Semawi kitaplar we ahyret

Kurany Kerimiň bäşden üç bölegi ahyret bilen baglanşyklydyr. Bu meselede birnäçe mysaly öňem getiripdik. Bu ýerde-de sözümizi şolary salgy bermek bilen çäklendirmekçidiris.

Töwrat Hezreti Musadan (a.s.) şu günlerimize çenli birnäçe gezek ýoýulypdyr. Hatda Serwerimiz zamanyndaky Töwratdaky aýatlary häzirki döwrüň Töwradyndan tapmak mümkin däl. Kisas aýaty muňa delil hökmünde görkezilip bilner.

Töwrat doly maddylaşdyryldy. Günbe-gün manyýete, ruhyýete degişli uly düşünjeler ýeke-ýeke öçürildi, ýerine olara düýpden ters düşünjeler ýerleşdirildi. Muňa garamazdan, Töwratda ahyrete degişli birnäçe meselelere yşarat edilip geçilýär.

Injil bir tarapdan Töwratda ýoýulanlary düzetmek, ýoýulmadyk ýerlerini tassyk etmek üçin inderilendir. Ol günüň Töwradynda ahyrete degişli meseleleriň düşündirilendigi sebäpli Injilde bu meseleler tassyk edilmek bilen çäklenilipdir. Meselä jikme-jik girişilmändir. Muňa garamazdan ýene biz kä ýerde kä ýerde ondaky ahyret baradaky manylary berýän aýatlary tapyp bilýäris.

Matta Injiliň bäşinji nusgasynda şu aýatlar bar:

«Kim bu dünýäde salyh amaly berjaý etse ol Rabbyň huzuryna, melekler älemine göteriljekdir».

«Buşluklar bolsun misginlere! Olar melekut-u semawata göteriljekdirler».

«Buşluklar bolsun merhemetlilere, olar beýleki älemde Allahyň merhemetine mynasyp boljaklar».

«Buşluklar bolsun, takwalara, olar Rabbyny görjekler».

«Gökleriň we ýeriň soltanlygy şuňa meňzär: daýhan ekin meýdanyna tohum atar. Bu tohumlar gögerer. Arzuw edilenler göni göge tarap uzar, boý alar. Arasynda bir bölek tikenler hem boý alar. Muny görenler ekin meýdanynyň eýesine ýüzlenerler: «Seýidimiz! Hasyly arzuw edilen bu gözel ösümlikleriň çygy ýetdi gögerdi. Emma olaryň arasyndaky tikenler näme?» Jogap berdi: O-da, bu-da gerek». Hawariler Hezreti Isa Mesihden soradylar: «Bize muny düşündirermisiň?» Hezreti Mesih: «Hawa» diýdi we düşündirdi: «O tohumy sepen Allahdyr (j.j.). Ekin meýdany bolsa ýer ýüzüdir. Ekilen tohum ynsanlardyr. Islenilen hasyl bolsa salyh ynsanlardyr. Tikenler bolsa käfirlerdir. Bu ýerde ýagşy bilen ýaman bir ýerde bolarlar. Emma ahyretde ýagşylar melekut-u semawata göteriljek, ýamanlar bolsa jähenneme girjekdir».

Matta Injiliň ýigrimbirinji nusgasy:

«Ol gün Mälik geljek. Ebrar (salyh bendeler) sagynda, eşrar (günä gazanan bendeler) bolsa çepinde ýerleşjekler. Mälik ebrara şeýle diýjek: «Şu gün men size sylag-serpaý berjek. Çünki dünýädekäm ajykdym, siz meni doýurdyňyz. Suwsadym suw berdiňiz. Bendilige düşdüm, azat etdiňiz. Garyp galdym, eýe çykdyňyz». Olar Mälige şeýle diýjekler: «Rabbimiz! Sen nähili ajygarsyň, suwsarsyň, bendi bolarsyň we garyp galarsyň? Çünki Sen Rabsyň!..» Allah (j.j.) olara şeýle jogap berjek: «Dünýäde meniň hor-homsy, garyp gullarym bardy. Siz bilýärdiňiz, olary iýdirip-içiren wagtyňyz meni iýdirip-içiren ýaly bolduňyz. Olary azat edip, eýe çykan wagtyňyz bu ýagşylyklary edil maňa eden ýaly bolduňyz».

Soňra Rab çepine döner we şeýle diýer: «Size bu gün jebri-jepa çekdirjek. Çünki ajykdym, hiç zat bermediňiz. Suwsadym, gandyrmadyňyz. Garyp galdym, eýe çykmadyňyz. Bendi boldum, azat etmediňiz». Olaram ýokardaky ýaly: «Eý Rabbimiz! Sen nähili ajygarsyň, suwsarsyň, bendi bolarsyň we garyp galarsyň?» diýdiler. Muňa bolsa Mälik: «Bilýärmisiňiz, eger meniň käbir gullarym açlyk çekýän mahaly, doýursadyňyz, suwsuz galanlaryna suw bersediňiz, garyp galanlarynda eýe çyksadyňyz we bendilikde galanlaryny azat etsediňiz, bu edenleriňiziň ählisini maňa eden ýaly boljakdyňyz» diýer.

Injilde bulara goşmaça ýene birnäçe aýatlarynda ýygy-ýygydan Kurany Kerimiň beýan edýänlerine ýakyn şekilde ahyrete degişli meseleler dile getirilýär. Emma, bu meselede esasy söz sahyby her dürli üýtgedilmelerden we ýoýulmalardan goralan Kurany Kerime degişlidir. Biz olary ýokarda Kurany Kerimiň haşyry subut ediş usulynda gysgaça-da bolsa aýdyp geçipdik.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr