Jelal we yzzat ahyretin bolmagyny talap edýär

Jelal we yzzat ahyretin bolmagyny talap edýär

Başdan-aÿaga bizi nygmatlary bilen gurşan Jenaby Hakyň jelaly hem yzzaty-da bardyr. Ol nygmatlaryna başgalaryň şärikli bolmagyny kabul etmeÿşi ýaly, nygmatlaryna derek şükür we minnetdarlygyň hem başgalara aýdylmagyna-da razy bolmaz. Bu meselede tersine hereket edip, beren nygmatlaryna gadyr bilmezlik edenlere gazaby we jebir-sütemleri bardyr.

Eÿsem-de niçe ynsanlar müňlerçe nygmata gark bolup otyrkalar ýene-de gadyr bilmezlik edip, gulluk we ybadatlaryny Allahdan başgasyna edýärler. Allahyň (j.j.) özüni tanatmak üçin eden munça yhsanyny görmezlik edÿärler. Bu dünýede käfir, zalym, jepbar we wagşylar jeza görmän ötüp-geçýärler.

Emma yzzat we jelal şeÿle edepsizlere temmi berip, jezalandyrylmagyny islär. Bu isleg umaman şu dünýäde doly bolmaýar. Diýmek başga bir älemde boljakdyr. Ol ýerde zalym jezasyny, zuluma uçran mazlum hem sylag-serpaýyny aljakdyr.

Hawa, şeýle bir gün geljek, ol gün Allahyň nygmatlaryna nygmatlarynyñ görnüşünde şükrüni eda edip bilenler:

«Geçen günlerde eden işlerimizden ötri (bu gün) işdä bilen iýiň, içiň» diýen hoş sözler bilen garşylaşarlar. (Hakka, 69/24).

Bir hadisi kudside Jenaby Hak şeýle buýurýar:

«Salyh gullaryma gözüniň görmedigi, gulagynyň eşitmedigi we beşeriň göwnüne-de gelmeýän zatlary taýýarladym».

Gözüň görmedigi, gulagyň eşitmedigi we ynsanyň göwnüne-de getirip bilmejek, çuňňur işler eden, çuňlaşdygyça çuňlaşan, ünsli ýaşaýan, gaflatdan uzak we her wagt Jenaby Hakyň huzurynda häzir bolmak duÿgusynda ýaşaÿşyny dowam etdiren hüşgär kalplar, edil şonuň ýaly hereketleriniň we amallarynyň sylag serpaýyny şol görnüşden alar. Allahutagala olary garaşmajak sowgat we serpaÿlary bilen garşy alar.

Barlyk we hadysalara baha berip, pikir dünÿäsinde çuñlaşan añ-düşünjesi ösen ynsanlara, dünýäde bir nadan ýaly ýaşan ynsanlardan elbetde parhly garaljakdyr.