Şeýtan we was-wasa

1. Şeýan we onuň işi:

Şeýtan garşy gitmezinden öň tagat-ybadatda perişdeleriň arasynda görünýärdi we olaryň edýän işini edýärdi (Kehf, 18/50). Nurdan ýaradylan perişdelerden bolmandygy üçin, perişdeler ýaly gorag astynda däldi. Melekler öňem belläp geçişimiz ýaly, garşy gitmez, baş götermez we emr edilenleri berjaý ederler (Tahrim, 66/6). Şeýtanyň içindäki men-menlik şinesi we garşy gitmek tohumy Adam ata (a.s.) sejde etmek teklibine närazy bolup ýarylanda, onuň asyl durky ýüze çykýar. Ol men-menlik bilen: “Men ondan ýokarydyryn we haýyrlydyryn: ony palçykdan meni bolsa, otdan ýaratdyň” diýdi (Sa’d, 38/76). Aýatda aýdylşy ýaly, esasy garşy giden Iblisdi. Ymam Şibliniň düşündirişine laýyklykda, ol bu garşy gitmeginden soň şeýtan adyny we kyýamata çenli ýaşamak rugsadyny alýar. Şeýtan şeýle kasam edýär: “Olaryň öňünden, arkasyndan, sagyndan, solundan bararyn (ýoldan çykryp, garşy gitdirerin)” (Araf, 7/17).

Şu aýratynlygy-da belläp geçmek isleýäris: Söweşde duşman goşunynyň ýeke-ýeke adamlaryndan başga, ýerleşýan ýerleri, güýç-kuwwaty, ýagdaýy, ok-ýaraglary, göçüp-gonuş ukyplary, sany... ýaly iň möhüm zatlar çyzylyp alynar we şoňa görä söweş usullary saýlanar. Duşmanyň serkerdeleriniň saçynyň, gözüniň reňki, egin-eşigi, her biriniň hususy aýratynlyklaryny öwrenmek zerur däldir. Olar derde ýaraýsa-da ýokarda bellän zatlarymyz ýaly ähmiýeti ýokdur. Jyndyr şeýtanlara gezek gelende-de edil şonuň ýaly. Biziň bu meselede esasy öwrenmeli, bilmeli zadymyz şeýtanlaryň aralaşmak ýollary, ebedi durmuşymyzyň binýady bolan imanymyzy almak üçin gurup biljek hileleri we olara garşy çärelerdir.

2. Şeýtanyň ýaradylmagynyň we oňa ynsany ýoldan çykarmagyna rugsat berilmeginiň hikmeti näme?

a. Şeýtan ýaradylmadyk bolsa, ynsany ýaratmagyň hikmeti bolmazdy. Allahyň (j.j.) asla günä işi etmeýän, şeýtanyň was-wasasyna uçramaýan, edil melekler ýaly, sanardan köp ýaradanlary bardyr. Allah (j.j.) ynsandan aýry we tapawutly edip ösümlikleri we haýwanaty ýaradyşy ýaly, perişdelerden tapawutly şekilde görkezýän aýnalar hökmünde ynsany hem ýaradypdyr. Hawa, Allah (j.j.) ynsanyň asyl durkunda saklanýan ukyplarynyň ýüze çykmagy, ösmegi we öňe çykmagy üçin, herekete getiriji, höweslendiriji sebäp, beýgelmegine wesile hökmünde şeýtany we pis ruhlary ýaradypdyr. Içindäki gedemlik we garşy gitmek düwünini daşyna çykaran şeýtan, bu eden işini aň-düşünjeli, bilip edipdir. Şeýtan ynsanyň yzyndan kowalaýan duşman, marafonçy mysalydyr. Adamyň maksadyna ýetmegi, ýeňiş gazanmagy üçin, sähel salymlygam ýanyndan galmaýan bu hemişelik duşmanyny has yzda galdyrmagy, ondan hemişe öňde bolmagy gerekdir. Eger özüni herekete getiriji, öňe itekleýji duşmany bolmasady, ynsanyň bu çynlakaý ýaryşy we ukybyny, başarnygyny ösdürmegi üçin sebäp bolmazdy. Netijede, adam ösüp, kämilleşmezdi. Adamogly iň ýokary adamkärçilik derejesini, ynsany kämil mertebesini bu hemişelik duşmany bilen söweşmek arkaly gazanypdyr we Ebu Bekirleri ýetişdiripdir. Şol bir wagtda-da ynsan özüniň ejizligi we erksizligi bilen Ebu Jehilleriň çör-çöplügi bolupdyr.

b. Şer – şetanyň ýaradylmagy däldir, oňa tabyn bolup, şer islemekdir. Islendik jenaýatda ulanylan pyçak ýa-da sapança jenaýaty eden eller jenaýatkär hökmünde görkezilýän bolsa, edil şonuň ýaly, şeýtanam edilen günäde gana boýalan guraldyr. Hakyky günäkär bu guraldan peýdalanan ganly ellerdir. Hawa, adamdaky nebis we nebse boýun bolan erkiň, şeýtanyň alynyň täsirine girip, günä işleri etmeginde esasy aýply şeýtan däldir. Şeýtan we şerler adaty sebäplerdir. Hakyky jogapkär ynsanyň erkidir. Hawa, adamlar şeýtanyň bardygy üçin däl, öz erkleri bilen erbetlik edýändir.

c. Adam hemişe her bir zady özüniň darajyk çäklerinde we elinde bar bolan kiçijik netijelere görä baha bermäge meýillidir. Ýogsa, Allahyň (j.j.) ýaratmagy umumy netijelere we peýdalara sereder. Meselem, oduň içine elimizi soksak – ýakar. Bu oduň häsiýeti. Emma muňa bakyp, ataşa “asla zyýanlydyr” diýip bolarmy?! Hakykatda, ony zyýanly eden özümiz dälmi? Kiçijik zyýanly ýerleriniň bardygyny kabul etsek-de, biz onuň umumy netijesine bakyp, oduň peýdalydygyny we zerurdygyny aýdarys. Elektrik togy-da, ýagyş-ýagmyram edil şonuň ýalydyr. Allah (j.j.) bir zady ýaradanda onuň umumy netijesine bakar. Şeýtanam ýaradylyşy şonuň ýaly umumy netijelere baglydyr. Ebu Jehiliň erkiniň aýby bilen jehenneme atylmagynda-da, Ebu Bekir (r.a.) ýaly almaz ruhly müňlerçe öwlüýa, asfiýa (takwa) we kämil mü’minleriň beýik mertebelere galyp, jennete göterilmeginde-de şeýtanyň täsiri bardyr.

d. Ägirt uly peýdalaryny hasaba alman, owunjak zellellerine seredip, oda, elektrik toguna ýa-da ýagyş-ýagmyra “bolmasa gowy bordy” diýýärismi? Ýok. Edil şonuň ýaly, “Näme üçin şeýtan ýaradyldy” diýip bilmeris. Umumy bedeniň saglygy üçin gangren bolan eli ýa-da goly kesýäris. Getirýän uly netijelerini we peýdalaryny göz öňünde tutup, şeýtanyň bolmagynam kabul etmelidiris. Esgerlerimiz ölýär diýip, harby gullugy ýatyryp, söweşe çykman bolarmy? Şeýtanyňam öz tarapyna çekýänleri, Pygamberiň imana salýanlary bilen deňeşdireniňde müňden biriçe bardyr ýa-da şo-da ýokdur. Şonuň üçin, “Şeýtanyň azdyrmagy bilen müňlerçe adam dowzaha gidýär” diýilmez. Çünki mü’miniň gymmaty, käfiriň pesliginden has ähmiýetlidir we has ýokarydyr. Bir adamyň jany gymmatlymydyr ýa-da müň sany mör-möjegiň? Müň hurma şäniginden 11-si agaç bolup, galany çüýrese, müň şänikli bolanyň gowumy ýa-da 989-synyň çüýremegine garamazdan, 11 sany hurma agajynyň gögereni haýyrlymy?

3. Was-wasa näme?

Was-wasa şeýtanyň ynsan kalbyny dörjelemesi we hyýal aýnasyna bir topar surat we şekiller, ýatlamalardyr höwesler atmagy diýmekdir. Şeýtanyň ynsana, aýratynam mü’mine garşy edýän iň soňky oýny, ulanýan reňkli äýnegi, ýaragy we gaçyp atalgasy was-wasadyr. Ol küfüre sokup, azaşdyryp bilmedik adamsyna başga alaç tapmansoň, was-wasa okuny ulanýar. Bir tarapdan was-wasa şeýtanyň: “Maňa ýoldaş bolmadyň, özüňe-de ýar bolma” düşünjesi bilen mü’mine özüni unutdyrmak üçin çapalanmasydyr.

4. Lümme-i şeýtaniýe nämedir?

Şeýtanyň özüne mahsus topuny, tüpeňini, okuny öwürip nyşana alýan, mü’miniň kalp merkezinde ýerleşýän möhüm nokada lümme-i şeýtaniýe diýilýär. Ynsanyň kalbynda magnitofon lentasy ýaly ýazgy edýän, perişdäniň gelýän merkeziniň ýanynda şeýtanyň ýagdyrýan şübhe, müňkürlik we was-wasa oklaryna nyşana bolan merkez hem bardyr. Bu edil aýnanyň arassa, ýüz görkezýän tarapy bilen gara reňkli ýüzüniň bir ýerde ýerleşişi, mü’min bilen käfiriň bir otagda ýanaşyk durmagy ýaly bir zatdyr. Bilýänsiňiz elektrik batareýasynda-da (+) we (-) nokatlar bardyr. Bir tarapdan bular hem tamamlaýjy, dolduryjy, bütewileýji zatlardyr.

5. Was-wasa has köp kimlerde bolýar?

Musulmançylyga täze başlanlarda kän bir was-wasa bolmaz. Was-wasa özüni jany-teni bilen dine bagyşlan, düzgün-tertipli, Allaha (j.j.) ybadatyny az-u köp berjaý edýän we iman meselesinde mertebesi ýokarlanýan käbir musulmanlarda bolýar. Kalby ýaradylyşdan bar bolan meýli bilen iç dünýäsinde öňe gitmek ýolundaky, kämillik mertbesine tarap dogry dyrmaşyp barýan mü’minler ýoluň kyn, duzakly ýerlerinde şeýtanyň was-wasasyna uçrar. Hawa, ynsan arşa tarap göterlip barýarka, şeýtan her menzilde bir duzak gurup garaşar. Ol özüçe iň amatly wagtda ýayny çekip okuny atar, öz pis niýetiniň kök urup, gögermegi üçin kalba was-wasa salar. Diýmek, was-wasa ynsanyň imanynyň çuňlaşmagyna we ýaradylyşyndaky oňa bolan meýline gabanjaňlygy bolýar.

Was-wasa käte gaharjaň we duýguçyl ruhlarda, käte bolsa, köp iýýän, bedenine aşa üns berýänlerde duş gelýär. Mü’mindäki was-wasa krizis we depressiýa görnüşinde däl-de, birahat, biynjalyk edýän hildendir. Mü’min aşa öňe gitse-de, was-wasa aralaşyp biler. Hatda sahabadan soň iň beýik şahsyýetlerden biri Ymam Rabbanam was-wasa uçrapdyr. Was-wasa uçramak üçin hökman ösen ýa-da mertbesi galýan bolmaly diýen zat ýokdur. Edil şonuň ýaly, was-wasa uçramaýan bolsa, diýmek, ösýän däldir diýmegem dogry bolmaz.

Was-wasa käfirde bolmaz. Käfiriň küfri was-wasa däldir, belki, planly we kesirlik küfrüdir. Käfirde-de ýürek gysma, iç krizisi, birahatlyk, depressiýa bolup biler. Emma bular ony has topulyp, hüjüm edip duran eder. Şeýtan oňa orginal we täzeden-täze pelsepeler üflär, inkärçilikde dürli pikirleri oýarar. Iň soňunda-da ol käfire özünem inkär etdirer – “Şeýtan ýok” diýdirer.

Hawa, şeýtan öz hataryna girenlere, jylawyny eline berenlere we yzyny eýermäge çalyşýanlara was-wasa bermez. Şeýtanyň atmosferasynda we magnit meýdanynda aýlanyp duran, gözleri daňylan, beýnileri gözlerinde, kalplary garynlarynda bolanlara-da was-wasa ilişmez. Olar şeýle-de şeýtanyň duzagynda el-goly bagly “Nädip mundan halas bolup bolarka-da?” diýmeýän awlardyr. Olar şeýtandan, şeýtanam olardan hoşaldyr. Elbetde, bu hoşallyk belli bir ýere çenlidir.

6. Şeýtanyň was-wasa bermekden maksady näme?

Şeýtan ynanýan, imanly we ygtykady berk, ybadatlaryny doly ýerine ýetirýän mü’miniň kalbyna girip, ony küfüre iteklemez. Hiç haçan was-wasa onuň kalbynda Allahyň (j.j.) magryfetiniň (tanamagyň, bilmegiň) we muhabbetiniň (söýgüsiniň), Älemleriň buýsanjynyň (s.a.w.) sünnetine tabyn bolmak we oňa eýermek düşünjesiniň ýerini alyp bilmez. Oňa ybadatlaryny terk etdirmegi başarmaz. Çünki, mü’min her näme bolsa-da, hemişe ösmekde, Allaha (j.j.) ýakynlaşmakda we ruhy, duýgulary, bedeni-teni bilen nur içinde beýgelmekdedir. Beýle ýagdaýda şeýtan: “Dagy bolmasa, iň soňky nokadymdan oňa daş ataýyn, was-wasa oklary bilen kalbyny garjaşdyrmaga we ybadatyndaky huzuryny gidermäge çalyşaýyn. Belki, ony güýmärin. Olam: “Öň beýle hala düşmezdim. Maňa näme boldy?” diýer we was-wasa düşer” diýer. Belki, mü’min muňa çydamaz diýen umyt bilen was-wasa oklaryny atmaga başlar. Bu oklaryň aşagynda galan was-wasaly mü’miniň adaty wagty akylyna gelmeýän zatlar namazda azar berer. Täret kylanyndan soň: “Golumy ýuwdummykam, başymy mesh etdimmikäm?” diýip, täzeden täret kylar. Şeýde-şeýde täret kylmagam, beýleki ybadatlaram oňa kyn düşüp başlar we (Allah gorasyn!) soňunda hemmesini taşlar. Netijede, şeýtanyň oýunjagyna öwrüler.

Was-wasalar ybadat bilen baglanşykly bolşy ýaly, imana, ynanja-da degişli bolup biler. Mundan başga, şeýtan günäleri bezäp, adamyň hyýalyny üýtgetmäge çalyşýar, duýgularyňy oýnaýar we adamy akyla, mantyga, adyllyga gulak asmaýan alasamsyk hala salyp bilýär.

7. Şeýtanyň sagdan, soldan we başga-da dürli taraplardan gelip, ynsany azaşdyrmagyna nähili düşünmeli?

Şeýtanyň ynsana dürli taraplardan gelmegi, dürli ýagdaýlara görä, dürli ölçeglerdäki belalara garşy oýarylmagy manysyny berýär. Magna we içki halyna görä köp derejeli adam bu derejelerini ösdürýär, jennete mynasyp hala gelýär. Hatda Allahyň (j.j.) öz aýdyşy ýaly, perişdeleriň ganatlaryna meňzeýän ganatlarynyň aşagynda ruhy kämil adamlar bilen entek şu dünýädekä gatnaşyga girer, jynlar bilen görüşip gürleşer, perişdeler bilen duşuşar we aňyrlardan wyždanlara tarap ösüp gelen hakykatlary duýup aňlar. Munuň tersine, şeýtanyňam ynsanyň içinde işledýän bir topar magdanlary bardyr. Ol ähli başarnygyny sarp edip, şol magdanlary işledip, adamy ýoldan çykarmaga dyrjaşar. Hawa, bir bölek peýda we hikmetler üçin ynsanyň ýaradylşynda bar bolan aýşy-eşret, gahar-gazap, kine, akyl, hyjuw we kesirlik ýaly zatlardan her biri dine boýun egdirilmese, wyždanyň tersine-de işledilip biliner – muny edýänem şeýtandyr.

Meselem, adamyň perişdelik sypatlary nebsiniň emrinde näçe wagtlap ýaşasa, şonça-da ähli erki, güýji bilen eziler. Perişdeleşen wagtynda-da nebsi wyždana boýun bolar. Şeýtan ynsanyň özüni tapmagyna, düşünmegine garşy hemişe nebsi ullanýar. Emma wyždany oýarýan nokatlara ýanaşmaz, ýanaşybam bilmez. Çünki, ol ýerde erk, latife-i rabbaniýe we aň-düşünje bardyr. Adam erkini ulanmagy başarýan bolsa, şeýtan golaýna gelmez. Ol aň-düşünje, latife-i rabbaniýe bilen ganatlanan ýagdaýynda şeýtanyň päsgelçiliklerine ilişmez, irfan äleminde perwaz eder. Hawa, adamyň kalby hemişe Allah (j.j.) bilen doly bolsa, oňa şeýtana aralaşara ýer ýokdur. Onuň ähli aly-hilesi, turuzýan tupany daşarda we özüne degişli ýerlerdedir.

Şeýtany we perişdelik derejeler ynsanyň aslynda biri-birine şeýle bir ýakyndyr welin, biri beýlekisinden islendik wagt täsirlenip biler. Meselem, şeýtany tarapda ýarylýan bombalaryň radioaktiw şöhleleri melekler derejesinem öz täsirine salyp biler.

Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, şeýtan aýşy-eşreti dürtgelär we ynsany nebsi höweslere iteklär. Onuň akylyny aýlar, gepe-söze gulak asmaz hala salar, hyjuwyny, gaharyny, ulumsylygyny, dünýä bolan hyrujyny artdyrar. Şeýtan öz toruna salanlarynyň duýgy we ruhy dünýälerini daraldyp, olara özlerini unutdyrmak islär.

Emma şeýtan erbetligi duýdurman etdirer, olary saňa zor bilen etdirmez. Çepiňden gelişi ýaly, sagyňdan, öňüňden, arkaňdanam gelip biler. Şeýtanyň Allaha (j.j.) duşmançylygyny we ynsany nädip azaşdyrjagy barada gedemlik bilen aýdanlary Kur’anda beýan edilýar (Araf, 7/17). Şeýtan adamyň öňünden geler – geljege bolan umytlaryny öldürer. Oňa haşyr-u neşiri (öleniňden soň dirilmegi) inkär etdirer. “Yslam dini öz wezipesini bitirdi, indi gaýdyp dirilmez” diýdirer. Adamda umytsyzlyk döreder, geljegi garaňky,bulam-bujarlyk, baş-başdaklyk edip görkezer. Arakamyzdan geler, geçmişe dahylymyzy, Nur-y Nübüwet (Pygamberiň nury) we Nur-y Welaýat (Welileriň nury) bilen arabaglanşygymyzy keser. “Döwür üýtgedi, olar yzda galdy” diýer. Arak-şerap hödürlär we köküňi inkär etdirer. Şeýtan şeýdip geljek we geçmişe degişli penjirelerimizi ýapyp, düýn we ertir bilen baglanşykly ähli köklerimizi goparar. Mundan soňra, ol içi zäherden doly bir düşünje we ýaldyr-ýaldur bezelen durmuş pelsepesini hödür eder. Ol: “Geljek, geçmiş – bularyň bary erteki. Bu dünýä iki gezek gelmersiň, geçen geçdi, sen häzir ýaşamagyň aladasyny et, ömrüňi biderek geçirme!..” diýer.

Çepden geler, adamy açyk, belli günä akymlaryna iteklär. Goşmaaça işleri şeýtanyň çepiňden gelip, kömekçileriniň üsti bilen edýän işleridir. Häzirki döwürdäki köp ýaýran, ähli haram ýollar şeýtanyň çepden gelip urmasynyň netijesidir. Bu ýerde olary ýeke-ýeke sanap, batylyň ündeýjisine öwrülmek islemeýäris.

Hawa, şeýtanyň ýene bir geliş ýoly, hakykatyň tarapyny çalýanlardan bolmak, erbedi gowy edip görkezmekdir. Mü’min üçin iň howplusam şudur. Günäleriň gelip biljek gapysyny ýapan, ybadatyny ürç edip berjaý edýän bir mü’miniň ýanyna şeýtan sag tarapyndan gelip, öz-özünden hoşal eder. Onuň gowy taraplaryny öz yhlasy hökmünde görkezip, erbet, şer işlerini bolsa, başga kişileriň üstüne atdyrar. Netijede, ol ýitgileriň iň ajysyny çeker. Mü’min gije turup, tehejjüd namazyny okar. Ertesi muny başgalarynyň ýanynda gürrüň beräýse, sagyndan şeýtanyň erbet urgusyny aldygydyr. Eger eden işimizi başgalar tarapyndan öwülmek maksady bilen edýän, öwülmelerden göterlip, joşýan bolsak, onda şeýtan biziň sagymyzdan urýar diýmekdir. Hawa, beýle kişi Käbä togap edýänem, iň öň hatarda söweşýänem bolsa, netijesi puçdyr.

Omar bin Abduleziz (r.a.) birine hat ýazýar, soňra-da ony haýabatly sözler bilen ýazdym diýip, nebsini hoşal ederin gorkusy bilen ýyrtýar. Eden işlerimiz, hyzmatlarymyz sebäpli nebsimizde joşmak, söýünç dörese, bu işiň arasyna şeýtandan bir ýokundylar garyşan bolaýmasyn diýip, Hak tagala ýönelmelidiris we kasamymyzy täzelemelidiris. Hawa, biz nebsimizi hoşal etmejek bolmalydyrys. Eden her bir işimizi Allahyň (j.j.) emir edeni üçin etmek, amalymyzyň netijesini bolsa, ahyrete goýmak iň dogrusydyr.

Her kim Hakyň özüne edýän lutuflary barada oýlanyp, haýsy mertebede bolsa bolsun, Allahyň ihsanlary (ýagşylyklary) üçin şükür borjuny berjaý etmelidir. Ol Allahyň öňündäki jogapkärçiligini we şükür wezipesini ýerine ýetirer. Allah hem çäksiz rahmeti bilen bendesiniň niýetine we yhlasyna görä jennet, ebedilik ýaly nygmatlary bagyşlar.

Bulardan başga umumy manyda şeýtanyň sagdan gelip, uly meseleleri kiçi, ownuklary bolsa iri görkezmegi barada-da oýlanyp bilersiňiz. Hemişe duş gelýänsiňiz, musulmandyr, hajydyr we mesjide yzygiderli gatnaýanlardandyr. Allah (j.j.) ybadatdan aýyrmasyn. Emma öýünde namaz okamaýan çagalary bardyr. Ol bu ýagdaýa çydaman, näderini bilmän urunmagyň ýerine, geler, mesjitde inçe meseleleriň biriniň üstünde janyny ýakyp jedel eder. Nesiller köçede sergezdan we perişandyr, hatda olaryň arasynda onuň ogly, gyzy, agtygy bardyr. Emma gel, gör, bularyň derde galyp, çözjek bolýan meselelerini: “Mesjitde öli garaşdyrlarmy, näme üçin tesbih etmeýärsiňiz, Yhlas süresini näme üçin okamaýarsyňyz?” diýen ýaly meseleleriň inçeliklerini çözmegiň aladasynda. Bular öleniň üçüni, ýedisini, kyrkyny geçirmezler. Öýleriniň iň töründe Kur’any Kerim bardyr, emma hiç kim ýeke aýatyna düşünmez. Ine, şu we şuňa meňzeş ýagdaýlar şeýtanyň sagdan çala-çula urmasy hem däldir, has sagdan uran ýumrugydyr.

8. Was-wasanyň peýdaly tarapam barmydyr?

Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, was-wasa aýratynam näzik ruhly adamlaryň ömrüniň ahyryna çenli dowam edýän hereketlendiriji güýjidir. Edil tow berilen sagat mysaly, onuň kalby hem was-wasa düşdügiçe işlär we ony has öňe äkider. Onda şeýle synag we göreş ömrüniň soňuna çenli çeker. Ygtygady berk, amalyny ýerli ýerinde berjaý edýän we nebsini ýeňmegi başaran mü’minde şunuň kimin “Jihady Ekberi” (Uly jihady) etdiren we oňa gazynyň sogabyny gazandyran – was-wasadyr.

Başga bir tarapdan was-wasa adamy hemişe hüşgär we hatyrjem saklar. Mü’min işini berjaý etmegiň we halyna häkimligiň beren rahatlygynda we göwni giňliginde ukyny bilmez. Ol duşmanyň gazan çukurlaryna düşmezlik üçin hemişe garawulda duran esger ýaly, hüşgärligini ýitirmän saklap biler. Hassanyň keseli sebäpli irginsiz Haka ýalbaryşy mysaly, was-wasaly adamam was-wasa düşer-de: “Allahym özüň gora, aman eýle” diýer we özüni şol jynyň täsirinden halas eder, öňe tarap öser, hamala, günäleri goýbermejek berk gala girer. Ýöne esasy mesele was-wasany ulaldyp, ondan zyýan çekmezlikdir.

9. Was-wasanyň öňüni almagyň ilki çäreleri:

a. Was-wasa imanyň güýjünden döreýändir.

Ilki bilen şuny berk belläliň, was-wasa aşa gorkuljak zat däldir, çünki, imanyň barlygy üçin ol gelýär. Sahabalardan biri Serwerimiziň ýanyna gelip: “Eý, Resulullah, was-wasa uçradym” diýende: “Gorkara, endişe edere zat ýok. Ol arassa imandyr, imanyň güýjünden döreýändir” diýdi. Şeýtanam sizde iman göwheriniň, ybadat hazynasynyň, namazyň we dine hyzmat etmegiň dür däneleriniň bardygyny bilýäni üçin sizi deňiz galtamany kimin talaýar we size garşy çozuş edýär. Deňiz galtamançylygy, belki, häzirki döwürde seýrek duş gelse-de, şeýtanyň Adam ata we onuň nesline garşy talaňçylygy kyýamata çenli dowam eder.

Aslynda, şeýtanyň boş, gurap ýatan kalplar bilen işi bolmaz, olara was-wasa okuny atmaz.

Was-wasa uçran mü’min: “Şeýtan ähli tarapdan ýeňildi. Şonuň üçin, indi imana we yslama degişli was-wasalar, şübheler bilen meni başagaý etmek, hazynamy talamak isleýär. Emma alan galasy bolmaz. Bu onuň soňky demde urunmagydyr. Ahyry bir gün paltasy daşa deger, çykar gider. Gitmäýende-de gapylar guluply, meni goraýan gala-da örän berk. Allahyň goragy bilen onuň maňa edip bilen zady bolmaz” diýip oýlanmalydyr.

b. Was-wasa kalbyň öz önümi däldir:

Kalbyň biynjalyk bolýany was-wasanyň öz önümi däldigini görkezýändir. Eger ol özüniňki bolsady, kalp ondan birahatlanmaz, gorka düşmezdi. Kalbyň howsala düşüp, birahat bolýanynyň sebäbi şundandyr: Kalp was-wasa razy-da däldir, onuň eýesem däldir. Was-wasa bilen many we gymmatlyk taýyndan hiç hili meňzeşligi bolmany üçin, ýürek ondan birahat bolýar. Adamyň gyzgynynyň galmagyndan, kellesiniň agyrmagyndan, içdäsiniň kesilmeginden bedeniň kabul etmeýän mikroplarynyň oňa aralaşandygyny bilip bolýar. Şeýtan hem bize ýat bolan was-wasany, hyýaly, düşünjeleri ýüregimize salan wagty ruhy güýjümiz, iman derejämiz bu şer ordasyna garşy urşa çykýar. Munuň netijesinde-de gyzgynymyz galýar, ýüregimiz gysylýar. Eger bedenimiz garşylyk görkezmän, ýylan gören serçe ýaly, onuň agzyna barýan bolsa, SPID-e uçranyň immunitetiniň bolmaýşy ýaly, işimiziň gaýtdygydyr. Dörän was-wasa kalbymyz, imanymyz garşylyk görkezmese, onda was-wasa-da bolmaz, derde-de galmarys. Bu “Gel, isläniňi et!” diýmekdir, şeýtana-da geregi şoldur.

c. Was-wasa uçran kalp, içine hapa-hupa atylan çeşmä meňzär:

Meselä şeýle garamak hem bolar: Dup-dury, arassa gözbaş bar diýeliň. Zem-zem suwy ýaly şypaly bir suwuň gözbaşy. Ähli kişä belli, dünýä meşhur bir gözbaşy göz öňüne getireliň. Indi bir haýyn adam assyrynlyk bilen gelip, şol gözbaşa reňk, hapa, pis zatlary döküp gaçyp gidýär. Siz muny görüp: “Wah, gözbaşym gurady, hapalandy, zaýa boldy” diýersiňiz. Emma hakykatda bu beýle däldir. Akar suw o hapalary äkider, öz-özüni tämizlär, arassalygyny gorar. Eger siziň kalbyňyz, imanyňyz dury, ap-arassa bir çeşme bolsa, onda ony bulandyrjak bolup atylan hapa-hupalaryň eden zady bolmaz. Diýmek, bulanyklyk çeşmäniň özünden däl. Hawa, was-wasa uçran kalbam edil şonuň ýalydyr...

d. Was-wasa öz erkiň bilen edilip, amalyňda-da görünmeýän bolsa, adamy jogapkär etmez.

Bilişiňiz ýaly, borçly we jogapkär bolmagyň üçin erk we aň-düşünje hökmany şertdir. Haýwandyr däli eden işine jogapkär däldir. Şonuň üçin, was-wasa öz erkimizde bolmasa, kalbymyzyň we düşünjämiziň gapylaryny özümiz açmaýan bolsak, jogapkär hasap edilmeris. Esasy zat, ony amalymyzda ýüze çykarmazlykdyr. Erk köplenç öz-özünden dörän was-wasany ýeňip bilýär, çünki, ol çakylyksyz gelýär. Mundan başga-da, adam akylyna gelýän pikirleri we öz erkine degişli bolmadyk gören, eşiden we okan zatlary sebäpli hyýallara we düşünjelere özüni aldyryp biler. Aslynda bulardan halas bolmak, köplenç mümkinem däldir. Çünki ynsanyň ýaradylyşy şeýledir.

e. Was-wasa adamyň ösüşine päsgel bermýän kerep ýalydyr:

Was-wasa özüne mahsus esassyzlygy bilen tanalan wagty zyýanly bolup bilmez. Kur’an: “Anyk, şeýtanyň hilesi ejizdir” diýip perman edýär (Nisa, 4/76). Hawa, şeýtanyň hilesi bardyr, emma, ýok ýalydyr. Meselem, iki diwaryň arasyndan geçjek bolaňyzda, kämahal öňüňizi möýüň kerebi baglar. Siz şonuň üçin yzyňyza dolanjakmy? Möýüň kerebi ýoluňyzy bekläp, geçirmän bilermi? Elbetde, bilmez.

Serwerimiz şeýtanyň azgynlygy, küfri, günäni we erbetlikleri mejbury etdirmeýändigini aýdypdyr. Şeýtanyň bar elinden gelýän ýaramazlyklary bezemek, aldamak, gyzykly we özüne çekiji görkezmekdir. Gowynam, erbedem ýaradan, azaşmaga-da, dogry ýola-da iterýän Allahdyr (j.j.). Şeýtanyň was-wasalary reňbe-reňk köpürjikler bilen bezelip salynan köşk mysalydyr. Ol köşküň aşagynda çukurlar bardyr, onda-da juda çuň çukurlar...

Wagtlaýyn, geldi-geçerdigi bilinen was-wasanyň hiç hili zyýany degmez. Was-wasa asmanda gaýyp ýören ýelejik ýaly ýeňildir. Ony birden jemlenip soňra-da pytrap gidýän bulutlara-da meňzedip bolar. Onuň yzyndan ne ýagyş ýagar, ne-de ýel turar. Olar uçarlaryň içini böwsüp geçýän howa boşlugy mysalydyr, ne perýat edeniňe deger, ne-de ýalbaryp ýakaranyňa...

f. Was-wasa üstünde durup, derde öwürmeseň, hiçhili zyýan bermez:

Pikirleriňize bulaşyp, ony kirletmejegiňizi bilseňiz was-wasadan zyýan gelmez. Was-wasa hyýal aýnasynda ýitip gitjek inçe we wagtlaýyn yzdyr. Aýna ýüzüne düşýän tegmil sebäpli hapalanmaz. Akyla we hyýala gelýän zatlar haýyrdan gözbaş alýan bolsa, pikirdir düşünjäňi belli bir derejede nurlandyrar. Emma şerden gözbaş alýan was-wasa bolsa, akyla-da, düşünjä-de, kalba-da täsir etmez, kirem goýmaz, zyýanam bermez. Eliňizdäki aýnaň ýüzünde garşyňyzdaky ýylanyň keşbi görünse, ondan siziň eliňize zyýan gelip bilermi? Ýa-da aýnada görünýän bir hapa eliňize ýokuşyp bilermi? Ýa-da onda görünýän ataş alawy ýakarmy? Edil şonuň ýaly, garnyňyzdaky hapanyň namazyňyza zyýany nähili degmeýän bolsa, kömrüň tozanynyň almaza zyýany neneňsi ýok bolsa, şeýtanyňam içimizde-daşymyzda bardygyna garamazdan, onuň atýan oklarynyň, iberýän görnüşleriniň asly bardyr-da – ýetirjek zyýany ýokdur.

Üstünde durmasaňyz, gyzyklanyp üstüne barmasaňyz, kabul etmeseňiz, kiçi görüp, ulalmagyna maý bermeseňiz we bir derdiňize öwürmeseňiz was-wasadan zyýan gelmez. Oňa hemişe depesinden garap: “Allahyň (j.j.) kömegi bilen onuň aşagyndan urup, üstüne çykaryn” diýmelisiňiz.

g. Was-wasa zyýanlydyr öýdüp, howsala düşülen wagty zyýan berer:

Şu wagta çenli düşündirenlerimiziň tersine hereket edilse, was-wasanyň zyýany degip biler. Ol uly görülip, ähmiýet berildigiçe ulalar we ýel berilýän şar kimin çişip, bizi ýuwutjak bolýan aždarha meňzär. Arynyň öýünde ýüzlerçe ary bardyr, emma siz ähmiýet bermeseňiz geçer gidersiňiz. Was-wasanyň garşysyna-da, edil şeýle hereket etmelidir.

Şeýtan ejiz we tiz geçip gitjek bir görnüşi hyýalymyza oklar. Bizem ony özüne çekiji hasaplap gyzyklansak, bir pursatlyk görnüşiň hyýalymyzda sagatlap dowam etjek bir filme öwrüleninem duýman galarys. Aýratynam ýeke galan ýaşlarda bu görnüşler nebsiňi joşdurýan, bedeniňi täsirine salýan suratlar bolsa... Bu şeýtana degişli ilkinji sahnadyr. Şeýle ýagdaýda oňa ähmiýet bermezlik, işletmezlik gerekdir.

h. Duýgusy näzik we gaharjaň adamlar şeýtanyň was-wasasyna ähmiýet berip, howsala düşmeli däldir:

Was-wasa duýgusy näzik we gaharjaň adamlarda hasam zyýanly kesele öwrülip biler. Beýle kişiler was-wasa gelen wagty onuň zyýanyndan gorkup, alada we howsala düşer. Soňra ony akylynda, ýüreginde we imany nazarynda ulaldyp, onuň ýesiri bolar. Bu bolsa, şeýtana ýesir düşmek, uly zyýana uçramakdyr. Şeýle hala duçar bolan umydyny ýitirip: ”Men indi perişan boldum” diýip, ýeňilendigini boýun alar. Bir serkerdäni göz öňüne getiriň. Ol sag tarapda birnäçe gylyjyň ýalpyldysyny görüp, duşman sagdan hüjüme geçer öýder. Şonuň üçin, sag gapdaly berkitjek bolup, goşunyň köpüsini saga geçirer. Çep gapdalda-da agaç ýapraklarynyň şygyrdysyny duýup, çepinem berkider. Netijede, merkez duşman üçin, goragy gowşak, hüjüme amatly ýagdaýa geler. Bu söweş taktikasyny bilmezlikden we duşmany tanamazlykdan bolýar. Görüşiňiz ýaly, şeýtanyň döredýän was-wasasynyň çigidiň gabygyça ähmiýeti ýokka, adam ony ulaldýar, başyna bela edinýär.

i. Was-wasanyň magnit meýdanyndan ybadat arkaly daşlaşmaly we psihologiki täsirinden çykmalydyr!

Beýle ýagdaýa düşülende, hadysda-da aýdylyşy ýaly, gazaplanaňyzda dik duran bolsaňyz oturyň, oturan bolsaňyz ýatyň ýa-da täret kylyp, iki rekegat namaz okaň. Garaz, ünsüňizi üýtgedip biljek başga bir iş bilen meşgullanyň. Erkiňizi jemläp, akylyňyza täsir edip biljek, biygtyýar içine düşen howa boşlugyndan çekip çykarjak ýa-da sizi dolap alan elektrik akymyndan halas etjek, kiçijigem bolsa, bir sebäp gözläň. Serwerimiz ömründe ýekeje gezegem bolsa, bir sapardan yzyna dolanyp gelýärkä, ýadawlykdan ertir namazynyň wagtyny oýanman geçiripdir. Ukudan turan badyna-da: “Bu ýerde eglenmäň! Şeýtan bärde häkimlik edip, soltanlygyny gurupdyr” diýýär. Hawa, şeýtanyň magnit meýdanyna ünsli bolmaly, bilmän içinde galaýsaňam, derrew o ýerden gitmelidir. Gaflat we ünssüzlik şeýtandyr, şeýtany zatlar üçin amatly şertdir. Zikri-dogalar Allahy ýatlamak, Onuň bilen gatnaşyga girmek, ähli şer işlere garşy göreş bolsa, şeýtana edilen gaýtawuldyr. Mysal üçin, Serwerimiz (s.a.w.) bir ýerde şeýtanyň azan sesinden gaçyşyny gürrüň berýär. Diýmek, ol azana we azanyň gurşap alýan manylaryna çydap bilenok. Onda şeýtan was-wasalar arkaly hüjüm edende, bizem Allah we Onuň Resuly bilen baglanşygymyzy güýçlendirmeli, ilahy duýgulara çümmelidiris. Serwerimiziň (s.a.w.) magraja çykyşyny ýatlamagyň was-wasany, aýratynam namaz wagty ünsüňizi bölýän zatlary, hatda pallamagam pyçak bilen kesen ýaly aýyrýandygyny aýdyp bolar. Käte çep tarapyňyza üç gezek tüýkürmegiňizem, onuň bürenen bezegli perdesini ýyrtyp goýberer. Şeýtanyň harama iteklejek bolup salýan was-wasasyna ýumrugyňy düwüp, haýbat atmak, käte-de, üstünden gülýän manyda ýylgyryp geçmek, onuň magnit meýdanyna garşy durmagyň bir görnüşidir.

Bir ýaş ýigide şeýle diýenim ýadyma düşýär: “Şeýtan öňüňden çykyp, bir harama seretdirjek bolanda şeýle oýlan: “Seredeniň bilen elime näme düşer? Seredersiň, soňy boş. Has aňry gitseň, ýene-de boş. Diňe imanyň saňa berjek ökünji we azary bar. Soňy boş, azarly we garaňky tümlüge eltjek seredişde ne many bolup biler?” Adam özüni şeýdip ynandyrýarka, ol haram görnüşem bireýýäm ýok bolup gider.

Akyla gelen her was-wasa, her bezemen görnüş, geljekdäki has kämil görnüşleri ýatlamak bilenem ýeňilip biliner. Kur’anyň köp ýerinde dünýä durmuşynyň bir oýundygy, güýmenjedigi, hakyky ýaşaýşyň ahyret ýaşaýşydygy, çyn ýurduň ahyret ýurdudygy beýan edilýär (A.Imran, 3/185; Ankebut, 29/64). Was-wasa saňa ysmanakdyr, dere otuny hödürleýär, emma Allah (j.j.) o ýerde bişen miweleriň bardygyny aýdýar (Hakka, 69/23). Üstesine, dünýädäki ýaly, siňdirip bilmezlik, aşgazan agyrysy we şolara meňzeş dertleriň bolmaz. Harama bakmak meselesinde-de şonuň ýaly “Isleýäne ber Sen ony, maňa Sen gerek, Sen” diýmelidiris. Tomsuň jöwzasyny bahana edip, şeýtan sizi hyzmatdan we teblig maksady bilen töwerege aýlanmakdan saklamak we beýlekileri edişi ýaly, sizem deňiz kenaryna ýa-da salkyn saýaly jülgä äkitmek isleýärmi? Oňa jähennem ataşynyň has howurlydygyny ýatladyň. Muny başarsaňyz, onuň siziň kalbyňyza salmak isleýän was-wasasy öz bokurdagyna tegek bolup galsa gerek.

“Allahyň Resuly (s.a.w.) we Onuň sadyk ýaranlary we yzyndaky salyh weliler bize garaşýarka, meniň onda, munda awara we maňa gelişmejek ýagdaýda aýlanjyrap ýörmegim, heý, dogry bolarmy?” diýip, şeýtanyň iteklemek isleýän gaflat we ýaltalyk was-wasasyny ýeňmek mümkindir.

j. Täretde we namazda “kemçilik goýberdim” diýen ýaly was-wasalara-da ähmiýet bermeli däldir.

“Täret kylyşymda, namazymda ýalňyşlyk we kemçilik goýberäýdim öýdýän” diýen görnüşde döreýän was-wasalara-da ähmiýet bermeli däldir. Beýle mesele birinji gezek ýüze çykýan bolsa, täreti täzeden kylyp, namazy gaýtadan okap bolar. Emma zol bu şübhe göwnüňe gelýän bolsa, was-wasa düşmän, şübhäni ýeňmelidir. Mysal üçin, bir goluňy ýuwan däldirin öýdýän bolsaň, ýuwandygyňy kabul edip, namaza durmalydyr. Ýa-da namazyň näçe rekagat bolandygyna yzygiderli şübhä düşýän bolsaň, namazy doly okandygyna ynanmalydyr.

Was-wasanyň dörýän meselesinden çekinmeli däldir, gaýta, üstüne barmalydyr. Was-wasanyň üstünde durmak däl, tersine hereket etmek dogrudyr. Edeniň ýalňyş bolaýanda-da: “Mezhepleriň birine laýyk geler” diýip, geçmek has laýyk bolsa gerek. Maksat şeýtany ýeňip, was-wasany dep etmekdir.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr