Takdyr we erada bilen baglanşykly dürli meseleler
Bu täze temanyň aşagynda, şu wagta çenli beýan edenlerimiziň, belki, dürli tarapdan gaýtalanmagy bolmagy mümkin bolsa-da, takdyr hakynda köp soralan sowallara jogap bermäge çalyşalyň.
Sowal: Allah (j.j.) meni näme üçin menden soraman, başda erkim bilen gürleşmän ýaradyp, takdyryň tussagy edipdir? Soňra meniň takdyrym näme üçin baý we rahat ýaşamak däl-de, bela we kynçylyklara uçramak görnüşinde tejelli edýär?
Jogap: Takdyr mejbur ediji, zalym we asla ýaramaz däldir.
Şu wagta çenli aýdanlarymyzdan görnüşi ýaly, adamyň erki hasaba alynman edilen bir takdyr ýokdur. Ýstesine, pygamberler iberip, kitaplar indermek bilen Allah (j.j.) bizi hemişe oýarýar.
Adam bir işe öz erki bilen ýapyşmasa, bir ýaramazlyk, günä ýüze çykmaz. Adam nebsiniň täsirine gidip, erkini erbetlikde ulanyp, erbetlikleri çagyrýar. Netijede, gaçjak çukurynyň gapagynyň açylmagyna sebäp bolýar we şol çukura ýykylýar. Meselem, ap-ak nuruň bölegi Günüň kirsiz, tegmilsiz bolşy ýaly, ýaşaýyş üçin zerur bolan ýylylygyň we ýagtynyň gözbaşy, şol bir wagtda gülleriň ýaňagynda öwüşgin atýan reňkleriň we gözellikleriňem çeşmesidir. Emma adam onuň aşagynda sagatlap oturar, eger, ätiýaçly bolmasa gün urar, kesellär, hatda ölmegem mümkin. Indi, muňa Gün günäkärmi? Ol özüniň erbede ýormak endigine görä, uçran hassalygy üçin “Gün nämä gerek? Ol näme üçun ýaradyldy?” diýip bilermi? “Aşagynda galdyk, keselledik. Naharymyz Günüň gyzgynyna zaýalandy” diýen ýaly, öz erkimiz bilen hatalarymyzdan dörän kiçijik zyýanlarymyz sebäpli Günüň ýaradylmagyny, barlygyny şer hasaplamak bolarmy?
Hawa, takdyra ýüklenýän günä, zyýandyr erbetlikler, esasan guluň erkini öz zyýanyna ulanmagynyň netijesidir. Erkimizi hasaba alman birgiden zulumdyr erbetlikleri takdyryň boýnuna atsak, hem kynçylygy iki esse artdyrarys, hem takdyra töhmet atdygymyz bolar.
Meselem, ynsana hem lezzet, hem-de nesiliň köpelmegi ýaly haýyrly netijä eltýan sebäp hökmünde aýşy-eşret duýgusy berilipdir. Adam erkini erbede ulanyp, bu duýgusyny ýalňyş we haram ýollarda kanagatlandyrmaga çalyşsa, takdyryň näme günäsi bar? Adam haýyra sebäp bolsun diýip berilen we ýerinde ulanylmagy üçin ähli mümkinçilikleri bolan bir sebäbi şeriň guralyna öwürýär. Şer işi edip günä gazanýar we özüne zulum edýär. Jenaýat etmek ýaly şuňa meňzeş ýagdaýlaram edil şonuň ýalydyr. Adamyň erkini erbede ulanmasa-da uçraýan bir topar belalary we kynçylyklary bardyr. Bularyň hikmetini, peýdasyny we gözelliklerini ýerinde düşündirmäge çalyşdyk, ýene düşündirjek bolarys.
Takdyr netije bilen birlikde sebäplere-de baglydyr. Ynsan bolsa, ýaradylyşyna laýyklykda takdyra doly düşünmeýändigi üçin, diňe görünýän netijelere we sebäplere seredip ýalňyş karara gelýär we zulum edýär. Meselem, ýaşuly adamyň bir çaganyň gulagyny towlanyny görenimizde, bu gelşiksiz bolany üçin, çaga zulum edilýär diýip netije çykarýarys. Emma onuň gulagyny towlaýan, belki, kakasydyr we siziňem edäýjegiňizi edýändir? Geljekde dyzyny ýumruklap puşman etmesin, küýzäni döwmesin diýip, ýaşlykdan öňüni aljak bolup, ýagny çaganyň magnawy diriliginiň ölmezligi üçin, onuň ahlaksyzlyk edeni sebäpli şeýdip terbiýe berýändir. Emma siz daşyndan seredip, görýäniňize görä karara geldiňiz we ol kakany zulum etmekde aýypladyňyz. Beýle karara gelmek bilen, aslynda siz özüňize zulum etdiňiz. Emma takdyr ähli sebäplere birden bakar we hakyky, görünmeýänlerinem biler. Şonuň üçin ol hökümi doly we adalatly berer.
Awçy arslany atar we öldürer. Siz arslana gynanarsyňyz, emma bilmersiňiz, ol arslan bir keýigiň çagalaryny enesinden aýryp, ýetim goýany üçin, takdyr oňa şeýle jeza berendir. Başga bir tarapdan, gün geler awçynyň aýagy döwüler, olam arslany öldüreni üçin jezasyny çeker. Bir adam başga birini pyçaklap ýaralar, jezasynam çekmez. Waka-da unudylar gider. Ýöne bir gün ol kişi zynada töhmet atylyp, kazyýete düşer. Ol bigünädir, emma kazy daşky, görnüp duran sebäplere bakyp, ony tussag eder. Siz “Häkim zulum” etdi” diýersiňiz, emma takdyr hakyky sebäplere bakyp, adalatly höküm edendir. Ol kişi ýatdan çykyp giden, pyçaklama hadysasynyň jezasyny çeker. Ine, takdyrdaky gözellik we biziň çykarýan kararymyzdaky adalatsyzlyk. Hawa, takdyryň her hökümi ajaýypdyr ýa-da netijesi taýyndan gözeldir.
Ýeri gelende Musa aleýhisselam bilen baglanşykly bir rowaýaty aýdyp geçeýin:
Musa aleýhisselam “Eý, Rabbym, maňa adalatyňy görkez” diýip doga edýär. Hak tagala-da oňa “Pylan çeşmäniň başyna bar-da, bolup geçjekleri synla” diýip wahý edýär. Musa aleýhisselam çeşmä ýakynlaşanda aňyrdan bir atly gelýär. Ol atyny suwa ýakanda bir gysym altyny daşynyň haltajygy bilen gaçyrýar. Ol gideni bilen yzyndan bir çaga gelýär we altyny alyp gidýär. Soňra çeşmäň başyna bir kör gelýär. Altynyny gaçyranyny bilen atlam yzyna dolanýar. Ol gelip, körden altynyny talap edýär. Kör pahyr hernäçe almadym diýse-de, atly ynanman ony öldürýär. Başdan aýak zulum bolup görnen bu hadysanyň adalatyny hezreti Musa Hak tagaladan soraýar we şu jogaby alýar:
“Atly bir wagt çaganyň kakasynyň bir haltajyk doly altynyny ogurlapdy. Şeýdip, ogurlanan altyny hak eýesine gowşurdyk. Kör bolsa, bir wagt atlynyň kakasyny öldüripdi. Onam atla öldürdip, kysas etdik.” Hawa, hakyky sebäpler bilinmän, daşyndan bakylsa, başdan aýaga zulum bolup görünýän hadysalar zynjyry, hakykatda o başdan o başa adalatly bolup çykýar. Ine, takdyryň hökümem şeýledir. Onda sähelçe-de zulum ýokdur, her hökümi diňe adalat we diňe ajaýypdyr.
Adamyň daşyndan seredip, özi üçin juda erbetdir hasaplan zatlaryny-da Allah (j.j.) onuň üçin haýyrly edendir. Tersine, adamyň özüne peýdalydyr öýden zatlarynda şer bardyr (Bakara, 2/216). Meselem, sowuk howada täret kylmak kyndyr, emma täret kylmagyň özem, netijesem gözeldir. Jihad aýatyň dili bilen agyr we eýmendiriji görnüp biler, emma netije taýyndan juda köp lütuf we peýdalar getirer. Şeýle bolup biler, Allah (j.j.) söýen bir gulunyň malyny tozdurar, emma malyň Syraty Mustakimden (dogry ýoldan) azaşmagyna sebäp boljakdygyny gul bilmez. Gul doga eder, islänleriniň berilmändigi üçin umytsyzlyga düşer, ýogsa, onuň isleýäni özüne zyýandyr. Geljekde ýa-da ahyretde oňa has köpi ajaýyp görnüşde gaýtarylyp beriljekdir.
Onuň ýaly bolsa, Allahyň (j.j.) bize degişli her höküminde bilinmeýän juda köp peýda we hikmetler bardyr. Allah (j.j.) hökman gulunyň peýdasyna höküm etmäge mejbur däldir. Ol Halyk we Alim bolşy ýaly, Hakimdirem – hiç haçan hebes iş etmez. Emma biz köplenç Onuň işlerindäki hikmetleri bilmeýäris. Onda bize düşen paý takdyra razy we Hak tagala boýun bolmakdyr. Oňa ýönelip: “keremiňem hoş, gazabyňam hoş” düşünjesi we ynanjy bilen takdyra kaýyl bolup, garşy gitmezlikdir.
SOWAL: Iň soňky derejede ýönekeý, kiçijik we ejiz erk üçin çäksiz jennetiň ýa-da jähennemiň berilmegine nähili düşünip bolar?
Jogap: Öňem belläp geçişimiz ýaly, aslynda biz jennete mynasyp bolmagyň däl, başdan aýagymyza öňümize düşelen nygmatlaryň nädip laýyk derejede şükürini edip bileris diýip oýlanmalydyrys. Ýerine hiç zat tamakin bolman we öňünden berlen nygmatlaryň şükürini gullugymyz bilen ýerine salmagymyz asla mümkin däldir. Dünýä durmuşynda bir gün ýaşamak üçin bir gün işleýäris, alty aý ýaşamak üçin alty aý işlemeli. “Käşgä alty aý işläp, bir ýyl ýaşasadym” diýýäris we iki günlük ýaşaýyş üçin bir günümizi begene-begene sarp etmäge razydyrys. Hakykat şeýlekä, bu dünýäniň nygmatlary bilen asla deňeşdirip bolmajak jennete girmägi gazanmak üçin köpüsini ukuda, çagalykda we dünýä iş-aladalary bilen geçýän gysgajyk ömrümiz ýeterlik bolarmy? Üstesine, bu gazançda ynsanyň bar edýäni düwmäni basmak, barmagyňy gymyldadan ýaly ähmiýetsiz iş bolsa? Ýa-da ynsan şeýle ýönekeý bir meýil we niýet bilen ebedi jähennemi nädip gazanyp biler? Indi bu meselä birnäçe tarapdan garamaga çalyşalyň.
a. Niýet tarapyndan:
Ebedi jennet, ebedi nygmatlar we ebedi Allahyň jemaly... Bularyň ählisi şu pany, gysgajyk ömrümiziň netijesi bolup bilmez. Biz maddy tarapymyz bilen ebediýeti asla gujaklap bilmeris. Emma, “ebedi iman niýeti” bizi ebediýete eýe edip biler. Elhamdülillah Rabbymyza iman edýäris. Bu imanymyzda berk we wepalydyrys. Erkimizi şu ýolda ulandyk we ýene-de öz erkimiz bilen bu ebedi imana niýet tarapyndan eýe çykarys. Rabbymyzyň kalbymyzda ýakan yşygy bilen hidaýet ýoluna ýene-de Onuň hut özi tarapyndan höweslenidirilýäris. Eger ýetmiş ýyl ýaşajak bolsak, ýetmiş ýyl imanly bolmaga niýetlidirs. Rabbymyz ýetmiş däl, ýüz ýetmiş ýyl ömür berse, şonda-da dönmeris we imanymyzda berk durarys. Näçe ýaşasak, hatda, şu dünýäde ebedi galsagam, şonda-da imanymyzdan dänmeris, Allaha (j.j.) ebedi ynanarys. Ine, jennete ýa-da jähenneme girmekde esasy zat şu niýetdir. Allahyň Resulam: “Amallar niýetlere görädir” diýmeýärmi? Her kim niýetiniň gaýtargysyny görer. Niýetimiz ebedi iman çäginde galýan bolsa, gazanjagymyzam şoňa görä bolar. Jeza we sogap amala görädir.Ebedi imana we ebedi iman niýetine ebedi jennet. Munuň tersine, ebedi küfüre we ebedi küfür niýetine-de ebedi jähennem beriler. Allah (j.j.) daş sypatymyza, keşbimize we şu pany dünýädäki maddylygymyzda näçe wagt galandygymyza däl, ýüregimizde göterýän niýetimize, sarsmaz kararymyza, kalbymyzdaky imana we bu imandaky hemişelik niýetdir düşünjämize bakar.
Hawa, niýet ýaşalan gysgajyk ömürde imandaky dostluk, wepadarlyk we berklik düşünjesi bilen ebedilikde ýaşalmasa-da ýaşalan ýaly o ýerleri ýagtyldaýan yşykdyr. Munuň tersine ähli zady tümlük hasaplaýan, garaňky niýetli käfiriň hem ebedi durmuşy jähennem manysynda gap-garadyr. Çünki käfir ebedi iman nuruny ýakmazlyk, has dogrusy, erk düwmesini Allahyň (j.j.) kalp köşgüniň iman yşyklaryny ýakmagyna sebäp kylmazlykda kesir we özdüiýenlidir. Ol millionlarça ýyl ýaşasa-da bu kesirliginden dänmez we bir gezegem erkini aýdyňlyk ýolunda ulanmak islemez. Şeýdibem kalbyny, dünýäsini we ebedi ýaşaýşyny garaldan gara niýetiniň gurbany bolar.
b. Jezada takdyr günäniň agyrlygyna we edilmegindäki kast, niýet we netijä bakar, onuň edilmeginiň möhletine ähmiýet berilmez:
Jogap: Dünýäde 5 minudyň içinde bolup geçýän adam öldürmek jenaýatyna käte 25 ýyl, ýagny, 13 million minut, käte hemişelik tussaglyk, hatda ölüm jezasam berilýär. Munda hiç haçan jenaýatyň näçe wagtyň içinde bolup geçeni hasaba alynmaýar, belki, jenaýatyň agyrlygyna, ony etmekdäki kasta, niýete we netijä seredilýär. Küfüriň we inkäriň göterýän jenaýatlary bir adamy öldürmekden has köp, has agyrdyr. Älemi Ýaradanyň barlygyna zerreler, öýjükler, perişdeler, ýagyş damjalary, atomlar we molekulalar... gysgaça, sanap tükedip bolmajak köp şaýatlar bardyr. Küfür munça şaýadyň şaýatlygyny ýok hasaplamak bilen bütin älem-jahany tümlüge büremek we şonça şaýada ýalançylyk töhmedini atmak diýmekdir. Üstesine, küfür Beýik Senetkäri äsgermezçilik etmek, onuň älemdäki nagyşlaryny kemsitmek we san-sajaksyz delillerini inkär etmek, älemiň zerreleriniň sanyça uly jenaýatdyr. Küfür – ömründe ýeke ýalan sözlemedik müňlerçe pygamberi, milionlarça öwlüýäni we miliýardlarça sadyk mü’mini inkär etmek, ýalançy hasaplamakdyr. Beýle jenaýatyň jezasam, elbetde, ebedi jähennem bolar.
c. Jüz’i erada hakykatdanam kiçijikdir, emma netijesi juda uly bolup, Allah (j.j.) hem jezany netijä görä berer:
Bir düwmäni basmak bilen bir pursatda millionlarça yşygy söndürip, uly şäheri garaňkyda goýup bileris. Ýa-da bir hereketimiz bilen (Birinji Jahan urşunda bolşy ýaly), millionlarça ynsanyň ölümine, millionlarça maşgalanyň ýykylmagyna, şäherleriň ýer bilen ýegsan edilmegine, asyrlar boýy çekilen zähmetiň ýele sowrulmagyna we dünýä derejesinde juda uly üýtgemeleriň bolup geçmegine sebäp bolup bileris. Edil şonuň ýaly, bir otluçöp bilen giden tokaýy otlap bileris ýa-da bir kerpijini aýyryp, ullakan köşgi ýer bilen des-deň edip bolar. Küfür – ýumurmak diýmekdir. Ýumurmak bolsa, juda aňsat we netije taýyndan örän uly we agyrdyr. Ine, käfir erkini küfür ýolunda ulanmak bilen netijesi taýyndan şeýle uly weýrançylyga sebäp bolýany üçin ebedi jähenneme mynasypdyr. Munuň tersine, mü’min erk düwmesini dogry ugra öwürmek bilen hem şu dünýäsini, hem ahyretini ýagtyldar.
d. Çäksiz nygmatyň eýesinden ýüzüni öwren adam, elbetde, tokmaklanmaga mynasypdyr:
Käbir adam Allahyň (j.j.) çäksiz azamatyny (beýikligini) we gudratyny görkezen we barlyk üçin çäksiz agramy we gymmaty bolan ol hetdi-hasaby bolmadyk nygmatlaryň eýesinden ýüzüni öwürýär. Ol kişi wyždan ýaly Allahyň (j.j.) barlygynyň sessiz şaýady bolan bir kitaby ýapyp, akyl, düşünje we ebedilige aşyk duýgularyny öldürýär. Üstesine, Älem-jahan kitabyny Kura’n bilen birlikde düşündiren Pygamberiň sözlerine gulagyny dykyp, kalbynyň gapysyna gulp uran adam ejizje erkini ulanyp, ýaratmakda we iş bitirmekde hiçhili agramy bolmadyk birnäçe hyýaly we ähmiýesiz zatlaryň ýelekçe ýok agramyny saýlaýar. Netijede, ol nebsiniň we şeýtanyň allaryna aldanmak bilen, elbetde, älem agramyndaky tokmaklary almaga laýyk bolar.
e. Amanata hyýanatyň jezasy amanatyň we onuň eýesiniň gymmatyna görä beriler:
Bir penjiräniň aýnasyny döwen çaga beriljek jeza bilen Soltanyň altyn täjine zeper ýetiren weziriň jezasy deň bolmaz. Ýa-da ömrüni dagda goýun bakyp geçiren bir çopan bilen ömrüni uly wesipelerde geçiren alyma ýagdaýlaryna görä pul amanat berilse, alymam ol baýlygy edil çopan ýaly goýunlaryň iýmine, otuna harçlasa, elbetde, çopana garanyňda has başgaça jezalandyrylar.
Mysallarymyzda bolşy ýaly, dünýä ýaşaýşynda haýwanlara berlen ömür baýlygy we başga-da nygmatlar ululyklaryna we edýän işlerine görä taýýarlanyp berilip, olar hem bu berlenleri zaýa etmän, dogry ulanýarlar. Hawa, bu baýlyklary kimi ýük daşamakda, kimi et-süýt bermekde, kimi has başga wezipelerde ulanýar. Emma, ynsana berlen baýlyk haýwanlara berlen baýlyk bilen deň däldir. Bir ynsanyň eli-aýagy müň leňkebuduň aýagyndan, bir barmagy müň serçäniň ganatyndan gymmatlydyr. Ynsan özüne berlen onça baýlygy, wyždan, akyl, düşünje, zehin, müňlerçe duýgy we ukyp ýaly nygmatlary ýalňyş ulanan wagtynda, elbetde, jezasam şol ölçegde beriler. Diýmek, erki ýerinde ulanyp, kalby kalbyň eýesine degişli edip, Oňa kalby selim (sagdyn, päk ýürek) bilen gitmeldir.
Sowal: Adam entek ene garnynda düwünçekkä, hatda ondanam öň, ruhlaryň ýaradylýan pursatynda jennetlik ýa-da jähennemlik diýilip ýazylýar. Muňa nähili düşünmeli?
Jogap: Bu mesele ýerinde ýeterlik beýan edileni üçin, häzir birnäçe setir bilen düşündirmäge çalyşalyň:
Her bir zatdan owal Allah (j.j.) gulunyň geljekde öz erki bilen nähili hereket etjekdigini, jennetlik amallarmy ýa-da jähennemlik amallary ýerine ýetirjekdigini çäksiz ylymy bilen ezelden bilýär we bilýändigi üçin ýazýar. Emma gul Allahyň (j.j.) şeýle ýazany üçin jennetlik ýa-da jähennemlik bolmaz.
Ikinjiden, Allah (j.j.) gulunyň erkini haýsy ugurda ulanjagyny bilişi ýaly, işine täsir etjek ähli sebäplerem biler we şoňa görä ýazýar. Ol adama maşgalasynyň täsiri nähili boljak, gurşap alan töweregi haýsy tarapa çekjek, imana ýa-da küfüre äkitjek sebäpler nähili boljak we ol eradasy bilen olary nädip aşjak – bularyň ählisini Allah bilýär we şoňa görä ýazýar.
Biz ynsanyň jennetlikmi, jähennemlik boljagyny bilmeris. Çünki, biziň takdyrdan habarymyz ýokdur. Hadysda-da aýdylyşy ýaly, diňe daşky hereketleri bilen sözüne, işine serederis, bulary din ölçegleri bilen ölçäris. Eger onuň küfürini görkezýän eşdilen sözi, görülen hereketleri bar bolsa, aňry gitse, “käfir” diýeris. Emma oňa jähennemlik diýip bilmeris. Çünki, biz görenlerimize görä baha bermäge mejburdyrys. Işiň hakykatyny, ol kişiniň kalbyny we soňky demini nähili berjekdigini bilmeýandigimiz üçin, bulary Allaha tabşyrýarys. Bu gün ateist hasaplanýan biri bir görseň, wagt geçip imany bitin bir ynsan bolandyr. Gepiň gerdişine görä, Germaniýada bir mugallym dostumyzyň şaýat bolan hadysalaryndan birini gürrüň bereýin: Mesjidler her kim üçin açyk, söhbet edilýär we käbir möhüm temalar düşündirilmäge çalşylýar. Söhbet diňlemäge gelen ýaşlardan biri: “Bilýärmisiňiz, men kommunist” diýýär. Bu ýaş oglana derrew “jehennemlik” diýermisiňiz? Bu oglan bir topar arassa dostlar bilen tanyşýar, oňa ugur-usuly bilen iman meseleleri düşündirilýär. Şenbe günleriniň birinde bu ýaş ýigidi ýanynda daşary ýurtly bir dosty bilen ýassy namazynda görýäris. Ol bir zatlar düşündirilsin diýip, dostunam ýany bilen alyp gelipdir...
Hawa, ol “Men kommunist” diýen badyna “jähennemlik” möhrüni urup, ret etseňiz näme gazanarsyňyz. Onuň soňky ýagdaýyny görüp utanmazmysyňyz? Adamlar barada höküm çykarmak wezipämizem däldir, oňa garyşmaga hakymyzam ýokdur.
Başga bir ýaş ýigidiň neslimiziň duýgy-düşünjesini açyk görkezýän şu sözlerine bakyň:
“Men Kýölnda gyzyl baýdaklaryň aşagynda ýörişlere gatnaşýardym. Bir gün dostlarymyzyň ýanyna geldim. Sowallar berilip, jogaplar alynýardy. Komunizme gowy garaýşym bolany üçin hüşerlip diňleýän. Aýdylýanlary diňläp oturşyma “Totemlerime çozarmykalar, garşy çykyjy sözler aýdylyp, şygarlar ýazylarmyka?” diýip oýlanýan. Bularyň hijisem bolmady, emma owal meniň eşitmedik imany temalardan düşündirildi. O gürrüňler maňa güýçli täsir etdi. Ýogsa, ruhum kanagatlanjak we içgi, humar ýaly endiklerimi taşlajak däldim.”
Ýene soralyň: Häzir Allaha hyzmat etmek üçin saga-sola ýaltanman maşyny bilen gidýän bu ýaş ýigidi, şol ýagdaýynda, o ýaşynda nädip jähenneme saljak? Serwerimiziň (s.a.w.) edişi ýaly, adyny ýaradylyşyna laýyklap “Ýasir” dakylan bu ýigidi derrew jähennemiň gorkunç guýusyna taşlajakmysyňyz?
Ine, getiren mysallarymyzda görnüşi ýaly, Allah (j.j.) ynsanyň erada düwmesini ähli sebäpleri bilen birlikde nähili ugurda ulanjagyny we haýsy ýolda soňky demini berjekdigini bilýäni üçin ruhlar äleminde ýa-da ene garnyndaka onuň Hakyň halanymy, günäden gaýtmaýanmy, jennetlikmi, jähennemlik boljagyny ýazýar. Ynsanam, hadysda-da aýdylyşy ýaly “Nähili ýaşasa, şeýle-de öler, nähili ölse, şonuň ýalam haşr ediler.” Bize düşen Allahdan (j.j.) umydymyzy üzmän we neslimizem gelejekde tümlük görmän ýaşatmak üçin işlemek we imana, hidaýata wesile bolmak ýolunda gaýrat etmekdir.
Sowal: Yslam fytraty (ýaradylyşy) näme diýmek? Hidaýat näme we hidaýata nädip wesile (sebäp) bolunýar?
Jogap: Sahyh hadysda “Her doglan, yslam fytratynda doglar. Soňra ene-atasy ony hristian, ýahudi (ýewreý) ýa-da mejusi we ş.m. edip ýetişdirer” diýilýär.
a. Her ynsan ýaradylyşynda tegmilsiz, arassa, imana we yslama iň laýyk bir ýasawda doglar.
Fytrat, ýagny ýaradylyş we asyl zanny taýyndan her adam ýüzüne hiç zat ýazylmadyk ak kagyz, ýazgy edilmedik arassa magnitofon lentasy, galyba guýulmaga garaşýan ergin magdan ýa-da nirä egseň egip durmaly nahal ýalydyr.
Dup-dury, arassa çeşme suwy gözbaşynda peýdaly, şypaly bolsa, ony üstüne gum-toprak atyp, bulandyryp başga bir suwa-da öwrüp bolar. Edil şonuň ýaly her dünýä inen çaga fytrat we älem kanunlaryna görä hakykatlary kabul ediji, bulanyklygy, dalalaty ret etmäge höwesli we laýyk halda dogular. Şonuň üçin, 5-15 ýaş arasyndaky çagalara näme düşündirseň, olar derrew ony aňlaryna ýazyp, imany we yslamy kalp dünýälerine ýerleşdirerler. “Bir oba ýaşulusyz, baştutansyz, bir iňňe ussasyz bolmaz. Şonuň ýaly, älem-jahanam eýesiz bolmaz. Onuň eýesi Allahdyr” diýen wagtymyz, sizi diňläp oturan çaga şeýle bir arassa, tegmilsizdir, aýdanlaryňyzy ikirjinlenmän derrew aňynda berk bellär. Ýaradylyş wakumy, her bir zady magnit kimin özüne çekijiligi bilen aýdylanlary derrew özüne siňdirer.
b. Tämiz we sagdyn fytrat küfür we günäler bilen kirledilip biliner.
Adam küfürdir inkär bilen älem-jahan derejesindäki delillerden ýüzüni sowup, gulaklaryny dykyp, wyždanyny söndürip, fytratyny köreldip, özüni tutuşlygyna yşyk çeşmelerinden mahrum edýär. Ol garaňkylyga çümüp, tämiz fytratynyň üstüne Allahyň (j.j.) söýmeýän hapa tegmillerini çalýar. Munuň tersine, başga bir ynsan iman we amal bilen aslynda tämiz ýaradylan fytratyny goraýar we arassalygyny saklaýar. Diýmek, ynsan ýaradylanda iman asylly ýaradylyp, küfür oňa soň, daşyndan ýokuşýan hapadyr. Ýaradylanda tämiz bolan fytrat, soňra kirledilýär. Eger fytratyň ilki başdaky ýagdaýy goralmasa, dadyna ýetişilmese, bu ýoldaky zerur bolan seresaplyk, ätiýaçlylyk saklanmasa, adamyň ýa hristian, ýa ýahudi, ýa-da mejusi bolmagy, ýa-da akylyňyza gelip biljek küfür görnüşlerinden islendigine şam bolmagy mümkindir.
c. Tämiz fytrat kirledilip zaýalanandan soň, adam ikinji, bozuk fytrat gazanýar.
Guşuň ýumurtgadan ýaňy çykan jüýjesi entek uçup bilmese-de, guşdur. Ol ýaradylandan uçmaga laýykdyr. Ol ganat bitip ugrandan uçjak bolar, ýykylar-galar, ýene asmana höwes eder. Muny görüp: “Bu guş uçup gider” diýeris. Emma adatdan daşary bir sebäp ara girse we guşuň uçmak ukybyny alsa, onda ol hernäçe guşam bolsa uçmaz. Küfürem edil şonuň ýalydyr. Küfür uçjak bolup duran guşuň ganatyny ýolmak, ony maýyp etmek, ukybyny öldürmek ýalydyr. Ol ynsandaky başlangyç fytraty köreldip, ony ikinji bir fytrat bilen uçup bilmez ýaly eder. Erkiň nädogry ulanylmagy we daşky sebäpler netijesinde fytraty körelen adam ikinji fytraty gazanar, tämiz we sagdyn ýaradylyşynam kirleder. Guşuň ilki ýagdaýyna seredip: “Bu guş uçar” diýişimiz ýaly, ýaňy dünýä inen çaga-da “bu musulman”, “musulmany bolsun” diýýäris. Ýöne, gynansagam, wagt, ýyllar o çaganyň üstünden “epgek” ýeli deýin pis täsirleri ösdürse, olam erkini ýalňyş ulansa, şonda goly ganaty gyrylar, fytrat tohumy, gurak toprakda gömüler. Her möwsümde miwe berip oturan, hasylly agaç bolmagy üçin zerur bolan ýagtylygy, ýylyny, ýagyşy almaz. Netijede, ol şinelemez, boý almaz, şaha ýaýratmaz we miwe bermez.
d. Üstünde duran ähli meselelerimizde takdyr temasy bilen baglanyşykly iki aýratynlygyň hemişe öňümizden çykmak ähtimaly bardyr. Olar – daşky sebäpler we erada.
Hawa, her doglan yslam fytraty bilen doglar, emma ene-ata, dost, daş-töwerek, köpçülik we mekdep ýaly daşky täsirler bilen bulary peýdasyna ýa-da zyýanyna ulanjak erada fytraty adamy dogry ýa-da ters ugra gönükdirer. Takdyrda bolsa bularyň hemmesi hasaba alynyp: “Bu adam fytratyny tämiz saklap, Allahyň halan adamy bolar” ýa-da “Bu kişi fytratyny kirledip, küfre batar we hiç günäden gaýtmaz” diýip ýazylar.
Hidaýet. Hidaýet jüzi eradasyny ulanmagynyň netijesinde ynsanyň içinde Allahyň (j.j.) ýakan nurudyr, yşygydyr. Owalam belläp geçişimiz ýaly, dalalatam, hidaýetem dolulygyna Allahyň ýaratmagy bilen ýüze çykýar. Bir aýaty kerimde: “Rabbyň islesedi, ýer ýüzünde kim bar bolsa, ählijesi iman ederdi” (Ýunus, 10/99), başga birinde: “Allah islesedi, olary hidaýetde toplardy” (Engam, 16/35) diýilýär. Hatda Pygamber Serwerimize (s.a.w.): “Şübhesiz, sen ölülere söz diňletmersiň, kerlere-de eşitdirmersiň... we sen körlerem dalalatlaryndan hidaýete ýetiriji dälsiň” (Rum, 30/52-53) diýilýär. Bizem her namazymyzyň her rekegatynda hidaýeti Rabbymyzdan dileýäris we günde kyrk gezek “Ihdina’s-syrata’l-müstakym” diýýäris.
“Sen söýen adamyňy hidaýete salmarsyň, emma Allah islänine hidaýet eder” (Kasas, 28/56) aýaty hem muňa mysaldyr. Allahyň (j.j.) Resulam (s.a.w.) “Men ynsany hidaýete, imana çagyryjy hökmünde iberildim. Hidaýete eýerdip, kalplara imany goýjak Allahdyr (j.j.)” diýýär. Şeýtanam küfüri, dalalaty we günäleri bezemen görkezer, kalba was-wasalar salar, emma, dalalaty we günäni ýaradan Allahdyr (j.j.).
Hidaýete wesile bolmak:
Bir aýatda: “Şübhesiz, sen dogry ýola hidaýet edijisiň” (Şura, 42/52), başga bir aýatda-da: “Şübhesiz, sen olary dogry ýola çagyrýarsyň, çakylyk edýärsiň” (Mü’minin, 23/73) diýilýär. Birinji aýatda “hidaýet edijilik” hakynda, ikinji-de bolsa, “çagyrmak” barada söz açylýar. Aýatlardan görnüşine görä, Serwerimiz (s.a.w.) hidaýete wesile, şeýtanam dalalata we günälere wesiledir. Ýöne ýokarda belläp geçişimiz ýaly, dalalaty-da, hidaýeti-de ýaradan Allahdyr (j.j.).
Allah (j.j.) öň hatarda pygamberleri goýup, dürli hidaýet wesilelerini ýaradypdyr. Gullar bu wesilelere eýe çykyp, eradalaryny hidaýet ýolunda ulanmasalar, Allaham (j.j.) olar üçin hidaýeti ýaratmaz, ýagny wesileleri ýaradar-da netijeleri ýaratmaz. Meselem, bu mewzugda Kur’anda: “Semud kowmyny hidaýat edipdik, emma olar körlügi hidaýetiň ýerine saýladylar” (Fussilet, 41/17) diýýär. Diýmek, işiň bir tarapy ynsana degişli bolup, onuň meýillerine we eradasyna bakar. Beýleki tarapy bolsa Allahyň (j.j.) hidaýeti ýa-da dalalaty ýaratmagyna bakýandyr.
Hidaýete äkidýän wesileler gözlenmelidir:
Kur’an bir tarapdan küfre alyp barýan we hidaýetiň öňüne böwet bolýan sebäplere garşy köp gürrüň edip, beýleki tarapdan Haka äkidýän wesilelere höweslendirýär. Ýagny, bir tarapdan imana päsgel berýän men-menlik, ulumsylyk, tekepbirlik, özüňden hoşal bolmak, hondan bärsi bolmak, äsgermezçilik etmek, dünýäni saýlamak we jahyllyk ýaly sypatlardan daş durmagy taglym edýär. Beýleki tarapdan okamaga, oýlanmaga, älem-jahany öwrenmäge, ybrat almaga, Allahy tanadýan söhbetleri diňlemäge we olaryň ýagty ýoluna düşmäge ruhlandyrýar we höweslendirýär.
Kur’anda iki ýerde “wesile” sözi geçýär. Olardan biri Maide süresiniň 35-nji aýatynda: “Eý, iman edenler, Allahdan gorkuň. (Kur’an we älem kitabyny öwrenmek arkaly tanamaga çalşýan) Rabbyňyza hormat goýuň we Oňa ýakynlaşmaga wesile gözläň; (sizi görmek islän görnüşinde, kiçi-uly hasaplaman nebis, şeýtan we islegleriňize garşy başardygyňyzça, daşky dünýäde sizi siz bolmakdan çykarjak we her tarapdan içiňize syzyp biljek maddy duşmanlaryňyza garşy-da) jihad ediň, halas bolarsyňyz” diýip buýurýar. Başga aýatlarda bolsa: “We Biziň ýolumyzda jihad edenleri Bizem hökman haýyr ýollarmyza eýerderis” (Ankebut, 29/69); Kim Allahdan gorksa, (Allah) oňa bir çykalga (ýoluny) ýaradar” (Talak, 65/2) buýurýar.
Aýatlardan görnüşi ýaly, kalbyň jümmüşine tarap ýolagçylyk edip, Allaha (j.j.) synlap eýerenleri Ol (j.j.) asla aljyratmaz. Tasawwuf ärleri we erenler Allaha (j.j.) barýan dürli ýollar we usullar bilen yhlas, gaýrat sarp edip, Allaha (j.j.) tarap ýöräpdirler. Hidaýet ýollary bolan bu ýollarda, Allah (j.j.) olaryň gören gözleri, eşiden gulaklary we tutan elleri bolupdyr. Ýagny, Allah üçin görüpdirler, Allah (j.j.) üçin eşidipdirler we Allah üçin ýöräpdirler. Allaham (j.j.) olary başga ýollara degişli zatlar görkezmändir, eşitdirmändir we aýaklaryny başga ýollara basdyrmandyr.
Häzirki döwürde bolsa, Hakyň we hakykatyň terjimeçisi bolan, dine egin diräp eýe çykan we köňüllerde Allahyň (j.j.) adynyň, Resulullahyň (s.a.w.) ýatlanmagy üçin çalyşýanlary Allah (j.j.), inşaallah, hidaýet eden ýolundan çykarmaz, ýalňyşdyrmaz, günäleriň içine taşlap, heläk etmez. Bu gün inişe uçran mukaddes amanatyň göterjileri bolan jemagatlary zaýa etmän, maksadyna ýetirer.
Allahyň Resulynyň (s.a.w.) ömür beýanlarynda, (Oňa belli bir manyda öldi diýmeýaris), soňky demine çenli hemişe bu wesile bolmak wezipesini berjaý edipdir. Allah (j.j.) Habybyny “Iň ýakyn garyndaşlaryňy ahmal etme” (Şuara, 26/214); “Ýatlat, öwüt ber” (Gaşiýe, 88/21); “Sana emr edileni (başlary ýarylaýara gelýänçä) aç-açan düşündir” (Hijr, 15/94) permanlary bilen imana çagyrmagy tabşyrypdyr. Onuň ähli yza we jepalara, ezýetlere, sütemlere, jebirlere döz gelmegini, özüne çekiji ähli dünýälik teklipleri ret etmegini ýatlaň. Kur’anda aýdylşy ýaly, Onuň tas janyny pida we özüni ýok etjek derejede hyjuw, isleg we arzuw bilen wezipesini berjaý etmek üçin yhlasyny gaýgyrmaýşyny göz öňüne getiriň. Pygamberimiz hatda ymmatynyň halas bolmagy we olary hem alyp, şol ýere äkitmek üçin jenneti hem goýup, kowmunyň arasyna dolanyp gelendigi bize mälimdir. Bularyň ählisi din dawasynda düşünjesi üçin nähili akylyňy haýran galdyryjy pidagärlik etmelidiginiň nusgasydyr. Mübärek aýaklaryna daş bilen urulmagy, bedeniniň gana boýalmagnyň bahasyna Taife gidip, Hakyň terjimeçisi bolmagy, özüne her hili erbetlikleri eden adamlary, aýratynam, Mekge boýun egdirilende “Gidiň, siz azat!” diýip edenlerini bagyşlamagy we Ashaby Kiramyna gylyçlaryň gynyndan syrylyp, başlaryň kesiljek wagty duşmany ilki bilen “Imana we Yslama” çagyrmagy tabşyrmagy, aýratynam, Eý, Aly! Seniň eliň bilen bir kişiniň hidaýata eýermegi ýer ýüzünde bolan we Günüň üstüne dogýan her bir zadyndan (başga bir rowaýatda – dereler doly goýunlardan we düýelerden) has haýyrlydyr” diýmegi, başga-da köp hadysalar we hadysy şerifler hidaýete wesileligiň nä derejede ähmiýetlidigini görkezýär.
Wesile bolan şol işi eden ýaly sogap gazanar. Bu mewzugda Söz Soltany: “Kim ýagşy ýol-ýoda açsa we haýra wesile bolsa, onuň açan ýodasynda ýöreýänlere beriljek sogap azaldylman ýoly açana-da beriler. Günä we erbet ýoly açanlara-da şol ýolda ýöreýänleriň gazanjak günäsiçe günä ýazylar” diýýär. Bir mesjit saldyran bolsaňyz, olarda namaz okaýanlaryň sogaby ýaly sogap siziň amal depderiňize-de ýazylar. Edil şonuň ýaly, şol mesjitleri doldurjak nesilleri ýetişdirmek ýolunda gaýrat eden, bu maksat bilen edaralar guran, talyp haky beren, kitap-depder alan bolsaňyz, ýetişdirenleriňiziň sogaplary ýaly sogap size-de beriler we amal depderleriňiz ýapylmaz. Kalby imanly, başy aýdyň, ene-atasyna ytagatkär, Watanyna we milletine hyzmatkär adamlary ýetişdirmek ýolunda her äden ädimiňiz, her alan demiňiz, ybadat we wesilelik üçin eden her amalyňyz siziň üçin ahyret azygy we sagadat (bagtyýarlyk) wesilesi bolar.
Wesiläniň diňe bir wesiledigini, edeniň we ýaradanyň Allahdygyny (j.j.) berk bilmeli we asla akyldan aýyrmaly däldir. Bir kişi imanymyzyň halas bolmagyna, güýçlenmegine ybadatlara öwrenişmegimize wesile bolup biler. Bu ýagdaýda wesile bolanyň “Men bolmasadym sen halas bolmazdyň, men öwrenişdirmesedim sen namaz okamazdyň, imanyňy men halas etdim” diýen ýaly sözleri aýtmagy nähili howuply, we ýalňyşdyr. Edil şonuň ýaly, biziňem “Sen bolmasadyň, men küfüre batjakdym, ybadatyň nämediginem bilmezdim” diýen ýaly oýlansaňyz – bu-da howpludyr. Bularyň biri tefrit, beýlekisi ifratdyr. Munuň ýerine, hidaýete wesile bolan kişi şeýle düşünmelidir: “Allaha (j.j.) şükür, meniň ýaly elinden zat gelmeýän, laýyk bolmadyk we mätäç birini şeýle ajaýyp işe wesile kyldy. Men, belki, bir üzüm çybygydyryn we Allah (j.j.) meniň ýaly gury we zada ýaramaýan bir şaha böleginden şerbet akdyrdy”. Biriniň wesile bolmagy bilen hidaýete ýeten kişem şeýle diýmelidir: “Soltanymyň meniň ejizligimi we mätäçligimi görüp, bir gapygarawuly, hyzmatkäri bilen maňa almaz daşy sowgatlar ibermeginiň garşylygyna meniň Ol Soltany unudyp, gapyçynyň elinden öpmegim, oňa ýalbarmagym we sowgatlary onuňky hasaplamagym, Oňa bolan edepsizligimdir. Hamd we minnet diňe Soltanymadyr, ýagny Allahadyr (j.j.).”
Şu ýerde şu aýratynlyklaryň aýdylmagy gerek: Hamdy (şüküri, öwgüni) we minneti Soltana berip, hidaýeti Ondan hasaplamak, hidaýete wesile bolan adama hormat goýup, oňa gowy duýgular bilen doly bolmagymyza päsgel berýän däldir. Her meselede bolşy ýaly, bu meselede-de Älemler Serwerimiziň (s.a.w.) getiren ölçegleri çäginde hereket edip, hökman deňagramlygy goramalydyrys. Meselem, iň uly hidaýet wesilesi bolan Pygamberimizi (s.a.w.) jöhit we hristianlaryň pygamberlerini edişi ýaly “hudaý” derejesine götermeli däldir. Munuň ýerine onuň üçin “abdühu we rasulühu” diýenimizde, tutuş adamzadyň oňa bergidardygyny unudyp, “Bergidardyr oňa tutuş adamzat/Eý, Rab, bizi magşarda bu ykrar bilen haşr et” diýen dogadanam, ynançdanam daş bolmaly däldir. Çünki, onuň ýolunda we onuň yşky bilen ýaşalmaýan ömre ömür diýilmez. Kur’anyň dili we meňzetmesi bilen aýtsak, ony kalbynda götermeýänlere we ýaşaýyşlaryna ýörelge we getirenlerini-de durmuş edinmeýänlere edil gabyrdakylara sereden ýaly seredip bolar.
Hawa, takdyrda tämiz fytratlaryň bozulyp-bozulmajakdygy we ömürboýy ynsanyň öňünden çykjak wesileler bilen birlikde, eradanyň bu sebäplere görä nähili durjakdygy has öňünden bilinip ýazylmagy haýyr we şeriň Allah (j.j.) tarapyndan ýaradylmagy meselesinden tapawutly däldir. Ynsanyň eradasy bilen herekete giren ähli ýerinde Allah (j.j.) haýram, şerem ýaradar. Emma käte at:a kanuny bilen tejelli edip, şeri ýaratmaz. Çünki, Onuň şere razylygy ýokdur. Muňa garamazdan, gul erkini şer ugrunda ulanmakda kesirlik etse, närazy bolsa-da, şeri ýaradar. Çünki, dünýä bir synag, bir bäsleşik we gulluk dünýäsidir. Şeýle hem şeriň ýaradylmagynyň däl, işiniň şerdigini, biziň şer hasaplaýan köp zatlarymyzda möhüm haýyrlaryň bardygyny, perişdeler jähdinden her bir zadyň haýyr we hikmet çäginde bolýandygyny, şol sebäpdenem şeriň ýaradylmagyna şer diýilmejekdigini has öň aýdyp geçipdik.
- -de döredildi.