalandyr. Tutuş barlykda çybynyň ganaty ýaly-da manysyzlyk tapylmaz. Bize peýdasyz ýaly görünýän, butnaman duran bir agajyň ýapyragynda hem bize näbelli bolan birgiden peýdaly taraplary gizlenip ýatandyr. Dogrusy bulary beýle ýaratmaga Haktagala mejbur däldir, emma Ol Hakim ady bilen muny şeýle edýär.

Hawa, makro älemden, normo äleme, ondan hem mikro älemine çenli ähli barlyk hikmet we peýda bilen gurşalandyr. Bütin bu barlyklaryň içinde iň kämil barlyk, iň tapawutlandyrylyp ýaradylmaga laýyk görlen-ynsandyr. Bu dünýäde diňe maddy we bedene degişli tarapdan müňlerçe hikmet bilen buýsançly bolan ynsan üç-bäş günlük dünýä üçin gelen we gaýdyp dirilmez ýaly ölüme buýrulan biçäre zat bolup bilmez.

Diňe maddy tarapy bilen bu dünýä ony doly kanagatlandyryp bilmeýär. Hyýal we bakylygy arzuw etmek ýaly älem-jahany gurşaýan meýil-arzuwlaryny nädip kanagatlandyrsyn. Ynsanda hiç bir duýgynyň boş, gereksiz ýaradylmandygyny başda kabul edendigimize görä, bu bakylyk, ebedi ýaşamak duýgusynyň we arzuwlarynyň bu dünýäde garşylygyny görmedik ynsan, elbetde, özüne bir hikmet sebäpli berlen bu duýgularyny o dünýede kanagtlandyrar.

«Biz sizi keýpine, bir oýun we güýmenje hökmünde ýaradyp, siz Bize, yzyna dolandyrylyp getirilmeris öýtdüňizmi?»

Hak patyşah bolan Allah örän beýikdir. Ondan başga taňry ýokdur. Ol (bütin älemi gurşan, ýaşaýşyň gözbaşy bolan) kerim Arşyň eýesidir». (Müminun, 23/115, 116).

Siz özüňizi gereksiz ýaradylandyrys öýüdýärmisiňiz? Allaha gaýdyp barmarys, diýip, düşünýäňizmi? Beýik we mübärek Allah beýle işden daşdadyr we mukaddesdir. Sizi bu ýere getirmek bilen mertebäňizi göterýän, maddy jesediňiziň ähli zerurlyklaryny berýän, älemde bolup geçýän hadysalara görä iň kiçi barlygyň iň kiçijik arzuwyny hem wysala ýetiren Allah (j.j.) elbetde, siziň iň uly arzuwyňyz bolan «bakylyk» arzuwyňyzy hasyl eder we siziň üçin ebedi älemi açar.

Nebiler Nebisi sagadat mejlisinde oturýardy. Mesjide bir topar ýesir getirildi. Şol wagt Allahyň Resuly (s.a.w.) bir aýalyň jany-teni bilen birini gözleýändigini gördi. Aýal ol ýerdäki çagalary ýeke-ýeke bagryna basýar, ysgaýar soň goýberýärdi. Ahyry öz çagasyny tapdy. Bagryna basdy. Doýa-doýa ony öpýär, ysgaýar, ýene bagryna basýar. Allahyň Resuly (s.a.w.) bu görnüşe gözlerini aýryp bilmän bakdy. Sojap-sojap aglap, barmagy bilen ýanyndakylara bu aýaly görkezdi-de: «Şu aýaly görýärmisiňiz?» diýdi. Sahabalar «Elbetde, ýa Resulyllah» diýip jogap berdiler. Allahyň Resuly: «Bu aýal öz gujagyndaky balasyny dowzaha atarmy?» diýip sorady. Sahaba: «Ýok, ýa Resulyllah» diýen jogaby berdi. Munuň bilen baglanyşykly Iki Jahan Serweri şu hikmetden doly sözlerini aýtdy: «Allah ol aýaldan has rehimdardyr, öz gullaryny dowzaha atmaz».

Meniň bu mysalyň üsti bilen düşündirmek isleýän zadym şudur. Guluny dowzaha atmaýan we şeýle derejede şepagatly bolan Allah, bu ýerdäki adalatyna, rahmaniýetine, rahymyýetine, şepagatyna we beýikligine ters hereketi, ýagny guluny ýene bir dirilmez ýaly edip ýokluga atarmy? Hawa, ebedi jähennemem ýok bolmak bilen deňeşdireniňde ynsanyň ruhunda jennet ýaly gymmatlydyr. Ýokluk jähennemden hem aýylganç bolan we ynsanyň ebediligi isleýän ruhunya dady-perýat etdirjek, gorkunçlygy aýdyp-diýer ýaly bolmadyk üýtgeşik bir azapdyr.

Dünýädäki her bir gymmatlygy ölçäp biljek bir mizan we ölçeg bellenilendir. Emma akyl, ruh, duýgy, aň we bularyň netijeleri üçin hiç bir ölçeg ýokdur. Akylyň agramyny ölçäp biljek ölçeg birligine eýe dälsiňiz. Emma welin, iýen we içen zatlarymyzyň agramyny çekip biljek terezi bardyr. Bularyň il içinde, ýa-da daşary ýurtlarda puluň hümmetine görä bir gymmatlygy bardyr. Muňa laýyklykda ýurduň içerki we daşarky söwdasynyň möçberi kesgitlenilýär. Bu esasda bir bölek ýeriň gymmatynam kesgitläp bileris.

Emma, uly bir fetaneti, kyýaseti we paýhasy ölçäp agramyny kesgitläp biljek terezi, ýa ölçeg birligi ýokdur. Meselem, Şekspir we Hugo ýaly üýtgeşik akyllar bu ýerde paýhaslarynyň miwelerini görmändirler. Bu meseläniň ýüzleý tarapy. Şeýle hem bu meselä çynlakaý garap, bir Nebiniň fetaneti hakynda oýlanalyň. Meselem Serwerimiziň akylynyň, çägi bolmadyk kalp we duýgy mümkinçilikleri barada oýlanyp göreliň. Şeýle hem ähli nebileriň kalbynyň duýgularyny bir ýere jemläliň we bulary ölçäp biljek tereziniň ýokdugyny nazara alalyň. Bu düşünje we oý-pikirler bizi şu netijä elter. Duýgulary ölçäp biljek bir terezi dörediler. Bu dünýede bolmasa, hökman başga bir älemde boljakdyr.

«Kyýamat güni üçin adalat terezilerini gurarys. Hiç kimiň haky iýilmez. (Ynsanyň eden işi) bir künji dänesiniň agramy ýaly bolsa-da ony getireris. Hasaba çekiji hökmünde biz ýeterlikdiris». (Enbiýa, 21/47)

Aýatda görnüşi ýaly bu dünýede ynsanyň ledünniýatyny, ruhy taraplaryny ölçäp biljek terezi ýokdur. Ynsanyň içki älemine degişli duýgylaryň ösüp kemala gelýän her baskançagynda ony ölçäp bilmeýäris. Onuň syr, hafi ýaly duýgulary şol bir wagtda ynsana dünýä we onuň içindäkileri eliniň tersi bilen itdiren we ony Jenabi Bariden başga hiç kime we hiç zada razy bolmaz ýaly ýagdaýa getiren, munça beýik mertebeli duýgulary ölçäp biljek terezini bilmeýäris. Hatda birnäçe gezek bu duýgulary özlerine siňdiren ynsanlar hem bularyň häsiýetini bilmezler. Beýle bolsa, bu beýik mertebeli duýgulary hem ölçäp biljek bir terezi ahyret güni gurlar we bu duýgular şol ýerde gyly kyrk ýarjak derejede ölçeler. Ýöne ynsanyň daşky bedeni üçin bir ölçeg bellenilipdir. Şonuň ýaly-da munuň daşyndan has parlak we has köp beýik mertebli syrly taraplary üçin hiç hili terezi, ölçeg goýulmandyr. Bu ölçeg içinde ýaşanlary bu dünýäde görünmeýänem bolsa ahyretde belli ediljekdir.

«Kasam edýärin, ynsany biz ýaratdyk we nebsiniň oňa nämeleri pyşrdaýandygyny bilýäris. (Çünki) biz oňa boýun damaryndan has ýakyndyys». (Kaf, 50/16)

Ynsany biz ýaratdyk. Içinde nähili was-wasy duýgularyň gaýnap-joşýandygyny bilýäris we meseläni nebis taÿdan dälde wyjdan taÿdan ele aljak bolsak: «Ynsany biz ýaratdyk we içinde nähili beýik duýgularyň gaýnap joşýandygyny hem bilýäris».

Içinden ýaramaz niýetler geçip ownan, zaýalanan, pese gaçan hiç bir netije bermejek ýagdaýa gelip, ýüreksiz ýaşaýan bir adamy Allah o ýerde gury odun edip haşyr eder. Ýene, köne egin-eşikleriniň içinde daş sypaty örän öçügsi görnen, ýöne bir damjasynda ummanlar tolkun atýan örän beýik adamlar bardyr, olaryň kalbyny Allah (j.j.) bilÿändir. Ony hem hasaba çekmek üçin terezi gurar we ÿeten belent derejesine görä sylag-serpaý berjekdir.

Haşyr üçin başga hiç bir sebäp bolmasa-da ahseni takwim, syryna ýeten ÿagny iñ ajaÿyp görnüşde ÿaradylan ynsanyň o dünýäde amallarynyň ölçenmegi we hakyky gymmatyna ýetmegi üçin bir magşara we bir mahkeme-i kubra zerurlyk bardyr. Aslyýetinde Jenaby Hak hiç bir zerurlyk we hökmanlyk bilen iş etmez. Emma Onuň Hakim isminden ugur alyp bu ýerdäki eçilen nygmatlary göz öñünde tutulanda hökmany ÿagdaÿda magşar meÿdanyny gurjakdygy hakykatyna göz ÿetirÿäris.

Jenaby Hakyň islegine gönükdirilen we maksada laýyk, üýtgeşik bir soltanlygy bardyr. Bu soltanlyk atomlar äleminden başlar we iň uly nyzamlara çenli uzar gider. Bu soltanlyga delil, tutuş bu älemlerde Onuň zikke we möhrüniň görülmegidir. Mikro, normo we makro älemleriň hemmesinde Onyň zikkesini görmek bolýar. Bu soltanlyk şeýle üýtgeşikdir, iň kiçisinden iň ulusyna çenli hiç bir halkada başga biriniň şärikligi kabul edilmez. Ol bir mizan, sazlaşyk döredipdir. Biz onuň bardygyny bilýäris, emma onuň işleýiş hakykatyna, kanunyna akylymyz ýetmez. Aslyýetinde biziň diýýän kanunlarymyz bolup geçen wakalary düşündirmek üçin ýeterlik däldir. Meselem jisimleriň arasyndaky deňligi, itiş-dartyş kanuny bilen düşündirmek, bolup geçen hadysany düşündirmäge doly ýeterlik däldir. Emma biziň meseläniň has aňyrlaryna göz ýetirmäge bilimimiz bolmansoň, bilenjelerimiz bilen oňmaga mejburdyrys. Bu ugurda bizi ýalňyşdyrýan zat ol hem bu ýörelgäň islendik ýerde dogry gelmegidir. Her niçik bolsa-da, bu ýörelgäniň dogrulygy diňe ony döredeniň güýjüni we kuwwatyny düşündirýär. Emma meseläni anyk düşündirýän däldir. Ylym bize wakalary aňladar, olaryň näme üçin, näme sebäpden bolup geçýändigini düşündirip berip bilmez. Emma, meseläniň näme üçin we näme sebäpden bolup geçýändigine düşünmesek-de, her zatda bir hikmetiň bardygy äşgärdir. Şeÿle hem bolan we boljak her zat bir maksada we hikmete uýgun şekilde bolup geçÿär.

Ebedilige meÿilli arzuwlary göterÿän, ebedilikden we ebedi Zatdan başga hiç bir zat bilen kanagatlamaýan, «Bakylyk! Bakylyk!» diýip dady-perýat edýän, jennet we Jemalullahi arzuwlap duran ynsanyň ýaradylyşynda-da bir maksat we hikmet bardyr. Päkize ruhlar bu maksat bilen hikmeti wyždanlarynyň iň çuň nokatlarynda duýup bilerler.

Hezreti Ebu Bekiriň (r.a.) yslam dinine girişini beýan edýän dürli rowaýatlar bar. Olaryň içinde iň ygtybarly bolan rowaýatlardan biri-de şudur.

Allahyň Resulyna (s.a.w.) perdäni syryp halka pygamberligini aýan etmek emri gelende Iki Jahan Serweri öz ýanyndan oÿlandy : «Men bu hakykaty ilki bilen kime aýtsamkam?». Şol wagt aňyna gelen ilkinji adam Hezreti Ebu Bekir (r.a.) boldy.

Allahyň Resuly (s.a.w.) bu pikirleri aňynda aýlaýarka, Hezreti Ebu Bekir (r.a.) hem öýünde şeýle oýlara batýardy. Meni we bu älemi ýaradan biriniň bardygyny bilýärin. Emma Oña nähili ÿüzlenjekdigimi bilmeÿärin. Bu pikirimi gidip Muhammede (s.a.w.) aýdaýyn. Çünki Ol bular ýaly meseleleri her kesden has gowy biler.

Allahyň Resuly (s.a.w.) we Hezreti Ebu Bekir (r.a.) biri-birlerinden habarsyz, biri Haky öwretmek beÿleki Rabby öwrenmek düşünjesi bilen biri-beýlekisiniň ýanyna gitmek üçin öýlerinden çykdylar. Bir köçäniň ugrunda gabatlaşdylar. Öňünden belleşilmedik bu duşuşyk ikisini hem haýran etdi. Bir-birlerinden öýden çykmalarynyň sebäbini soradylar. Ikiside duýgy-düşünjesini aÿtdy we Allahyň Resuly (s.a.w.) uly bir şatlyk bilen Hezreti Ebu Bekiri (r.a.) hak dine çagyrdy. Ol hem şobada yslama girip, musulman boldy. Uly basyratly, öňdengörüji ynsanlar barlyk we hadysalaryň asyl manylaryna aralaşmak bilen Jenaby Haky tanamakda belli bir höküme ýetip bilerler. Hezreti Ebu Bekir (r.a.) sähel ýetmezi bilen dogry ýoly tapypdyr. Ol ýetmezi hem Allahyň Resuly (s.a.w.) dolduryp ony hakykata ýetiripdir.

Barlyk we hadysalary inçeden synlan, yzarlan her kes olaryň üsti bilen Jenaby Hakyň möhrüni görer. Daşky we içki oýlanmalar bilen şu netijä gelip biler: «Meni bu ýerde eýesiz taşlamadyk, gabra giremden soň hem eýesiz taşlamaz we bahar paslynda ösümlükleri haşyr edişi ýaly, tohuma öwrülen zerrelerimi-de ikinji ömri berip täzeden dirilder we bir mahkemeýi kubra, Uly Hasaplaşyk gününi açar».

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr