Alymlaryň jemgyýeti Gülen bilen gyzyklanýar

Geçen hepde Amerikanyň ady belli ýokary okuw jaýlarynda dört günläp, yzly-yzyna Fethullah Gülen hereketini öwrenmek maksatly ylmy maslahatlar geçirildi. Daşary ỳurt alymlary türkiýeli intellektuala uly hormat goýup, ol hakda pikir alyşýar. Has dogrusy, alymlar « Güleni bütin adamzada has dogry düşündirmek» meselesiniň üstünde işleýärler.

ABŞ-yň iň uly üçünji şäheri bolan Çikagoda ýaş türk işewürleriniň tagallalary bilen döredilen we Amerikadaky alymlar jemgyýeti hem-de ýokary okuw jaýlarynyň talyplary tarapyndan goldaw tapan «Niagara» guramasy «Dinleriň arasyndaky dialog» atly halkara ylmy maslahat geçirdi. Mundan daşgary Hýustonda-da «Dinleriň arasyndaky dialog» institutynyň ýolbaşçylygynda «Häzirki zaman dünýämizde Yslam ýa-da Fethullah Güleniň pikirleri we olaryň durmuşa geçişi» atly ylmy maslahat gurnaldy.

Hawa, Günbataryň alymlar jemgyýeti Güleni öwrenýär. Çengiz Çandaryň aýdyşy ýaly, şu ylmy maslahatlar dünýäde haýryň dabaralanmagyna ýol açýar. Çikago, De Paul, Loýola we Raýs ýaly uniwersitetlerde geçirilen maslahatlarda alymlaryň aýdan sözleriniň käbirlerini belläp aldym. Şolary size ýetiresim gelýär:

«Fethullah Güleniň we onuň pikirdeşleriniň Amerika, Ýewropa we Yslam dünýäsine gazandyran iň uly zady – olaryň bilime goýýan sarpasydyr we dinleriň arasynda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmaklarydyr. Gülen hereketi şu aýratynlygy bilen beýleki hereketlerden düýpgöter tapawutlanýar»

« Kuranyň hem Sünnetiň ýoluna eýerip, bilimden arany açmaýan Fethullah Gülen hereketi yslamy hereketleriň aýdyň mysallarynyň biridir » (Azam Nizamuddin, Illinois Elmhurst kollejiniň mugallymy)

«Said Nursi özüniň eserleriniň birinde «Şeýle gün geler, musulmanlar hristianlar bilen ylalaşyga geler» diýýär. Men şu sözleri okap bir zada göz ýetirdim: türk mekdepleri dünýä ýaşlarynyň arkalaşygynyň başgaça atlandyryşydyr» (Paul Parker, Illinois Elhurst kollejiniň mugallymy)

«Geçirilen barlaglaryň netijesinde ABŞ-yň mekdep okuwçylarynyň 75 göteriminiň synaglardan göçürip geçýändigi anyklanyldy. Şu maglumat şahs terbiýesiniň zerurlygyny görkezýär. Gülen «Altyn nesil» ýetişdirmek bilen bu meselä çözgüt getirýär. Şahsyỳetiň kemala getirilmegi üçin bilim ojaklarynda şert döredilmeli. Biz Amerikada nädip «Altyn nesili» ýetişdirip bileris. Elbetde, bu ahlak gymmatlyklarynyň herekete girizilmegi bilen amala aşar. Şonuň üçin Fethullah Güleniň ahlak gymmatlyklaryny çaganyň ruhuna siňdirmek üçin çekýän zähmeti, ulanýan usuly giňişleýin öwrenilmäge mynasyp hasap edýärin» (Çarles Nelson, Nýu-Jersi Kean uniwersitetiniň mugallymy). «Gülen bir wagtyň özünde hem öz dinine uýandygyny hem-de beýleki diniň wekilleri bilen hoşniýetli gatnaşýandygyny görkezýär»

«Gülene görä diniň syỳasylaşdyrylmagy owaly bilen diniň özüne zyýan getirer. Gülen «Hakyky dindar adam hiç haçan özüni görkezjek bolmaz» diýýär. Fethullah Güleniň eserlerini okanymdan soň, Allaha bolan ynanjym öňküden hem çuňlaşdy. Allahdan bidin çöp başynyň gymyldamaýandygyna şonda düşündim» (Loý Aşton, Missisipi Milsaps uniwersitetiniň alymy)

«Gülen täze düşünje getirdi. Onuň düşünjesiniň esasynda agzybirlik bar. Jemagat şol bir wagtda öz adamsyny terbiýeleýär. Bilim bermek arkaly Haky wagyz etmegiň täze usulyny tapypdyrlar. Olar nurly ýörelgeler bilen tutuş adamzady Hak ýoluna çagyrmagy maksat edinýärler» (Bekim Agaýy, Bon uniwersitetinıň alymy)

«Koreýler globallaşan dünýäde sufizme barýan ýoly gözleýärler. Güleniň sufizme garaýşy – sufizmiň häzirki zaman galybydyr. Adamlar onuň söhbetini diňläp aglaşýarlar. Menem aglaýaryn» (Heon Ç. Kim, Temple uniwersitetinıň doktoranty)

«Türkiýäniň hem-de dünýäniň ähli künjeklerinde açylan türk mekdepler asudalygyň adasy bolup hyzmat edýär» (Greg Barton, Deakin uniwersitetiniň alymy)

«Nurly ýodalar adamlaryň ruhy galkynyşyny ýola goýýar. Bu mekdepler hoşniýetli adamlary ýetişdirýär. Şonuň netijesinde Ýewropa Bileleşigine eýýäm şu günden «Hoş geldiň» diýesim gelýär. Biziň Beýik Britaniýa döwletimiz Gülenden entek köp zat öwrenmeli» (Ian G. Williams, Birmingham mugallymçylyk fakultetiniň mugallymy)

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2020 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr