Hyzyr aleýhissalam bilen görüşilip bilnermi?

Ynsan düşünje bilen baglanşykly meseleleriň üstünde durup, ol meseleleri özünde jemlän kitaplary öwrenen ýagdaýynda çuňlaşar. Kalby ýaşaýyşy bilen baglanşykly meseleleriň üstünde saklanyp, olara yhlas bilen aralaşan wagty, ruhy taýdan aýratyn özgerer. Ylmy meseleleriň üstünde tutanýerlilik bilen durup we bu meselede her gün täze ösüşler gazanyp, täze-täze açyşlara ýeten ýagdaýynda ylmy çuňluklara ulaşar. Bularyň ählisinden geçip bilip, diňe Allahyň razylygyny we Ony hoşnut etmäge gönügen ynsan Allah bilen bolan gataşygy derejesinde çuňlaşar.

Aslynda Allah bilen baglanşygynda çuňlaşan bir ynsan netije babatda beýleki ýollar bilen gazanyp biljek her bir zatlaryny-da gazanar. Belki sähel zähmet, ýönekeý bir maglumat bilen Hak Tagala onuň ylmyna keramat berip birini müň eder we ony ýyllar boýy zähmet çekilip ýetilmejek netijelere ýetirer. Şeýdibem olar ýalylar bir gezek okar, emma, ondan müňlerçe manylara ýetip biler.

Takyk we tebigy ylymlar öwrenildigiçe ynsanyň beýnisine we kalbyna ornaşar we ynsanyň zähmetine görä öser, boý alar. Ynsanyň Allah bilen gatnaşygynda çuňlaşdygyça ruhy älemlere degişli magryfet hem-de maddy älemlere degişli maglumat we tejribe toplar. Hawa, diňe takyk we tebigy ylymlar bilen meşgullanýan şol ylymlarda galar, emma beýleki biri bolsa ruhy älemleriň çägini aşyp maddy älemlere-de dolu düşünip biljek derejä ýeter.

Maddaçylygyň esas edilip alnan asyrynda ýaşaýandygymyz üçin her bir zady maddy ölçeglerde we esaslarda öwrenmek adat boldy. Bu sebäpden hem köpimiz manewiýata ýat bir adamlar bolduk we ruhy gymmatlyklardan jyda düşdük. Bu çalt ýaýraýan maddylaşma beýnimizden ruhy gymmatlyklary syryp-süpürdi. Rahmet-i ylahydan umyt we haýyş edýäris bizi täzeden many we ruh ynsanlary halyna getirsin...

Allah (j.j.) bilen baglanşykda çuňlaşan bir ynsan gaýyp älemine aralaşar, melaikeýi kiram bilen görüşip biler, jynlar bilen gatnaşyk saklar, ruhanylar bilen habarlaşyp biler, Hyzyr aleyhissalamy görer, hatda onuň derejesine göteriler... Hezreti Mesih bilen hemdem bolar, Hezreti Mäti bilen tejdit (özgertmek, döwrebaplaşdyrmak, täzeden dikeltmek) söhbetlerinde bolarlar... Hawa, ynsan Allah (j.j.) bilen gatnaşygynda çuňlaşar, şekilden, daş görnüşden halas bolar, bularyň ählisi ruhuň bar güýjüni Allaha wasyl bolmakda ulanyp bilse amala aşar...

Şonuň üçin käbirleriň «Hyzyr aleýhissalam bilen nähili görüşýärmişler? Bizem görüşip bilerismi?» diýen ýaly soraglary we düşünjeleri biraz işiň daşynda bolmagyndan we bu zatlaryň oňa ýat bolmagyndan gözbaş alýar. Hyzyr (a.s.) görmek her kes üçin mümkindir. Kim bilýär, belki mesjitde hataryňyzyň arasynda-da bolup biler. Iň azyndan metjitlerde Hyzyryň (a.s.) mübärek saýasynda ruhuny terbiýeläp kämillige ýetirenler hökman bardyr. Araňyzda melaikeýi kiram hem bardyr. Belki maddy älemde maddy älemi seýl edenler, ýagny siziň garaýyşyňyzda pany bolan we siziň garaýyşyňyz bilen älem-i şahadata tomaşa edip ýören ruhanylar hem bardyr. Siziň içiňizde kalp we duýgularyňyz bilen bitewileşen latyf, nurana mahluklar hem bardyr. Emma, olary duýmarsyňyz... Hak Tagala maddy taýdan beşeriň ýeten ösüş derejesine deň derejede, ruhy, magnewi taýdan hem bize ösüş gazanmagy nesip etdirsin!..

Sydkdygyna, sadykdygyna her kimiň güwä geçen, ynanýan Serwerimizden (s.a.w.) başlap, biziň döwrümize çenli örän beýik, päkize kişiler, ruhy safiä ýeten kişiler Hyzyr aleýhissalam bilenem, Melaikeýi Kiram bilenem, ruhanylar bilen hem görüşendiklerini aýdýarlar.

Serwerimizden (s.a.w.) başlap döwrümize çenli gelip geçen bu beýik şahsyýetleriň, ulug pirleriň, ýagşyzadalaryň elbet, Allahdan örän gorkan, kalplary söýgüden titir-titir titreýän, bu şahslaryň, çem gelen ýagdaýda pikir öňe sürmekleri mümkin däldir. Olar gyşarnyksyz dogry sözlärler. Biz hem hiç bir şübhä orun bermän muňa ynanýarys. Ähl-i keşif we ähl-i müşahade Hyzyr aleýhissalamyň durmuşda bardygyna ynanýarlar. Hadyslaryň toplanan döwründe Buhari we döwürdeşlerinden käbiri «Hyzyr wepat bolupdyr» diýen karara gelseler-de, müjdehit ymamlaryň dördüsi we beýleki fykyhçylar Hyzyr aleýhisselamyň ýaşap ýörendigini tassyklaýarlar. Netijede, isle onuň zyllinde, isle hut özi bilen bolsun käbir kişiler onuň bilen görüşip bilýärler ýa-da Ol olar bilen görüşip biler...

Hyzyr bilen görüşip biljekler, Hyzyryň derejesine göterilen kimselerdir. Gysgaçasy kämillige ýeten, menligini ýeňen kimselerdir. Muňa bir mysal getireliň. Bilişimiz ýaly, Ýunus Emre Taptukyň öýüne elmydam göni odunlar getirer eken. «Näme üçin bularyň barysy göni, tokaýda egri agaç ýokmy?» diýip soranlarynda «Taptukyň öýüne odunuňam egrisi girmez» diýip jogap beripdir. Hawa, göni ýöremelisiň, maksadyňa ýetmelisiň! Ok ýaly dos-dogry bol, nyşanaňa baryp deg...

Taptuk synap görüpdir. (Muny Balhly Ybraýym Edhem, Möwlana Jelaletdin, Ymam Şibli we Şemsi Tebrizi bilen baglanyşdyryp hem aýdýarlar). Müridlerden başga biri eline suw gaplaryny alyp çeşmeden gelýär. Bu aralykda edil neşterli ädigi bilen atyny debsilän ýaly, baryp Ýunusyň aýaklaryna, butlaryna neşter dürtüp ganadýar. Ýunus gapyň agzyna gelýänçäler sesini çykarmaýar. Gapynyň öňünde: «Biz o meseläni gaty öň, Sary obada goýup gaýdypdyk» diýýär. Ýagny, nebsimizi diňlemegi, bu agyrylara üns bermegi biz örän öň, obamyzda goýup gaýtdyk diýmek isleýär. Mürid şeýhiň ýanyna gelýär. Şeýh «Näme diýdi?» diýip soraýar. Mürid «Sary köýde goýup gaýtdyk» diýdi diýýär. Şeýh: «Entegem özüniň aladasyny edýär. Bişip ýetişmändir, entegem bişmegi gerek» diýen karara gelipdir.

Ýunus nähili jaýdar aýdypdyr.

«Urana elsiz gerek,
Sögene dilsiz gerek,
Derwüş köňülsiz gerek
Sen derwüş bolup bilmersiň.»

Döwrüň mürşitleri, teblygçylary hem şeýle bolmaly. Ýagny, urana elsiz, sögene dilsiz, Kuran talyby köňülsiz gerek. Göwni galan, darygan Kuran talyby bolmaz. Hyzyr bilen görüşmek üçin özüňi pikir etmezlik gerek. Nagyşbendileriň:

«Diýr tariki Nagyşbendi, gerekdir bu dördi terk,

Terk bu dünýä, terk o dünýä, barlygy terk, terki terk» - diýilýän senasynda dört zady terk etmegiň esaslary bardyr. Bu döwürde Hyzyry görmek maksadyňa ýetmek üçin, biziň ýolumyzda-da dört zat bardyr.

«Mutlak ejizlik, mutlak şewklilik, mutlak pakyrlyk, mutlak şükürlilik, eý dogan.»

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr