1941 – 1959 Durmuş Hronologiýasy (Ömür beýany)

Fethullah Gülen

1941 – Doglan ýyly

Fethullah Gülen, resmi maglumatlara görä 1941-nji ýylyň 27-nji aprelinde Erzurum welaýatynyň Hasankale (Pasinler) etrabynyň Korujuk obasynda dünýä indi.

Kakasy ony doglan ýyly bellige aldyrmak üçin Hasankale etrap merkezine gidýär. Ýöne, ýeke-täk hem-de diýdimzor partiýanyň ýurtda höküm sürýän döwri bolan şol ýyllarda, degişli edaranyň işgäri “Men şular ýaly ady bellige aljak däl” diýende, kakasy gaharlanyp, obasyna dolanýar. Bir müddet soňra Ramiz Gülen obanyň ýaşulular toparyna saýlanýar. Obanyň arçyny işleriň ählisini diýen ýaly onuň ygtyýaryna tabşyrýar. Ramiz aga, obanyň asudalygy goraýan edarasynyň starşinasy (jogapkär wekili) bilen bilelikde 1942-nji ýylda gaýtadan Hasankale etrap merkez edarasyna barýar. Bu gezek bolsa, iki ogluny bellige aldyrmalydy. Sybgatullah, erkek dogany Fethullahdan 2.5 ýyl soň dünýä inýär.

Starşina “Şu atlary edil bolşy ýaly bellige alarsyň” diýip, tabşyryk berýär-de, ol ýerden gidýär. Edaranyň işgäri ikisini-de bellige almaga başlaýar. Ýöne, her iki bellikde-de säwlikler goýberýär. Kakasynyň “Muhammed Fethullah” diýip dakan adyny “Muhammed”-siz, doglan senesini bolsa, 1938 ýerine 1942 diýip bellige alýar. Kiçi dogany Sybgatullahy doglan senesi 1942, adyny bolsa Seýfullah diýip bellige alýar.

Şeýlelikde Fethullah Güleniň doglan senesi 1938-nji ýyl bolmagyna garamazdan, resmi maglumatlarda 1942-nji ýyl diýip geçýär.

Edirne şäherinde işe başlan döwründe kazyýetiň karary bilen ýaşy 1 ýyl ulaldylyp, doglan ýyly 1941-nji ýyl diýlip bellige alynýar.

1945 – Kuran öwrenmäge başlaýar

Kurany 4 ýaşyndaka ejesinden öwrenmäge başlaýar we gysga wagtyň içinde Kurany hatym edýär.

“Meniň ilkinji Kuran mugallymym ejemdir. Özüniň aýtmagyna görä, maňa 4 ýaşymdakam Kuran okamagy öwredipdir. Bir aýyň içinde-de hatym edendigimi aýdýar. Hatym edendigim meniň ýadyma düşenok. Ýöne, ähli obanyň halkyna hödür-kerem edilendigini bilýärin. Şonda biri maňa “Seniň toýuň bolýar” diýende utanjymdan aglapdym.”

1946 – Başlangyç mekdebine gidýär

“Şol wagtlar obamyzda başlangyç mekdebi ýokdy. Şu wagtky metjidiň ýanyndaky medresäni synp hökmünde ulanýardylar. Gündizleri çagalara, gijelerine bolsa, ýaşuly aýal-erkege okamagy-ýazmagy öwredýärdiler. Ýaşulularyň ýagdaýyny penjireden synlap gülerdim. Örän geň görerdim. Ýaşym ýetmändigi üçin ilkinji ýyl meni mekdebe almadylar. Okuwa başlamda hem ýaşym ýetenokdy, şonda-da dowam etdim. Iki ýa-da üç ýyl okuwa gitdim.”

1949 – Başlangyç mekdep döwri we ýarty ýolda galan okuw

Kakasy 1949-njy ýylda Alwar obasyna ymam edilip bellenendigi sebäpli, maşgala bolup ol ýere göçdüler we taşlamaly bolan başlangyç bilimini has soňra gaýybana tamamlady.

“Iki ýarym ýyla ýakyn wagt bilim alanymdan soň, okuwumy taşlamaly boldum. Kakam Alwara ymam bulup belleneni üçin bizem ol ýere göçmeli bolduk. Şondan soň mekdebe gitmedim. Bir döwür Korujuk obasyna gaýdyp gelipdim. Şol aýal mugallyma meni görüp “Men seni 4-nji synpa geçirdim” diýdi. Ýöne, onuň bu eden kömegi hem peýda bermedi. Mekdebe gitmedim. Başlangyç bilimimi has soňra, Erzurumda synag bilen gaýybana tamamladym.”

1951 – Hafyzlyk okuw döwri

Kakasy Ramiz agadan arap dili sapaklary alýar we hafyzlyk okuwyny tamamlaýar.

“Hojalygyň hem-de mal-garanyň işlerinden ýaňa,tapan boş wagtlarymda ýat tutýardym. Boşrak bolan günlerim ýarym juz ýaly ýat tutup bilýärdim. Şeýle-de tomusda boş wagt tapmak mümkin däl. Şol gyş hyfzymy tamamladym.” (Kiçijek Dünýäm)

“Men aslynda hafyz. Ömrümde-de iki gezek hafyzlyk etdim. Birinjisi, takmynan on ýaşlarymda kakam etdirdi. Käbir sebäplerden üstünde ymykly durup bilmänimden ýadymdan çykardym. Has soňra bolsa 1980-nji ýyllarda ýaňadan, dört aýda hafyz boldum. Ýöne, açyk aýdanymda, ony her okanymda täze-täze gözýetimler, täze-täze yklymlar öňümde açylýan ýaly bolýar. Oňa göwün berenleriň ählisi şular ýaly duýgulary başdan geçirýärmikän diýýän.Ýeke şerti bar, ondaky ylahy maksatlary yzarlap, manysyna dolulygyna düşünmek gerek, ýene-de, öň hem aýdyşym ýaly, ünsüňi başga hiç zada bölmän okamak gerek.” (Prizma-4, Noýabr 2003)

1952 – Hasankale günleri

Hasankaledäki Hajy Sytky Efendiden tejwid öwrendi. Dört ýaşynda başlan Kuranyny 1951-nji ýylda 10 ýaşyndaka ýat tutup hafyzlygyny tamamlady.

“Şol tomus ilkinji gezek hem hojalyk hem-de ekerançylyk işlerinden boşadyldym. Sebäbi kakam meni, Hasankaledäki Hajy Sytky Efendi diýlip tanalýan adamyň ýanyna taglym hem-de tejwid derslerini almak üçin tabşyryp gaýtdy. Ýöne, Hasankalede galmaga ýerim bolmany üçin her gün Alwardan gatnamaly bolýardym. Şol wagtlar on ýaşlaryndadym we her gün 7-8 kilometrlik ýoly pyýada gidip gelmeli bolýardym.”

1954 – Sadi Efendiden arap dilini öwrenmäge başlady

Fethullah Gülen, Erzurumdaky Kurşunlu metjidiniň medresesinde Alwar ymamynyň (Muhammed Lütfi Hezretleri) agtygy Sadi Efendiden sapak almaga başlaýar. Iki ýarym aýda Emsile, Bina we Merahy ýat tutýar. Izhary tamamlaýar. Kapyýa okuwyny okamaga mejbur bolman Molla Jamyny okamaga başlaýar.

“Alwar ymamy kakama “Muny hökman okadaly” diýip, meni, menden 5-6 ýaş uly bolan Alwar ymamynyň agtygy Sadi Efendä tabşyrdylar.

Sadi Efendi päk hem-de terbiýeli adamdy. Ýöne, ýaşynyň kiçiligi sebäpli tejribesi ýokdy. Meni başdan başlatdy. Iki ýarym aýda Emsile, Bina we Merahy ýat tutdum. Soňra Izhary tamamladym. Kapyýany okatmagy zerur görmän, menden bir ýyl öň gelen okuwçylar bilen bilelikde Molla Jamyny okadyp başlady.”

1954-nji ýylyň 10-njy ýanwary – Enesi we atasy aradan çykýar

1954-nji ýylyň başynda enesi Munise hanym we atasy Şamil aga bir sagat aralyk bilen aradan çykýarlar.

Munise hanym adamsy Şamil agadan bir sagat öň aradan çykýar. Köp wagtlap ýarawsyz ýatypdyr. Ýogalmazdan bäş-on minut öňinçä gelini Refia hanymyň kömegi bilen täret alýar. Ikindi namazyny okaýar. Soňra bolsa, ýanýoldaşyna ýüzlenip: “Ikimizem şu dünýäden nesibämizi doly almandyrys. Şu gije jynazalarymyz öýde galar” diýýär. Şeýdip, agzyndan gopan soňky perýady “Alla” sözi bolýar. Şamil aga şol wagt beýleki otagdady we jany sagatdy. Hiç-hili arzy-şikaýaty ýokdy. Öýdäkiler Munise hanymyň jynazasy bilen meşgullanyp ýören wagtlary, otagdan ýene-de bir perýat gopýar. Agtyklarynyň biri “Atam öldi” diýip aglap başlaýar. Iki jynaza-da şol agşam öýde galýar. Diňe, ertesi gün topraga berilýar. Mazarlary Korujuk obasynyň gonamçylygynda ýerleşýär.

Fethullah Gülen enesiniň we atasynyň ölüm wakasyny şeýle gürrüň berýär:

“Maňa çuňňur täsir eden bir waka boldy. Megerem Merah okap ýören döwürlerimdi. Medresedäki dostlarymyň menden gizlemäge çalyşyp, öz aralarynda edýän gürrüňlerinden bir ajy habary aňdym. Atam bilen enem ýogalypdyrlar. Dünýä üstüme ýykyldy. Örän täsirlendim. Sapagymy gutaryp, ýola çykdym. Elbetde, jynazalaryna ýetişip bilmedim...

Atam Şamil, ömrümiň bir bölegidi. Enem Munisesiz durmuşy göz öňüne-de getirip bilmeýärdim. Emma welin, ikisi-de bir sagat aralyk bilen aradan çykdylar. Men bu aýralyga, bu gynanja nädip döz gelerkäm!” (Kiçijek Dünýäm)

1955 – Erzurumdaky okuwçylyk günleri

Kurşunlu metjidiniň medresesindäki Sadi Efendiniň ýanyndan aýryldy we Kemhan metjidiniň ýanyndaky medresede 6 aý töweregi bilim aldy. Ol ýerden hem gaýdyp, Taşmesjide gitdi. Taşlanan ýagdaýdaky Ahmediýe metjedinde öz mümkinçilikleri bilen bir otag taýýarlap, Zinnur atly bir dosty bilen ol ýerde ýerleşdiler. Bu ýerde Osman Bektaş Hojadan ylym öwrenmäge başladylar. Edirne şäherine gidýänçä bu ýerde galdy.

Sadi Efendi bilen aramyzda bir döwür düşünişmezlik boldy. Netijede, medreseden gitmekden başga çäräm galmady. Sadi Efendiniň ýanyndan aýrylyp, Kemhan metjidiniň ýanyndaky medresä gitdim. Şeýle-de ýanymda ýeke sandygymdan başga goşum ýokdy. Bu medresede bäş-alty oglan bolup galýardyk. Eger biriniň myhmany geläýse, ýatmaga ýer galanokdy.

Sadi Efendiniň ýanyndan aýrylanymdan soň, Osman Bektaş Hojanyň ýanyna gitdim. Osman Hoja fykyh ylymynda hakykatdan-da ussatdy. Şonsuzam müftülige bir müstefti (fetwa soramak isleýän) biri gelse, şol döwürdäki müfti Sadyk Efendi işgärlerinden birini iberip, Osman Hajany çagyrdýardy. Örän işli adamdy. Mümkinçilikleri-de giňdi. Osman Hoja meni Izhardan başlatdy. Bir-iki ders geçensoň “Molla Fethullah! Bu dersler bilen seniň wagtyňy almaly. Sen hem Jamyny oka” diýdi.”

Ilkinji gezek 14 ýaşyndaka wagyz etdi

Fethullah Gülen Kuran we arap dili okuwyny kiçiliginden aralyksyz dowam edip, 12 ýaşyna gelende hafyz boldy. 1955-nji ýylda heniz 14 ýaşynda we Erzurumdaky medreselerde okuwçyka Korujuk we Alwar obalarynda wagyz etmäge başlaýar. Bu baradaky tejribesini ilki öz ýatlamalaryndan, soňra bolsa, Nazly Ylyjagyň ýazgylaryndan göreliň.

“14-15 ýaşymdakam, az-owlak kakamyň hem tagallasy bilen Remezan aýy boýunça obamyzda wagyz etdim. Enwer atly örän akylly, dini temalara-da teşne daýym bardy. Köçede ýöränimizde daýym yzymdan ýöräp, öňüme geçmezlige üns berýärdi. Ýüzelenende-de hormat bilen ýüzlenýärdi. Bir gün “Daýy, beýle etmezeňiz bolmazmy!?” diýenimde, maňa “Ogul, myhmançylygyň hormatyny artdyrýan öý eýesidir. Men saňa hormat goýmasam, halk seni kabul etmez ahyry!”diýidi.

Ýaşymyň kiçiligine hem-de onuň ýegeni bolmagyma garamazdan, daýymyň maňa hormat goýuşy hiç ýadymdan çykanok. Men hem adamlara peýdasynyň degjegine ynanan dostlarymyň ýanynda şu ýagdaýy berjaý etmäge synanyşdym” (Kyryk Testi)

“Baýramçylyklarda, mübärek gijelerde, jumga günlerinde kürsä geçip wagyz edýän adamlary, elbetde hem kakasy Ramiz Efendini uly haýranlyk bilen diňleýärdi. Metjitden çykanda diňlänlerini unutmaýardy. Ejesi soranynda eşidenleriniň ählisini sözme-söz aýdyp berýärdi. Ýene-de Remezan aýynyň günlerinden bir güniň agşamydy. Ejesiniň bişiren agzaçar naharyny iýip, dessine metjide gitdi. Az salymdan bolsa, kakasy gelip, Alwar halkyna ýüzlenjekdi. Fethullah, göýä kakasy diňe onuň özüne ýüzlenjek ýaly ähli durky bilen ony diňlemäge taýýarlanýardy.

Heniz 14 ýaşyndady. Alwar ymamynyň tagallasy bilen Erzurumda okuw okaýardy. Arap dilini bolsa, indi-indi öwrenýärdi. Alwar obasynyň aksakallaryndan Kazym Efendi hem şol gün metjide ir gelenleriň biridi. Ýagdaýy örän geňdi. Fethullaha adamy geň galdyrjak görnüşde seredýärdi. Az salymdan metjit dolmaga başlady. Birdenkä Kazym Efendi ýerinden turdy. Elinde-de bir saryk bardy. Kakasynyň wagyzyna garaşyp oturan Fethullaha tarap ýöredi. Fethullah haýran galyp, Kazym Efendä seretdi. Kazym Efendi, elindäki sarygy Fethullahyň kellesine geýdirdi. Ony, golundan tutup, kürsä geçmäge çagyrdy... Fethullah doňup galdy. Aralarynda kakasynyň hem bar bolan, onuň dogulşyny, emedekleýşini, ýöräp başlaýşyny bilýän, dini düzüw jemagatyň öňünde nädip gürläp biljekdi? Kazym Efendini ne bu soraglar ne-de Fethullahyň aladalary gyzyklandyrýardy. Onuň golundan tutdy-da süýräp diýen ýaly äkidip, gujaklap kürsä oturtdy. Bu waka şeýle bir garaşylmadyk ýagdaýda boldy welin, Fethullah hiç za diýip hem ýetişmedi. Bu waka onuň ähli wagyzlarynyň başlangyjy we ykbalynyň ýoly boldy. Gözi kakasynyň gözlerine kaklyşdy. Ramiz Efendi hem haýran galdy. Tolgunjyny gizlemäge synanşyp, Fethullahyň aýtjaklaryna garaşdy. Fethullah, ilki bada örän aladalandy. Yz ýany özüni dürsäp, ajaýyp wagyz berdi. Jemagat 14 ýaşly çaganyň wagyzy bilen joşdy. Käbirleri bolsa, tasdanam özünden gidýärdi.

Fethullah Gülen mundan soňky günlerde, okuwçylyk döwri boýunça, her pursatdan peýdalandy. Hem Alwarda hem-de obasy Korujukda wagyz bermäge başlady. Erzurumyň daşynda... Alwardaky ilkinji wagyzyndan soň, durmuşy täze ugura akmaga başlady. Ertesi ýyl Remezan aýynda kakasynyň tagallasy bilen Erzurumyň daşyna çykmagy ýüregine düwdi. Remezan aýy boýunça Amasýa, Tokat we Siwas taraplaryna gitdi. Wagyzlar etdi. Käbir müftiler Fethullah Gülen bilen gyzyklanyp, wagyz etmegine mümkinçilik berse, kabirleri-de, ýaşy kiçi diýip, bu işi taşlamagyny maslahat berdiler. Fethullah etjegini bilýärdi. Siwasdan soňra Erzinjana-da baryp, Erzuruma dolandy. Bu ýolagçylyk onuň käbir endikleriniň we gylyk-häsiýetiniň kämilleşmegine sebäp boldy. Wagyzdan soň, şol ýerleriň ylymly-bilimli adamlary bilen söhbetdeşlik edýärdi. Bu gürrüňdeşlikler oňa, Korujuk, Alwar we Erzurumdaky ýaly bir pikirli, deň derejeli adamlardan başga-da, biri-birinden düýpgöter tapawutly adamlaryň bardygyny öwredýärdi. Şular ýaly gürrüňdeşlikleriň dowamynda bir adam oňa Mehmet Akif Ersoýyň Safahadyny okamagy maslahat berýär. Gülen, Erzuruma gelip, Safahadyň ýarsyny ýat tutýar. (Akşam; Nazly Ylyjak; 1998, 20-nji mart.)”

Wagyz etmegine ilki başda Kazym Efendi goldaw berdi

“Kazym Efendi, Alwar ymamyna degişli saçly, sakally, şol döwürde haja giden 3-4 adamdan biridi.

Dindar adamlaryň mejlislerini sypdyrmaýardy. Belki-de, öz döwrüne degişli kitaplary hem okan bolsa-da, bilýan zatlaryndan habarym ýok. Ogullary bardy. Olary hem şol döwürde edepli-terbiýeli edip ýetişdiripdir. Halk partiýasynyň döwründe kellelerine saryk orardylar. Iki ogly ýaş hem bolsa, saryk orardylar.

Wagyz etmäge çykarmazdan öň oňa görä “men seni wagyz etmäge çykarjak” diýmedi. Kakam bilen aralarynda bir gürrüň bolup bolmanyny hem bilemok. Ýogsamam, kakamyň özi teklip etdimikä? Bilmeýänligim üçin näme diýsem nädogry bolar.

Meniň ilkinji wagzym boldy. Belki-de meniň öz gaýratym, işeňňirligim bilendir. Arap dilini öwrenmäge başlan pursatymdan Dürretül-Waizin ýaly kitaplara-da göz aýlaýardyk. Kakamyň kitaplarynyň arasynda bar, her sözüni sözlüge seredip, kitabyň gyralaryna ýazypdym. Şular ýaly endigim hem bardy.

Boýum kürsä ýetenokdy. Ýagny, başlangyç mekdebe giden ýyllarym. Ol adam ahlak taýdan örän tertiplidi. Has soňraky ýyllarda şu häsiýetini hem gördüm: Kakam örän içgin pikirlenýän adam bolmagyna garamazdan, maňa öýlerde hatym etdirýärdi. Kuran-y Kerimi ýüzünden okaýardym. Has soňra ol, Erzurumdan gidenimden soň, hatymlardan alan pullarym wyždanymyň sesi meni gysyp ugrady. Yzyma dolanan badyma Hak tagalanyň bagyş eden mümkinçiligi saýasynda şol hatymlardan alan pullarymy eýelerine gowşurmak üçin konwertlere saldym. Konwertleri-de inim Hasbi bilen ýolladym. Metjitden tanaýanlarymyň atlaryny konwertlaryň ýüzüne ýazdym. Hasbi ol ýere, Erzuruma baranda tanamaýanlygy sebäplimykam diýýän, bu meseläni jar çekdirýär we “bu konwertleri alyň, doganym ugratdy. Onuň pikirine görä, bu iş üçin pul almak dogry däl.” diýýär.

Esgerlik döwürlerimde bolmagy mümkin. Garşy çykýarlar. “Bu ýere beýik adamlar gelip gitdiler. Bu açyşy ol çykarýarmy” diýdiler. Ine, ýene-de Kazym aga ýerinden turup, entek aýatdady “Ynha, ine ol özüne gelişýän zady etdi” diýýär. Halk şondan soň, garşy çykmagyny bes edýär.” (Öz ýatlamalaryndan)

12/03/1956 – Ruhy mugallymy Alwarly Efe Hezretleri (d.ý. 1868) ýogalýar

12/03/1957 – Muhammet Lutfi Efendi (Alwar ymamy) aradan çykýar.

“Durmuşymyň iň agyr hadysalarynyň biri-de Alwar ymamynyň ýogalmagy boldy. Şol gün men Alwardadym. Ýalňyşmasam guşluk wagtyndady. Aýaklarymy uzadyp, dynç alyp ýatyrdym. Birdenkä bir ses eşitdim. Muňa ses däl-de perýat diýsek has hem dogry bolar. Gulagymy ýaryp barýan bir ses “Efe öldi” diýýärdi. Şol bada ýerimden turdum. Penjegimi alyp ylgadym. Efe Hezretleriniň öýüne ýakynlaşdygymça, ajy hakykada göz ýetirdim. Efe hakykatdan-da ýogalypdyr.

Alwar ymamy Hezretlerini haçan tananym ýadyma düşenok welin, özümi bilen günümden, Onuň agzynyň şerbedine teşne ençeme köňüller ýaly, kakam bilen ejemi-de şol dup-dury bulagyň başynda gördüm. Ony doly tanap ýetişmedim. Sebäbi, Ol ötelere göçüp gidende men entek on alty ýaşlarymdadym. Şonda-da, ‘lkinji pikirlerime, düşünjelerine ilkinji bolup täsir eden ruh bolandygy sebäpli, meniň şol wagtky ýaşym, çaga başym we başarnyklarymdan has zyýada, Ony ýene-de Onuň pespälliginde, alçaklygynda tanandygymy hem-de şu günki duýgularymy şol wagtky düşünjelerime borçludygymy ynam bilen aýdyp bilerin.”

1957 – Risale-i Nurlar bilen tanyşdy we dürli ýerlere wagyz bermäge gitdi

Erzurumda okuwçylyk ýyllarynda Bediuzzamanyň ýanyndan gelen Muzaffer Arslanyň söhbetlerine gatnaşyp, risaleleri tanaýar we şondan soň, söhbetleri hiç sypdyrmaýar. Remezan sebäpli Amasýa, Tokat we Siwas taraplaryny aýlanyp, wagyz berýär we söhbetler gurnaýar.

“Kyrkynjy Hoja, maňa, Selahattin we Hateme “Bediuzzaman Hezretleriniň ýanyndan biri geldi, agşam söhbet gurnaýar, şol ýere gideliň” diýdi. Dessine ylalaşdyk. Sebäbi, Bediuzzamanyň ýanynda bolan bir adamy ilkinji gezek görjekdik. Bu bolsa, biziň üçin örän geň wakady.

Mehmet Şergiliň tikinçilik dükanyna geldik. Bu ýer, iki kilimden az-owlak giňdi. Birinji gije ýa-da ikinji gije şol ýere ýygnanalardan ýadyma düşýani Mehmet Şewket Eýgi, Esat Keşafogly we Osman Demirji. Şewket Eýgi ätiýaçdaky serkerdelik edýärdi. Esad Keşafogly şol wagt uly-leýtenantdy. Bediuzzaman Hezretleri Muzaffer Arslana “Gündogara bir aýlanyp gel” diýipdir. Ol hem Siwas, Erzinjan we Erzurumy aýlanmaga gelipdir. Erzurumda 15 gün töwerek galdy. Birinji gije Höjumat-y Sitte okaldy. Ertesi gün Bäşinji Şuadan ders geçildi. Biziň bilen gelen mollalardan käbirleri ol ýerdäki sözleriň manylaryna garşy çykyp, gaýdyp gelmediler. Ýöne, aýdylýanlar, esasan-da, Muzaffer Arslanyň sahabanyňky ýaly durmuşy, sadalygy we göwnaçyklygy maňa çuňňur täsir etdi. Men şeýle-de sahabalara aşyk bir adamdym. Ony görenimde bolsa, gözleýän adamlarymy tapdym diýdim we olardan aýrylmak barada hiç pikir etmedim.

Muzaffer Arslanyň balagynyň iki dyzy hem ýamalandy. Penjegi-de şolar ýalydy. Elbetde, bu sadalyk maňa düýpgöter başga duýgulary başdan geçirdýärdi. Bulardan başga-da, ybadatynda çuňluk bardy. Namaz okaýşy, dileg-doga edişi gözüme başgaça görünýärdi. Derse gatnaşýanlaryň arasynda Çigildem dükanynyň eýesi Zeki Efendi bardy. Onuň dileg-doga edişi-de göwnüme ýaraýardy. Ýürekden dileg edişine haýran galýardym. Näçe wagt geçendigini bilemok welin, meniň pikirimçe köp wagt geçmändi. Ussatdan Erzuruma bir hat geldi. Ol hatyň kime ýazylandygy ýadyma düşenok. Ýöne, hatynda salam iberen adamlary bardy. Soňunda-da, Fethullah bilen Hateme-de salam aýdylýardy. Meniň adymyň agzalýandygyn eşidenimde zordan aýak üstünde durup bildim. Örän begenipdim. Durmuşda şolar ýaly begenen pursatlarym örän azdyr. Häzir ol hat kimde, nirde bilemok. Ýöne, maňa şol ýeterlikdi. Şondan soň söhbetleri hiç terk etmedim.”

1959 – Erzurumdan Edirne şäherine gitdi

Erzurumdan Edirnä gitdi. Edirnede Hüseýin Top Hojanyň kömegi bilen ençeme adamlary tanady. Giren synaglarynda üstünlik gazandy, ýöne, entek gulluk borjuny ýerine ýetirmändigi üçin 1959-njy ýylyň awgust aýynyň 6-yna resmi ýagdaýda Üçşerefeli metjidiniň ikinji ymamy wezipesine bellendi. Iki ýarym ýyl Üçşerefeli metjidiniň bir penjiresinde boldy.

“Kakam hökmany suratda Erzurumyň daşyna çykmagymy isleýärdi. Ejem bolsa, her gezeginde garşy bolýardy. Iň soňunda kakamyň isleýäni boldy. Ejemiň hem razylgyny alyp, Edirne şäherine gitmegim meýilleşdirildi. Edirnede Hüseýin Top Hoja bardy. Biziň garyndaşymyzdy. Maňa sereder diýip, şol ýere gitmegimi islediler. 18 ýaşymy doldurypdym. “Syýahat ýa Resulalla” diýip, Edirnäniň ýoluny tutduk. Edirnä barýarkam, ýolumyň üstündäki käbir ýerlerde durup geçdim. Hüseýin Top Hoja meni Ibrahim Efendiniň (Edirne müfti wekili) ýanyna alyp gitdi. Meni ýaşyrak gören bolmaly. Synag etmeli diýdi. Men kabul etdim. Şu wagt ýadyma düşenok welin, bir kitaby açyp elime berdi we “Oka” diýdi. Bir fykyh kitabydy. Okap, manysyny düşündirdim. Ibrahim Efendi daşarda garaşmagymy isledi. Az wagtdan Hüseýin Efendi ýanyma geldi. Ýüzündäki şatlyk alamatyndan işimiň oňandygyny aňdym. Özara gürleşen zatlaryndan söz açdy. Ibrahim Efendiniň “Ýaş, ýöne, özüni oňat ýetişdiripdir” diýen sözi Hüseýin Efendini menden has begendirdi.

Bir-iki aý Akmesjitde namaz okatdym, wagyz berdim. Şeýle-de Remezan aýy gelip ýetipdi. Şol wagtlar waizlik synagy üçin Ankara gitdim. Ankarada 15 güne ýakyn wagt galamdan soň, Edirnä dolanyp geldim. Synagyň netijeleri soň belli bolmalydy. Ahyry bir gün Edirne Müftüligine Ankaradan bir telefon jaňy geldi. Mustafa Zeren jaň edýärdi. “Ýegenimiň alnyndan öpýärin, synagdan geçdi” diýip, habar aýdypdyr. Hüseýin Top ýene-de şatlygyndan ähli ýerde meni gözlemäge başlapdyr. Soňunda tapdy. Köçäniň ortasynda buşlap, boýnumdan gujaklady. “Synagdan geçdiň” diýdi. Bir arza ýazyp, Edirne Müftüsiniň wezipesini sorap ýüz tutdum. Din işleri müdirliginden negatiw jogap geldi. Hatda “Gulluk borjuňyzy berjaý etmändigiňiz üçin sizi müfti wezipesine belläp bilmeýäris” diýilýärdi.

Müftilik, boş wezipeler üçin synag gurnady. Bu synagda birinji boldum. Aslynda, Üçşerefeli metjidiniň ymamy bolmalydym, ýöne, Ibrahim Efendiniň göz öňüne tutup ýören başga birisi bardy. “Sen synagda birinji bolduň, ol bolsa, gulluk borjuny ýerine ýetiren. Şonuň üçin bije çekeliň” diýdi. Bije çekildi we hak ýerini tapdy. Üçşerefeli metjidiniň ikinji ymamy wezipesine bellendim. Bu meniň ilkinji hökümet işgäri bolup işe başlan (6-njy awgust, 1959) senäm. Aýlygyň 200 lira diýdiler, 30 lirasyny saklap, elime 170 lira berdiler.”

“Ruhany ýolbaşçylyk” etdi

Edirnedekä kazyýetden çagyrylyp, iki sany ölüm jezasy berlen jenaýatkär üçin “Ruhany ýolbaşçylyk” etmegi talap edildi. Şol wagtlar öýlenmeklik barada teklipler hem edilýärdi. Ýöne, kabul etmedi.

“Edirne bilen baglanşykly ýadymda galan pursatlardan biri hem iki sany ölüm jezasy berlen jenaýatkär üçin “Ruhany ýolbaşçylyk” etmegimdir.

Bulardan birinjisi 1959-njy ýylda bolup geçdi. Edirnede ilkinji ýylym. Üçşerefeli metjidinde ymamlyk edýärdim. Bir gün biri gelip “Gani Beý seni çagyrýar” diýdi. Gani Bey kazydy. Men oňa birnäçe kitap hem beripdim. Ilki bada örän aladalandym. Ýanyna bardym. Maňa: “Ölüm jezasy berlen bir jenaýatkär bar. Seni oňa ruhany ýolbaşçy edip belläli diýdik.” Aslynda örän ýumşak adamdyryn. Bular ýaly teklibe “Bolýar” diýmegim mümkin däl. Ýöne, içimdäki aladadan ýaňa erkimde bolman razylaşdym. Meni tanaýandyklary üçin çagyrandyklaryny aýtdylar.

Öňler ölüm jezalary hemmelere mysal bolmagy üçin halkyň öňünde amala aşyrylýardy. Agdarylşykdan soň, bu ýagdaýy üýtgetdiler. Meni gijäniň ýary alyp gitdiler. Rasim Dik jenaýatkäriň adydy. Otagyna girdik. Elleri daňylgy otyrdy. Topulmasyn diýip, daňan bolmaklary mümkin.

Soňra-da meşhur bolanym üçin ikinjisine-de çagyrdylar. Şol wagtlar halkyň öňünde asmak gadagan edilipdi. Ikinjiniň ady Mehmetdi. Mehmet nurana ýüzli ýaş oglandy. Adam öldürip biljegine ynanmadym. Bizi görenden dyzlary gowşady. Gymyldap bilenokdy. Bir otyrgyçda oturdyk. Gürrüň berip başladym: “Mehmet, ýagdaý şeýle. Mejlis tassyklady. Başga alaç ýok. Allanyň huzuryna barýan ýola düşdüň, başga ýollar böwetlendi... Täret almak isleýärmiň?” diýip soradym. Isleýän diýdi. Aýaklaryny ýuwup başlanda takady galmady. Edil düýn ýaly ýadymda. Men onuň ýagdaýyny wyždanymda duýdum. Aýaklaryny ýuwup bilmedi... Amentuny okatmaga başladym. Az-owlagyny gaýtalady, doly okap bilmedi. Sözleri jemläp bilmedi. Arasynda-da, “meni ýene bir gezek lukman barlagyndan geçirseňiz” diýýärdi. Lukman barlagyndan geçse peýdasy boljak ýaly. Ýene-de bir-iki hepde ýaşardy-da. Ine, şol wagt durmuşyň gadyryna has gowy düşündim. Göýä, öldüriljek ol däl-de, men bolan ýaly boldum. Üstünden näçe ýyl geçse-de, her ýadyma düşende şol hijrany başdan geçirdim. Mehmede örän gynanypdym. Bir çopany öldüripdir diýip, bu kysmaty onuň boýnundan asdylar...”

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr