Garyndaşlaryň biri-birine öýlenmeginiň zyýanlydygyna garamazdan, dinimiz munuň öňüni almandyr, gaýta goldap Hezreti Aly bilen Hezreti Patmany (r.a.) nikalşdyrypdyr

Birinjiden garyndaşlaryň biri-biri bilen öýlenmeklerinden döräp biljek kesellere göz aýlalyň.

«Nesil yzarlaýan keseller». Bu keseller ene we atadan çaga geçen kesellerdir. Nesil yzarlaýan kesellere ýakyn garyndaş bolan ene-atanyň çagalarynda beýleki çagalara garanyňda has köp duş gelinýär. Garyndaşlar arasynda dörän maşgalalarda doglan çagalarda nesilden-nesile geçýän keseliň hem eneden hem atadan geçmeginiň ähtimallygy ýokarydyr.

Az duş gelýän nesil yzarlaýan kesellerden biri çyparlykdyr (albinos). Çyparlaryň gözlerinde we saçlarynda reňk beriji pigmentler ýokdur. Bu kesel diňe daş görnüşi bedroý etmek bilenem çäklenmän şowa körlüge-de ýol açýar.

Bu geçiş genlerdäki DNK-da ýygnanýan bir madda bilen döreýär. Ol genler bedeniň ösüşini düzýän maglumaty özlerinde göterýärler.

Käbir keseller nesil yzarlaýar we bu kesellerde ferment ýetmezçiligi ýüze çykýar. Bedende bolup geçýän ähli biohimiki hadysalar fermentler arkaly amala aşýar. Ähli «birleşmeler» we «dargamalar» belli bir nobata görä bolup geçýär. Ýagny, bir madda gönüden-göni başga bir madda öwrülip bilmeýär, ilki dürli-dürli birleşmeleriň zynjyryndan geçýär. Islenilen iň soňky düzüme ýetmek üçin bu zynjyrdaky birleşmeleriň her birine täze bir madda goşular ýa-da aýrylar.

Zehin kütekligine ýol açýan hasap edilen Mongolizm, Fenilketonuri ýaly 28 sany nesil yzarlaýan kesel bilinýär. Bularda fermentiň ýetmezçiligi ýüze çykarylypdyr.

Orak şekilli öýjükli anemiýa, talessemi ýaly käbir gan keselleri, şeýle hem sistinuri we galaktosemi-de nesil yzarlaýan kesellerdir.

Ikinjiden, yslam garyndaşlaryň biri-brine öýlenmeklerini goldamandyr, belli bir nesilden soňkularyň öýlenmeklerine rugsat beripdir.

Üçünjiden, yslamyň öýlenmeklerini gadagan eden garyndaşlaryň-da sanawy az däl. Dogrusy, aslynda zyýanly bolan garyndaşlaryň öz arasynda nikalaşmagy däl, ene-atanyň genlerinde bar bolup, soň çagada howply ýagdaýda ýüze çykýan kesellerdir. Bir maşgalada, bir neberede, bir tirede, bir taýpada bu kesellerden biri bar bolsa, bir tiräň çäginde şol bir keseli göterýän iki kişi nikalaşsa şol kesel çagada-da ýüze çykýar. Ýagny, ene-atada bar bolan kesel öýlenilenden soň çagada emele gelýär.

Indi, şeýle keseli göterýän maşgala taýpanyň içinden däl-de daşynda bolsa, hatda öýlenenleriň biri Çyndan beýlekisi Çynmaçyndan bolsa kesel gaýtalanmajakmy? Tapawudy ýok, kimden we nireden bolsa bolubersin çaganyň takdyry bolan ene-atasyndaky ol kesel onda gaýtalanýar. Şonuň üçin hem bunuň esasy zyýanly tarapy, iki keselliniň biri-birine duşmagy netijesinde, çagada has howply görnüşde ýüze çykan keseller bilen kesellänleriň öýlenmegidir.

Bular ýalylaryň nikalaşmagy bilen çagalarynda käbir kemlilikler ýüze çykýan bolsa hekimler muny derňemli. Eger şeýle hassalyk bar bolsa olaryň durmuş gurmagyna ýol berilmeli däl. Şeýdip bir taýpa, bir tire içinde öýlenilmegi sebäpli orta çykan hassalyklara garşy çäre görüşimiz ýaly dünýäniň o çetinden getirip durmuş gurdurjaklarymyza gezek gelende-de eserdeňlik etmelidiris. Çünki şol bir hassalyk olarda-da bolup bilýär we şol sebäpden howply netije olaryň hem başyna gelip biler. Şonuň üçin munuň ýaly meselede belli bir çägiň daşynda garyndaşara öýlenmeklige garşy gitmek haksyzlykdyr we bu ylym babatda diňe nazarýetleriň üstünde işleýänlere-de peýdasy ýokdur...

Bu meseläniň gynandyryjy ýeri, käbir dindar ylym adamlary hem bu meseläni nazarýetçileriň howul-haralgynyň içinde öwrenip, lukmançylykda esasy delil boljak meselelere üns bermeýärler. «Şeýle-de Kuranda ähli garyndaşlyk nikalaryna gadaganlyk bar» diýip Kurana ters düşünýärler. Bir ýerinde Kurany Kerim: «Eý pygamber, biz töleglerini (galyňyny) beren aýallaryňy, Allahyň saňa olja edip berenlerinden (şöweş ýesirlerinden), goluň astynda bolanlary (gyrnaklary), kakaň erkek doganynyň, kakaň aýal doganynyň, daýyň we daýzaňyň seniň bilen bile göç eden gyzlaryny saňa halal kyldyk. Şeýle hem özüni (galyňsyz) pygambere bagyş eden we pygamberiň hem özüne almak islän, ynanan aýaly, beýleki müminlere däl diňe saňa halal kyldyk. Biz aýallary we gollarynyň astynda bolanlary (gyrnaklary) hakynda müminlere nämäni parz edenimizi bildik (olaryň bu husuda nähili hereket etmelidiklerini açyk etdik) , saňa zorluk bolmasyn (sen bir kynçylyga, zor ýagdaýa düşme). Allah köp bagyşlaýan, köp merhemet edendir» (Ahzab, 50).

Durmuşda-da ne pygamberimiz, ne-de sahabalary haram edilen zatlar baradaky aýat bilen çäkleri belli edilenlerden daşyndakylar bilen öýlenmekde zyýan görmändirler we bu mubahy ulanypdyrlar. Serwerimiz (s.a.w.) kakasynyň aýal doganynyň gyzy Zeýnep binti Jahş bilen, Hezreti Aly kakasynyň doganynyň agtygy Hezreti Patma bilen we ýene ýüzlerçesi ýüzlerçesi bilen nikalaşypdyrlar... Sagdyn tiräň içinde näme üçin gyz alnyp berilmesin? Hatda ol tireleriň we nebereleriň sagdynlygy, ruhy, häsiýetleri we fiziki gurluşy gormak üçin munda peýda-da bolup biler. Meselem, Dagystan halky umuman bu meseledäki duýgurlyklary sebäpli sagdyn nesiller hökmünde biziň günlerimize çenli saklanyp gelýär. Bu däpleri sebäpli olar has sagdyn, has dogumly, Allahyň bir lutfy, yhsany, takdyry bilen has uzak ömürli bolupdyrlar hem diýmek bolar.

Şanly Osmanly döwletinde bu ýörelge ulanylýardy, emma, endişe edilen rahatsyzlyklaryň köpüsi ýokdy. Hatda hut beýik Osman Hanedany bu ýörelgäni ýöredýärdi we biziň gorkuly düýş ýaly hassalyklarymyzdan hiç biri ol döwürde bilinmeýärdi. Hem bir ynsan öz nesliniň, neberesiniň sagdyn, güýçli, kuwwatly we dogumly bolmagynyň pikirini edýän bolsa, elbetde iň sagdyn maşgalalardan gyz almalydyr. Eger öz taýpasy sagdyn bolsa näme üçin ondan almasyn?..

Netijede, çatynjalaryň biri-birinde uzak ýa ýakyn bolmagyndan beter, olarda çaganyň ajy takdyryna öwrülip biljek keselleriň bolmazlygydyr. Meniň pikirimçe, üstünde durulmagy gerek mesele-de şudur. Ýogsa, ynsanlara peýdaly bolan zatlaryň iň kiçisini-de ahmal etmän görkezen we bir ýuwdum spirtli içgi ýaly zyýanyň iň kiçisiniňem üstünde durup, olara duýduryş beren Kurany Kerim iň ähmiýet bermeli zatlara ähmiýet bermedik, iň biderek zatlara-da artykmajy bilen üns beren ýaly görnerdi we bu-da onuň her kes tarapyndan kabul edilen «adalatyň kitaby» bolmak ruhuna ters gelerdi.

Kurany Kerim «Size (şulara öýlenmegiňiz) haram kylyndy. Ejeleriňize, gyzlaryňyza, gyz doganlaryňyza, kakaňyzyň aýal doganlaryna, daýzalaryňyza, erkek doganlaryňyzyň gyzlaryna, aýal doganyňyzyň gyzlaryna, emdiren süýt eneleriňize, süýt emişen bajylaryňyza, aýallaryňyzyň ejelerine, soň goş birikdiren aýallaryňyzdan bolan öweý gyzlaryňyza – eger olar bilen goş birikdirmedik bolsaňyz (gyzlaryny almakdan ötri) üstüňize günä ýüklenmez – öz sulbuňyzdan gelen ogullaryňyzyň aýallaryna. Şeýle hem bir wagtyň özünde iki gyz dogana öýlenmäň. Emma geçmişde, mundan owalkylarda bolan ýagdaýlar muňa girmeýär. Şübhesiz Allah örän bagyşlaýjy, köp merhemet edenlerdendir» (Nisa, 23) aýaty bilen haram edilenleriň çägini belli edenden soň, ýokarda getiren Ahzab süresiniň 50-nji aýatynda şeýle buýrýar.

«Eý pygamber, biz töleglerini (galyňyny) beren aýallaryňy, Allahyň saňa olja edip berenlerinden (şöweş ýesirlerinden), goluň astynda bolanlary (gyrnaklary), kakaň erkek doganynyň, kakaň aýal doganynyň, daýyň we daýzaňyň seniň bilen bile göç eden gyzlaryny saňa halal kyldyk. Şeýle hem özüni (galyňsyz) pygambere bagyş eden we pygamberiň hem özüne almak islän, ynanan aýaly, beýleki müminlere däl diňe saňa halal kyldyk. Biz aýallary we gollarynyň astynda bolanlary (gyrnaklary) hakynda müminlere nämäni parz edenimizi bildik (olaryň bu husuda nähili hereket etmelidiklerini açyk etdik), saňa zorluk bolmasyn (sen bir kynçylyga, zor ýagdaýa düşme). Allah köp bagyşlaýan, köp merhemet edendir» (Ahzab, 50) her dürli garjaşdyrmalara ýer goýmandyr we nämäň gadagan, nämäniň gadagan däldigini görkezipdir.

Munuň bilen birlikde, öýlenmegi saglyk ýörelgelerine laýyklykda mubah kylmak başga, zor bilen nikalamak başga. Belli bir çägiň daşyndakylar bilen öýlenmeklerine ýollar açyk we hiç hili garşylyk ýokdur. Emma, şol bir wagtda durmuş gurjaklaryň saglyk babatda bir ara gelip biljekdikleriniň ýa-da gelip bilmejekdikleriniň barlagy netijesinde, eger bir howp bar bolsa, beýle nikalaşmakda päsgel bolmasa-da oňa ýol bermezlik has dogrusydyr. Hatda ýol bermezlik peýdalydyr we adamkärçiliklidir.Her zadyň iň dogrusyny Allah biler.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2022 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr