Takdyr sözüniň dürli manylary

Takdyr sözüniň dürli manylary

Takdyr (ar. Kader) sözi ölçemek, ýazgydyny ýazmak, ölçäp-kesmek arkaly bir zady emele getirmek diýen manylary aňladýar. Arap dilinde „Kadera“ sözi „Kysmatyny ýazdy, paýlaşdyrdy, her kime paýyny bölüp berdi“ diýen manylarda-da ulanylýar. Edil şol sözüň „Güýji ýetdi, başardy“ diýen manylaram bardyr. Şu söz arap diliniň grammatiki aýratynlygyna görä „Kaddera“ diýip alnanda, onuň manysy „Höküm berdi, hökümini ýöretdi we hökümini berjaý etdi“ diýmekdir. Ine, „Kader“ (Takdyr) sözüniň manysyna seredip geçenimizden soň, bu söze dini terminologiýada şeýle düşündiriş berip bolar:

„Takdyr – Allahyň öz hökümini hem islegini ýerine ýetirmegidir“

Aşakdaky aýatlar biziň şu söze beren düşündirişimizi doly tassyklaýar:

„Gaýybyň açarlary Onuň dergähindedir. Şolary diňe Ol biler. Ýerde hem deňizde bar bolan her bir zady Ol biler. Şahasyndan gaçan ýapragy, ýeriň garaňky jümmüşindäki dänäni Ol bilýär. Gök ýa gury (diri-öli) näme bar bolsa, ählisi Kitaby Mübindedir“. (Enam, 6/59)

„Aýt: Allah islemese, men özümi zyýandan sowup bilmerin, özüme peýda getiribem bilmerin. Her ymmatyň bir möhleti bardyr. Möhlet dolansoň, ony ne bir sagat öňe süýrürip bolar, ne-de bir sagat yza!“ (Ýunus, 10/49).

„Gökde we ýerde göze görünmeýän her bir zat şübhesiz Kitaby Mübinde bardyr“ (Neml, 27/75).

„Şek-şübhesiz, biz ölenleri dirildýändiris, olaryň eden işlerini hem-de eserlerini ýazýandyrys. Her bir zady bir kitapda aç-açan sanap geçendiris “ (Ýasin, 36/12).

„Eý, beýik mertebeli Nebi! Dogrusy, saňa wahyý bilen iberilen şu kitap Lewhi Mahfuzda bar bolan şany beýik Kurandyr“ (Büruj, 85/21-22).

„Dogry sözleýän bolsaňyz, şol hasap gününiň haçandygyny aýdyň diýerler. Aýt: Ony diňe Allah biler. Men size diňe aç-açan duýdurýaryn“ (Mülk, 67/25-26).

Bir tarapdan seredeniňde, kaza bilen Takdyr manydaş sözler ýaly bolup görünýär. Başgaça aýdanyňda, Takdyr – Allahyň ýazan kysmaty, Takdyry diýmekdir. Kaza bolsa – Takdyrda ýazylanlaryň berjaý edilmegidir, ýagny, Allahyň höküminiň ýerine ýetirilmegidir.

Takdyr – Allahyň entek bolmadyk zatlaryň haçan boljagyny öňünden bilýänligine ynanmakdyr. Döremegiň ýoluna giren we döreýiş halkasyna girmäge synanyşýan her bir zat keremli perişdeler tarapyndan lewhi-mahfuzdan göçürilip, Allahyň ylmynyň çäginde, „lewhi-mahw hem isbata“ ýazylýar.

Takdyr – ynsanyň hereketiniň, ymtylşynyň, zähmetiniň Allatagalanyň ýaradyşy bilen galtaşmagydyr. Adam bir işiň başyny başlap, öz erki bilen şol işi edýär we Allah-da islese, şol işi-de, işiň netijesini-de ýaradýar. Ine, Takdyr – boljak zatlaryň Allahyň ezeli we ebedi ylmy bilen haçan boljagyny öňünden kesgitlemegidir. Diýmek, Takdyra Allahyň ylmynyň bir derejesiniň ady diýip garap bolsa-da, Allahyň ylmynyň diňe şundan ybarat däldigini bilmelidiris.

Beýik Biribaryň ylmy bilen ýazgydyň ýazylmagy Takdyr sözüniň umumy manysyny berýär. Şol bir wagtyň özünde Takdyr – Allatagalanyň Semi (Allahyň ynsanlar ýaly, hiç bir enjama mätäç bolman, bar zady eşitmegidir), Basar (Allahyň her bir zady görmegi hem bilmegidir), Irade (Allahyň her bir zada erk etmegidir) we Meşiýet (Allaha mahsus bolan isleg) atlaryny görkezýändir. Şonuň üçinem, Takdyry iňkär etmek Allatagalanyň gözel atlaryny iňkär etmek bilen deňdir. Yslam alymlarynyň köpüsi Takdyr meselesine Allatagalanyň uluhyýeti bilen birlikde garapdyrlar. Olar: „Takdyr barada aýratyn gürrüň edip oturasy zat ýok. Allahyň Zaty-uluhiýeti (Allahyň hut özi) düşündirlende, Takdyr hem hökman düşündirlip geçilmelidir“ diýipdirler. Bu pikir bir tarapdan, Takdyry iman esaslarynyň biri hasaplamazlyga itergi berip bilýänligi üçin, biz bular ýaly pikir ýöretmeýäris. Biz Allaha, perişdelere, kitaplara, pygamberlere we haşra (öleniňden soň dirildilmek) nähili ynanýan bolsak, Takdyra-da edil şonuň ýaly ynanýarys, iman getirýäris. Biz Takdyry iňkär ediji manyny berýän hiç bir sözi aýtmazlyk üçin şeýdýäris. Emma, asyl meselä dolanyp barsak, Ymam Ahmed bin Hanbel „Takdyr – gudratdan gaýdýar“ diýýär. Şol sebäpden, Takdyry iňkär edýän adam Allahyň Zaty-uluhiýetine degişli juda köp zady iňkär edýändir. Şeýlelikde, uluhiýet ynanjy gowşaýar we ynsanyň aň-düşünje ulgamy düýp-teýkary bilen berbat bolýar. Takdyr şonuň üçin örän ähmiýetli temadyr. Bu temany ähli-sünnet düşünjesiniň çäginde öwrenmeýänler hemişe-de hak ýolundan azaşypdyr. Muteziläniň rasýonalizmy, Jebriýäniň determinizmi hak ýolundan azaşmaklyga mysaldyr.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr