Diri gezip ýören welilerden däl-de, ölen welilerden has köp medet görülendigi aýdylýar. Bu dogrumydyr?

Ynsana Allahdan başga hiç kim kömek etmez. Kömek, medet inaýet Allahdan geler. Weli Allahyň dosty diýmekdir. Herkes derejesine görä Allahyň dostudyr, aýratynam müminler... Emma, dostlugyny çuňlaşdyryp doly ýakynlyk gazanan bir kysym ynsanlar bardyr, hadysy şerifiň beýany bilen aýtsak, nepil ybadatlara köňül berip Allaha ýakynlaşarlar... ýakynlaşarlar-da Allah olaryň gören gözleri, eşiden gulaklary, sözleýän agyzlary bolar. Ýagny, Hak Tagala olara basyrat (görgürlik) berer. Olar hem şondan soň diňe dogryny görerler, dogry baha bererler we dogry gürlärler. Olaryň köňülleri ylahy ylhamlaryň çeşmesine öwrüler. Allah (j.j.) ylhamlary bilen olary başy dik, üstün kylar. Bu ynsanlar Allaha ýene biraz ýakynlaşyp, has ýakynlyk gazananlarynda doly Hak dostlugyna ýeterler. Onuň inaýet we kömegine mynasyp bolarlar. «Bu, Allahyň ynananlaryň medetkäri bolmagy sebäplidir. Käfirlere gezek gelende olara medet berjek ýokdur.» Hawa, müminleriň möwlasy, ýagny welisi Allahdyr. Müminler hem Allahyň nazarynda welidirler. Käfirlere gezek gelende, olarda welilik ýokdur. Allah (j.j.) olaryň ne gören gözleri, ne eşiden gulaklary, ne-de sözleýän agyzlary bolar. Olar rahmetden mahrum, umytdan kesilenlerdir.

Şeýle hem welilik üçin araçäk bellenilen däldir. Weliligiň müminleriň iň kiçisinden, Resuly Ekreme (s.a.w.) çenli mertebeleri bardyr. Birisi gözüni ýumandan gabyrlarda nämeler bolýar, ony synlap biler. Bu weliligiň iň ýönekeý mertebesidir. Hawa, guburlaryň we mazarda ýatan kimseleriň ýagdaýyny açyk görüp bilmegi welilikde iň ýönekeý mertebelerden biri. Ynsanyň içiniň bir kitap ýaly okalmasy ondan ýokardaky derejedir. Başyna geljek zatlary Allahyň oňa bildirmegi bilen bilmesi, edýäniniň parhynda bolup ýa-da bolman olary başgalaryna aýdyp bermesi bu-da başga bir derejedir. Çünki Allah onuň gepleýän dili bolandyr. Bular weliligiň bir kysym ýüze çykmasydyr. Soňra weli şeýle bir nokada geler, bulary-da işiň şirin miwesi ýaly görer we bu dadymlyklar bilen meşgul bolmagy nogsanlyk hasaplar we Ýunusuň aýdyşy ýaly «Maňa Sen gerek, Sen gerek» diýjek bir orna göterilerler. Indi keşif-keramat ýokdur. Ynha sahabanyň weliligi budur. Käbirlerini Allah (j.j.) weliligiň birnäçe kötel ýollaryndan geçirmezden sahabanyň weliligine ýetirip biler.

Men ýigriminji asyrda din-i mübin-i yslama sahyp çykan ýaşlary sahabanyň weliligine miýesser bolandyr diýip hasap edýärin. Açyşlary, keramatlary, guburdakylary synlap bilmeleri, hatda kalby synlap bilmeleri ýogam bolup biler, emma, mertebeleriniň ýokarydygy jedelsiz. Çünki Allah olary örän mukaddes işlere meşgul edýär. Beýik kimselere, bu işiň patyşalaryna, marşallaryna etdiren işini bulara etdirýär. Ýagny dinini olara täzeden dikeltdirýär... Inşallah bular welidirler.

Emma isle beýle weli bolsun, isle şeýle, Allahy ýat etmeden «Inaýet, medet» diýip weliniň gapysyndan barmak hatalydyr. Ymam Birgiwi bir ynsanyň «Medet, ýa Resulullah» diýmesem howpludyr diýýär. Emma biz muny biraz ýumşadyp diýýäris: «Ynsan hiç bolmanda Resuly Ekreme (s.a.w.) muny diýip bilmelidir. Çünki Ol Hak köşgüniň jedelsiz soltanydyr. Allahyň ýaradanlarynyň iň abraýlysydyr.» Ymam Birgiwiniň beýik bir ynsan bolandygy jedelsizdir we hemmelere bellidir. Munuň bilen birlikde Serwerimiz (s.a.w.) Allahyň özüne uly ygtyýarlyklar bagş edendigini hut özi aňladýar. Hadys çeşmelerini derňeýänler Serwerimiziň bu dünýeden kyýamat magşara, ondan mizan terezisine, syrata, jennete girýänçä iň möhüm pursatlarda şepagat etjekdigini görerler.

Hawa, Serwerimiz (s.a.w.) Hak köşgüniň gapysyny kakmadan içeri girip bilen mähremlerindendir. Oňa birnäçe gezek nyýaz bilen gidip nyýaz bilen dönendir. Hawa, Ol hiç bir ynsanyň ýetip bilmejek derejelerine ýetipdir, imkan-wüjub älemi bilen ýüzbe-ýüz bolup, soňra-da nyýaz bilen yzyna dolanypdyr.

Sowalymyza dolanalyň. Serwerimiz ýaly, Onuň ummatyndan käbir kişileriň hem inaýeti, gol uzatmasy, medet bermegi bolup biler. Emma, bularyň hemmesi wesile we araçydyr. Esasy zat her bir zady ýaradan Allahdyr. Ähli sünnet akydasy şeýledir. Allah bir kysym ynsanlaryň günäsini bagyşlajakdyr we muňa Resuly Ekremiň (s.a.w.) şepagatyny wesile eder. Hawa, mümin inaýet ähliniň inaýetini göz öňüne getirende şeýle göz öňüne getirmeli, şeýle ynanmalydyr.

Bu ýerde öz garaýyşymy hem aňladaýyn. Hiç bir wagt nebsimiň hasabyny çykarýarkam, özüme baha beremde dogrudan-dogry Mewlanyň huzuryna özbaşyma gitmegiň pikirini etmedim. Basganjak-basganjak öňünden Resuly Ekreme (s.a.w.) gol beren pirimi öňüme tutup ýüzlenýärin. Ýagny, Resuly Ekremiň (s.a.w.) ummatyna getiren nuruny, feýzini, berekedini, syrlary maňa düşündiren, dogryny görkezen, Kuranyň aýatlaryny gökdäki ýyldyzlar ýaly tanadan, içimde ynanjyň emele gelmesine ýardam eden Resuly Ekremi (s.a.w.) göklerde ganat kakyp uçan bir tawus kimin maňa görkezen we bir hurma agajy ýaly iň datly, iň süýji miwelerini kalbymyň dodaklary bilen wyždanyma duýduran, hawa bütin bulary maňa syzdyryp yşarat eden pirim kim bolsa, ilki bilen ony öňüme tutaryn, soňra-da onuň bilen Resulullahyň (s.a.w.) huzuryna bararyn. Ol ýerde meni utandyrmazlyk üçin «Bu-da bizdendir ýa Resulullah» diýenini syzmaga, eşitmäge çalşaryn we Resuly Ekremi penalaryn. Emma, nazarlary has ilerde bolanlar bu gezek Resulullahyň (s.a.w.) yzyna düşerler, Resuly Ekrem (s.a.w.) hem «Bu-da bizdendir, ýa Rabbi!» diýer, köňlüm we köňüller rahatlyga we kanagata gowşar.

Hawa köpimiz doga-dileg eden wagtymyz, Ol beýikler beýigi Hazreti Kibriýanyň huzuryna sygynamyzda mydama şeýle rabyta we araçylar tutunarys. Şeýle araçy tutunmakda bolsa şirk we şirkiň ysam ýokdur. Çünki, netijede her bir zat Allaha daýanýar. Işiň esasy özeni ýeke halymyza özümizi Allahyň huzuryna barmaga, Onuň gapylaryny kakmaga laýyk görmeýäris, utanýarys we biriniň yzyna düşýäris.

Bu asyryň gözýetiminde beýik feýizler, bereketler, beýik nurlar we syrlar bilen dogan beýik şahsyýet bolan Bediuzzaman hem Allahyň huzurynda duranda özüne şeýle baha berýär: «Günälerim meni utandyrdy. Isýanlarymyň aşagynda ezilýärin. Seniň gapyňa geldim, emma, pirim Abdulkadyr Geýlanynyň sesi bilen seniň gapyňy kakýaryn» diýýär we onuň aýdan sözleri bilen ýüzlenýär. Edil ýokarlara iberiljek arzasynyň aşagyna ygtybarly birine gol goýdurýar. Beýle bir medet dilemekde, sygynmakda, penalamakda şirkiň ysyny beren hereketleriň bolmaýyşy ýaly, şol bir wagtyň özünde bu ýagdaý hetdiňi tanamazlykdan we biedeplikden hem uzakdyr. Elbetde Abdulkadir Geýlany özünden medet dileýän bu kişini Resuly Ekreme (s.a.w.) hödürlär. Abdulkadir Geýlani şeýle bir welidir, welilik dünýäsiniň çür başyna çykan, örän ýokardaky welidir. Ol «Meniň aýagym kyýamata çenli geljek ähli welileriň omzundadyr» diýendir. Ol ata we ene tarapdan Resuly Ekremiň (s.a.w.) neslindendir. Hem Hasany, hem Hüseýinidir. Giň ygtyýarlyklaryň sahyby, beýik bir ymamdyr we onuň wesileligi ýolda galanlara Hakyň beýik bir rahmeti we inaýetidir.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr