Ýer ýüzünde görlen ölüm we dirilik hadysasy ahyreti subut edýär

Ýer ýüzüne göz aýlan mahalymyz, her bir zadyň bar bolmak we dirilmek duýgusyny göterýändigini göreris. El ele, omuz omuza, dyz dyza ähli jandarlar Jenaby Hakyň öňünden dabaraly ýagdaýda geçjek ýaly taýýar haldadyrlar. Agaçlar, otlar, al-ýaşyl meýdanlar we bütin çemenzarlyklar öz ýörite eşiklerini geýen esgerler ýaly Şahid-i Ezeliniň garşysynda hatar-hatar düzülerler. Başga bir wagt geler ýapraklar döküler, barlyklar reýgan halyna geler we zemin çaňap ýatan çöllüge öwrüler. Baharda ýer ýüzüni gözüň aldygyça özüne çekijilik we rownakdarlyk içinde görmegimize derek, hazan möwsüminde ýykyp-ýumurýan söküp-sowurýan ýellerden ýaňa ähli zadyň ýüzüne kül urlan ýalydygyny görýäris. Çölüň içinde ýöreýän ýaly bolýarys. Soňam gyş gelip gar düşen ýerlerde ýaşaýyşdan we dirilikden nam-nyşan galmadyk ýaly bolar. Agaçlar gus-gury, süňk ýaly gatap galýarlar. Otlary sowuk urar, ömürleri gutarar. Toprak başga görnüşe geçip, tohumlary gögertmegiň ýerine çüýreder.

Emma ýene bahar gelip bu reýganlyklar täzeden janlanyp, reýhanlyga öwrülmäge başlar. Bir seretseňiz ýüzüne kül urlan ýaly bolup duran agaçlar sündüs we istebrak ýaly ähli bezeg we zynatlaryny dakynar, Şahid-i Ezeliň öňünde kyýama durar. Agaçlaryň düýbündäki ol çüýrän-guran otlar, güller we topraga gömülen tohumlar täzeden gögerip öser, göze ýakymly görünmäge başlarlar. Ähli mör-möjekler, janly-jandarlar ölüm ukusyndan rahat-rahat gözlerini açarlar, dem aljak tämiz howalarynyň ýüzlerini sypanyny duýarlar. Ryzklaryny topragyň synasynda ýaşyllyk halynda ätýaçlyk görnüşinde taparlar. Her baharda Haktagala millionlarça dürli-dürli barlyklary şeýdip haşr we neşr eder.

Hawa, bu umumy hasr we neşr şeýle rownakdar we joşgunly bolup geçýär welin, muňa bakan her kim şu karara geler: «Biz hem ölenimizden soň edil şunuň ýaly o dünýäniň baharynda haşr we neşr bolarys». Barlyklaryň we hadysalaryň her bir bölegi bu meselede aň-düşünjesi örän ösen görnüşde taýýardyr we bu ugurda dürli sahnalary emele getirýärler. Emma bularyň hemmesini ýeke-ýekeden beýan etmek bu kitapçanyň çäginde mümkin däldir. Biz diňe bir mysala ýüzleneliň. Saçagymyza gelen, agaçlaryň şahalarynda bize ýylgyryp bakan, käte baglar käte tikenler arasynda özüni güjeňlän miweler... Hawa, agzymyza datly, bedenimize ýokum we iýmit bolan miweler nädip döreýär? Muňa oňat düşünmek üçin fotosintez hadysasyny gowy bilmegimiz gerek.

Fotosintez gaty aňsat we bollukda geçýär. Ynsan tehniki ösüşlerine we tehnologiýanyň baş aýlandyryjy ýeten derejelerine garamazdan heniz bir agajyň edip bilýän bu işini başaryp bilmeýär.

Suw, kömürturşy gazy, gök agaçlardaky hlorofil we Gün energiýasy karbonogidrat diýilýän şekeri emele getirýär. Kömürturşy gazy agajyň gök ýapraklaryndaky deşijekler arkaly sorulýar we agaç dem alýar. Muňa absorbsiýa diýýäris. Kömürturşy gazy agajyň ýapyragynyň içindäki diffuziýanyň kömegi bilen hlorofiliň bolan ýerlerine eltilýär. Hawa, göklügi esasy emele getirýän element hlorofildir. Köklerden gelen suw bilen birleşen mahaly onda şeker döreýär. Bu örän ýönekeý usul bilen alnan netijedir. Ine, Haktagala örän ýönekeý usul bilen bulary orta çykarýar. Emma, bu ýönekeýlik sehl-i mümteni diýilýän ýagdaý bilen berjaý edilýär. Ynsan muny başarmaýar. Gus-gury agaçdan agzymyzyň suwuny akdyran miweler, ine şeýle, sehl-i mümteni bir ýaradylyş bilen emele gelýär.

Fotosintez hadysasy bolup geçýärkä agaç dem alýar we bu dem alyşynda bir güýç sarp edýär. Emma özüne zerur bolan assimilýasiýanyň bäş-on misilni birikdirýär. Sebäbi agajyň öňünde garaňky gije bar. Geje bolsa onuň dem alyş usuly üýtgeýär. Şeýle hem öňde gyş pasly bar. Gyşyna onda fotosintez bolup hem geçmez. Başga bir tarapdan agajyň ýaşyl däl böleklerine sarp ediljek güýç hem göz öňünde tutulmaly. Bu nähili üýtgeşik akyl we nähili çuň aň-düşünjelilik! Aň-düşünjesi bolmadyk bir agaja şeýle aň-düşünjeli işi edýär diýip ýöňkemek iň uly aň-düşünjesizlikdir.

Gus-gury agajyň şahasyndaky miwäni eýeçiliksiz goýmaýan gudrat älem agajynyň miwesi bolan ynsana eýe çykman taşlarmy? Iň kiçi bir mahlugyň iň kiçi arzuwyny hasyl eden Gudrat, ynsan ýaly iň beýik mahlugynyň iň beýik arzuwy bolan ebedilik arzuwyny hasyl etmän goýarmy?

Ýok, bakylyk üçin ýaradylan we Baky-y Hakykydan başgasyna razy bolmaýan ynsan gabyrda çüýresin diýlip terk edilmez. Ol täzeden, başga bir älemde şol ýere mahsus ýaşaýyşy ýaşamak üçin dirildiler.

Kurany Kerim:

«Aýdyp ber: «Ýer ýüzünde geziň, görüň Allah ýaratmaga nähili başlady, soň Ol täzeden dirilişi hem eder. Çünki Allah her bir zada kadyrdyr». (Ankebüt, 29/20).

«Allahyň rahmetiniň eserlerine bakyň, ölümden soň ýeri nähili dirildýär?! Şübhe ýokdur, Ol ölüleri hem diriltjekdir. Ol her bir zada kadyrdyr» (Rüm, 30/50) diýip bu hakykata yşarat edýär.

Bir sahypada millionlarça kitaby biri-birine garyşdyrman ýazyp öňümizde goýan Gudrat, düzülşini söküp dagydan kitabyny ikinji gezek öňküsi ýaly düzüp öňümizde goýjakdygyny wada berse, bu Onuň gudratyndan uzak görlüp bilnermi?

Ýokdan bir guraly ýasap bilen senetkär ussa, az soňra bu enjamyny söküp dagytsa we ikinji gezek ol enjamy gurnamagy söz berse, onuň sözüni inkär edip bolarmy? Hiçden-ýokdan bir goşuny emele getirip düzgüne salan serkerde esger dynç alyşy üçin dargydan goşunyny bir tüýdük sesi bilen täzeden toplap biljegini aýtsa oňa: «Ýok, muny başarmarsyň» diýilermi?

Ine, ýönekeý mysallar bilenem ahyreti inkär etmegiň mümkin däldigine göz ýetirmäge üýtgeşik akyl gerek däl. Şeýle hem, bular ýaly mysallar bäş-üç däl, üç ýüzmüň, belki-de millionlarçadyr.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr