Munça jomartlyk ahyretin bolmagyny talap edÿar

Munça jomartlyk ahyretin bolmagyny talap edÿar

Mätäç bolan zatlarymyz Jenaby Hakyň keremi bilen gelmese, jahanlary bersek-de birini elde edebilmeris.

Harun Reşidiň garşysyna çykan Allah dosty sorapdyr:

- Harun! Şu bir käse suwa mätäç galan wagtyňda ony almak üçin ähli soltanlygyňy berermidiň?

- Hawa.

- Bolýar. Bu suwy içdiň-de daşyna çykaryp bilmediň. Ony çykarmak üçin bütin soltanlygyňy berermidiň?

- Hawa.

Mundan soň aryf ynsan şulary aýdypdyr:

- Hawa, Harun! Seniň ähli baýlygyň, soltanlygyň bir käse suwa deňdir!..

Şu bir käse suwy alyşymyz ýaly hemme wagt mätäç bolan howamyza çenli ähli nygmatlar gaşymyzda taýýar dur.

Her möwsüm aýry-aýry müňlerçe dürli miwe Jenaby Hakyň lutf we yhsany bilen gelýär. Tersine düşünsekdik, ol miweleri däl bütin jahany beribem bir çigidi elde edebilmezdik.

Ine dünýäde biz Jenaby Hakyň şeýle derejede sahylygyny we jomartlygyny görýäris.

Biçäre ynsan keramat we mugjyza gözleýär. Emma töweregimizdäki bu dürli hadysalaryň hemmesi täsinligi bilen gözümiziň öňünde bolup geçÿär.

Bu jomartlyga serediň, Güneş bilen Aý ynsana iki sany ezber hyzmatkär ýaly işleýär we hyzmat edýär. Ýylysy bilen başymyzy sypaýarka, mätäç bolan miwelerimizi, gök otlarymyzy we ak ekinlerimizi bişip ýetişer ýaly edýär. Eger bu ähli jomartlyklar geçiji we pany bolan şu myhmanhana dünýä mahsus bolsa we dowam etmese, pikirini edýänimiz we haçanam bolsa bize gelmeli ölüm sebäpli, her nygmatyň soňundan bir käse zäher içiriljek ýaly ejir çekerdik. Şeýle hem gabat gelen her nygmat bize bir gün bütin nygmatlardan mahrum boljagymyzy ýatladyp durÿar. Mundanam beter elhenç ýeri ebedi ýok bolup gitmegi ýatlatmagydyr.

Emma, munça jomart bir Gudraty Güÿçli beren munça nygmatlaryny çala dadyryp elimizden almaz. Belki nygmaty dowam etdirer we ebedileşdirer. Ine, bu ötegçi älemde munça jomartlygy görnüp duran Biribaryñ ýene bir ebedi we tükenmeýän bir älemi bardyr, bu ýerde nusgasyny gören jomartlygymyz o ýerde baky ebedi dowam etjekdir. Ýogsa onuň munça jomartlygy ters manylar berer, bu-da Zaty uluhyýeti, ÿagny bir we ÿeke-täk hudaÿdygy bilen baglanyşmaz we Allah (j.j.) beýle kemçiliklerden, nogsanlyklardan uzakdadyr we mukaddesdir.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr