Kurany Kerimiň ýigrimi üç ýylda inmesiniň hikmeti nedir?

Kurany Kerimiň ýigrimi üç ýylda inmesiniň hikmeti nedir?

Kurany Kerim ýigrimi üç ýylda däl-de, bir gezekde insedi onda «Kurany Kerim neçün bir gezekde indi, bölek-bölek inmedi?» diýerdiler...

Munuň ýaly meselelerde esasy zat boýun bolup kabul etmek we Hakyň takdyr edenini ykrar edip makullamakdyr. Ýogsa, her meselede soraglaryň yzy kesilmez: «Öýle namazy näme üçin on rekagat? Juma namazy näme üçin juma güni okalýar? Zekat näme üçin kyrkdan biri, kyrk birde biri däl we ş.m.» soraglaryň soňy gelmez. Şonuň üçin bularyň bir gullugyň syrydygyny bilmegimiz gerek. Namazyň özünde käbir hikmetler jemlenip biler. Hawa, şahsyň günde bäş gezek Mewlasynyň huzuryna gelmeginiň, elbetde, bir topar bähbitleri we peýdalary bardyr. Emma, rekagatlaryň düzgünlerine gelemizde witir üç rekagat, agşamyň parzy üç rekagat, ikindiniňki dört rekagatdyr. Bu sanlar Allah tarapyndan bellenilendir. Eger bize: «günde bäş gezek ybadat bilen borçlandyrylýarsyňyz, ýöne ybadatyň şekillerini özüňiz belläň» diýilesedi, biz rekagat sany hakynda dürli pikirleri ýöredip bilerdik we elbetde gündelik işlerimize, ýaşaýyş şertlerimize görä meýilleşdirerdik. Sany bellemek ýagdaýynda aklyň ýoly bir başga, wahyý ýoly bir başga... Wahyýda seniň ruhy we gizlin taraplaryň hasabyna aýratyn bir galam işleýär, başgaça bir hikmet ýöredilýär. Şonuň üçin rekgat sanlary däl-de bu ýerde namazyň hikmetleri seljerilýär...

Kuran-y Kerimiň ýigrimi üç ýylda inmeginiň hem şular ýaly hikmetleri bardyr. Üstesine-de, Kurany Kerimiň indirilen döwri beşeriň ýüzüni kemala tarap öwren döwrüdir. Onuň üçin iň kämildenem kämil nebi gelipdi. Hawa, ýer ýüzüne Allahyň nurly nazary, älemiň hormatyna ýaradylan Hezreti Muhammet (s.a.w.) gelipdi. Onuň jemagatynyň wezipesi ol gün üçin iň ösen, iň kämilleşýän bolmak, kämilleşmegiň merdiwanynyň iň soňky basganjagyna çenli baryp ýetmek, ösen milletlere mugallymlyk etmek işidi. Şeýle hem şol güne çenli olaryň baryp ýeten ýaramaz ahlak we erbet endikleri ruh we damarlaryna şeýle bir siňipdi, olary ýeke-ýeke goparyp aýyrmak, ýerine arassa ahlagy ornaşdyrmak, oňat häsiýetleri zannyna guýmak aýry-aýry işlerdi. Kuran bir wagtyň özünde ähli emrleri bilen birden gelip olaryň garşysyna diksedi, aşagyndanam çykyp bilmezdiler. Aslynda beýle bir ýagdaý adamzadyň kämillige tarap barýan ýoluna ters geljekdi.

Žu günki günümizden mysal getirjek bolsak, bir topar çilime, içgä özüni aldyranlary ýa-da bikär entemegi endik edinenleri, kafelerde meýlis etmegi endige öwürenleri göz öňüne getireliň. Bularyň ýakasyndan tutup «Ýene bir gezek kafe meýlise gitseň ölersiň» diýseňizem müň bahana tapar ýene gider. Eger bir gün kafe gitmän öýde galsa, öýünde bir burçda oturar ah-wah eder, maýyny tapsa kafe tarap ýola rowana bolar. Çünki kafeden galmagy bilen onuň endik eden ýaşaýyş şekili üýtgedi. Hakyna seredeňde ol netijesiz bir ýönekeý endigikden galýar.

Indi bolsa çilimkeşiň ýagdaýyna seredip geçeliň. Nikotin ganyna ornap giden birine: «Bedeniňe zyýanly bolan çilimi terk et. Çünki seniň çilim çekmegiň ýuwaş-ýuwaşdan özüňi öldürmekdir. Edil eliňdäki hanjary bir zarbada däl-de ýuwaş-ýuwaşdan synaňa çümdürýäň we şeýde-şeýde öz-özüňi öldürýäň» diýseňiz. Hatda muny bir hekime düşündir diýseňiz, doktoram: «Çilimde hiç bir peýdaň bolmaýşy ýaly, şunuň ýaly, şunuň ýaly zyýanlary bar» diýip düşündirer. Çilimkeş çilimini terk etmek üçin bir güýçli ikirjiňlenmäni başdan geçirer. Çilimkeş beýle-de dursun, baryna düşünýän doktorom çilimini taşlap bilmän ýör ahyryn...

Birem arakkeşi mysal alalyň. Adamyň sypaty üýtgäp gidipdir, içki dünýäsem şeýle. Ol şeýle bir derjä gelip ýetipdir, ýene bir ädim ätse, özünden pes gatlakdaky mahluklara dönjek. Häzir bu adama birden «Içgini taşla» diýmek, «Ýaradylşyňy üýtget» diýen ýaly bolar.

Şeýlelikde ynsanlaryň dem we damarlaryna ornaşan endikleriň, ýaramaz ahlaklaryň müňlerçesini göz öňüne getiriň we soňra Kuranyň bölekleýin inişiniň pikirini ediň...

Hawa, daýhan ilki kätmen bilen hapa-haşal otlary çapyp aýyrýar, ýeri ýumşadýar, tämizleýär. Soňra bezeýär. Ýagny erbet häsiýetleri olaryň ryhyndan çykaryp, gowy häsiýetleri ýerleşdirýär we gysga wagtyň içinde müňlerçe işi birden bitirýär. Muňa görä biz Kurany Kerimiň ýigrimi üç ýylda inmegini örän çalt hasap edýäris. Nur mürşit Bediuzzamanyň diýişi ýaly: «Şu asyryň filosoflary Jeziretül Araba gitseler, işleseler o zaman bilen deňeşdirsek, Serwerimiziň bir ýylda eden işiniň ýüzde birini, ýyz ýylda edip bilermikäler?» Ine göreş meýdany! Içgiden müňlerçe öýleriň ýykylany görnüp dur. Ýaşyl ýarymaý jemgyýeti her ýyl konferensiýalar geçirýär. Bu işi barha giňedip orta mekdeplere çenli ýetirdi. Munuň netijesinde näçe kişi içgiden el çekdikä? Ine uniwersitet, ähli mugallymlary hem goşulsyn, bir ýyl üstünde işlesinler, ýigrimi adama içmesini goýduryp bilerlermikä? Eger başaryp bilseler muny olaryň hasabyna örän uly üstünlik saýyp, Serwerimiziň (s.a.w.) bitiren hyzmatlarynyň ýanynda altyn harplar bilen ýazyp goýardyk... Arman, Ol bir gezek bolupdy! Dost-duşman, Serwerimiz ýalynyň ikinjisiniň bolmagyny mümkin däl hasap edýär.

Aslynda, ýigrimi üç ýyl örän gysga wagt. Şonuň üçinem Kuranyň edenleri mugjyzadyr. Adamzat Serwerimiziň (s.a.w.) ýigrimi üç ýylda geçen ýoluny müňlerçe ýylda-da geçip bilmedi, geçibem bilmez...

Kurany Kerim bir tarapdan şeýle erebet endikleriň müňlerçesiniň galdyrylmagyny maksat tutundy, başga bir tarapdanam galdyran bu erbet häsiýetleriniň ýerini Kuranyň beýik ahlagy bilen doldurmak, bezemek işini maksat edipdi. Bulary bolsa hiç kimi horlaman, törpülemän, ürküzmän, ruhlaryny kemsitmän kabul etdiripdi... Orta atan bir giden meselesini şeýle köp taraplaýyn durmuşa ornaşar ýaly hala getripdi welin, bu gün olaryň birnäçesiniň ýaşaýşymyza häkim bolmagy üçin ýene gör näçe ýigrimi üç ýyl geçmegi gerek boljak.

Bu ýigrimi üç ýyl gerek boljak birnäçe emr we gadaganlyklaryň o günüň ynasany tarapyndan özleşdirilmegi üçin gerek bolan bir zamandy we belli-belli zatlaryň ýuwaş-ýuwaşdan galdyrylmagy, belli-belli zatlaryň bolsa berkidilmegi üçin bu döwre zerurlyk bardy. Meselem, bu döwrüň içinde üç-dört tapgyrda içgi gadagan edilipdir, iki tapgyrda gyz çagalaryň diriligine gömülmesi galdyrylypdyr, ber-bulaşyk taýpa durmuşy, bir-iki gezek ýüzlenmek bilen düzgüne salnypdyr we taýpalaryň arasynda agzybirlik döredilip, köpçülik jemgyýetçilik düşünjesine göterlipdir, şeýdibem özlerine bir jemgygyýet düzmäge mynasyplygy gazanypdyrlar we ýaramaz endikleriň taşlanylmasy, olaryň ýerine arassa ahlagyň getirilip ornaşdyrylmagy ýaly örän kyn çäreleriň geçirilmegi bilen mümkin bolupdyr. Bu sebäpden hem has uzyn döwre we wagta zerurlyk ýüze çykypdyr.

Aýratyn hem, bilişimiz ýaly biziň häzirki durmuşymyzda şu ýyl şertler şeýle boldy, şoňa görä-de şeýle bir içtimagy deňlik we düzgün gerek bolýar. Muňa görä geljek ýyl şertleriň üýtgejekdigi göz öňünde tutulyp, maksatnamalar şoňa görä taýýarlanylýar. Has soňraky ýyllaryň şertlerine görä, esasy däl meselelerdäki üýtgeşmeler tertipleşdirilýär. Şeýlelik bilen wagtyň akyp barşyna we närseleriň tebigatyna uýgun ýagdaý gözläp, edýän işlerimiziň dowamlylygyny üpjün etmäge çalyşýarys. Munuň ýaly sagadat döwründe-de musulmanlar misli agaç ýaly ösýär, ýuwaş-ýuwaşdan täze şertlere uýgunlaşýar we tebigy ýagdaýda kemala gelýär. Musulmanlaryň hataryna her gün goşulmalar bolýar, her gün täze-täze pikirler, düşünjeler gazanylýar, olara öwrenşilýär we şeýdip şahslar içtimagy şahslara öwrülýärler. Bular ýuwaş-ýuwaşdan bolup geçýärdi, emma ähli bolýan zatlar düzgünli, biri-biriniň yzyndan gezekli-gezegine bolýardy. Ine, bu akymyň içindäki dürli şahalanmalar, ebedilige çenli dowam etjek musulmançylygyň, yslam hakykatynyň mazmun halynda zamana degişli ähli hususyýetleri ýaňsydan aýna mysaly bolýardy...

Muny ýigrimi üç ýylda däl bir gezekde boldurmak islensedi, belli bir ölçegde ol çarwa jemgyýet oňa çydamazdy we ölerdi. Muny şuňa meňzedip bileris. Meselem, ynsan güneşiň aşagynda galsa teninde üýtgeşmeler bolup geçýär. Sowuk ýurtlara eltilen mahaly, bu gezek sowuga görä teninde bir topar özgermeler bolýar, emma asla ýigrimi mutasýon derejesinde üýtgeşme bir bada bolup geçip bilmez. Eger bolaýsa, beýle çalt fiziki üýtgeşmelerde janly zatlar öleýär. Bu edil bir atmosfera basyşynyň aşagynda duran biriniň birdenkä 20 müň futluk (ölçeg birligi) ýokary göterilmesi ýaly bolar, ynsan derrew öler. Ol nokada uçarlar çykan wagtynda-da kislorodly haltajyklaryň we beýleki enjamlaryň kömegi bilen adamlar janyny saklaýarlar.

Ine, şeýdip birdenkä 20 müň futluk belentlige göterilmegiň ynsany öldürişi ýaly durmuşa düşünilşi, maşgala düşünilşi, şahsyň düşünjesi iň pes derejede bolan bir jemgyýete bir gezekde Kuran inip, şol günem «Ine höküm, ine kanun, şuňa görä boluň. Bu kitapdaky hökümleri kemsiz berjaý edip ýaşaň» diýip garşylaryndan çykylsady ol jemgyýetden hiç kim muny kabul etmezdi. Çünki, bu, jemgyýetiň birdenkä 20 müň fut ýokary göterilmesi boljakdy we jemgyýet muňa çydajak däldi. Şonuň üçin Kurany Kerimiň hökümleriniň ynsanlara ýigrimi üç ýylda inmegi, az-azdan, ýuwaş-ýuwaş özleşdirilmegi ynsanyň ýaswyna görä zerurydyr we tebigatyna uýgun bolanydyr.

Ynsany älem-jahandan aýry tutup bolmajakdygyna görä, ony älem-jahandaky bolup geçýän hadysalyryň akymyna laýyk şekilde göz öňüne getirmek mejburyýetindedigimizi we ony älem-jahandaky üýtgeşmelerden üzňe tutup bilmejekdigimizi kabul etmelidiris. Älem-jahanda üýtgeşmeler nähili kem-kemden bolup geçýär we kanunlar şol istikamatda hereket edýär. Ynsanyň ösüşi we ýeten derejesi hem şol şekilde bolup geçmelidir. Şeýele derejä ýetmegiň çeşmesi, esasy ýörelgeleriň ýygyndysy bolan Kurany Kerim hem bu esasda jemi ýigrimi üç ýylda inipdir.

Allahyň hikmeti bu wagty ýigrimi üç ýyl edip belläpdir... Ol ýigrimi dordem, ýigrimi bäşem bolup bilerdi. Nebiler Soltanynyň (s.a.w.) mukaddes ömri altmyş üç ýyl boldy. Ýigrimi üç ýylyň soňunda pygamberlik döwri gutarmaly, wahyý gelmesi hem tamamlanmaly eken. Emma altmyş dört ýylam bolup bilerdi, wahyý gelmesi hem ýigrimi dört ýyl dowam edip bilerdi. Biz hem ony şol bir hikmet çäginde kabul ederdik...

Dogrusyny diňe Allah biler...

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr