Osmanlylar hakynda edilýän gürrüňler barada näme aýdyp bilersiňiz? Türkler musulmançylygy näme sebäp bilen kabul edipdirler?

Dogrusy, soňky döwürlerde Osmanlylara akyla-hyýala gelmejek ysnatlar, töhmetler atyldy. Osmanlynyň iň soňky Şeýhülyslamy Mustafa Sabri Hezretleri «Mewkifül akl» kitabynda örän çynlakaý bir hususdan söz açýar. Ol: «Biziň milletimiz ýaly ata-baba ejdadyna duşman, adamzat taryhynda ikinji bir milleti görkezip bilmersiňiz». Her milletiň halefleri seleflerini ýagny soňraky gelenler öň ýaşap geçenleri isle ylym adamy, isle döwlet adamy, isle weli, isle edebiýatçy bolsun öwgüli sözler aýdyp alkyşlapdyrlar. Meselem, has öň Batlamus geografiýa, astronomiýa degişli bir zatlar ýazypdy. Soňra Kopernik geldi we onuň ýazan zatlarynyň bir topar ýerine ýalňyş diýdi. Emma şu manyda diýdi: «Batlamus ruhuň şat bolsun! Ýürekden aýdan zatlaryňda käbir kemçilikler bar, emma, etjek alajyň bolmandy, döwrüň medeniýeti şol derejededi, senem şol derejede aýtmaly bolduň.» Kopernikden soňra Galileý, onuň yzyndan Eýnşteýn geldi. Eýnşteýn Kopernigi-de, Galileýi-de hormatlady, esaslaryny goýan ylmy ýörelgeleri üçin olara minnetdarlyk bildirdi we elbetde, ýalňyşlaryny hem düzetdi. Emma asla olary garalamdy. Hawa, günbatarly şeýle hereket edýär...

Sekiz asyr owal nol sany Hindistandan Anadola, ondanam musulmanlaryň üsti bilen Ýewropa gitdi. O döwürler Ýewropaly oňaýsyz Rim sanlaryny ulanýardy. Aslynda, bu sanlar bilen ne matematika, ne-de geometriýa işlenilip bilinýärdi. Anadoly musulmanlary Ýewropa noly getirdi. Nol ol ýere baryp ýetenden misli, sanlar janlanan ýaly boldular. Ýewropalylar belli bir derejede biziň alymlarymyza mugthorlyk etdiler. Emma, noly ulanmak meselesinde we matematika arkaly gelen täze ýörelgeleri, musulmanlaryň mesele çözüşlerini gujak açyp garşyladylar, olary öwrendiler. Nol bolmasady çynlakaý bir mesele çözülmezdi we kosmosa aralaşyp bilinmezdi. Olara getirilen ýönekeý bir noldy, emma netije örän möhüm boldy.

Biziň milletimize gezek gelende – muny pikir oýarmak üçin aýdýaryn – Ymam Gazaly Hezretleri 1058-nji ýylda dünýä iýndi.Eýýäm aradan müň ýyla golaý wagt geçipdir. Öz döwrüniň medeniýetine görä, ol meselem astronomiýa, lukmançylyk we geometriýa ylymlaryna degişli örän uly öňegidişlikler etdi. Aýdan zatlarynyň köpüsi öz döwründen aňyrdady. Ol barada Gibb şeýle diýdi: «Men adamzat äleminde şeýle derejede öz döwrini oňat bilen özünden soňkulara şeýle köp açyşlary galdyran ikinji bir adamy tanamaýaryn.» Ýagny, Gazaly ýaly başga birini tanamaýaryn diýmekdir. Fahreddin Razynyň (Köneürgençli alym) ýazan kitaplaryny bir ýere jemlesek boýumyzdan geçer. Men özüm hasaplap görüp munça zady bir adam ýazyp bilmez diýýärin. Diňe Kuranyň tefsirine degişli ýazan kitaby başdan aýaga alty müň sahypa... Hasaplamalara görä çagalygy bilen bile alanyňda her gününe 15-20 sahypadan düşýär. Size az ýalam görnüp biler, emma, bir sahypany ýazjak bolsaňyz ýarym sagat, kyrk minutdan çalt ýazmarsyňyz, üstesine-de olar tankyda we derňewe degişli ýazylan eserler...

Bu şahsyýetler öz döwründen örän öňe giden şahsyýetlerdir. Bir asyr, iki asyr, üç asyr... Nazarlaryny ötelerde, ötelerdenem ötelerde gezdiripdirler we nazarlary ýeten ýerlere aýak basmagy hem başarypdyrlar. Emma gynansagam olardan soň gelen mugthorlar bu üýtgeşik işleri has öňe äkidip bilmändirler. Meselem, Benu Musa gelip o döwre görä Bagdatda iň uly obserwatoriýany (rasathanany) gurýar. Ýewropalylaryň şeýtanlar Aýdan, ýyldyzdan habar getirýär diýip ýören wagtlary olar açyş üstüne açyş edipdirler. Musulmanlar Ispaniýa gidenlerinde ol ýerde hem ylym babatda uly ýeňişler, açyşlar edipdirler.

Emma soňra Ýewropa käfir zalymlary, haçlylary bilen rowaçlygymyzyň öňüni kesipdir we bize pikir etmäge we işlemäge pursat bermändir. Has soňra bolsa Ýewropa öýkünen alymsumaklar her zady günbatarda görüp, öz kökünden gopupdyrlar, medeniýetinden, geçmişinden, kitabyndan, kitaphanasyndan uzaklaşypdyrlar we ortada galypdyrlar.

Her medeniýet, özünden owalky medeniýetiň netijesi we özünden soňra geljek medeniýetiň hem başlangyjydyr. Medeniýetleriň bütewileşmegi edil bina gurlandaky ýalydyr. Sen ol binanyň bir zadyny goýjaksyň, başga biri ýene bir zadyny. Şeýde-şeýde biri-birine bagly umumy ösüş, iç-içine geçip dowam edip gider... Ylym we pelsepede edil şonuň ýaly Kopernikden Galileýe, Nýutona, Eýnşteýne çenli şeýle boldy ahyryn...

Hawa, men bütin bu çylşyrymly meseleler bilen sözi Osmanly duşmançylygyna getirmek isleýärin.

Nämemişin, Osmanlylar minara galdyrmaga derek, näme üçin ýurdy fabriklaryň ägirt turbalary bilen bezemediler? Bu masgara düşünjä diňe ýylgyryp oňaýmaly... O döwürde fabrikalaram, olaryň turbalaram heniz düýşde-de görülenokdy. O döwürde guruljak zadyň iň beýigi şoldy we onam olar gurdular. Galyberse-de – duşmanlaryň häzirem boýun alyşlary ýaly – ýanyçarlary, milletden alan öz güýç-ygtyýaryny şol millete garşy ulanmasady günbatarlylardan hiç yza galmazdyk. Aslynda, häzirem şeýle dälmi näme?.. Osmanly öz döwrüniň begidi, soltanydy. Sözi ol sözleýär, döwletleriň arasyndaky deňligi ol ýöredýär, dünýä derejesinde parahatçylygy ol goraýardy. Inkär edýänler inkär etselerem, bu işiň hünärmeni bolan günbataryň ynsaply ylym adamlary muny boýun alýar.

Osmanly duşmançylygy Ýewropalylaryň hilesi bilen, olara köre-kör öýkünmekden başlanýar. Meselem, bir döwürler fransuzlar Soltan Abdulhamide «Le Sultan Rouge» diýipdirler. Biziň gazetlerimiz muny ol ýerden alyp, sözbaşy edip «Gyzyl Soltan» diýip ýaýratdylar. Hawa, bu gün atalarymyza, soýumyza näçe söwmeler, küfürler bar bolsa ählisi Ýewropadan terjime edilip getirilendir. Ýagny gözbaşy Ýewropadyr. Şonuň üçin içimizde ulularymyza garşy ulanylan gelşiksiz sözler daşary ýurt we Ýewropa kökli sozlerdir. Käşkä bu millet hem iň pesinden Ýewropalylar ýaly ata-babalaryna hormat goýsadylar.

Emma biz Osmanlylar musulmançylygy öz bähbitlerine ulanandyrlar diýip düşünmeýäris. Çünki olar güýçlikälerem, güýçden gaçan döwürlerinde-de musulmançylygy berk tutýardylar.

Diňe Osmanlylar däl, Alparslanyň kakasynyň dogany Togrul beg Abbasylar döwletiniň başyndaky Halife el-Kaim halyfatyň güýjüni, abraýyny gorap bilmejek halyna gelende Halife el-Kaimiň huzuryna edep bilen bardy. Aslynda, ol muňa mejbur däldi, emma garşysyndaky Serwerimize (s.a.w.) degişli wezipä wekilçilik edýärdi. Bilini büküp, başyny egip onuň huzurynda boldy. «Men size goşulýaryn. Serwerimize (s.a.w.) degişli uly gymmatlyklaryň, mukaddeslikleriň goragçysy bolmak hususynda bize düşen bir wezipe bar bolsa emriňize häzirdirin» diýidi we boýun egdi. Halife ýene el Kaimdi emma, halyfaty goran, onuň baýrakdar serkerdesi Togrul begdi. Ol döwürde türklerden müň öýli birden musulman bolupdy. Togrul beg hem olaryň dolandyryjysydy. Biraz üýtgedibiräk, Ismail Hami Danyşmentden alan bu setirlerim beýik milletimiziň yslam babatda tutan ýoluny görkezmekde uly ähmiýete eýedir. Indi sizden soraýaryn, Togrul begiň şu asyl bolşunyň ýaranjaňlyk bilen näme baglanşygy bar? Togrul begiň bu asyl bolşuny ýaranjaňlyk, şahsy bähbit ýaly görkezmek şanly milletimizi tanamazlyk betbagtçylygyndan başga zat däldir.

Osmanly döwletiniň esasynda, düýp kökünde-de bu ruh bardy. Ärtogrul Gazy hem Anadolyny başdan aýaga geçip Sögüdiň töwereklerinde ýerleşende yslamyň täze baýdakdary bolup ýerleşipdi ýa-da ýerleşdirilipdi. Musulmanlara garşy hiç bir ters bolşy we ýagdaýy bolmaýyşy ýaly Halyflyga-da tüýs ýürekden hormat goýýardy. Kaýy taýpasy Sögütde ýerleşende Anadolyda başga begler we beglikler hem bardy we olaryň arasynda oňşuksyzlyklar dowam edýärdi. Ilki Ärtogrul beg, soňra bolsa Osman Gazy bu umumy baş-başdaklyklaryň içinde diňe we diňe nazaryny Wizantiýa dikipdi we onuň bilen hasaplaşmagyň ýollaryny gözleýärdi. Bu harby öňden görüjilikdi. Bir tarapdan musulmana asyl maksadyny görkezýärdi, beýleki tarapdan bolsa musulmanlaryň güman etmekleriniň öňüni alypdy. Osman Gazy ilkinji işi hökmünde Anadoludaky beglikleri bir ýere jemlemäge çalşyp bilerdi. Emma, kakasyndan alan wesiýeti, özünde bolan ýiti öňden görüjiligi we pähim-paýhasy, soňra hem gaýynatasy, şeýhi Edepalydan alan dersleri bilen örän oýlanşykly, hasaply hereket edýärdi. «Musulmanlaryň garşysynda uly güýç bolup käfirler durka olar elbetde maňa goşularlar, şeýdibem käfirleri kül-peýekun ederis» diýip oýlanýardy.

Şonuň üçin Wizantiýany ýeňmegi maksat tutunypdy, bar aladasy şoldy we müminler bilen asla göreşmeýärdi, olaryň arasyndaky dawa-jeňlere garyşmaýardy. «Meniň maksadym Wizantiýadyr we bir gün Konstantinopol gürrüňsiz eýelenjekdir» diýýärdi. Şeýle derejede joşgunly bir ynsanyň musulmanlygyny şahsy bähbidine ulanandyr we basybalyjy hökmünde görkezjek bolmak bilgeşleýin edilmeýän bolsa, akylsyzlykdyr. Osmanlylar ähli päk ýürekligi bilen alty asyr, dünýäniň iň uzyn ömürli döwletlerinden biri bolup, hiç bir maşgala nesip etmedik lutfa eýedir we Kuranyň baýdakdary bolan bir milletdir. Içimizdäki haýynlar hyýanatçylyk edip içinden zarba urmasadylar, bir, bir ýarym asyr mundan öň belki jahanyň has köp ýerlerinde ýeňişler dowam ederdi...

Osmanlylar iň güýçden gaçan döwürlerinde-de, dini örän berk ýöredýärdiler. Wolteriň ýüzüňi gyzardýan bir eseri bardyr. Ol bu eseri bilen dogrudan dogry gözümiziň nury Hezreti Muhammedi (s.a.w.) nyşana alýardy. Döwletiň iň tapdan düşen mahaly Fransiýa bu eseri sahnada goýmagy karar edýär. Emma, ýaraly we hassa arslan Serwerine edilen bu hereketiň garşysyna kükräp ýerinden galýar. Gyzyl Soltan diýlen bu adam (Ýüz-müň gezek Allah saklasyn!) Fransuzlara şeýle ultimatum iberýär. «Meniň we bütin musulmanlaryň Pygamberini (s.a.w.) töhmet atyp kemsidýän bu sahnany oýanadaýsaňyz Hindistan, Arabystan we bütin yslam älemini garşyňyza aýaga galdyraryn». Käşkä yslam dünýäsinde o düşünje bolsady! Bu ýaraly arslanyň kükreýişi Fransiýada şeýle bir sarsgyn döretdi, farnsuzlar Wolteriň piesasyny sahnada goýmaga miltem edip bilmedielr. Bu gezek iňlisler sahnalaşdyrmak islediler. Olara-da biziň ýaraly arslanymyz şol mazmundaky hat iberdi, olaram oýny goýup bilmediler. Ine biziň şanly ata-babamyz budur!

Hawa, hassa döwründe-de, Pygamberiniň sakalyna gonjak bir gubar garşysynda titir-titir titreýän Osmanlylara uzan dili goparmaly. Osmanlylar taryhynda döwlet bolup sahabalardan soň iň ýokary orun tutan we alty asyr Allahyň Resulynyň (s.a.w.) adyny baýdak edinen üstün bir milletdir.

Allahyň müňlerçe rahmeti we magryfeti olara bolsun!

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr