Fethullah Güleniň günbatar ylymyna we düşünje gurluşyna garaýşy

Fethullah Güleniň günbatar ylymyna we düşünje gurluşyna garaýşy

Fethullah Güleniň düşünjeleri birnäçe babatda günbatar düşünjelerinden düýpgöter tapawutlanýar. Has dogrusy, ol günbatar düşünje we bilim esaslarynda kök uran idiologik we anarhistik bilim ýörelgelerine garşy gidýär. Ol ilki bilen günbatar düşünjesindäki materializmi analizleýär. Çünki günbatar düşünjesi wahyýyny inkär edýändigi sebäpli, ylmyny maddy sebäplere we adamyň duýgy organlarynyň kabul edip bilýän amperik, ýagny tejribä esaslanýan çeşmelere daýandyrýar. Bu bolsa, onuň pikirine görä, bilim çeşmelerini daraldyşy ýaly, metafiziki ylymdan hem adamy mahrum edýär. Başga bir tarapdan ol pozitiwizmiň, öňe gidiş düşünjesiniň we diňe akyla daýanmagyň günbatar biliminde idiologik gural hökmünde ulanylýandygyny aýdýar.

Gülen bir kitaba ýazan sözbaşysynda: „Soňky birnäçe asyryň dowamynda pozitiwist we materialist teoriýalar bilim we pikir dünýäsine zor salyp gelýär. Barlyga we madda, äleme we hadysalara metfiziki garaýyşlar inkär edilip, ähli meselä pozitiwistiň nazary bilen garaldy. Bu materialistik garaýyş älem we hadysalaryň düşündirilşini ýeke-täk tipe ýerleşdirmäge çalyşdy we hakykat ylmyna barýan ýoly daraltdy.

Günbatar barlygy we tebigaty näçe derňese-de, tejribe we akyl bilen ilik-düwme öwrense-de, ony „öz içki dinamikleri”, bölekleri we bölejikleri bilen „fizik we metafizik” bütewiliginde göz öňüne getirip bilmedi. Netijede, adam öz akyly, pikiri we ruhy bilen gapma-garşy hala düşdi. Adamyň ruhy hem üst-üste gelen diýdimzor garaýyşlardan ýaňa öz asyl durkundan uzaklaşdy” diýýär. Bir garaýyşynda Gülen naturalizmi we rasionalizmi günbatar ylmyndaky krizisiň köki hasap edýär. Munuň hem günbatarda barha uly orun alyp, ylmy gözlegleriň maksadynyň maddaçylyga we hatda ähli zada hudaýsyzlyk gözi bilen garaýan ateýizme öwrülendigini aýdýar. Günbatardaky din we ylym duşmançylygynyň aslynda ine, şol maddaçylyk prossesi ýatýar. Gülen bu prossesi gysgaça düşündirende ony Allah, älem we adam deňliginiň bozulmagy diýip atlandyrýar. Kilise bu deňligi gorap bilmedi. „Şol günleriň hristian dininiň wekilleri we ýaýradyjylary ruh düşünjesini aşa öňe sürdüler. Tebigatyň ylmy taýdan öwrenilmegine, tejribe we düşünje taýdan çykarylan netijelere ýeňles garadylar. Ýaşaýşyň maksadynyň diňe her bir zadyň ruhuna, manysyna we asyl durkuna düşünmekdigini, maddy tarapyny bolsa göze almazlyk hatda ret etmekdigini öňe sürdüler...” Olar her bir zada ruhy tarapdan garadyklaryça, tebigaty öwrenijiler hem zadyň diňe maddy tarapyna agram berdiler. Netijede, din we bilimiň wekilleriniň arasyndaky jedeller, „din we bilimiň duşmançylygyna” öwrüldi.

Fethullah Gülen günbatardaky bu gapma-garşylygyň Ýewropada diňe orta asyrlarda bolup geçendigini belleýär. „Meselem, antik döwürde Gresiýada, Müsürde, Mesopatamiýada, Hindistanda we Hytaýda bular ýaly gapma-garşylyk bolmandyr. Munuň antropologik, sosiologik we taryhy sebäpleri bar. Sanskrit ýazgylarynda hem duş gelişimiz ýaly, şol döwürde bu ýurtlarda astronomiýdan astrologiýa, matematikadan kosmogoniýa çenli ähli ylymlar din-ylym-jady birleşigi şekilinde görlüpdir. Ylymda çynlakaý işler alnyp barylmandyr we uly bir ylmy joşgun hem bolmandyr. Bu sebäpli hiç bir gapma-garşylyk hem döremändir. Hytaýda-da şeýle. Konfussizim tutuşlygyna ahlak kadalaryna daýanypdyr we onda hakyky dini kada-kanunlar ýok diýlip bilner. Şonuň üçin beýle bir akymda din bilen gapma-garşylyga girer ýaly esas hem bolmandyr.

Gadymy Müsür we Mesepotamiýa dinleri mifolgiýa we retorika daýanýan dinlerdir. Astronomiýa, kosmogoniýa we lukmançylyk ýaly ylymlar hem gazanan ösüşlerine garamazdan, tejribeli we anyk sistemaly ylym derejesine ýetmändir. Hatda, şol döwürlerde ylym bilen din we jadygöýligi biri-birinden aýyl-saýyl etmek hem mümkin däldir ” diýýär.

Geliň Gresiýany alyp göreliň. Grekleriň ylym we düşünjesiniň gözbaşy gadymy Müsüriň we Mesopotamiýanyň ylmyndan gaýdýar. Emma, Gresiýa olardan sosiologik taýdan tapawutly bir ülkedir. Ýokarda adyny agzan medeniýetlerimiz öz geçmişinde dürli derejelerde boluşlary ýaly, biri-birinden tapawutly döwlet tejribelerine eýe bolupdyr. Gadymy Gresiýa bu meselede sözüň doly manysynda mydama-da şahsyýetleriniň bähbitlerini goraýan (indiwidualist) ýurt bolupdyr. Syýasat we taryhy sosiologiýa nukdaý nazaryndan seredeniňde, Gresiýada ýurduň şahsyýetleriň bähbidi goralyp dolandyrmagy üýtgeşik hadysady we onyň käbir utuşly taraplary bardy. Ilki bilen indiwidualizm Gresiýada ruhanylar gatlagynyň döremegine maý bermedi. Jahiliýet döwrüniň arap halkynda bolşy ýaly, gadymy Gresiýada-da ynanç we mukaddeslik düşünjeleriniň wekilleri şahyrlar we akyldarlardy. Olar hem erkin düşünjäni we ylmy gözlegleri goldaýardylar. Beýle ýurtda din bilen ylmyň duşmançylygynyň bolmajagy düşnükli. Başga bir tarapdan Fethullah Gülen Hojaefendi şeýle diýýär: „Antik döwürde din syýasy awtoritetleriň garamagyndady. Ýagny, dine sygyşmaýan bir işi etmek, gönüden-göni döwletiň syýasy awtoritetine garşy edilen hereket hasaplanýardy. Eger akyldar ýa-da şahyr dine garşy hereket etse, jemgyýetde krizis emele getirip, uly bir çekişmä sebäp bolup bilýärdi. Gysgaça aýtsak, bu ýerde Gülen gadymy Gresiýada din bilen ylmyň gapma-garşylygyna hiç bir esasyň bolmandygyna ünsi çekmek isleýär.

Onda, ýahudilerde ýagdaý nähilidi? Ýahudileriň mukaddes baş kitaby Ahdi-Atikde adamyň ýaradylyşy, älem-jahanyň ýagdaýy, barlyk we taryhy wakalar, şahsyýetler hakynda häzirki zaman ylmynda we taryhynda aýdylýanlara gabat gelmeýän birnäçe bölümleriň bardygyna garamazdan, geň ýeri ne Töwratda, ne-de ýahudi jemgyýetinde din we ylym aç-açan biri-birine garşy goýulmaýar. Munuň sebäplerini Fethullah Gülen ýahudilik dininiň aşa dünýewileşen häsiýetine we taryhy şertlere baglaýar. „Çünki, ýahudilik ilki bilen elmydam gündelik durmuşa we dünýewi ideallara uly ähmiýet berip gelipdir. Adamlaryň metafizik garaýyşlaryny olaryň dünýewi durmuşlaryny, gün-güzeranlaryny kynlaşdyrmaz ýaly edip ölçäp biçipdir. Iň kyn ýaşaýyş şertlerinde-de olara dünýewi çykyş ýoluny salgy beripdir. Şeýle hem ýahudi taryhynyň çarkandakly kyn ýolunda sosial durmuş din bilen ylmyň çaknyşyga girmegine pursat bermändir. Az wagtlyk bir döwür bolaýmasa, taryhda ýahudileriň çynlakaý, tutumly bir döwlet gurmaga mümkinçilikleri hem bolmandyr. Elmydam, güýçli duşmanlara, jemgyýetçilik tarapyndan gysylmalara, zor bilen göçürilmäge sezewar bolup gelipdirler. Bu bolsa olary başga hiç bir milletde görülmejek derejede biri-birine jebisleşdiripdir, pytyrap, ýok bolup gitmezlige garşy, mydama göreş we dawa meýdanynda hüşgär bolamagy öwredipdir.”

Hristianlygyň ýagdaýy bolsa, beýlekilerden has-da tapawutlydyr. Gülen bu ýerde Hezreti Ysa bilen onuň ilkinji hawary we egindeşleriniň döwrüni aýratyn belläp, din we ylymyň biri-birilerine garşylygynyň şol döwrüň yzýanlary başlandygyny öňe sürýär. Hristianlyk ýaýrap başlan ilkinji döwründe onuň taglymatynyň çäkleri sosial we medeni durmuşy tutuşlygyna öz içine alyp biler ýaly derejede giňedi. Bu sebäpli gadymy dünýä taryhyndan şu günümize çenli hristianlyk dünýäsinde ylym we erkin düşünje dürli ugurlarda jedelleri başdan geçiripdir. Ýokarda-da aýdyp geçişimiz ýaly, hristianlykda adamy dualist edip görkezmek düşünjesi tutanýerlilik bilen öňe sürlüp gelnipdir. Aýratynam katolik taglymatda adamyň ruhy tarapy aşa ýokary tutulýar. Ol şeýle bir ýokary tutulýar, adamyň maddy tarapy, durmuşy we beden isleg-arzuwlary äsgerilmän gelnipdir. Şol bir wagtda adamyň bio-psihiki tarapy elmydam basgy astynda tutulypdyr. Olara görä, hakyky ynançly adam bio-psihiki häsiýetini berk gözegçilikde saklamalydyr. Hristianlygyň ýörelgesinde bu dünýäde o dünýäni ýaşamagyň idealy we modeli düzülipdir. Şeýdilip, adamzady bu dünýäniň hapasyndan päklejek, halas ediş idiologiýasy we metafory emele getirilipdir. Adamyň ýer ýüzündäki ýaşaýyşy oňa eşret däldir we her bir şahsyň iň möhüm wezipesi,ugruny tapyp bu ýaşaýyşdan uzaklaşmakdyr. Bu halas bolmak metafory Gülene görä, hristianlarda ilkinji günlerinden başlap, ýakyn wagtda kyýamatyň gopjakdygy we Allahyň arşynyň ýere injekdigi baradaky garaýyşyň ýaýramagyna we orun tutmagyna sebäp bolupdyr. Bu ruhy ahwalat hristian dünýäsinde ’’ýerýüzüniň nämedigi hakynda jedelleşmegiň, ahyretde bize näme peýdasy degjek” pikirini we düşünjesini oýarypdyr.

Diňe injiliň birnäçe ýerinde gönüden-göni we daşyndan aýlap ylym-bilime garşylyklaýyn aýdylan birnäçe sözler bar. Diniň hökmürowanlygy şeýle bir derejä ýetipdi, orta asyrlarda ähli medeni we bilim ojaklary hristian taglymatlaryna görä ýöredilip, olar tutuşlygyna katolik kiliseleriň elindedi. Bu bolsa, gutulgysyz ýagdaýda din bilen ylymyň gapma-garşylygyny güýjedipdi. Fethulluah Gülen hristianlygyň şeýle derejede zor bilen ýol almagyny orta asyrdaky din bilen ylymyň arasyndaky gapma-garşylygyň döremeginiň esasy sebäbi hasaplaýar. Ol günbatarda bu zora garşylyk görkezmek, oňa garşy herekete geçmek ylymyň ösmegine uly itergi berdi diýen pikiri aýdýar.

Ilki başlarda bu gapma-garşylyk aşaklyk bilen alnyp barylýardy. Çünki, resmi kilisäniň abraýy we hökümi ähli ýerde güýçlüdi. Emma, zor salmak, diýeniňi ýöretmek we dogma häzirki zaman taryhynyň ilkinji ýyllarynda güýçden gaçyp ugraýar. Ylmyň täze akymy gündogarda edilen açyşlara daýanyp, kilisäniň kosmos giňişligi baradaky aýdýanlaryny ýalana çykarmaga başlady. Kopernik, Kepler, Galileý we Nýuton ýaly alymlaryň açyşlary, misli düşünje adamlarynyň agzynyň bogusyny çözen ýaly boldy we dürli ugurlarda täzeçillik, gözlegler başlandy. Bu ösüş hristian dogmalarynyň aýdýan ylahy pikirlerine-de erişdi. Lýuther we Kalwinçiler resmi kilisäniň aşa döwletiň we belli-belli adamlar toparynyň tarapyny tutýandygyna garşy täzeçillik hereketini öňe çykardy. Bu çykyşlar häzirki zaman taryhynyň başlanan döwründe Ýewropada ylmda täzelenmelere ýol açyp, uly reformalary amala aşyrmak herketlerini başlatdy. Bu hereketler dinde her kimiň kiliseleri araçy edinmän, Allaha gönüden-göni doga edip biljekdigi, kilise diýlen bir gurama mätäç bolman, islendik ýerde ybadat edip biljekdigi ýaly pikirleri orta atdylar. Günbatar düşünjesi, Gülene görä, bu üýtgeşmelerden soňra, Dekart we Spinoza bilen bu gapma-garşylygy ýumşatmaga, meseläni kilisäniň ünsünden daşda tutup çözmäge çalyşdy. Dekart misli her kimiň eline bir tutaryk beren şekilde meşhur dualizm pelsepesini öňe sürdi. Onuň pikirine görä ylmyň öz sahnasy bar, olam tebigat. Şeýle hem teologik maksatly tarapy bar. Başlangyjy we ahyry bilen bu maksada ýetmegiň ýoly bolsa matematika we tejribedir. Diniň sahnasy bolsa, adamyň ruhy we manysy bilen, o dünýäsidir. Şeýlelikde diniň we ylymyň tutýan maksadam, alyp barýan uguram, miwesem, usullaram başga-başga. Olar biri-birlerinden aýrylyşyp, hersi öz ugry bilen bolsa, gapma-garşylyga ýer galmaz. Dogrusy, Gülen: „Din we ylymyň arasyndaky gapma-garşylyk muňa meňzeş rasional hasap edilen muňa meňzeş pikirler bilen geçip gitjek ýaly görünse-de, kartezýen düşünjeleriň elinde täzeden tutaşdy” diýýär. Bu tutaşmak tä kilise bilen döwletiň biri-birinden doly aýrylşan ХIX asyrdan XX asyryň başlaryna çenli dowam etdi. Ondan soň iki tarapyň hem öz çäklerine çekilmegi bilen bu gapma garşylyk ahyry tamamlandy.

Mundan soň, Gülen din bilen ylmyň gapma-garşylygynyň esaslaryny yslamda yzarlaýar. Yslam, beýleki dinlerde görülmedik derejede adamy akyly, kalby, ruhy we bedeni bilen bütewilikde ele alýar. Onuň getiren ýörelgesi jemgyýetde, ykdysadyýetde, syýasatda we medeniýetde ylmy ösüşlere, umumy adamzat hakykatlaryna açykdyr. Ol hatda, äleme okalýan, tejribe edilip, görlüp-öwrenilýän bir kitap ýaly garaýar. Bu kitaby aýap saklanmaly gymmatlyk hasaplaýar. Ylmy açyşlardanam birnäçe asyr öň, Kur’anda ýeriň bir ýerde durman, Güneşiň daşyndan aýlanýandygy, günüň hem öz okunyň daşynda aýlanýandygy aýdylypdyr. Şonuň üçin Kur’an tebigy hadysalry, älemiň gurluşy we Allah tarapyndan onda goýlan düzgünleri inçelik bilen öwrenilmeli mesele hökmünde goýup, ylma we erkin düşünjä ýol görkezýär. Kur’anda: „Sen Allahyň sünnetinde (adaty-subhaniýede) ýeke kemçiligem tapmarsyň, sen Allahyň sünnetinde üýtgedere-de zat tapmarsyň” diýen manyda aýat bar. Bu aýatda „kemçilik, üýtgedere zat tapmarsyň” diýmek bilen, Allahyň älem-jahany ölçegli hasaply ýaradandygyna, onuň aňyrsynda ylmyň ýatandygyna yşarat edýär. Bu hakykata bolsa, tejribeleriň, ylmyň-bilmiň üsti bilen göz ýetirmek mümkindir. Ýewropanyň häzirki zaman ylmy we düşünjesi öz ösüşiniň gözbaşyny bu ideýadan, ýagny, öwrenmekden, bilmekden, göz ýetirmekden alyp gaýdýar. Yslam bu ideýalary ündeýärkä Rimiň katolik kilisesi asyrlar bäri daýanyp gelýän dogmalaryny we galyba girip giden ýörelgelerini öňe sürýärdi. Olarda „atalaryň ýoly” esas edinip alnypdy. Gülene görä, Kur’any Kerim muňa garşydyr. „Ol müşrikler, Allahyň indirenlerine iman ediň we oňa tabyn boluň diýilende, ýok, biz atalarymyz nämä uýan bolsa şoňa uýarys diýerler...” diýen manydaky aýata meňzeş aýatlaryň başga-da birnäçesi Kur’anda bar. Olarda „atalarymyz nähili bolan bolsalar, bizem şolar ýaly boljak” diýmegiň ýerine, pikirlenmäge, gözlegde bolmaga çagyryşlar ündelýär. Bu ündewe eýerip yslamyň iň pajarlap ösen döwürlerinden başlap üç asyryň dowamynda musulmanlaryň arasynda dürli ugurlardan ylmy açyşlar eden uly alymlar ösüp ýetişýär. Gülen bular barada gysgajyk aýtmak bilen yslamda taryhy nukdaý nazardanam, ýörelgeler taýdanam ylym we diniň arasyndaky gapma-garşylygyň asla bolmandygyny subut edýär. Yslamy ylmyň ösüşine garşy edip görkezmek isleýänleriň aýdýanlarynyň hiç bir deliliniň ýokdugyny görkezip ony ýalana çykarýar.

Fethullah Gülen häzirki zaman ylmynyň ýagdaýy, onuň adamzady bagtly durmuşa ýetirmek barada aýdanlarynyň nä derejede hötdesinden gelip bilendigini yzarlap şeýle diýýär: „Dünýä taryhynda hiç bir döwür ХХ-asyryň ikinji ýarymyndaky ýaly tehniki açyşlara, maddy gymmatlyklara we tehnologik täzeliklere baý bolmandy... Emma, ýene-de hiç bir asyrda modern bilim adamyň ruhy, magnawy we dini ynanjyna garşy şeýle derejede nadan, ýüzleý, bozuk we ters bolmandy... Şol asyra çenli ähli ylym ojaklarynda adamzada we barlyga degişli kabul edilen gymmatlyklar belli bir tertibe getiriler we doly düşündiriler diýen düşünje bardy. Akyl ähli düşnüksizlikleri düşündirer, ylym barlyk we maddy zatlar bilen baglanşykly emele gelen dykynlary açar, fizika, himiýa, astrofizika we biologiýa ýaly ylymlar älem-jahany başdan-aýagyna öwrener we tebigata degişli meseleleri ýeke-ýeke çözer diýlip göz öňüne getirilýärdi...”

Maks Plankdan soň çalt ösen fizikada emele gelen täze garaýyşlar, tolkun mehanikasy we ýadro fizikasy ýaly ylymlar her bir zady maddada gözleýänleriň, ähli zada ýüzüni bug örten aýnanyň üsti bilen seredýän ýaly dury garaýyşy bolmadyklaryň ylym diýip göz öňüne getirýän düşünjelerini, çaklamalaryny dik başaşak etdi. „Şeýlelik bilen ylymdaky bu ösüşler görnüp duran maddy älemiň ýanynda görünmeýän älemleriň hem bolup biljekdiginiň hakykatyny orta çykardy. Ylymyň bu günki ýeten derejesi bizi täzeçe oýlanmaga, täzeçe pikir öwürmäge we täzeçe netijeler çykarmaga mejbur edýär. Şu güne çenli iň ygtybarly diýip hasap edenimiz tejribe düşünjesinden, bize dogry görnen pozitiwizmden, ähli zada akyl ýetirip bolar diýen garýyşymyzdan el çekip, biz yşka we ýüregiň emrine, tebigata baglylykdan ruhy dünýä tarap ugur alan, öňe gidişligi duýmaga başladyk...”

Başga bir çykyşynda Gülen pozatiwist ylmyň adamzada we äleme degişli, anyk, manyly we kanagatlanarly zat aýtmandygyny belleýär. „...Älemiň başlangyjy we ahyry hakynda, ýaradylyş we ýaşaýyşyň syrlary dogrusynda, ne bilim, ne-de adamdaky zehin bil baglar ýaly hiç bir zat aýdyp bilmedi. Gadymdan bäri adamzady meşgul edip gelýän bu hususlar, şu günki günde hem adamyň akylyny we zehinini haýrana goýup gelýän syrlygynda galýar. Adamdaky ylym we zehin wahyýny, ylhamy, telepatiýany, syrlar ýumagy hasaplanýan düýşi, ruhuň wagt we mekandan aňyrdaky maglumat çeşmelerini, metafizikanyň fiziki hadysalara bolan täsirini, keramaty, doga-dilegleriň amala aşmagyny düşündirerden ejizdir. Muňa meňzeş meselelerde adamzat diniň berýän çözgütlerine sygynýar.”

Ateistik we maddaçy ylym ýokarda agzalan, düşündirmesi kyn meselelere aralaşman gelýär. Sebäbi bu meseleler dine we metafizika degişli meselelerdir. Bu meselelere gezek gelende günbatar ylmy göýdükdir.

Görüşimiz ýaly, Fethullah Gülen çykyşlarynda we makalalarynda günbatar ylmyndaky bir ölçegli, dar häsiýete ünsi çekýär we din bilen ylmyň gapma-garşylygy şekilinde taryhda görlüp gelinýän jedeliň kökünde hem bilim adamlarynyň, hem-de günbataryň kilise adamlarynyň özara jedeliniň ýatandygyny subut edýär.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr