Düýşler we takdyr
Oraşan düýşler hem takdyryň bardygyna bir delildir. Ruh barada gürrüň edenimizde belläp geçişimiz ýaly, her bir hadysanyň öňünden düýşde görülmegi we wagty gelende bolup geçmegi onuň ilki takdyr edilendigini görkezýär. Hawa, düýşem biziň ömür kitabymyzyň bir sahypasyny öňürti okaýar. Soňra biz onuň okanlarynyň durmuşa geçişine şaýat bolýarys.
Kur’anyň, Pygamberimiziň we öwlüýalaryň geljekde bolup geçjek hadysalary öňünden habar bermegi-de, her bir zatda takdyryň häkimdigini görkezýär. Ýogsa, öňünden ýazylmadyk, bellenmedik we karar edilmedik bolsa, ony nädip bilsinler?
Sowal: Takdyr we erk näme üçin imanyň alty esasynyň arasynda goýlupdyr?
Jogap: Ynsan köplenç öwrenişmek we ülpetdeşlik sebäpli Allahyň (j.j.) özüne eden lütuflaryna: “men etdim, men gazandym, bildim, öwrendim, oýlanyp tapdym...” diýen ýaly sözleri aýdyp, her bir zady öz güýji, erki we ukyby bilen edendirin öýdýär. Ine, şeýle ýagdaýlarda takdyr öňünden çykyp, “Sizi we edenleriňizi ýaradan Allahdyr” (Saffat, 37/96) şonuň üçin, hetdiňi tana! Eliňdäki kiçijik düwme bilen bu işleriň ählisini etmegiň mümkinmidir?” diýer we ony men-menlikden halas edip, durmuşynda deňagramlylygy we ölçegi üpjün eder.
Ynsanyň ruhunda gözellikleri, ýagşylyklary we netijeleri özünki saýyp, öwümek, hatda hasam men-menlik edip, serden geçmek häsiýeti bardyr. Şeýle duýga garşy ähli gözellikleriň we haýyrlaryň hakyky eýesiniň nebsimiz däl-de, diňe Allahdygyny (j.j.), tersine, ähli erbetlikdir günäleriň nebisden gözbaş alýandygy Kur’anda beýan edilýär. “Seni eden her ýagşylygyň Allahdandyr, erbetligiň bolsa özüňdendir. Seni adamlara ilçi iberdik (muňa) şaýat hökmünde Allah ýeterlikdir” (Nisa, 4/79).
Meseläniň ikinji bir tarapy hem bar. Adam mahal-mahal “Meni we meniň edenlerimi ýaradan Allah bolýan bolsa, Ol islemese menem islemerin. Onda men takdyryň programirlän robotydyryn. Beýle bolsa, jogapkär we günäkär bolar ýaly eden işlerime meniň näme dahylym bar?” diýip, jibrilik çukuryna-da düşüp biler. Beýle howply ýagdaýda derrew erk-erada garşy çykar we tereziniň beýleki jamynyň üstüne münüp: “Ýok, sen borçlusyň hem jogapkärsiň! Imana we gulluk etmäge borçly boluşyň ýaly, eden ähli ýaramazlyklaryň we günäleriň üçin jogapkärsiň, çünki, menem bardyryn” diýer we deňagramlyk döreder. Takdyr imanyň, küfüriň, borjuň, tobanyň we günäleriň daýanjy we nebsiň erbetliklerini örtýän perde bolup bilmez. Edil şonuň ýaly, erk hem Allahyň ýaradan ýagşylyklaryna, gözelliklerine eýemsiremegiňe, faraon kimin “Men!” diýmegiňe we garşylyksyz ýagýan nygmatlaryň hakyky eýesidirin öýtmegiňe sebäp bolup bilmez. Biz erkiň ähli gözelliklere we haýyrlara iki eli bilen ýapyşyp, egninde amanat geýlen köýnege meňzeýän faziletlerden göwnihoşlanyp ulumsylyk etmekden diňe takdyr düşünjesi bilen halas bolup bileris. Edil şonuň ýaly, nebsiniň borçdyr jogapkärçiliginden sypjak bolmak howpundan-da özüne berlen erk düşünjämiz arkaly gutulyp bileris.
Ynsanyň ýagşylyk we gözelliklere gezek gelende juda gysga, günädir ýykyp ýumurmaga welin aşa uzyn iki eli bardyr. Bu eliň birine toba we istigfar berilip, nebsiň şere we günälere bolan meýli, aşa islegi kesilmeli we jähenneme eltýän ýollary doly ýapylmaly. Beýleki eline bolsa, doga-dileg, Haka tewejjüh (ýüzlenmek) we tewekkül (bil baglamak) berilip, haýyr dürslüginde yhlaslandyrrmaly, gözelliklere güýç-kuwwatyny we höwesini artdyryp, jennete barýan ýolunda joşdurmalydyr.
Möhüm ýatlatma:
“Geçmişe we kynçylyklara takdyr, geljege we günälere bolsa erk nazary bilen bakylmalydyr”. Şeýle nazar bilen adam geçmişinde başyna gelen bela we kynçylyklara “takdyrym şeýle eken” diýip, razy bolar, göwnüçökgünlige we umytsyzlyga düşmez hem-de gelejegine gezek gelende borjunyň we jogapkärliginiň pikirini eder.
Geçmişe we kynçylyklara takdyr nazary bilen bakmaýan adamyň umydyňy gaçyryjy we jebir çekdiriji hadysalaryň garşysynda ezilip galmagy, hemişe halyndan närzalygy, başyny oňa-muňa urmagy, hatda, netijede günä we keýpi-sapa batgasyna batmagy bir tarapdan gutulgysyzdyr. Gelejege erk-erada nazary bilen seretmeýän kişi hem ýaramazlyklary we günälerini takdyryň başyna atyp, keýpi-sapa batgalygyna hasam batyp gitmegi-de çykgynsyzdyr. Adamyň “Zalym pelek, takdyrymyň oýny...” diýen ýaly, sözler bilen takdyryndan närazy bolmagy onuň kynçylygyny iki esse artdyrar, kalp dünýäsini we ruhy durmuşyny solduryp guradar. Ynsanyň öz erkini aradan aýyrmagy-da, edil şonuň ýaly, uly hata we özüni keýpi-sapadyr şeýtana boýun bolmakdan başga zat däldir. Tereziniň bir ganatyna erki, beýlekisine takdyry goýan wagtymyz ýaşaýşymyzy deňagramlylykda saklap bileris.
Sowal: Ynsanyň takdyryny elindäki ýa-da ýüzündäki çyzyklardan okap bolarmy?
Jogap: Ruh meselesi bilen çynlakaý meşgullanýan adamlar ruhuň ynsanyň mysaly bedeni bolmak bilen birlikde, onuň ykbalyna degişli kitabydygyny-da aýdýarlar. Ruhuň belli bir derejede asyl durkundan we funksiýalaryndan habarly bolunan wagtynda, adamyň başyndan geçjek hadysalary-da belli bir çäklerde bilip boljakdygy öňe sürülýär, elbetde, Allah islese, görkezer, bildirer.
Şeýle hem maddy gurluşyň beýan edýän manylary bilen gyzyklanýanlar, eliň aýasyndaky çyzgylardan adamyň başyndan geçirjek zatlaryny, bölekleýin bolsa-da, aýdyp bilýärler. Emma ýalňyş düşünmäň, bu gaýyby bilmek däldir. Diňe Alllahyň (j.j.) bedenimize ýerleşdiren yşaratlaryndan we alamatlaryndan peýdalanyp, kişiniň ömrüne degişli käbir taraplary bilmegi başarmakdyr. Gaýyby dolulygyna diňe Allah (j.j.) bilip biler. Üstesine, gaýyp diňe bu bärdäkije habarlardan ybarat däldir.
Allahyň (j.j.) maddy bedenimize ýerleşdiren yşaratlaryna we alamatlaryna seredip, takdyry okamaga çalyşmak Sagadat Döwründe-de (Pygamberimiziň döwri) bolan meseledir. O döwürler muny edýänlere “kaif”diýilýär eken. Aleýhissalatü wesselam Serwerimiziň gulçulykdan azat eden ogullygy Zeýd ibn Harisäniň ogly Üsame baradaky gybatlara garşy bir kaifi getirýär. Ataly-ogul üstleri ýapyk ýatyrdylar. Olaryň diňe aýaklary açykdy. Kaif olaryň aýaklaryndaky çyzyklara seredip, ataly-oguldyklaryny kesgitleýär. Serwerimiz hem özüne aýan bolan bu hakykaty kaifiň üsti bilen tassyklaýar we hezreti Aýşä: “Eý, Aýşa, Üsäme Zeýiddendir” diýip, ýylgyryp buşlaýar. Allahyň (j.j.) bildirmegi bilen has aňyrdaky zatlary bilýän Serwerimiziň (s.a.w.) Üsamäniň ýagdaýyny bilmezligi mümkin däldir. Emma kaif getirmek bilen bu dile düşen meseläni halkyň garaýşyna laýyk delil arkaly çözmek isleýär. Onuň bilýäni kaifiň aýdanlary bilen deň gelýärdi. Çünki, Kur’anyň dili bilen aýtsak, Pygamberimiz näme aýdan, näme eden bolsa, hiç biri boş, ýerliksiz däldir: “Ol, boş ýere gürlemez” (Nejm, 53/3).
Gürrüňini eden hadysamyzda öz işiniň ussatlaryna ýüz tutmaga iteklemek hem bolup biler. Agaçlaryň sapylmagy hadysasynda-da: “Siz dünýä işlerini bilersiňiz” diýýär. Bu sözde: “Men bilmerin” diýen many ýokdur. Pygamber bilmese, kim biler? Düşündirişi uzaga çekip biljek bu söz bilen şular göz öňünde tutulan bolmagy mümkin:
a. Belki, sahabalaryna edilen hormatdyr.
b. Ähtimal o döwürler bir topar sahabanyň arasynda sebäplere te’siri hakyky (hakyky täsir ediji) hökmünde seretmek ýaly, towhyda ters gelýän ynançdyr düşünjeler ýitip gitmändi. Hüdeýbiýe şertnamasy gijesinde-de şuňa meňzeş bir hadysa bolup geçipdir. Ýagyş ýagypdyr, Serwerimiz (s.a.w.): “Bu gün käbiri mü’min bolup oýandy, käbiri käfir” diýdi. “O nähili beýle?” diýenlerinde: “Kim ýagyşy Şira ýyldyzy ýagdyrdy diýen bolsa, ol käfir, kim Allah ýagdyrdy diýen bolsa musulman bolup ertire çykdy” diýip düşündiripdir. Edil şonuň ýaly, o döwürler hurma sapmak arkaly hökman gowy hasyl alynjagyna ynanylýardy. Serwerimiz (s.a.w.) her bir zadyň Allahyň elindedigini we sebäpleriň netijä uly täsiriniň ýokdugyny şeýle durmuşy hadysanyň üsti bilen öwretmek islän bolmagy mümkin. “Siz dünýä işlerini bilersiňiz” diýmek bilenem ähtimal sebäpleriňem asla ähmiýetsiz däldigini görkezmek isländir.
c. Serwerimiz (s.a.w.) kyýamata çenli geljek ynsalara nebi we ymamdygy sebäpli onuň bu sözüni şerigata laýyk maksada ugrukdyrjy hökmünde kabul edip bolar. Adamyň durmuşynda şerigata degişli bolmadyk ýa-da sesiňi çykarman geçilmegi bilen mübah (günäsi-sogaby bolmadyk iş) bolup, tejribä we wagta çözgüdi goýlan birgiden mesele bardyr. Häzirki döwürde ylym şeýle bir ösdi welin, indi jüýjäniň çykmagy üçin ýumurtgalar towugyň aşagynda 21 gün basyrylmaýar. Jüýje çykarýan inkubatorlar bu işi has arzan, has aňsat ýol bilen ýerine ýetirýär. Ösümlikleriň we agaçlaryň hasylyny artdyrmak we iň gysga wagtda hasyl almak üçin teplisalar gurulýar. Kim bilýär, belki, geljekde üýtgeşik energiýa çeşmeleriniň açylmagy bilen, meselem, ägirt aýnalardan peýdalanyp, Günüň gyzgyny we energiýasy gyş aýlarynda-da dünýäniň belli bir ýerlerine ýetiriler. Kur’anyň beýan edişi ýaly, hemişe miweleýän agaçlar mysaly, dört pasylda-da hasyl alynar. Netijede, zekat berere adam galmajak derejede bolluk bolar.
d. Serwerimiz “dünýä işleriňizi siz bilersiňiz” diýmek bilen gelejege gapy açýar. Başga bir tarapdan agajy “sapyň” diýip, ýa-da “sapmaň” diýmezlik bilen ynsanyň erkine zynjyr urman, işlemäge we derňemäge höweslendiripdir.
Gepiň gysgasy, takdyra iman etmek hakyky mü’miniň sypatydyr. Allaha, Onuň Resulyna, pygamberlere, perişdelere, kitaplara, haşra nähili ynanýan bolsak, takdyra-da şonuň ýaly ynanmalydyrys. Bu iman esaslary, ebedi ýaşaýşy gazanmak üçin bu ýerde ýaşaýan ömrümiziň binýady we sütünleri ýalydyr. Bu sütünlerden biri sarsylsa, gurmak isleýän zadymyz sarsylyp gowşar, belki, tutuş ýykylar. Kur’anda we hadyslarda takdyr meselesiniň üstünde köp durulýar. Haşyrdan soň, belki, iň köp gürrüňi edilýän Allahyň (j.j.) islegi, ylmy we takdyrdyr. Takdyr köp hadyslarda adaty iman esaslarynyň arasynda däl-de, magna we ähmiýetine görä, Zat-i Uluhiýetiň (Allahy tagalanyň) we Onuň sypatlarynyň düşündirilýän ýerinde beýan edilýär. Bu Allaha we Allahyň isleýşi ýaly iman etmek isleýän mü’miniň takdyra-da iman etmegi gerek diýmekdir. Başgaça aýtsak, takdyra iman etmek Hak tagala iman etmegiň kemalynyň zerurlygydyr, ýagny, Hakyň takdyryna iman etmeýän Allaha-da, Onuň azamatyna-da (beýikligine) bolmalysy ýaly iman edýän däldir.
Takdyra her kim derejesine görä ynanar. Çünki, Allah (j.j.) hakyndaky magrifet (bilim) we Allah (j.j.) bilen bolan gatnaşyklar dürli-dürlidir. Entek ýaňy işiň başyna baran ýa-da başlan ýerinde galan biri, takdyra dini formula hökmünde, eýermek manysynda özüni mejbur duýýany sebäpli we hökmany şert derejesinde iman etmeli bolany üçin ynanýar. Köp kynçylyklary geçip, çuňluklara inen, menziller aşan soňky derejä baran mü’min bolsa, her bir zatda Allahyň (j.j.) emrini görýändigi üçin, kudsi hadysda aýdylşy ýaly: “Gören gözi, eşiden gulagy, tutan eli...” bolýar. Ol hiç ikirjinlenmän “Hamala, barmagymy-da Allahyň gymyldadýandygyny görýärin” diýýär. Bu hem akyl ýetirmek, mertebe we dereje meselesidir.
Takdyr meselesi ylmy we amaly däl, wyždan we hal meselesidir. Baly asla dadyp görmedik adama tagamy, düzümi, peýdalary barada näçe düşündirseňizem, barmagyň ujy bilen sähelçe dadyp görençe täsiri bolmaz. Allahyň (j.j.) barlygy, pygamberlik we Kura’an baradaky meseleleri ylmy düşündirişler bilen düşündirip bolar. Emma takdyry ihsan (Allahy görýän ýaly ybadat etmek) düşünjesi bilen, Allahyň (j.j.) eden işlerinden Ony görýän ýaly tanamak üçin wyždan duýgusy gerekdir.
Takdyr aýagyňy taýdyryp bilýän, seresap bolunmaly meseledir. Adamyň taýgançak ýerde ýykylmagynyň aňsat bolşy ýaly, takdyram taýgançakdyr. Hatda käbir alymlar talyplaryna takdyr temasynda gürrüň etmegi gadagan eder eken. “Özüň gürrüňini edýäň-ä?” diýenlere-de, “Gürlemesine gürleýän, ýöne başymda bir guş bar ýaly, ony uçuraryn öýdüp saňňyldaýaryn” diýip jogap beripdirler.
Takdyr meselesinde bir pikir aýdyp bilmek ýa-da pikir almak üçin şu dört esasy aýratynlygy gaty gowy bilmelidiris. Takdyr bilen baglanşykly her mesele şu dört esas bilen beýan edilip biliner:
1) Takdyryň mertebeleri: ylmy plan, kitabet (ýazmak), meşýet (isleg, arzuw), ýaradylyş.
2) Allahyň (j.j.) çäksiz ylymy – geçmişi, häzirki zamany we geljegi bir nokat ýaly bilmegi.
3) Jüz’i erada (kiçijik erk): magnasy, gymmaty we barlygynyň delilleri.
4) Takdyr bilen jüz’i eradanyň birleşmegi we ýakynlygy.
- -de döredildi.