M. Fethullah Gülen bilen söhbetdeşlik

Beýik ynsanlar «komỳuterlerıň ykjam diski ýalydyr» diýsek öte geçdigimiz bolmazmyka diýýärin. «Dügmesine» basmasaň, olaryň «ekranyndan» maglumat görüp bilmersiňiz. Alymlardan hem sowal soramak arkaly jogap alyp bolýar. Olar hem şonda size hezil edip gürrüň berýärler. Meniň özümiň «soraýyn» diýip ýören soraglarym bardy. Ýöne M. F. Güleniň ýanyna barmakam üstümi soragdan gömdüler. Duşuşygymyz juda gysga bolsa-da, ondan birnäçe soraglary soramaga ýetişdim.

Aslynda Gülen berilen sowala gyzgyny bilen jogap bermegi halaýar. Berilen sorag onuň aňynda aýlanýar. Onuň köp kitap okaýany mesaňa görnüp dur. Onda-da, ol saýlap okaýar. Okaýşam iki taraplaýyn. Ýagny taryhy maglumatlar bilen bir hatarda häzirki döwrüň täzelikleri bilen hem gyzyklanýar. Türk dilini ussatlyk bilen gürleýän juda seýrak duş gelýän adamlaryň biri bolany üçin onuň diliniň şiresine haýran galyp oturşyňa, başky beren soragyňy hem ýadyňdan çykarýarsyň. Ol berilen soragy şeýle bir giň gerimde jogaplaýar welin, göýä diýersiň taryhy çeşmeleriň bary eliniň aşagynda duran ýaly.

Gülene esasy, üç topara degişli soraglar berdim.

  1. Yslamy (mysal üçin: günä, iýmesi gadagan edilen miwe, tasawwuf)
  2. Syýasy (Yslamy akymlaryň syýasy hem halky ugurlary)
  3. Aktual (Gülen hereketiniň döwlet bilen baglanyşygy, dinleriň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyk we bu gatnaşygyň misýonerlige goltgy bolýandygy barada ýapa degmeýän töhmetleriň ýaýramagy)

Berilen sowallarda esasy üç maksat saklandy: öwrenmek, pikirlerimi barlamak we käbir meseleleri (mysal üçin käbir günä ýöňkemeleri) aýdyňlaşdyrmak. Sag bolsun, ol köp sanly intellegensiỳa wekilleriniň öňünde bu sowallara akýürekden jogap berdi. Edýän işi dürs bolanyň gepi-sözi hem düzüw bolỳar.

Bu ýerde diňe ýekeje sorag we onuň jogaby hakda durup geçmekçi. Köp wagtdan bäri meni bynjalyk edip ýören bir mesele bar. Öz-özümden şeýle diýip soraýaryn: «Bir musulman adamyň şahs we jemgyýet hökmünde dünýäde ýaşamagynyň esasy maksady nämekä?» Musulman adam yhlas edýän bolsa, tutanýerlilik bilen zähmet çekýän bolsa, diýmek onuň iki sany maksady bolmaly. Birinjisi, Allahy özünden razy etmek üçin ýaşamak ýagny, halal durmuşda ýaşamak. Ikinjisi bolsa, yslamy hakykatlary wagyz edip, erkin pikirlilige ỳetmek ugrunda mümkinçilikleri gazanmak.

Yslamyň syýasy ölçegi babatda kän kelle döwdüm. Şonuň üçinem bu iki maksatdan daşlaşmaly däldigini aýdasym gelýär. Bu barada «Din, döwlet we demokratiýa» atly kitabymda gysgaça aýdyp geçipdim.

Şu iki maksada laýyk gelýän syýasy, sosial we hukuk şertiniň döredilen ýerinde ýaşaýan az sanly musulmanlar hökman garaşsyzlyk ugrunda söweşmelimi? Haýsydyr bir ýurtda ýaşaýan san taýdan juda az musulmanlary din näme, aýratyn döwlet gurmaga borçly edýärmi? Mysal üçin, 150 millionlyk ilaty bolan Russiýada Çeçen halkynyň sany ummanda damjadyr. Şeýle ýagdaýda olar hökman özbaşdaklyk üçin göreşmelimikä? 1994-nji ýyldaky ylalaşygyň netijesinde çeçenler awtonom döwlet gurup, öz ýurtlaryny özleri dolandyryp başladylar. Şondan soň, Yslam hukugyny durmuşa geçirmäge şert döredi. Olar özleriniň milli gymmatlyklaryny eşrepi deýin aýap saklaýardylar. Hiç kim olaryň dil ýa-da medeni hukuklaryny ellerinden alyp bilmeýärdi. Olar diňe daşarky syýasatda Russiýa döwletine bagly bolmalydylar. Ilatyň durmuş şertini hasam ýokarlandyryp bilerdiler. Mälim bolşy ýaly, Dagystana goşun girdi. Entek birinji günden maksada ýetmek üçin ýaraga ýapyşyldy. Şondan bäri on müňlerçe adamyň janyna kast edildi, giden nesil gyrgyna berildi, ýurda gan çaýkaldy. Oýlanyp görüň, şu syýasat dogrymyka?

Çeçenistanda özbaşdaklyk syýasatyndan ugur alýan bir musulman jemgyýeti ýüze çykan bolsady we olar «Bir millet, bir döwlet» bolmak ugrunda däl-de, komunizmden halas bolan döwründe öňki Sowet soýuzynyň ýurtlaryna Yslam dinini ýaýmak, yslamy hakykatlary wagyz etmek ugrunda göreşen bolsadylar, Russiýada musulman bolanlaryň sany sähel wagtda köpelmezmidi? Edil häzirki ýagdaýy alyp göreniňde-de, Russiýada musulmanlaryň sany gün-günden artýar. Ummasyz çykdaýjyly zyýana eltýän uruşlar musulmançylygyň ýaýramagyna böwet bolmadymy? Dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem musulmanlaryň turuzýan gozgalaňlarynyň esasy bölegine şu jähetden seretse bolmazmy?

Şu mesele bilen baglanyşykly garaýyşlarymyň nä derejede ýerliklidigine göz ýetirmek üçin Gülene şeýle soraglary bermeli boldum. Olam meniň bilen ylalaşdy we bu meseläni hasam giňişleýin düşündirdi. Muňa gaty begendim. Ýöne Kazandan gelen tatarlar menden hem köp begenen bolsalar gerek. Olar, esasanam şu soragym üçin maňa minnetdarlyk bildirdiler we mundan soňky edilmeli işleri has aýdyň görýändiklerini aýtdylar.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2020 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr