Ebedi jemal ahyretin bolmagyny talap edÿar

Ebedi jemal ahyretin bolmagyny talap edÿar

Bir bahar paslynda guşlaryň saýraýyşyny we suwlaryň şaggyldysyny diňläliň. Ähli baglaryň we agaçlaryň ýap-ýaşyl, zümerret ýaly gözelligine, Güneşiň doguşyna we ýaşyşyna, bulutsyz bir gijede Mahytabana syn edeliň. Älemde görnüp duran ähli gözellikle hyýalymyzda nazar aÿlalyñ.

Ine, şu we şuña meñzeş ähli ajaýyp görnüşler Jenaby Hakyň jemalynyň bir jilwesidir, görnüşidir. Ol biri-biriniň yzyna tirkelip barýan bu şekilleri bilen bize öz gözelligini açyp görkezýändir. Biz hem Onuň bu jilwelerindäki gözelligine tomaşa edip serden geçýäris. Ol özüni tanatmak isleýär, biz hem tanamaga çalyşýarys.

Eğer-de, biz bu gözelliklere tomaşa edýärkäk perdäni ýapyberse, bizi ýokluk garaňkylygyna oklasa, nygmat külpete, muhabbet musybata, akyl hem bize ejir çekdiren gurala öwrüler. Emma, beýle bir Jemal bigörklikden, nogsanlyklardan uzakdadyr we mukaddesdir.

Aslynda nygmaty nygmat eden we akyly her zatdan bir lezzet alar ýaly hala getiren ol nygmatlaryň dowamlylygydyr. Şu sebäpli Allah ebedi we baky bolan Jemalyny dowamly bize görkezer ýaly aýry bir ýurt açjakdyr, bizi hem o diýarda haşyr we neşr etjekdir, soňsuz nygmatlaryny, Jemalyny we Kemalyny bize o ýerde görkezjekdir.

Hem Onuň gözellikleri ebedidir. Şonuň üçin hem gözellikleriň dowam etjek ebedi bir älemi gerekdir. Bu ýerdäki wagtlaÿyn gözellikler o ýerde ebedi bolup dowam eder. Hawa, bu dünýede jilweleriniň gözelligi serden geçişimiz ýaly, bir gün Biribaryñ hut özüniñ Jemal we gözelligine tomaşa edip serden geçeris.

«Ýüzler bar, ol gün şadyÿan parlar. Rabbine bakar» (Kiýame,75/22, 23).

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr