Aýat hem hadyslarda takdyr

Aýat hem hadyslarda takdyr

Takdyr meselesi diňe aşakda görkezilen aýatlaryň we hadyslaryň nukdaýnazaryndan seredilse hem-de öwrenilse, şonda ehli-sünnet wel-jemagat garaýşyna eýe bolup bolýar. Ýogsam, siz Mutezile ( „Adam öz eden işini özi ýaradýar“ diýen garaýşa eýe bolan, Hak ýolundan çykan topar) ýa-da Jebri (Ynsanyň erkini iňkär edýän, Hak ýolundan çykan topar) garaýyşlara girmekden halas bolup bilmersiňiz. Şonuň üçinem, bu bölümde meselämiz bilen baglanşykly aýatdyr hadyslara seljerme beresim gelýär.

Bir aýatda Allatagala şeýle diýýär: „ Ýer ýüzünde Biz ony ýaratmazdan ozal, kitapda ýazylgy bolmadyk hiç hili bela-beter siziň başyňyza gelýän däldir. Dogrusy, bu Allah üçin ýeňildir“ (Hadid, 57/22).

Ýer-gökden we özüňizden size haçanam bolsa, nähili bela inse-inibersin, şol bela-beter Ýer-gök we özüňiz ýaradylmazdan ozal Takdyrda bardyr. Hawa, her bir zat öňden ýazylypdyr we bolýanlaryň ählisi şol ýazgy esasynda bolup geçýändir.

Muhammedi ýolda ýörejek bolsaň, bu meselä hökman şeýdip çemeleşmeli. Hak ýolundan çykmak – azgynlykdyr.

Takdyr meselesine yşarat edýän aýatlary kitabyň başynda sanap geçipdik. Häzir bolsa, şol aýatlary tefsir edýän birnäçe hadysyň üstünde durasym gelýär:

1. Abdullah bin Amr bin As (r.a) rowaýat edýär: Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýdi: „Allah gökleri hem Ýeri ýaratmazdan elli müň ýyl öň mahluklaryň Takdyryny ýazypdyr. Arş bolsa suwuň üstündedi“.

Hadysda agzalýan elli müň ýylyň haýsy wagt ölçeglerindedigini bilemzok. Belkem, dünýämiziň wagt ölçegine öwrülse, elli müň ýyl diýilýäni biziň elli müň ýylymyz bolýandyr. Belki-de, elli million ýyldyr... Hatda bu sanlar göçme manyda ulanylan bolmagam ahmal. Anyk bir zady aýdyp bolmaz.

Gök hem Ýer ýaradylmazdan ozal, gögüň hem Ýeriň miwesi bolan ynsan ýaradylmazdan elli müň ýyl öň ähli zat Takdyrda ýazylypdyr.

Hadysyň dowamynda „... we arş „ma“nyň üstündedi“ diýilýär. Başga bir eserimde şu meselä seljerme beripdim. Şonuň üçin, şu ýerde ony agzap geçmerin. „Ma“, belkem, köp hadysçylaryň aýdyşy ýaly „Ama“ maddasydyr. Belki-de, „Efirdir“. Allahyň arşy atomlaryň, bölejikleriň esasy maddasy bolan „Efiriň“ üstündedi. Belki-de, şol mahallar barlyk diňe „Efirden“ ybaratdyr. Biz muny hiç haçan bilip bilmeris. Sebäbi, bizem, atamyz Adamam entek ýaradylmandy. Älemem ýokdy.

2. Ubade bin Samit (r.a) soňky demini sanap ýatyrka, daşynda oturan çagalaryna şeýle diýipdir: „Balalarym! Seniň başyňa geljek zatlar gelmezden ozal Takdyryňda ýazylgydygyna hem-de ýazgydyňdakylaryň azaşman saňa gelýändigine ynanmasaň, imanyň lezzetini görmersiň! (Wyždanyňda imanyň eşretine ýetip bilmersiň. Imanda kämilleşip bilmersiň we ruhy lezzetlere baryp bilmersiň). Men Resuly Ekrem Aleýhisselamdan eşitdim. Ol (s.a.w) şeýle diýdi: Allahyň birinji ýaradan zady galamdyr. Allah galamy ýaradan badyna oňa „Ýaz“ diýip buýurdy. Galam: „Eý, Rebbim! Nämäni ýazaýyn?“ diýip sorady. Allatagala: „Kyýamata çenli bar boljak her bir zadyň Takdyryny ýaz“ diýdi. Soň, Allahyň Resuly (s.a.w) sözüni şeýdip dowam etdirdi: „Kim muňa ters gelýän iman bilen ölse, menden däldir. (Ol Hak ýolundan azaşan adamdyr)“

Ine, Ubade bin Samit (r.a) soňky deminde ýatyrka ogullaryna şu meseläni düşündiripdir. Olara Takdyra ynanmagy wesýet hökmünde goýup gidipdir.

3. Ýokarda agzalan aýatlary tefsir ediji häsiýetdäki şu hadysy hem agzap geçeýin. Meselä has çuňňur aralaşmaga ýardam berjek şu hadysy Abdullah bin Abbas (r.a) rowaýat edýär: Abdullah bin Abbas Pygamberimiz (s.a.w) bilen artlaşyp gidip barýan eken. Pygamber Serwerimiz (s.a.w) oňa ýüzlenip, şeýle diýipdir: „Eý, ýaş ýigit! Saňa bir zat öwretjek! Allahyň buýran hem-de gadagan eden zatlaryny ýatdan çykarma! Şonda, Allah hem seni ýatdan çykarmaz. Allahyň buýrugyna boýun bol! Şonda, Allah seniň ýanyňda bolar. Isleýän zadyňy diňe Allahdan isle! Kömek soranyňda-da diňe Allahdan kömek sora! Şuny berk belle! Adamlaryň bary jemlenşip saňa kömek etjek bolsalar, Allahyň seniň maňlaýyňa ýazan ýazgydyndan artyk kömek berip bilmezler! Ýene-de ähli adamlar saňa zyýan bermek üçin bir ýere jemlenişseler, Allahyň seniň ýazgydyňa ýazanyndan artyk zyýan berip bilmezler. Sebäbi, mundan beýläk galamlar göterlip, sahypalar gurandyr“. Ýagny, Allaha bolan borjuňy berjaý etseň, ahyretiňi gazanarsyň. Näme isleseň, Allahdan isle! Hiç kimiň öňünde dyza çökme! Hiç kimiň öňünde kiçelme! Sebäbi, seniň işiňi düzetjek diňe Allahdyr. Beýle bolsa, diňe Allahdan dile! Sen kimden isleseň isläber, netijede seniň isleýän zadyňy berjek Allahdyr. Beýle bolsa, arada duran sebäplere aldanma! Arada duranlaryň baryny aýyr! Bilip goý, sebäpleriň baram seniň ýaly ejizdir. Seniň arzuw-islegleriňi ýaratmaga güýji ýetjek ýeke-täk gudrat – Allatagaladyr. Gökleriň we Ýeriň açary Allahyň elindedir. Ýaradan Oldur! Şatlandyrýanam, gussa batyrýanam Allahdyr. Allah islänini eziz, islänini zelil eýlär! Adamlaryň bary saňa ýagşylyk etjek bolup basga düşse, seni ýaman gylyklardan päklejek bolsalar, olaryň saňa edip biljek ýagşylygy Allahyň seniň maňlaýyňa ýazan ýazgydyndan aňry geçmez. Ýamanlyk etmegem şeýledir. Sebäbi, galam ýazjagyny ýazypdyr, sahypalaryň ýüzündäki hatam gurapdyr. Başgaça aýdanyňda, ýazylan hatlary asla üýtgedip bolmaz.

Pygamberimiz (s.a.w) „Hybrül Ümme“ (Ymmatyň ulamasy) bolan Abdullah bin Abbasa özüniň mübärek sözleri bilen Takdyryň çuň meselelerini düşündiripdir. Ine, biziň Takdyra düşünşimiz şolar ýaly bolmalydyr.

Hawa, Takdyr wyždan bilen baglanşykly meseledir. Ynsan şu aýdylanlaryň hakykatlygyny diňe öz wyždanynda duýup bilýär.

Pygamberimiziň (s.a.w) üstünde kän duran meseleleriniň birem Takdyrdyr diýip arkaýyn aýdyp bolar. Şeýle hadyslaryň köpüsi Kütübü Sittede bardyr. Şonuň üçinem, Takdyr meselesiniň üstünde näçe dursaňam azdyr.

Otparazlar iki hili güýje ynanýardylar. Haýyr we şer. Otparazlar Allatagala bilen şeýtanyň öz aralarynda göreşýändiklerine ynanyp, „olar biri-biriniň işine goşulmaýar“ diýip aýdýarlar.

Yslam bu düşünjä düýbünden garşydyr. Dinimiz şeýle garaýyşdakylara jihad yglan edipdir. Biz Allatagalanyň hiç hili şäriginiň ýoklugyna ynanýarys. Reb Oldur. Ol öz mülkünde islänini edýär. Soltan birdir. Güýç hem gudrat Onuň elindedir.

Ertir-agşam on gezek okamak sünnet bolan şu sözler aýdyň bir hakykaty ýatladýar: „Allahdan başga ylah ýokdur! Ol birdir, şärigi ýokdur. Mülk Onuňkydyr. Hamd Oňa mynasypdyr. Ol bar zada kadyrdyr“

Biz şu sözlerde töwhid syrlarynyň barlygyny görýäris. Ähli zat ýeke-täk Allahdandyr. Muňa ynanmak iman düşünjesiniň esasyny düzýändir.

4. Hezreti Aly(r.a) şeýle hadysy rowaýat edýär:

Bir sahabany jaýlap bolansoňlar, Pygamberimiz (s.a.w) Baky Garkat mazarlygynda gussa batyp oturan eken. Pygamberimiziň (s.a.w) elinde hasasy bardy. Biz Pygamberimiziň (s.a.w) daşyna üýşüp, Onuň (s.a.w) ýüzündäki gam-gussanyň sebäbini biljek bolýardyk. Pygamber Serwerimiz (s.a.w) elindäki hasasy bilen ýere bir zatlar çyzýardy. (Çuň oýa batan adamyň ýagdaýy suratlandyrylýar). Şol wagt Onuň (s.a.w) dahanyndan şeýle sözler çykdy: „Araňyzda jennete ýa-da dowzaha girjegi ýazgydynda ýazylmadyk adam ýokdur“.

Bu sözleri eşiden sahabalar geň galyp, sowal berdiler: „Ýa, Resulullah! Eger beýle bolsa, biz näme üçin amal edeli, näme üçin zähmet çekeli?“. Pygamberimiz (s.a.w) şeýle jogap berdi: „Amal ediň, her kim üçin näme ýaradylan bolsa, oňa şol ugurda ýeňillik bardyr. Ýagny, kim bagtyýarlardan bolsa, şol tarapa gider. Kimem başbozarlardan bolsa, gitjek ugry şol tarapadyr“. Şu sözlerden soň, Pygamberimiz (s.a.w) şu aýatlary okady. „Emma, kim baryny-ýoguny Allahyň ýoluna bagş etse, Allahdan gorkup, iň gözel kelemäni (Lä ilähe illallah) tassyklasa, Biz oňa iň ýeňil ýoly taýýarlarys“.

„Emma, kimd-kim gysganyp, Allaha biparh garasa, iň gözel kelemä (töwhid) ýalan diýse, Biz ony çetin ýola itereris“ (Leýl, 92/5-10)

Hawa, jennet üçin ýaradylan ynsan ybadat etmekden lezzet alýandyr. Jenneti adamlar haramdan daş durýarlar. Beýle adamlar mesjide barýan ýoldan aňsatlyk bilen geçýär. Günä eltýän ýoldan geçmegem oňa juda kyn düşýär.

Amal ediň, her kim näme üçin ýaradylan bolsa, şonuň ýolundadyr. Jennetiň ýoly mesjitden hem-de Resulullahyň (s.a.w) yzyndan ýöremekden geçýär. Maňlaýy sežde ýerine degmedik, kalbyny hem wyždanyny Haka garşy öwürmedik adama jennetiň ýolundan barýar diýip bolmaz.

Eger-de ynsan bagtyýarlardan bolsa, öňde-soňda bagtyýarlaryň amalyny ýerine ýetirýär we bagtyýarlaryň hataryna goşulýar. Ynsan başbozarlardan bolsa, iru-giç başbozarlaryň edýänini edýär we başbozarlaryň hataryna goşulýar.

Şonuň üçin, Allah Resuly (s.a.w) ertir-agşam şeýle dileg edipdir: „Allahym! Ähli işlerimizde soňumyzy haýyrly eýle! Bizi dünýäde biabraý bolmakdan, o dünýäde-de ejir çekmekden gora!“

Allah Resuly (s.a.w) ýokarda aýdanlaryna „Leýl“ süresiniň 5-10 aýatlaryny delil getirýär. Ine, şol aýatlar many taýdan bize şuny düşündirýär:

Kimde-kim mal-mülküni we janyny Hak ýolunda sarp etse, baryny-ýoguny şol ýola bagş etse, ol takwa çägine girýär we Allahyň kanunlaryndan peýdalanýar. Başgaça aýdanyňda, onuň kalbynda Allaha bolan hormat çuňlaşýar. Ol Allahyň hemaýatyna sygynýar, hakyky bagty Allaha barýan ýolda görýär. Şeýdip, ol her işinde Allaha bil baglasa.... Soňam Allahyň gözel atlaryny tassyklasa we diniň buýruklaryna ynansa, bizem onuň Hak ýoluna girmegini ýeňilleşdirýäris. Ony maksadyna ýetirýäris. Şondan soň, ol şeýle bir namaz okaýar, şeýle bir oraza tutýar, şeýle bir haja gidýär, Allah ýolunda şeýle bir iman hyzmatyny berjaý edýär welin, bu işleriň keýpine düşmedik adamlar oňa haýranlar galyp seredýär ýa-da oňa „Däli“ diýýärler. Adamlar oňa deňi-taýsyz adam hökmünde garaýar we onuň jomartlygy dillerde dessan bolýar. Sebäbi, Allatagala oňa Haka barýan ýoldan gitmegi ýeňilleşdiripdir.

Tersine bolsa, eger-de adam gysganyp, hiç kime hiç zat bermese, ol „Bermeýäne berilmeýänini“ bilmelidir. Ol berse, Allaham oňa berýär. Näme berýär? Gowulygy, ebedi bagtly durmuşy... Ýöne eger-de kimde-kim bermese, Allahyň buýruklaryna biparh garasa, jomart adamyň dünýeden daşlaşyp, Allahyň hemaýatyna girýän wagty, ol özüni Karun ýaly „Men öz ylym-bilimim bilen şu derejä ýetdim“ diýip başlaýar. Şeýle diýeninden soňam, ol mesjide barmagy özüne kiçilik bilýär. Mesjide gatnaýanlary hem özünden pes saýýar. Ol halallykdan daşlaşyp, Allahyň gözel atlaryna, Pygamber Serwerimize (s.a.w) ynanmaýar. Allahyň gözel atlaryny düşündirýän Kurany Kerimi mukaddes saýmasa, Bizem onuň Hak ýolundan gitmegini kynlaşdyrýarys. Belki, ol diniň buýruklaryny berjaý edýändirem. Ýöne ol namazy zoraýakdan okaýandyr, düşeginden oýaly-ukuly turup, ertir namazyny göwünli-göwünsiz okaýandyr. Wagtyň geçmegi bilen, ol jemagat bolup namaz okamasynam, soňabaka namazynam goýýar. Ýene bir aýatda aýdylyşy ýaly, dine gezek gelende, ol gaçalak-sapalak edýär, onuň görşi bulaşýar we ol hakykatyň tersine yňdarylýar. Ol diniň iň ýeňi talaplaryny hem berjaý etmegi kyn görýär. Sebäbi, ol kyn ýoly saýlapdy. Ol arkasyna agyr ýük alyp, depä ýarmaşýan adama çalym edýär.

„Men ony kert ýapa duçar ederin!“ (Müdessir, 74/17).

Hawa, ýeriň gatlaklarynda kömür käniniň üstünden baran adam, durman şol ýerden kömür çykarar. Kim kümüş, kim altyn, kim mis... Soňam, nijeme adamlar lagym çukurlarynda hapa bulaşyp ýör.

Kalbyň päk saklamak, halal adam bolmak, ybadatlary doly berjaý etmek, Allahyň ýoluna sadaka bermek, diňe Allahdan netijä garaşmak, Allahyň gözel atlaryny söýmek, Allaha bil baglamak, öz göýdük erkiňe hem-de kemter ylmyňa arka daýanmazlyk, her bir zady Allahdan diýip bilmek, Allahyň ýolunda bar zatdan geçmek – bularyň bary Hak ýolundan ýöremegi ýeňilleşdirjek aýratynlyklardyr. Bu aýdylanlar tersine edilende, düz ýol dik ýokaryk çykýan ýola öwrülýändir.

Ýokardaky hadysy rowaýat edýän hezreti Aly (r.a) şeýle diýýär: „Pygamberimizden (s.a.w) muny eşidenlerinden soň, sahabalar ybadat etmek düşünjesine has başgaça seredip başladylar. Olar gije-gündiz yhlas bilen Allaha ybadat etmäge durdular“. Diýmek, sahabalaryň bary: „Men haýsy ýolda bolsam, barýan ýerimem şoňa görä bolar“ diýip pikir edýärdiler.

Ine, sahabalaryň Takdyra bolan garaýyşlary şeýledi. Takdyra ynanmak olarda ýaltalygy däl-de, zähmeti oýarýardy.

Hawa, olar: „Biz haýsy ýolda bolsak, diýmek, şol ýol bilen baryljak ýer biziň Takdyrymyzda bardyr“ diýip düşünýärdiler we asla säginmän, şol ýoluň soňuna çykmaga jan edýärdiler.

Beýle bolsa, mesjide barýan ýoldan gitmeýänler, seždesiz başlar, Allahyň ýolundan çykyp başga ýollaryň yşgyna düşenler – olar, gör, nähili ýalňyşýarlar! „Barýan ýollary dik ýapa ýarmaşýar. Netije bolsa Sakardyr (Ýedi dowzahyň biriniň ady)“ (Müddessir, 74/26-30).

Allaha şükür edýäris! Allah bize Yslam ýolundan gitmek üçin ýeňillik döretdi. Allah bizi çyg mysaly mesjit atly ýapraklaryň üstüne goýdy. Allah biziň kalbymyzy günüň şöhlesine çoýdy. Bizi Pygamber Serwerimiziň (s.a.w) ymmatyndan eýledi. Allatagala bizi şu nygmatlaryň gadyr-gymmatyna düşünmekden mahrum etmesin.

5. Abdullah bin Amr bin As (r.a) rowaýat edýär:

„ Bir gün Allahyň Resuly (s.a.w) eline iki kitap alyp, biziň ýanymyza geldi:

Bu nähili kitap? Bilýäňizmi?- diýip, bizden sorady.

Ýok, bilemzok! Aýtsaň bileris, ýa, Resulullah!- diýdik. Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýip jogap berdi: „Şu – sag elimdäki kitap jennetileriň atlarynyň ýazylan kitabydyr. Şu ýerde olaryň atalarynyň, taýpalarynyň ady ýazylgydyr“.

(Birdenkä, Pygamberimiz (s.a.w) dymdy. Şol kitapda, ol adamyň nesil daragty nirä baryp ýetýän bolsa, bary ýazylgydy. Perişdeler ol adamyň adyny ýalňyşsyz okap bilýärdiler. Sebäbi, ol kitapda bar zat jikme-jik ýazylypdyr).

Pygamberimiz (s.a.w) sözüni dowam edipdir: „Şu – çep elimdäki kitapda bolsa, dowzaha girjek ähli adamlaryň atlary ýazylypdyr. Olaram, şol kitapdan atalarynyň, taýpalarynyň atlaryna deňiç bellige alnypdyr. Şu iki kitapdaky atlar ne artar, ne-de kemeler. “

Allah Resuly (s.a.w) şeýle diýeninden soň, sahabalar sorag berdiler: „Ýa, Resulullah! Eger-de bar zat ýazylgy bolsa, kitapdaky ýazylan üýtgemejek bolsa, onda biz näme üçin amal edýäris?“

Pygamberimiz (s.a.w) şeýle jogap berdi: „Hak ýolundan daşlaşmaň. Jenneti adam, ömründe näme etse-de, jennetileriň amalyny ýerine ýetirmän, onuň depderi ýapylmaz. Eger kişi dowzaha girmeli bolsa, öň näme eden bolsa edibersin, ol dowzaha eltýän işi eder we şeýdip onuň depderi ýapylar.“

Başymdan geçen bir wakany gürrüň beresim gelýär. Ýakyn dostlarymyň biri soňky demini sanap ýatyrka, men onuň ýanyndadym. Sirroz keseli ony düşege ýykypdy. Dili çişensoň, diýenini edenokdy. Ýöne ol dilini birsydyrgyn gymyldadyp, bir zatlar diýýärdi. Men oňa gulak goýdum we onuň näme diýýänini eşitjek boldum. Göýä, onuň ýüregi „Lä ilähe illallah“ diýýän ýalydy.

Ol halal durmuşda ýaşapdy. Ajal ýakasyndan ýapyşanda, ol özüniň dogduk diýaryndan alysdady. Ol gutulgysyz kesele duçar bolupdy. Ömrüniň soňky pursatlarynda onuň ýanynda dili senaly, ýakyn dostlary bardy. Allatagala ony jennetileriň hataryna goşmak üçin, ylla diýersiň, ähli şertleri döreden ýalydy.

Ol haja gidip, şol taýda keselläpdi. Türkiýä gaýdyp gelende, ýakyn garyndaşlarynyň didaryny görmän, Izmirdäki bir keselhanada ýatmaly bolupdy. Daşyndan seredäýmäge, ol kösenýän ýalydy. Emma, oňa jenneti durmuş garaşýardy. (Men onuň imanlydygyny arkaýyn aýdyp biljek. Ahyretde-de onuň imanlydygyna şaýat bolup biljek). Eger-de adam jennetileriň hatarynda bolsa, Allah oňa ömrüniň soňky pursatlarynda jennetileriň amalyny ýerine ýetirmegi nesip eder. Allatagala onuň amal depderini şeýdip ýapar. Emma, ýagdaý tersine bolsa, netije-de başga bolýar. Allatagala bizi ýaman işlerden gorap saklasyn we bize jennetileriň amallaryny berjaý etmegi rowa görsün. (Amin)

Ynsan erki bilen Allatagalanyň ýaradyşynyň arasyndaky gatnaşygy ýokarda gysgaça belläp geçdik. Erk diýilýän zadyň aslynda nämedigi bize näbellidir. Ine, ynsan özüniň etjek işine erki bilen meýil edýär. Allatagala hem şol işiň netijesini ýaradýar. Şu babatda erk aýratyn orna, gymmata eýe bolupdyr. Emma, adamyň edýän islendik işinde erkiň nähili hyzmaty bar? Muny doly we anyk kesgitlemek asla mümkin däldir. Biziň bu barada bar bilýänimiz şudur: Ýagşy amallary ýerine ýetirsek, Allatagala bizi jennete, ýaman işe baş goşsagam – dowzaha (Allah saklasyn) salýar. „Ýagşy we haýyrly adamlar nagym jennetinde nygmatyň içindedirler. Ýoldan azaşan kapyrlar bolsa, dowzahdadyrlar“ (Infitar, 82/13-14). Adam nämäni başarjak? Adamyň gowulyga ýa-da erbetlige näderejede güýji ýetjek? Ýaradýan Allah bolsa, ynsanyň sebäp bolşuna näderejede bil baglap boljak? Bulary diňe Allatagala bilýändir.

Takdyr kitaby dürli sepgitlerden geçmek arkaly ýazylýar. Onsoňam, Takdyr kitabyny ýazmak meselesi dürli döwürlerde dürli keşbe eýe bolupdyr. Gökler we Ýer ýaradylmazdan ozal, umumy çyzgy çyzlypdyr. Soň-soňlaram şahslara degişli çyzgylar şol umumy kitapdan göçürlip alnypdyr. Her bir adamyň maňlaýyna ýazylanlar şol kitapdan göçürlip alnandyr. Biz özümizi hem erkimizi hadysalaryň daşynda göz öňüne getirip bilmeris. Diýmek, bizem, erkimizem, arzuw-isleglerimizem Takdyryň çäginde çarp urýan hadysalaryň içindedir. Şol hadysalaram biziň erkimize baglylykda bolup geçýär. Erkiň bardygyny iňkär edip bolmaz. Biziň erkimiziň goşulýan her bir zadyny Allatagala bilýändir. Allahyň başlangyjy hem-de netijäni oraşan görmegi – Takdyrdyr. Ine, şeýle Takdyr düşünjesinde jebri ýa-da Mutezili, islendik ters garaýşa orun ýokdur. Ýagny, erkimiz bilen edýän ähli işimizi Allatagala bilýändir. Biziň Takdyrymyzda şol işi etmek ýazylgydyr. Ynsan öz erki bilen bir iş edýän bolsa, onda Allatagala şol işi ýaradanda, hökman adamyň meýlini hem erkini göz öňünde tutandyr we ýazgydam şoňa görä ýazylýandyr.

Takdyr kitabynyň dürli proseslerden geçýändigini aýdypdyk. Takdyr atly galamyň Lewhi-mahfuz atly kitaba ýazan zatlaryny perişdeler göçürip alýar. Perişdeleriň göçürip alan kitaby her bir adamyň maňlaýyna ýazylýar. Şol kitapda adamyň başdan-aýak tutuş ykbaly ýazylgydyr. Nirede, nädip hem-de näme ediljek bolsa, şol kitapda ýazylandyr. Ýöne, şol kitap ýazylanda, ynsanyň erki çetleşdirilmändir. Belkem, şol kitapda ýazylan işleriň baryny adamlar öz erki bilen eder. Soňam, adamlaryň eden işlerini perişdelerem ýazýarlar. (Kehf, 18/49, Jasiýe, 45/29, Kaf, 50/18, Infitar, 82/11-12). Ana, şol iki kitap gabatlaşdyrlanda, olar deň bolaýmalydyr. Allatagalanyň ylmy bar zady gurşap alandyr. Allahyň şeýle ylmy bilen ýazan kitaby, elbetde, soň perişdeleriň ýazjak kitaby bilen çapraz gelmez. Sebäbi, birinji kitapda, biz näme etsek, öňünden bilinýäni üçin, şolam ýazylýar. Ikinji kitap bolsa, biz şol işi edýän wagtymyz ýazylýar. Kitaplaryň ikisem harpma-harp deňdir. Ýalňyş düşünmäň diýip, bu meseläniň üstünde kän durup geçýärin.

Ruhlar äleminde ynsanyň Allaha söz bermegi Takdyr kitabynyň ýazylmagynyň aýratyn bir prosesini görkezýär. Biz şol kitaplaryň ýazylandygyny hemişe öz wyždanymyzda duýýarys. Allatagala öz hökümini ýazmak isläpdir. Bizem, Allahyň şol hökümine „Hawa, şübhesiz şeýledir“ diýip jogap beripdiris.

Aýat bize Takdyr kitabynyň ýazylşy barada şeýle gürrüň berýär: „Rebbiň ynsan oglunyň bilinden onuň neslini alyp dowam etdiripdir. Olara: „Men siziň Rebbiňiz dälmi?“ diýipdir we muňa özlerini şaýat goýupdyr. Olaram: „Hawa, şübhesiz, şaýatdyrys!“ diýdiler. Siz kyýamatda „Biziň mundan habarymyz ýokdy“ diýmeziňiz ýaly, ýa-da „Mundan öň atalarymyz Allaha şäriklik edipdiler, bizem olardan soň gelen nesildiris. Bizi edýän işi manysyz bolanlaryň etmişi zerarly ýok etjekmi?“ diýmeziňiz ýaly (Şeýtdik)“ (Araf, 7/172-173).

Beýle bolsa, ýadyňyza saljak boluň! Rebbimiz adam oglundan wada alypdyr. Şol wagt, adam ogly atalarynyň bilinde, atalarynyň hromozomlarynda gen hökmünde ýaşaýardy. Ýa bolmasa, adamogly şol wagt ruhlar äleminde gezip ýördi. Entek olar sperma älemine, zerreler älemine geçmändiler. Belkem, bu wada berilşik sperma tohum mysaly ene ýatgysyna ekilen hem-de şol taýda belli bir etapdan geçmegi bilen embriýona öwrülip başlan döwründe, perişdäniň dem üflemegi netijesinde bolup geçýändir. Adamyň hökmän geçmeli şu menzilleriniň islendik birinde ýa-da ýeke-ýekeden olaryň hersinde şeýle wada berilşik geçirlen bolmagy ahmal. Muňa şaýat bolup biljegem diňe ynsanyň wyždanydyr.

Aýatda „Rebbiň“ diýilmeginiň hem-de bu ýerde „Reb“ sözüniň agzalmagynyň sebäbi dürli-dürli bolup biler.

Seni terbiýelän, kemala getiren, efir maddasyndan atomlary, atomlardan molekulalary, molekulalardan uly birleşmeleri, esasan, seni emele getiren; eneden ýumurtgany, atadan spermany ýaradan... ötlem-ötlem garaňkylygyň içinde seniň ösmegiň üçin şert taýýarlan; howasyz ýerde enäniň dem almagy bilen saňa howa beren; enäniň alýan iýmiti bilen seni iýmitlendiren, maddy-ruhy kämillige ulaşsyn diýip yslamy ygtykat bilen kalbyňy bezän, salyh amallar bilen seniň içki hem daşky dünýäňi nurlandyran, seni Pygamber Serwerimiziň (s.a.w) ymmatyndan eýlän Allah owalbaşda saňa söz berdiripdir. Ol seniň özüňi özüňe şaýat belläpdir. „Sen şaýatmyň?“ diýipdir.

„Meniň Rebdigime, beýle çylşyrymly işleri menden başga hiç kimiň başaryp bilmejegine, başlangyç bilen ahyrky nokadyň arasyndaky deňagramlylygy diňe meniň saklap bilýänime, perişdeleri ozduryp jennete girjek adamy gara toprakdan diňe meniň ýaradyp biljegime şaýatmysyňyz?!

Siz özüňize bir ser salyň! Menden başga biri sizi ýaradyp bilermi? Ahseni takwim (Adamy iň kämil ukypda ýaratmak) derejesine sizi menden başga kim ýetirip biler? Ýer ýüzüne syn ediň! Eliň aýtymy ýaljak ýere milliardlarça adamy biri-birinden tapawutlandyryp bolýan alamatlar ýerleşdirlipdir. Menden başga şu gudrata kimiň güýji ýetjek? Milliardlarça adamyň barmak yzlary biri-birinden tapawutlydyr. Adamlaryň barmak yzlaryny saýlamaga menden başga kimiň güýji ýeter?“

Ine, Allah owalbaşdan özüniň Rebdigini ýatladanyndan soň, adamlary muňa şaýat goýýar we „Men siziň Rebbiňiz dälmi?“ (Araf, 7/172) diýip soraýar.

Bu sowal kime berlenem bolsa, isle ruha, isle atomlara, isle ene garnyndaky embriýona, tapawudy ýok, şol barlyk „Hawa, şübhesiz, Rebbimsiň“ (Araf, 7/172) diýip jogap berýär.

Hawa, bizi terbiýelän, kemala getiren hem-de bize hakyky Reb bolan Sensiň! Biz muňa şaýatdyrys!

Ine, şu şaýatlyk hadysasy kitapda ýazga geçirilýär we şol ýazgylar ynsanyň wyždanynda hiç haçan öçmez ýaly edilip ýazylýar. Allah Resuly: „Dünýä inýän her bir çaganyň tebigaty yslamydyr. Soň, ene-atasy ony ýahuda, hristiýana ýa-da otparaza öwürýär“ diýmek bilen, şol kitaba yşarat edýär.

Dünýä inýän her bir çaganyň tebigaty hem wyždany Allaha iman etmäge ukyplydyr. Ýaňy doglan çaga ýüzüne hiç zat ýazylmadyk ap-ak kagyza meňzeýär. Şol kagyza nämeler ýazyp bolanok?

Çaga şeýdip dünýä inýär. Soň näme bolýar? Ene-atasy, ýakyn garyndaşlary oňa täsir edýär. Çaga olaryň dinine girýär. Diýmek, ene-ata çaganyň hak ýolundan azaşmagyna sebäp bolýar.

Her bir päk adam özüniň wyždanynda şol söz berlişigiň sesini eşidip bilýändir. Söz berlişik hadysasy biziň ýaradylşymyzyň haýsy etapynda bolup geçeniniň tapawudy ýok, biz barybir ony ruhumyzyň çuňluklarynda duýup bilýäris. Şonuň üçinem, Rebbimizi bize düşündirýän dört külli esaslaryň biri-de wyždandyr. Biz wyždanyň bir özüni Allahyň barlygyna delil hasaplaýarys.

Älem bir kitapdyr, bize Allahy düşündirýär.

Kuran bir kitapdyr, bize Allahy düşündirýär.

Pygamberimiz bir kitapdyr, gürleýän delil hökmünde bize Allahy düşündirýär.

Birem, sessiz kitap bardyr. Hiç haçan ýalan sözlemeýän kitap. Olam – wyždandyr. Kant, Bergson ýaly pelsepeçiler wyždanyň Allahy bildirýän sessiz hem çuň delilligini aýdýarlar. Wyždanyň üsti bilen Allaha baryp bolýar. Bezmi-elestde ( Allatagalanyň ruhlary ýaradanda „Men Rebbiňiz dälmi?“ diýip soranda, ruhlaryňam: „Hawa, Rebbimizsiň!“ diýip jogap beren pursaty) şirin-şeker dili bilen „Hawa, Rebbimizsiň“ diýip jogap beren bu şaýat Allahyň barlygyna delildir. Şol şaýady – wyždany özüne dost edinen adama mundan başga hiç hili delil gerek däldir. Wyždany Allahdan başga hiç zat bilen kanagatlandyryp bolmaýar. Wyždan „Tapmak“ diýmekdir. Wyždan diňe Allahy tapanda, aram tapýandyr. Ine, dogulýan her bir bäbek öz ýany bilen şeýle şaýady alyp gelýändir.

Biz „Özüni tanan – Rebbini tanar“ diýen sözi şeýdip düşünmekçi: wyždanyň diline düşünýän Rebbini tanar.

„Bakylykdan garaşýardym habara,

Nikap sypyrlansoň, gördüm men meni“ diýen setirlerde ösdürilýän pikiri Niýazi Mysry:

„Daşardan gözläp ýörkäm,

Ol jan içre jan eken!“ diýmek bilen galyba salypdyr. Ine, şu kitap – wyždan millionlarça öwlüýälere ýolbelet bolup hyzmat edipdir.

Men daşarda başym ýalaňaç, aýakýalaňaç, hyýallarymda Ony gözleýärdim. Gözýetimiň nikaby aýrylansoň, her bir hakykatyň çugdam-çugdam bolup meniň wyždanymda ýatandygyny gördüm.

Latifeýi-rabbaniýeniň esasy sütüni bolan wyždan özüniň müşgil meseleleri çözüji häsiýeti bilen kalbymyza dolýar. Şonda, biz kalbymyzy gül-pürçük bolup jennetiň büreýänini duýýarys. Wyždan biziň kalbymyzy gahar-gazapdan arçaýar.

Hawa, her ynsan dünýä gelende, özüni şeýle beýik nokada çykarjak ýolbelet bilen bile dogulýar. Emma, maddylygy talap edýän hem-de Allahy labaratoriýalarda gözleýän nadan wyždanyň sesini hiç haçan eşitmez. Şonuň üçinem, wyždan oňa ýol görkezmez. Ol öz ýolbeledinden doly manyda peýdalanyp bilmez.

Bezmi-elest birnäçe hadyslarda-da agzalyp geçilýär. Esasan, otuza golaý sahabanyň (olaryň arasynda hezreti Aly, Ebu Said el Hudry, Süraka bin Malik, hezreti Aýşa, Abdullah bin Omar, Abdullah bin Abbas, Abdullah bin Mesud, Abdullah bin Amr ýaly adybelli sahabalaram bar) rowaýat eden şu hadysy ýokarda agzalan aýaty şeýdip tewsir edýär: „Allah (j.j) Adamyň arkasyny sypady. Bütin adam zürýady döküldi. Allah olara lebiz etdirdi“.

6. Ýokarda ady agzalan sahabalar başga bir hadysy hem rowaýat edýär. Şol hadysda Pygamberimiz (s.a.w) şeýle diýýär: „Şaki (ýoldan azaşan) enesiniň garnyndaka şakidir. Said (Hak ýolundaky adam ) bolsa enesiniň garnyndaka saiddir“.

Hawa, kimiň said ýa-da şaki boljagy entek ene garnyndaka kesgitlenýär. Emma, Takdyr ynsanyň ýazgydyny ýazanda, onuň erkini, o adamyň gahar-gazabyny ýa bolmasa mähir-muhabbetini hökman göz öňünde tutýandyr.

7. Ýene bir hadysda Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Adam bilen hezreti Musanyň arasyndaky gürrüňdeşligi bize şeýdip ýetirýär. Hadysda gürrüň berilýän waka Takdyr meselesine düşünmek babatda biziň mowzugymyza degişlidir.

„Hezreti Adam bilen hezreti Musa (aleýhimesselam) gabatlaşdy. Olar pete-pet geldiler. (Bu duşuşyk mysal älemine degişli bir sahnadyr). Hezreti Musa (a.s) hezreti Adama (a.s) şeýle diýdi: „Sen biziň atamyz Adamsyň. Bizi uly ýitgä sezewar etdiň. Biziň jennetden çykmagymyza sebäp bolduň! “

Hezreti Adam (a.s) bolsa oňa şeýle jogap beripdir: „Sen Musasyň! Allah seni saýlap-seçip, beýik mertebä çykardy we saňa Töwraty iberdi. Muňa garamazdan, meniň ýaradylmagymdan kyrk ýyl öň Takdyrymyň ýazylany üçin, sen meni günäkärleýärmiň? “

Allah Resuly (s.a.w) sözüniň şu ýerinde saklandy we üç gezek: „Adam Musadan rüstem geldi“ diýdi.

Din ulamalary hadysdaky Hezreti Adamyň (a.s) hezreti Musadan (a.s) rüstem gelmegi diýen söze kän düşündiriş beripdirler. Şol düşündirişleriň gysgaça mazmuny şeýle:

Hezreti Adam (a.s) hezreti Musanyň (a.s) atasy bolany üçin, ondan rüstem gelipdir.

Hezreti Adam (a.s) bilen hezreti Musa (a.s) aýratyn şerigatlaryň öňbaşysydyr. Biri üçin ýalňyş bolan zat, beýleki üçin ýalňyş bolman bilýär. Şonuň üçinem, hezreti Adam (a.s) rüstem gelipdir.

Jennetde jogapkärçilik ýokdur. Dünýäde bolsa jogapkärçilik bar. Hezreti Adam (a.s) jennetde jogapkär däldi. Emma, hezreti Musa (a.s) dünýäniň düzgüni boýunça gürläpdir. Şonuň üçinem, hezreti Adam (r.a) rüstem gelipdir.

Hezreti Adam (a.s) haýryň we şeriň Allahdan gelýänini düşündirjek bolupdyr. Ine, iň esasy şunuň üçin hezreti Adam (a.s) hezreti Musadan (a.s) rüstem gelipdir.

Bu düşündirişleriň hiç birem bir-birinden kem däldir. Şonuň üçinem, bulary analizläp oturmaýyn. Emma, Pygamberimiziň (s.a.w) mübärek sözlerindäki inçe hikmete ünsüňizi çekesim gelýär.

Birinjiden, bu hadys bize Takdyryň syrly taraplaryny düşündirýär. Her bir zadyň ýazgydy, entek şol zat döremänkä ýazylypdyr.

Ikinjiden, hezreti Adamyň (a.s) aýdýanlary bilen hezreti Musanyň (a.s) aýdýanlary deňeşdirilip, yz ýanyndanam, hezreti Adamyň (a.s) rüstem gelendigine yşarat edilýär.

Pygamberimiz (s.a.w) „Adam Musadan rüstem geldi“ diýmek bilen, hezreti Musanyň (a.s) ýalňyş pikir edýändigini aýtmaýar. Belkem, Pygamberimiz (s.a.w) hezreti Adamyň (a.s) pikiriniň has giňdigine ünsi çekýändir.

Takdyryň iki tarapy bardyr. Birinjisi, Allatagalanyň her bir barlygyň ýazgydyny ýazmagydyr. Ine, bu – Takdyryň Allatagala seredýän tarapydyr. Ikinjisi bolsa, ynsan erki bilen baglanşykly tarapdyr.

Hezreti Musa (a.s) hezreti Adamyň (a.s) jennetden çykarylmagyna, Takdyryň diňe ynsan erki bilen baglanşykly bolan tarapy esasynda seredýärdi. Hezreti Musa (a.s) aýdýanlaryny şu tarapdan seredip aýdýardy. Muňa garamazdan, hezreti Adam (a.s) meselä Allatagalanyň ýazgydy hem-de ynsanyň erki babatyndan seredipdir. Meselä iki tarapdan seredeni üçin hezreti Adam (a.s) hezreti Musadan (a.s) rüstem gelipdir.

Ynsan erkiniň daş keşbi ýokdur. Muňa garamazdan, ynsan erki Allatagalanyň ýaradyşyna şert bolup durýar. Şonuň üçinem, göýberilýän ýalňyşlaryň sebäpkäri adamyň erkidir. „Saňa duş gelýän ähli haýyrlar Allahdandyr. Ähli şerler bolsa seniň nebsiňden gaýdýandyr“ (Nisa, 4/79) diýlen sözler bize bu ölçegi berýär. Emma, meseläniň beýleki tarapynda bolsa „ylahy meşiýet“ (Allahyň islegi) bardyr. Adam Allahyň isläninden başga hiç zady isläp bilmez. Ine: „Siz diňe Allahyň islänini isläp bilersiňiz“ (Ynsan, 76/30) aýaty bolsa, bize bu hakykaty aýdyň düşündirýär.

Allatagala Hakymy Mutlakdyr. Allatagalanyň gudraty ähli erk-eradalardan beýikdir. Allah öz hökümini ýöredýändir.

Ynsanyň erki bir çemçe suwdan ybaratdyr. Bir çemçe suw ummanyň ýanynda hiç zatdyr. Aslynda, erk hiç zatdyr. Emma, Allatagala tutuş jahany şol hiç zadyň üstünde binýat edipdir. Ana, şonda welin, hiç zat bolan erk, tutuş älem-jahan ýaly gymmata eýe bolýar.

Takdyr meselesine juda giň garamak gerek. Şu aýatlar bize bu meselä dogry garamaga ýardam berýär. „Ýok, şübhesiz, bu Kuran öwütdir. Isleýän adam öwüt alýar. Allah islemese, öwüt alyp bilmezler. Ol özünden gorkulmaga has mynasypdyr. Bagyşlamaga has ýakyn durýandyr“ (Müddessir, 74/54-56).

Ymam Gazaly: „Men edemok, ýöne isleýärin“ diýýänlere şeýle jogap berýär: „Beýle bolsa, saňa islemegi beren kim?“

Biz jogapkärdiris. Özümiz iş edýän ýalydyrys. Emma, bu jogapkärçiligi hem beren Allahdyr.

Allatagala bize erk beripdir. Biz erkimizi ulanyp, haýyr işe-de, şer işe-de baş goşup bilýäris. Ýöne biz erkimiziň çägini doly bilemzok. Ony diňe Allah bilýändir.

Görşümiz ýaly, kanwa hökmündäki erkimiziň üstüne owadan nagyşlar gaýmalanýar. Ynsana erk berilmek bilen, oňa patyşalyk jygasy geýdirilýär. Hawa, bir tarapdan, erk zat hiç zatdyr. Bir tarapdanam, erk köp zada barabardyr... Şeýle pikir öwürmek üçin, adamyň pikiriniň örüsi has giň bolmalydyr. Giň pikir etmek arkaly Takdyr meselesini iki taraplaýyn öwrenip bolýar. Meselä şeýdip çemeleşmeýänler bolsa, jebriýe ýa-da mutezile ýoluna giripdirler.

Haýry hem, şeri hem ýaradan Allahdyr. Ýöne Allah haýry isleýändir. Allahyň şer işe islegi ýokdur. Şer işi isleýän – ynsandyr. Allah adamyň şer iş ederini islemeýär. Emma, ynsan şer isleýäni üçin, Allaham şol şeri ýaradýar.

8. Şu aýratynlygy hasam anyklaşdyrjak käbir mysallary getireýin. „Siz we Allahdan başga çokunýanlaryňyz dowzahyň ýangyjysyňyz. Şol ýere girersiňiz“ (Enbiýa, 21/98).

Şu aýat inende, müşrikler gazap atyna atlandylar. Sebäbi, aýat olara ýüzlenip şeýle diýýärdi: „Siziň özüňiz, çokunýan ähli butlaryňyz, mukaddes hasaplaýan totemleriňiziň bary dowzahyň ýangyjy bolar“.

Bu sözler ýaýdan çykan ok bolup, gönüden-göni müşrikleriň Käbäni dolduran 360 sany butlaryny nyşana alýardy. Butlar olaryň ar-namysydy. Kurany Kerim olara dowzahyň ody bilen haýbat atýardy. Elbetde, olaram elini gowşuryp oturyp biljek däldi. Kuranyň haýbatly sözlerine jogap hökmünde bir zatlar diýip galmalydylar. Emma, alaçsyzdylar. Sebäbi, olaryň Kurana jogap bermäge gaýraty çatmaýar.

Soň müşrikleriň ýadyna Ibni Zibera düşýär. Sözleri bilen adamy bütinleý özüne ynandyryp bilýän şol kişini Allah Resulynyň (s.a.w) ýanyna iberýärler. Ibni Zibera sargap-sargap goýberdiler: „Onuň gepiniň aşagynda galaýma. Biziň ar-namysymyz seniň eliňdedir“.

Görgüli, Ibni Zibera nätsin? Öz ýanyndan akyl bilen üstün gelerin diýip, Pygamberimiziň (s.a.w) ýanyna barypdyr. Ol Allah Resulyndan (s.a.w) : „Sen „butlaryňyz hem-de siz dowzahyň ýangyjy bolarsyňyz“ diýmek bilen, butlaryň baryny göz öňünde tutýaňmy? “ diýip sorapdyr. Allah Resuly (s.a.w): „Hawa“ diýip jogap bereninden soň, Ibni Zibera sözüni şeýle dowam etdiripdir: „Beýle bolsa, hristiýanlar hezreti Isa, ýahudylar hezreti Üzeýre Allahyň ogly diýýär we olara hudaý hökmünde garaýarlar. Onsoňam, perişdelere Allahyň gyzlary diýýänlerem bar. Onda, seniň aýdyşyňa görä, olaram dowzaha gidýär-dä, şeýlemi?“. Ol özüniň hile-pirimleri bilen Allah Resulyny (s.a.w) sözde ýeňmäge çalyşýardy. Ýöne ol adamyň beren sowalyna jogap hökmünde derhal şu aýat inipdir: „Emma, biz tarapdan ýazgytlaryna ebedi bagtly durmuş ýazylanlar, ana, olar dowzahdan daşdadyrlar“. (Enbiýa, 21/101).

Dünýäniň alyna aldanmadyk o adamlar asla dowzaha girmez. Allaha gulluk etmekde gözaçyp ýumasy salymam gapyl galmadak perişdeler dowzahdan uzakdyrlar.

Hawa, „Ruhullah“ ady bilen dünýä gelen, adamzada ýaşaýyş getiren, ölen ýürekleri direlden hezreti Isa we Allahyň beýik pygamberi bolan hezreti Üzeýr dowzahdan biçak daşdadyr.

Bu pygamberler barada ýalňyş pikir ýöredýänler diňe özlerine zyýan edýändirler. Sebäbi, nebileri we perişdeleri Allatagala seçip-saýlap ýaradypdyr. Olaryň ahyret durmuşynda eşretde, bagtyýarlykda ýaşajakdyklary Allatagala tarapyn kesgin aýdylypdyr.

9. Abdurahman bin Awf (r.a) gürrüň berýär:

„Bir gezek çaşyp, özümden gidipdirin. Birdenkä, meniň ýüregime gorky salýan iki adam peýda boldy. Olar elimden tutup, meni bir ýere süýräp alyp gitdiler. „Meni nirä alyp barýarsyňyz?“ diýip soradym. Olar: „Ynamdar hem eziz bolan beýik Biribaryň huzuryna alyp barýarys. Hasap bermeli bolarsyň“ diýdiler. Meni şeýdip alyp gidip barýarkalar, öňümizden bir adam çykdy. Ol adam meni ümläp: „Muny nirä alyp barýarsyňyz?“ diýip sorady. Oňa şol bir jogaby berip, „Ynamdar hem eziz bolan beýik Biribaryň ýanyna alyp barýarys“ diýdiler. Ol: „Ýok, siz muny alyp gidip bilmersiňiz. Sebäbi, ol entek enesiniň garnyndaka gowularyň hatarynda diýlip ýazylan adamdyr. Ony eziz hem ynamdar bolan beýik Biribaryň huzuryna eltip bilmersiňiz “ diýdi. Şol mahalam özüme gelipdirin.

Pygamber Serwerimiz (s.a.w): „Bendäniň dowzaha girmegine bir garyş galar, ýöne kitapda ýazylany üçin, ol jennetileriň amalyny ýerine ýetirer we jennete girer“ diýip, Abdurahman bin Awfyň (r.a) gürrüň berýän wakasyna düşündiriş berýär. Galyberse-de, Abdurahman bin Awf (r.a) jennete girjegi buşlanan on sahabanyň biridir. Bu ýerde, ynsan Takdyrynyň kitapda ýazylýandygyny aýratyn belläp geçesim gelýär.

10. Amir bin Sad kakasy Sad bin Ebi Wakkas (r.a) bilen baglanşykly bir wakany gürrüň berýär:

Kakam Küfeniň köçeleriniň birinden geçip barýarka, birnäçe adamyň bir kişiň daşyna egele bolup, ony diňläp durandyklaryny görüpdir. Ol bilesigelijilik bilen olaryň ýanyna barypdyr. Görse, ýaňky adam hezreti Ala (r.a), Zübeýr bin Awwama (r.a) we Talha bin Ubeýdullaha (r.a) sögünip dur diýýär. Elbetde, ýanyndakylaram agyzlaryna suw alan ýaly bolup, ony diňläp durlar. Kakam ol adama: „Sem boljakmy ýa saňa gargyş edeýinmi?“ diýipdir. Ol adam özüniň kimligini tanadyp, „Näme, maňa haýbat atýarmyň?“ diýen jogaby beripdir.

Kakamyň jegebesi daralypdyr. Ol o taýdan ümsüm gaýdypdyr. Öýe gelip, täret alypdyr we iki rekagat namaz okapdyr. Namazdan soň, kakam elini açyp, şeýle dileg edipdir:

„Allahym! Bir salym öň gürläp duran kişiniň sögen adamlary Takdyrda o jennetiler diýlip ýazylan bolsa, Sen muňa bir alamat görkez. Şonda, olara hiç kes dil ýetirip bilmez. Goý, bu beýlekiler üçinem sapak bolsun!“

Entek birki minut geçip, geçmänkä, niredendir bir ýerden bir düýe peýda bolup, üýşüp duran adamlaryň üstüne sürnüpdir. Düýe ýaňky adamyň üstüne topulypdyr. Daşyndakylar ol adamyň bagyrýanyny eşidip galypdyrlar. Soň görseler, ol adam bölek-bölek bolup, ýerde dem-düýtsiz ýatyr. Muny gören adamlar basga düşüp: „Ýa, Eba Ishak“ diýşip, hezreti Sadyň öýüne ýortupdyrlar. Sad bin Ebi Wakkas (r.a) bolsa: „Meniň edenim dogrumyka ýa ýalňyşmyka?“ diýip oýurganýan bolmaly.

Takdyrda olar jenneti diýlip ýazylgydy. Hezreti Ala „Haýdary Kerrar, Şahy Merdan, Pygamber giýewsi“ diýlip ýazylgydy we onuň jennete girjegem şol kitapdan bellidir.

Hezreti Talha (r.a) Uhud söweşinde döwlen eli bilen Allah Resulyny (s.a.w) penalapdyr we Allah Resuly-da (s.a.w): „Talha kömek ediň!“ diýipdir.

Allah Resuly „Her nebiniň bir hawarysy (ýarany) bardyr. Meniň hawarym bolsa Zübeýr bin Awwamdyr“ diýmek bilen, Hezreti Zübeýriň özüniň ýaranydygyny tutuş dünýä jar edipdir.

Şu adamlara erbet söz aýdylmagyna çydam edip bilmän, Allaha dileg eden Sad bin Ebi Wakkas (r.a) hem Allah Resulynyň (s.a.w) daýysynyň ogludy. Allah Resuly (s.a.w) Uhud söweşinde oňa ok atmagy buýranda: „At! Enem-atam saňa gurban bolsun!“ diýipdi. Sad bin Ebi Wakkasyň (r.a) her dilegi kabul bolýardy. Şonuň üçin, her kimem Sadyň gargyşyndan gorkýardy. Ine, olar – gowy diýlip ýazylan adamlardyr.

Ýagny, olar rehmet gapysyny kakman içerik girerler, ylahy peşgeşlere eýe bolarlar we jennete ýylgyryp giderler.

Adam näme etse-etsin, öz maňlaýyna ýazylandan artykmaç hiç zat edip bilmez. Emma, maňlaýyňa ýazylmak diýmek – isleseň-islemeseň, şol ýazylany berjaý edersiň diýmek däldir. Ýokarda-da gaýta-gaýta belläp geçişimiz ýaly, Allatagala özüniň ezeli ylmy bilen ynsanyň näme etjegini öňünden bileni üçin, ynsana şoňa görä ýazgyt ýazýar. Ýazgytlarynda Allahyň halan bendeleri bolmaly diýlip ýazylanlaram edil şolar ýaly. Allatagala olaryň öz erklerini ulanyp etjek haýyr hem gowy işlerini bilýäni üçin, olara jennetileriň ýazgydyny ýazýar. Sebäbi, Allah Allamül Guýubdyr. Allatagala gizlin-äşgär bar zady bilýändir. Ol entek hiç zat ýaradylmanka, bulary bilýärdi. Allatagala özüniň bar zady bilýändigini Takdyr kitabyny ýazmagy bilen görkezýär. Adam hem ýeke-ýekeden Allatagalanyň bilşi ýaly, etmeli işlerini edýär. Bulary hem perişdeler amal depderine belläp alýar. Ýazgyt depderi bilen perişdeleriň ýazýan amal depderi – ikisem birdir. Allatagala bizem ýazgytlarynda jenneti diýlip ýazylanlaryň hataryna goşsun! (Amin)

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr