Rehim-şepagatlylyk, mahirlilik hem ahyretiň bolmagyny talap edýär

Rehim-şepagatlylyk, mahirlilik hem ahyretiň bolmagyny talap edýär

Ýer ýüzünde, rehim şepagatlylygyň, mähirliligiñ hökmürowanlygy ap-aÿdyñ görnüşde görnÿär. Rehim şepagatlylyk, dözümsizlik duýgusydyr. Rehim şepagatlylyk bir biçärä merhemet etmek duýgusydyr. Rehim-şepagatlylyk aglaýanyň agysyna parhsyz bolmazlyk duýgusydyr. Rehim şepagatlylyk ýaraly, azar çekýän, ýykylan bendäniň derdine melhem bolmak duýgusydyr. Iň kiçi halkadan başlap, iň uly halka çenli bu rehim-şepagatlylyk duýgusynyň bardygyny görýäris.

Eliňiz ýaralansa, siz hem eliňizi bejertmeli bolsaňyz, Allahyň rehimi we şepagaty bolmasa, ynanyň ganyňyzyň saklanmagy, ÿarañyzyñ bitmesi mümkin bolmaz. Nice bitmeýän ýaralary görýäris, olar size hiç zat añlatmaÿarmy? Örän çylşyrymly bir operasiýanyň geçirilmegi zerur bolan keseliň garşysynda hassanyň bedenine tyg çekmezden ozal lukmanlar biri-birleri bilen çynlakaý maslahat edýärler we süýji keseli ýa-da başga bir sebäpden «Biz bu hassany opersiýa etsek, ýarasynyň bitmezligi mümkin» diýen netijä gelip bilýärler. Ýene, siz şeýle operasiýada bolup, aýlap, hatda ýyllar boýy ýaralary bitmeýän dertlileri görensiňiz. Allah bitirmese, ýara bitmez. Ýa bedendäki şekeriň mukdary artar, ýa pankreas bilen baglanşykly ÿetmezçilik dörär, insuliniň deňligi bozular we ýara bitmän biler.

Ine, ynsanyň uly bir derde öwrülip biljek ýarasynyň gysga wagtyň içinde bitmegini mümkin eden Jenaby Hakyň diňe bu meseledäki rehim-şepagatyny göz öňüne getirip bilýärsiňizmi? Jenaby Hak (j.j.) bize merhemet edýär. Emma, nädip? Diňe mikroskoplarda görüp bolýan kiçijik barlyklary dadymyza ýetişdirip merhemet edýär.

Çagalarymyzyň halyny mysal alalyň. Ol ynsany düÿbünden haýranda goýýar. Allah (j.j.) kiçijik bäbeklerimize aýratyn merhemet edýär. Dünýä inenden iň arassa, iň tämiz iýmite mätäç bolan ol bäbeklere aýratyn idegiň gerekdigine ünsüňizi çekýäris. Ony ilki ene öz göwresinde ösdürýär, ulaldýar. Enäniñ ÿatgysynyñ diwarlaryny çaganyň ösmegi üçin gerek bolan ýagdaýa getirýär. Ene çaganyň hyzmatkärine öwrülýär. Çaga dünýä inenden Jenaby Hak onuň üçin täzeden bir iýmit döredýär, ýaňy dogulanyň ilkinji mätäç zady-ene süýdi. Hawa, ene süýdüniň çaga üçin hiç bir iýmitiň ýerini tutup bilmejek täsiri bardyr. Hatda siz ol süýdi sagyp başga bir gaba guýsaňyz, eýýäm onuň başdaky güýji, witaminleri azalar. Siz idedýän goýunlaryňyzyň, sygyrlaryňyzyň arassa emjeklerinden saglyp alnan süýdi dizinfeksiýa edilen gaplara guýup soňra ony çagalara berseňiz onçakly peýdaly bolmaz. Üns berseňiz, göni enesini emýän göleden, gaba guýlan süýdi emýän göläniň ösüşiniň pesdigini görersiňiz. Ene göwsünden abu-haýýat ýaly süýdi akyp we bu süýdýň üsti bilen şepagata örän mätäç çagalaryň ösüp kemala gelişi Allahyň soňsuz şepagaty dälmidir eÿsem? Allahyň (j.j.) soňsuz merhemeti bolmasady bu aýratynlyklar orta çykyp bilermidi?

Hawa, çar tarapda uly bir rehim-şepagatlylygyň hökmürowandygyny älemgoşar gören ýaly görýäris. Suwlar şaglap-şaglap ösümlikleri gandyrmak üçin akýar. Rahmet olaryň hem başyny sypaýar. Olar üçin örän zerur bolan howa, agaçlaryň agzy-burny derejesindäki ýapraklary bilen dem alýar. Ynsanyň dem almasyna päsgel berilse onuň ölmüne sebäp bolup bilinjekdigi ýaly ösümlikler hem howasyz galsa gurap çöp-çalama öwrüler. Ýer ýüzüniň ähli jandarlaryny gurşaýan rehim-şepagatlylygyň bardygyny kabul etmän edilen düşündirişleriň hemmesi dialektikadan aňry geçmez. Indi, haýyş edýärin, üns beriň. Şeýdip, iň ähmiýetsiz görünýän jandarlaryň dadyna rehim-şepagaty bilen ýetişen Jenby Hakyň ol rehim-şepagata örän mätäç, bakylygy arzuw edip, ýanyp-tutaşan ynsanyň arzuwyny hasyl etmezligi mümkinmidir? Ynsana bu dünýede munça nygmatlar bilen hossarlyk edip, soňam ony ebedi ÿokluga sezewar etsin, gabyr bilen ynsanyň ýaşaýşyny we barlygyny soňlandyrsyn, oňa ebedi bagy-bossanlar, jennetler döretmesin, oňa ebedi nygmatlary bagyş etmesin-heÿ-de bu boljak zatmydyr?!

Biz tutuş ýer ýüzündäki rehim-şepagatlylygyñ eserlerinden netije çykaryp şu höküme barýarys. Zerrelerden ýer şaryna, ýeke öýjüklilerden iň kämil barlyklara çenli çar tarapda rehim-şepagatlylygyny ÿaÿyp duran Allah (j.j.) elbetde ahyreti açar, ynsanlary täzeden dirilder, bu dünýäde dürli nygmatlary eçilen ynsana ahyretde tükenmejek nygmatlary bagyş eder.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr