Dialog ýolunda ilkinji synanşyklar

Dialog ýolunda ilkinji synanşyklar

M. Fethullah Gülen uzagyndan dinleriň we medeniýetleriň arasyndaky dialoga öwrüljek giň taslamasynyň ilkinji synanyşyklaryny Türkiýedäki dürli düşünjeli, dürli ýaşaýyş görnüşlerine eýerýän adamlary bir ýere jemlemekden başlady. 60-70-nji ýyllardan bäri çaknyşyp gelýän dürli syýasaty we ideologiýany ýöredýän adamlar bu mylakatly çakylyklarda ilkinji gezek bir ýere jemlenmäge mümkinçilik tapdylar. Olaryň köpüsi ilkinji gezek bir-birleri bilen şeýle ýakyndan pikir alyşýardylar. Ilkinji duşuşyklar birek-birege edepli ýylgyran bolup bakmakdan aňryk geçmedi. Emma, olaryň ählisinde düşünje, pelsepe we sosial esaslaryny tutmaga isleg we ymtylyş bardy. Az wagtyň içinde bu duýgy, ymtylyş öz miwesini berip başlady. Indi olar ýöne mylakatly ýylgyryşmak üçin bir ýere jemlenmeýärdiler. Boş jedelleşmeler bilim we düşünje çäklerinde agramly meselelere syrygýardy. Bu deňi-taýsyz taslamady.

Žurnalistler we ýazyjylar birleşmesinden dinleriň we medeniýetleriň arasyndaky dialoga tarap

Žurnalistler we ýazyjylar birleşigi 1994-nji ýylda döredilýär. Bu birleşmäniň açylmagy metbugatda uly seslenme döretdi. Ol ýagşy niýet we ylalaşyk maksady bilen döredilipdi. Bu birleşmede „Abant“ platformasy, iki sany žurnal we neşirýat açyldy. Dürli dinlere, düşünjelere eýerýän adamlar bu ýere jemlenip, uly bir sazlaşygyň nusgasyny emele getirýärdiler. Çünki, olar asyrla boýy beýle ýakynlaşmany görmändiler.

Gülen hereketi we yslam

Ilki bilen M. F. Gülen hereketiniň ideologiki maksatly hereket däldigini belläp geçeliň. Ol diniň syýasylaşdyrylmagyna garşydyr. Gülen Hojaefendi ömürboýy işjeň syýasatdan we syýasy maksatlaryň ugrunda işlemekden gaça durupdyr. Ol sosial-medeni kimlige we missiýa eýe bolup, reaksion hereket däldir. Hereketiň güýç merkezindäki şahslar bilimli, jemgyýetiň iň saýlama bölegindendir. Daşary ýurtlarda we ýurduň çäklerinde bilim alan, döwrebap gymmatlyklara eýe, pidagär adamlardyr. Olaryň ideologiki döwlet gurmak aladasynda bolmaýyşlary ýaly, resmi döwlet ideologiýasyna-da hiç hili reaksion we oppozision garaýyşlary ýokdur.

Gülen hereketi tarikatmy?

Gülen hereketi bilen yslamyň tarikat dessurynyň maksatlary ugurdaş bolsa-da, jemgyýetçilik pikirini we medeniýeti ösdürmek ýoly bilen, ol tarikat ýörelgesinden tapawutlanýar. Gülen hereketi jemgyýetçilik pikiriniň esasynda dörän hereketdir. Tasawwuf medeniýetindäki pespällik, pidagärlik, ynsanperwerlik, ähde wepalylyk, başgalar üçin ýaşamak, tamakinçiliksiz hyzmat etmek, ruhy, magnawy we kalby çuňluk ýaly häsiýetler bu hereketiň düşünjedir amaly esaslarynyň arasynda uly orun alýar. Emma, bu hereket tarykatlardaky ýaly adamyň diňe içki dünýäsine gönükmeýär, gaýta tersine, içki dünýä gönükdigiçe, töwerek-daşyndakylara, halk köpçüligine hyzmat etmäge çalyşýar. Gülen hereketi tarykatdanam başga, Möwlana, Ýunus Emre, Hoja Ahmet Ýasawy ýaly alymlaryň ýörelgesini sosial durmuşa ornaşdyrýar. Ol, hamala, olaryň häzirki döwürdäki wekili ýalydyr. Adaty dindarlyk beýle pidagärlige hötde gelip bilmez. Çünki, beýle dindarlygyň çäkleri namaz, oraza, zekat, hajdan aňryk gemez. Emma, Gülen hereketiniň „hyzmat“ düşünjesi has giň we dowamlylygy talap edýär. Ol diňe bir dini däl, milli, umumyadamzat, ahlak we global gymmatlyklary esas edinýär. Şu sebäpden, bu hereketiň her bir şahsyna „muhabbet ynsany“ diýilýär.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr