Takdyr-erk arasynda ortalyk ýol

Takdyr-erk arasynda ortalyk ýol

Takdyr meselesinde iň köp oýlandyrýan aýratynlyk, takdyr bilen adam erkiniň towfygy (kömegi, laýyklygy) meselesidir. Bir tarapdan takdyry tankyt edýän, mejbur ediji, baglaýyjy we adamy bir pida we tussag ýagdaýyna düşüriji takdyr düşünjesi, beýleki tarapdan ýaratmaga çenli ynsanyň paýyna beren kütek düşünje... Bu iki (Jebriýe we Mu’tezile) düşünje takdyryň we erkiň hakykatyndan uzakdyr. Takdyr barada dogry düşünje bu ikisiniň ortasydyr. Ýagny, ýokarda-da beýan etmäge çalşyşymyz ýaly, tutuş älem-jahanda we ynsan durmuşynda takdyr häkimdir. Şeýle hem, adam meýil etmek, niýet, oýlanmak, derňemek, deňeşdirmek, saýlamak we karara gelmek üçin jüz’i erke eýedir. Şonuň üçin, meselä tereziniň iki ganaty ýaly seretmelidir we deňagramlyk saklanmalydyr.

Kur’an yzly-yzyna iki aýatda, iki mertebäni birden jemlemek arkaly meseläni çözýär. Tekwir süresiniň 27-28-nji aýatlarynda “Ol (Kur’an) alemlere diňe öwütdir... sizden dogry ýolda bolmagy isleýän üçin” diýende, yz ýanyndaky 29-njy aýatda bolsa “Älemleriň Rabby Allah islemese, siz isläp bilmersiňiz” diýlip, ähli zady isleýäniňem ýene Allahdygy (j.j.), ýöne bu meşietiň ynsana-da meýil etmek we ilsemek hakynyň berilmegine ters däldigini beýan edýär. Başga bir aýatda “Allah, sizi we ähli edenleriňizi ýaradandyr” (Saffat, 37/96) diýip, ýaratmagyň we bar etmegiň tutuşlygyna Allaha (j.j.) degişligi aýdylýar. Ýene bir aýatda bolsa şeýle beýan edilýär: “Ynsana edeninden, işläninden başgasy ýokdur! Allah ýolunda göreşiň! Jennete howlugyň! Allahdan wesile isläň, okaň, ýazyň, oýlanyň!” Käbir aýatlarda bu has-da aç-açandyr: “Maňa beren sözüňizde duruň, menem beren sözümde duraýyn” (Bakara, 2/40). “Siz Allahyň (dinine) ýardam etseňiz, Allaham size ýardam eder” (Muhammet, 47/7). “Bir millet öz ýagdaýyny üýtgetmese, Allaham olaryň ýagdaýyny üýtgetmez” (Ra’d, 13/11). Diýmek, mutlak jebir (hökmany mejburylyk) jemadat (jansyz jisimler), nebatat (ösümlikler) we haýwanat, gepiň gysgasy, erki bolmadyk barlyklar üçin bolup, ynsan we jynlar üçin bolsa, “şertli jebir” bardyr. Jüz’i erada we netijelerini ýaratmak tutuşlygyna Allah (j.j.) tarapyndan owaldan ýazylyp çyzylypdyr we Takdyr Kitabynda harpma-harp görkezilipdir.

a) Allah (j.j.) öz erkimiz bilen nähili hereket etjekdigimizi öňünden bilýändigi üçin, takdyrymyzy şeýle ýazypdyr.

Takdyr ylym hilinden bolup, erk we gudrat hilinden däldir. Ylym bolsa mälime tabyndyr. Ýöne Allahyň ylymy hakynda aýdylanda tabyndyr diýmek ýalňyş bolup biler.

Takdyr ylym hilindendir diýmek, ähli zadyň Allahyň (j.j.) ylymynda kesilip, biçilmegi we taýynlanyp, ýazylyp, soňra-da plan-proýekt halyna getirilmegi diýmekdir. Bilmek başga, bilineni etmek, ýagny daşgy älemde ýaratmak başgadyr. Akylymyzda hernäçe plan-proýekt çyzsagam, olar hiç wagt, meselem, bir fabrika ýa-da öý bolmaz. Ylymyň mälime tabyn bolmagy-da, bir taslamanyň ýa-da planyň daşarda, ýagny praktikada aljak görnüşine tabyn bolmagy diýmekdir. “La teşbih wela temsil” – Allahyň (j.j.) ylymynyň bir ady bolan takdyram, şeýle bir plan-proýekt ýalydyr. Bu plan-proýekt bolsa, durmuşda ynsanyň erki bilen etjek işleri netijesinde görnüşe we asylyna ýeter.

Izmir-Ankara arasynda gatnaýan bir otlyny göz öňüne getiriň. Bu otlynyň haýsy sagatlarda haýsy menzillerde boljakdygy minutlaryna çenli ýazylyp, wagt görkezjisi hökmünde asylyp goýulypdyr. Otly bu görkezjilerdäki wagtlarda bellenen menzillere, bulaşdyrman, ýalňyşman barar. Çünki otlynyň tizligi, demir ýoluň dürli ýerlerde dürli aýratynlyklary, otlynyň näçe ýolagçy ýa-da ýük alypbiljekdigi, ýoluň dowamyndaky menzilleriň sany we hatda, howanyň ýagdaýy, pasyllara çenli bu wagt görkezjini taýýarlaýanlar tarapyndan anyk bilinýär we hasaba alynýar. Indi otly wagt görkezjisini taýýarlanlaryň ýazanlary üçin belli sagatlarda belli menzillere barýarmy? Ýa-da ony ýazanlara garaşly bolmadyk faktorlara görä otlynyň geljek wagty görkezilipdirmi? Erkiň ýagdaýy hem edil şonuň ýalydyr, ol takdyryň hökmany tussaglygnda däldir.

Günüň tutlmagy ýaly astronomik hadysalar öňünden ýazylyp, kalendarlarda we ylymy raportlarda minutma-minut bellenilýär. Onda Günüň ýa-da Aýyň tutulmagy kalendarda görkezileni ýa-da alymlar tarapyndan öňünden bilineni üçin şol minutda bolup geçýärmi? Ýa-da hadysanyň şol minutda bolup geçjekdigi üçin kalendarlara ýazylýarmy? Gün ýa-da Aý kalendarlarda wagty görkezileni üçin tutulmaýar, tersine tutuljagy üçin kalendarlarda ýazylýar. Ynsanam edenlerini Allah (j.j.) takdyrynda ýazdy diýip etmez. Ynsanyň etjekdigi üçin Allah (j.j.) ýazar. Adamyň erkini ulanyp etjek her bir işiniň takdyry hökmünde ýazylmagy, erkini ulanmagyna päsgel bermeýşi ýaly, adamyň erkli bolmagyda etjek işleriniň öňünden takdyr görnüşinde ýazylmagyna päsgel bermez.

b) Erkiň hasaba goşulmadyk bir taraply takdyryň gürrüňi edilmez:

Takdyr temasynyň aldadyjy we jan alyjy nokady diýip aýdyp boljak aýratynlyk şudur: Allah (j.j.) çäksiz ylmy bilen boljagy bolmanka öňünden bilip Takdyr Kitabyny ýazanda, ynsanyň zähmeti, işi ýa-da o zähmeti emele getiren erki bu ýazgynyň daşynda we işe garyşmajak ýagdaýda goýlan däldir. Ynsanyň eden işindäki paýy, zähmet, ýagny düwmäni basmak, Allahyň (j.j.) bolsa, ýaratmak, döretmek, netijäni hasyl etmekdir. Ine, bu ikisiniň şol bir wagtda birlikde alynyp ýazylmagyna “Takdyr” diýýäris.

Goňşy otagda bize görünmeýän, ýöne “şyk-şyk” edip sesi gelýän bir sagady göz öňüne getireliň. Sizden şol sagadyň işläp-işlemeýändigi soralsa, siz, elbetde “Işleýär” diýip jogap berersiňiz. Sizden “Dili aýlanýarmy, maýatnigi hereket edýärmi?” diýip soralmaz. Ýagny, sagadyň işlemegi onuň diliniň aýlanmagynam, maýatniginiň hereketinem, tutuş mehanizmiň işleýändiginem öz içine alýar. Ýa-da tersine, sagadyň dilleriniň aýlanyp, maýatniginiň durman hereket etmegi sagadyň işleýändigine delildir. Edil şonuň ýaly, takdyr bar bolsa, erkem bardyr ýa-da erk hakynda gürrüň etjek bolsak, takdyryňam gürrüňini etmeli bolarys.

Ynsan takdyryň elindäki robot däldir. Ýagny takdyr kerep kimin adamyň daşyna çolaşyp, ölüm permanyny boýnundan asan, dem bermän bogýan ýa-da deňze oklanyp, soňam “Seresap bol, eziläýme” diýlip üstünden gülünýän biçäre tussag däldir. Ynsan takdyryň öňünde sowrulyp duran gury ýapragam däldir. Yslamyň her meselesinde ortalyk we dogry ýol bardyr. Meselem, ýerliksiz gaharlanmak “ifrat” (aşa geçmek) bolsa, her sözüň, hereketiň ýanynda dymyp oturmagam “tefritdir” (bärden gaýtmak). Asla öýlenmän aýal-gyzy inkär etmek tefrit bolsa, her öňüňden çykan gyzy sypdyrmajak bolmak ifratdyr. Kapitaly totemleşdirmek (çokunyljak derejä götermek) ifrat bolsa, tersine, mal-mülküň, baýlygyň durmuşdaky ornuny äsgermezlik etmek tefritdir. Takdyr meselesinde-de ähli zady ynsan erkinde hasaplamak, “Öz işini adamyň özi ýaradýar” (I’tizal) diýmek ifrat bolsa, munuň tersine “Guluň eden işinde hiç bir dahyllygy, funksiýasy ýokdur” diýip, adamy takdyryň öňünde barmagynam gymyldadyp bilmeýän ysmaz ýaly edip goýmagam (Jebriçilik) tefritdir. Ähli Sünnet bolsa: “Zähmet, hereket we erk guldan, ýaratmak bolsa Allahdandyr (j.j.)” diýip, bu meselede hakykaty we orta ýoly öňe sürýär.

Dogry ýola düşmegi-de, azaşmagy-da, sogaby-da, günäni-de ýaradan Allahdyr (Ibrahim, 14/4). Dogry ýola we azaşmaga, sogaba we günä iteklemek we bulary ýaratmak on tonluk ýük bolsa, bendesine düşýäni gram bilen ölçäp boljak bir mukdardyr, emma netijesi beýik mukdardyr. Adam mesjide gelmek islese, Allah (j.j.) hem ony arzuw eden beýik we möhüm islegine gowuşdyrar. Söhbet diňlemegi ýa-da tämiz dostunyň öňünde Allah (j.j.) hakynda maglumat edinmegi dogry ýola iteklenmegine sebäp bolup biler, çünki ol düwmäni basýar. Beýleki tarapdan meýhana gitmek niýeti bolan bir adamy hem Allah (j.j.) dalalete (azaşmaga) itekläp, şol ýolda batyrybam biler, batyrmanam. Allah (j.j.) we Onuň Resuly (s.a.w.) hakynda aýdylan ýaramaz söz, Allahyň (j.j.) Mudill (dalalete äkiden) tokmagyna basmak bolup biler, niýetiňe görä jogap berilse-de, bu adalatsyz däldir. Gepiň gysgasy, hidaýet (dogry ýol) we dalalet (azaşmak) ýollaryndan birini saýlan adam ýönelen ýolunyň netijesine baryp biler. Ony bardyran Allah (j.j.), baran we barmaga meýil eden bendesidir. Ol amalyna görä-de o dünýäde jeza ýa-da sogap görer.

c) Takdyr sebäbe we sebäbäpleri döredenlere bakar; erkiň elindäki zatlar we araçyllar-da Takdyr Kitabyna ýazylandyr:

Bir betgatçylyk, bir ölüm, gepiň gysgasy, bir gynandyryjy hadysadan soň, köp gezek: “Käşgä şol ýere gitmedik bolsady, käşgä tüpeňi eline almadyk bolsady, käşkä beýle alňasamadyk bolsady!” diýen ýaly sözleri aýdýarys. Ýogsa, takdyrda hadysa bilen birlikde o hadysa ýol açjak amallar we adamyň erki bilen edilen sebäpler, erke degişli bolmadyk sebäpler birlikde ýazylandyr.Ýagny, her hadysa ömrüň her pursaty ähli taraplary bilen we inçelikleri bilen bellenilendir.

Mysal üçin, bir adam öz erki bilen başgasyny tüpeňläp öldürse, bu hadysa Allahyň (j.j.) ezeli ylymynda bolup geçeninden owal görülip bilinen we ikisi-de birlikde ýazylandyr. “Tüpeňi ulanan bu işi öz erki bilen eder, mäşäni gysar we netijede beýleki öler” diýlip, öňünden ýazylandyr. Öldürmekde ulanylan ýa-da ölüme sebäp bolan gülläniň atylan tüpeňi, ýa-da barmagy gysdyran sebäp aradan aýrylsa, beýlekiniň ölümi bilen baglanşykly takdyr nähili we onuň ölümine näme sebäp bolup bilerdi? Aýdalyň, “Maşyn kakyp ölüp bilerdi”. Onda-da onuň ölümi maşyn urmagyň netijesinde boljakdygy ýazylandyr diýeris. Başga bir sebäp, keselden ölse, onda ölümiň kesel bilen birlikde ýazylandygy aýdylar.

d) Netije hökmünde takdyr erki dogrular we ikisi-de egin-egine gider. Ne erk takdyry, ne-de takdyr erki inkär eder.

Meseläni anyk jümleler bilen beýan etjek bolsak:

  1. Älemde ilahy takdyr we programma häkim bolup, ynsanda-da erk we meýil bardyr.
  2. Allah (j.j.) çäksiz ylymyň eýesi bolany üçin geçeni, häzirki zamany we geljegi bir nokat kimin görer we biler.
  3. Allah (j.j.) geljekde bolup geçjek ähli hadysalary dürli kitaplar görnüşinde bellär we ýazar.
  4. Biz edenlerimizi Allah (j.j.) şeýle ýazdy diýip etmeris, tersine, Allah (j.j.) erkimizi nähili ulanjagymyzy bileni üçin şeýle ýazar.
  5. Allah (j.j.) takdyrymyzy ýazanda erkimizi daşynda goýmaz we ony nähili ulanjakdygymyzy hasaba alyp ýazar.
  6. Allah (j.j.) giň rahmeti bilen bize lutf edenlerinden başga, erk düwmämizi Onuň ýolunda ulanmagymyzyň netijesinde jennet wada eder.
Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr