Ruhuň barldygy, aslyýeti we aýratynlyklarynyň delilleri

Ruh – Emr äleminden gelen aňly-düşünjeli barlykdyr, emma maddy älemden däldir. Geliň, bulary gysgaça beýan etmäge çalyşalyň.

Maddy älem ýa-da Şehadet älemi bizi gurşap alan şu älemimizdir. Käte “Mülk” we “Şehadet älemi-de” diýilýär. Allah (j.j.) şu älemde öldürer, direlder, täze-täze organizmler ýaradar, döreder, gurar. Ýaradylanlar belli bir şekile girerler, bezenip-beslenerler. Ösümlikler, haýwanlar we ynsan bu äleme dirilik beren janly ýaradylanlardyr. Zerreden başlap tutuş älem sistemalaryna çenli gözümize görünýän, el bilen tutulýan we boşlukda orun alan ähli maddy barlyklar, maddy älem diýýänimiz şu äleme degişlidir.

Emr älemi – maddy ölçeglere sygmaýan, has tapawutly kanunlaryň häkimlik edýän bir älemidir. Bu älemiň esasy madda däl-de, magnadyr. Magnany ele alyp, tutup görüp bolmaýandygy üçin, biz diňe onuň Mülk we Halk äleminde (maddy älemde) ýerine ýetirýän funksiýalaryny görýäris we şolaryň üsti bilen Emr Älemine düşünmäge çalyşýarys.

Meselem: Bir tohumy ýa-da şänigi mysal alalyň. Maddy äleme degişli bolan tohum özünde göterýän dirilik düwünçegi sebäpli Emr älemine-de baglydyr. Çünki, her tohumda we şänikde onuň diriliginiň ýerleşýän merkezi we ony janlanmaga, ösüp kemala gelmäge boýun egdirýän kanun bardyr. Şänikdäki dirilik düwünçegi ýarylar, açylar, jan girer, gögerer we soňunda agaç kemala geler, miwe berer. Bu ondaky ösmek-kemala gelmek kanuny sebäpli bolup geçän hadysadyr. Emma bu kanun göze görünmez, ele tutdurmaz, sesem eşdilmez. Biz diňe bu kanunyň hökümine tabyn göwrä degişli maddy barlygyň fiziki ösüşini ýeke-ýeke yzarlap bilýäris. Ýagny ýaradylanlaryň älemine degişli tarapyny synlaýarys, Emr älemine bagly ýerini görüp bilmeýäris. Ýöne ony görmesegem bardygyny kabul edýäris. Çünki, maddy sebäpleriň beýle netijä getirmegi mümkin däldir. Bir gysym topragyň we bir bölek howa elementleriniň Ýer ýüzündäki ösümlikleriň görnüşlerini tanamajagy belli. Ýogsa, toprakdyr howada millionlarça dürli ösümliklere, janly-jandarlara şekil berip biljek gural bolmaly. Bu-da hyýaly bir zady hakykat hökmünde kabul etmek bolar.

Enäniň garnyndaky sperma-da edil topragyň bagryndaky tohum ýaly, ýumurtgadaky ösmek-kemala gelmek kanuny bilen ösýär. Enäniň ýatgysy her aý boşaýar – bu bir kanun. Soňra onuň diwarlary, gelmegi mümkin myhman – sperma üçin witamin skladlary hökmünde taýýarlanar, bu-da kanundyr. Ene ýatgysyna tarap herekete giren millionlarça spermadan diňe biri ýaryşda öň geler we ýumurtganyň gabygyndan içine girer. Ol gireni bilenem gapy ýapylar. Ine, ýene bir kanun! Soňra Kur’anda beýan edilşi ýaly, sperma döwürleýin üç sany garaňky otagda öýjük, dokma we organ etaplaryny geçirer. Tohum haýran galdyryjy görnüşde iýmitlener, öser. Bu hem kanundyr. Oňa biz embrionologiki kanun diýýäris. Düwünçegiň döwürleýin ösüşini ýeke-ýeke synlasagam, ösüşlere emr edýän kanunlary görüp bilmeýäris.

Şeýle hem Ýeriň dartyş kanuny ýaly, birgiden kanunlaryň bardygy kabul edilse-de özlerini görmek mümkin däldir. Biziň görýänimiz diňe bu kanunlaryň maddy älemde görünýän funksiýalarydyr.

Ruham bir kanundyr we ýokrda mysal getirip, düşündirmäge çalşan kanunlarymyzyň hilindendir. Ýöne beýleki kanunlarda düşünje we düşünmek ukyby ýokdur. Ynsanyň ruhy welin, bu ukyplara eýedir.

Allah (j.j.) ruhy “Kun” emrine degişli älemden iberipdir. Kur’anda ruh Serwerimize düşündirilende: “Aýt, ruh Rabbymyň emrindendir” (Isra, 17/85) diýilýär. Aýatda “Rabbym” diýilip, “Rabbül-älemin” diýilmeýändigi, onuň Halyk Älemine däl-de, Emr Älemine degişlidigine delilleriň biridir.

1. Ruh dolulygyna düşündirilmeýşi ýaly, oňa adamzat maglumatlary bilenem düşünmek mümkin däldir:

Ruh – sapdyr, birnäçe zatlaryň birleşmesi däldir. Madda atomlardan, atomlaram dürli böleklerden emele gelendigi üçin dargap gitmelidir. Emma ruhuň ýagdaýy beýle däldir. Onuň barlygy bütewidir, iýonlaşmaz we dargamaz. Zandy şeýle bolany üçinem biz ony maddany gören ýaly görüp, laboratoriýalarda derňäp bilmeýäris. Diňe maddy älemde görünýän täsiri bilen ruhuň bardygyny kabul edýäris, emma şonda-da onuň asyl durkuny bilmeýäris. Dogrusy, bir zadyň bardygyny kabul etmek bilen onuň asyl durkuny bilemek başga-başga zatlardyr.

Bir zady görmek üçin göz gerek, emma diňe gözümiz ýeterlik däldir. Çünki, beýni işini kemsiz berjaý etmese, göz görmek funksiýasyny ýerine ýetirip bilmez. Sebäbi göz bir penjire, görmek beýnä degişli işdir. Beýniňem ýagdaýy gözüňkiden tapawutly däldir. Olam özündäki ähli bölekleri işletmek üçin merkezi dolandyryjy güýje we hemişe emrinde saklaýan serkerdä mätäçdir.

Hawa, beýni hiç haçan özünden aşyp, üstünden hökümini ýöredýän ruha “Seniň asyl durkuňy bilemok. Şonuň üçinem sen ýok” diýen ýaly samsyk jogap berip, gödeklik etmez. Çünki, beýni özünden ýokarda durýan ýokary derejede kämil güýje akyl ýetirip bilmegi üçin, elindäki gymmatsyz maýasyny, madda bilen çäklendirilen duýgularyny aşyp, ähli ukyplaryny ulanmagy gerekdir. Diňe şonda iç-içine işilen müňlerçe çemberiň içinden we gitdigiçe giňeýän halkalaryň arasyndan geçip, ruh ýaly kenarsyz deňiziň asyl durkuna akyl ýetirmek çäklerine ýakynlaşyp biler. Bu bolsa, Halyk älemi diýilýän şu maddy älemde mümkin däldir.

Ruhuň asyl durkyna düşünip bolmansoň, ony suratlandyryp hem bolmaýar. Bu meselede aşa geçmek ruhy inkär etmekdir, kemter gaýdylmagy bolsa, ony madda kimin suratlandyrjak bolmakdyr.

Ruhy suratlandyryp bolmaz. Çünki, adam öz dünýäsine degişli barlyklary we hadysalary suratlandyrmakdanam ejizdir. Gepiň gerdişine görä mysal getirsek, ömründe bir gezegem bal iýip görmedik adama hernäçe dilewar, gepe çeper bolsaňyzam baly doly suratlandyryp, düşündirip bilmersiňiz. Gury söz balyň berýän lezzetini berip bilmez. Ömründe bägül bilen ýowşanyň gülüni ysgap görmedik adama bu iki gülüň ysyny taryp etmek bilen tanatmak mümkin däldir.

Adama bilmeýän dilinde ýazylan kitaby tutuşlygyna okap çyksa-da, ýekeje sözüne-de düşünmez.

2. Maddanyň dyman wagty gürleýän jöwher ruhdyr:

Ýaradylanlaryň äleminde-de gepleşmeleriň dürli-dürlidigi hemmämize mälimdir. Bu ýerde gepleşmek diýýänimiz ynsan diliniň güli – söhbetdeşlik çemeni däl, ýönekeý bir düşünişmek we habarlaşmak görnüşidir. Çünki, her hili düşündirmek terzi gepleşmegiň bir şekilidir.

Diňe biziň eşitmek ukybymyzda şeýle köp dürli sesler bar. Iki daşy biri-birine uran wagtymyz çykýan ses bilen, iki sany agaç ýa-da demir böleginden çykýan sesler dürlüdir. Ýeriň aşagyndan gaýnap çykýan çeşmäniň suwunyň sesi bilen, akar ýapdan ýuwaşja akýan suwuň sesem biri-birine meňzemez. Apy-tupanyň ýüregiňi hopukdyrýan sesiniň ýanynda saba şemalynyň sesi adam üçin nähili ýakymlydyr. Gök gürlemesem sesdir. Bu ses tisgindirer. Ýagyşyň jadylaýjy sesinde bolsa, rahatlyk gizlenendir.

Tokaýyň janly-jandarlaram özlerine mahsus ses ederler. Käsiniň sesi ýakymsyz, käsi lezzet berer. Asman gümmeziniň çagalary – guşalaryňam sesi dürli-dürlüdir. Bilbil – saýrar, garga – gagyldar.

Madda äleminiň özüne mahsus, köp dürli gepleýşi bar. Munuň beýle bolmagy hikmet taýyndan ähli barlygyň ýeke-täk, birmeňzeş ses çykaryp gürleşmeginden gowudyr. Hak Tagalanyňam her älem bilen gürleşmegi tapawutlydyr. Perişde bilen birhili, pygamber bilen başgaça, ylhamdan doly weli bilen üýtgeşik dilde gürleşýän Allah (j.j.) ynsana Kitaby bilen ýüzlener, daga-daşa, asmana ýene bir dilde seslener. Päk we tymsaly bolan wahyý-y ylhamy bolsa, asla başgadyr.

Berzah äleminiň özüne mahsus gürleşmek diliniň bolşy ýaly, magşar bilen, jennet we jähennemdäki gepleşmeleriňem o dünýä mahsus boljagy düşnüklidir.

Indi şu dünýämize dolanyp geleliň. Adamlaryň öz aralarynda gürleşmek we düşünişmek terzlerem köp dürlüdir. Ýer ýüzünde müňlerçe dil bardyr. Hatda hereket üsti bilen duýgularymyzy beýan edýän yşarat we mimikalarymyzam tapawutlydyr. Her milletiň ýa-da bir milletdäki tire-taýpalaryň begenjini, şatlygyny görkezýän hereketleriň şeýle köp dürli bolmagyny başga näme bilen düşündirip bolar. Aslynda, däp-dessurlaryň dürlüligem bize oýlanmaga mysal dälmi?

Adamlar kompýuteriň üsti bilen gürleşenlerinde-de başga bir dili ulanýarlar. Bu dil adaty dilden kän tapawutlydyr. Belki, ynsan geljekde robotlar bilenem başga bir dilde gepleşer. Adamyň telepatiýa arkaly gürleşişi bize başga älemlerde başgaça gürleşmek görnüşleriniň bardygyny görkezýär. Jadygöýleriň, gipnozçylaryň we ruhy çagyrýanlaryň dilem başga-başgadyr.

Ýenede adamyň dilini ulanman içini gepletmesi bar. Muňa “nebsi gürleşme” diýilýär. Aslynda “gepleşmek” diýilende ilki bilen kelläňe sesli gürleşmek gelýär. Emma içgepletmede dildir dodak hereket etmez. Ýüzlenýänimiz özümizem, başga birem bolup biler. Hyýalymyzyň ganat ýaýmagy bilen başga dünýälerde, başga älemlerde ýaşarys we biziň dünýämize hiç gelip görmedik barlyklar bilenem oturyp söhbet ederis, biri-birimiziň diline-de düşüneris.

Düýşleriňem özüne mahsus dili bolýar. Bedenimiz ýarym öli, ukuda ýatyrkak, nähili hadysalary, ne günleri başdan geçirýäris, kimler bilen nämeleriň gürrüňini edýäris. Käte gülkümiz dagy sarsdyrsa, agymyz ýüregi awadýar. Üstesine biz şeýle zatlary başdan geçirip ýatyrkak, ýanymyzda oturan adamlaryň mundan sähelçe-de habary ýok. Ne gülkimiz olaryň gaharyny getirer, ne-de, agymyz ýüreklerini awadar.

Hawa maddamyzyň dymýan wagty bizde gürleşýän jöwher bardyr, oňa ruh diýýäris. Başga biriniň ony başgaça atlandyrmagy onuň asylyny üýtgetmez. Mundan başga-da duýgylaryňam özüne mahsus dili we gürleşişi bardyr.

3. Ruhuň özüne mahsus daş keşbi, mysaly bedeni bardyr:

Ruhuň özüne mahsus daş keşbi bardyr. Biz oňa mysaly beden diýsegem, başga-da birgiden atlar bilen atlandyrylýar. “Gylafy nurany”, “latifei seýýale”, “bedeniň ýesiri”, “bedeniň energiýasy”, “ikinji beden”, “perispiri”, “dublikat”, “fantom”, “astral beden” we ş.m.-ler.

Her zat jübt ýaradylanyna görä, fiziki bedenimiziňem taýy bolmaly, ol hem mysaly bedendir. Inçe we akyp duran bu beden şol bir wagtda ruha daş gabyk we egin-eşik bolmak wezipesini ýerine ýetirýär. Ölenden soňam ruhy ýalaňaç goýmaz. Bedeni terk eder, emma, ruh bilen dostlugyny dowam etdirer. Ruh maddy eşigi taşlar, ýöne mysaly bedeni çykaryp zyňmaz.

Yslam çeşmelerinde aýdylşy ýaly we ruhy öwrenjiler tarapyndan tassyklanmagyna görä, bedeniň käbir agzalary kesilip aýrylan adamlarda şol kesilen agzanyň ruhuň mysaly bedenine degişlidigi duýulýar.

“Rusýada Taňra dolanmak” atly kitapda bu meselä degişli giňişleýin düşündirişler bar. Meselem lukmanlaryň bir topary şeýle diýýär: “Ähli janly barlyklaryň atomdan we molekulalardan ybarat fiziki bedeni bilen birlikde, onuň kopiýasy energetiki bedeni bardyr...”

4. Kirliýan usuly bilen ruhyň mysaly bedeniniň foto-suratynyň alynandygy hem aýdylýar:

Kirliýan fotografçylary ýokary tolkunlarda düşürilen suratlary bilen mysaly bedeni anyklapdyrlar. Gollary kesilen biriniň kirliyan usulunda alynan suratynda olaryň kesimedik ýaly görnüp durmagy ruhuň daşyna geýdirilen mysaly bedeniň şekilini görkezýän bolsa gerek. Gazagystanda Almata şäheriniň Kirow uniwersitedinde ýokary tolkunda alnan suratda organizmiň ýaşaýan hereketli dublikaty görülipdir.

1968-nji ýyllarda “Kirliýan usulynyň biologiki esaslary” ady bilen bir kitap neşir edildi. Onda ýerleşdirilen suratlarda kesilen organlaryň ýerinde ikinji organ (bioplazmik organ) görünýär.

Amerikaly lukman Watters hem suw buglarynyň ionlaryň üstünde birleşmeginden hereket edýän ikinji bedeni gördi. Ol elli töweregi çekirtgäni etil spirtli pagtalara sarap, olar ölendir diýen pursatyndan otaga suw buglaryny goýberip surata düşürýär. Netijede, ölen on üç çekirtgäniň hyýaly keşpleriniň suraty görünýär.

5. Mysaly beden jesetden aýrylyp syýahat edip bilermi we onuň bir wagtda dürli ýerlerde görünmegi mümkinmi?

Fransiýada neşir edilen “Le Monde La Wie” atly žurnalyň 1963-nji ýylyň mart aýynda çykan sanynda (eger hristianlygy propaganda etmek maksady ýok bolsa) bir ruhanynyň başyndan geçen geň hadysa beýan edilipdir. Bir ruhany bir topar çaga bilen gezelenç etmek üçin Şwesariýanyň daglaryna gidende ýolda uklaýar. Oýananda bedeninden daşlaşýanyny, ellerini hereketlendirýänini duýýar. Tiz wagtdan bu ýagdaýy bilen öwrenişip, daglaryň üstünde uçmaga başlaýar. Çagalar ýadyna düşünde ýanlaryna gitmek isleýär we gidýär. Soňra aýalyny ýatlaýar we şolbada şäherde, aýalynyň ýanyna barýar. Bulary onuň özi görse-de, başga hiç kim görmeýär. Birdenem rahatsyzlyk tapýar we özüni bedeninde duýýar. Ol şeýdip adaty halyna dolanyp gelýär. Ol bu görenlerini gürrüň berende, eşidenler haýran galýar. Bu waka Angliýada barlanyp, hakykatdygy tassyklanýar.

Şeýle hem SSSR-de bedeninden çykyp, syýahat edýän ýogalar öwrenilipdir. Adamlar krizis, koma ýa-da trans halynda we anasteziýanyň täsiri bilen energetiki bedenlerini daşary çkaryp bilýärler.

Aslynda temessül – haýsy hem bolsa bir görnüşde görünmek diýmekdir. Perişdelerem, jynlaram temessül edip bilerler. Düýşde hakykatlar, gabyrda amallarymyz temessül eder. Ruham daş gabygy bolan mysaly bedeni bilen temessül edende, onuňam edil özüne meňzäp durandygyny göreris. Şol sebäpden düýşümizde tanaýan adamlarymyz ruhlary bilen temessül eden wagty görünýän ruh bolsa-da, olary edil maddy şekillerinde görýän ýaly bolýarys.

Ruh öz aslynda maddy eşigi bolan jeset ýalydyr. Magnawy eşigi-de, mysaly bedenidir. Allaha ýakyn baran weliler temessül eden wagtlary ikinji bedenleri bilen 5-10 ýerde görnüp bilerler. Meselem, olaryň türmedekäler mesjitde ertir namazyny okap duranlarny we şol bir wagtda Käbä togap edýänlerini görüp bileris. Abdülhamid Jennetmekan hezretleri hiç haja gitmedigem bolsa, ony hajda görenlerine kepil geçýänler bar. Hatda “Geldi we şu öýde boldy” diýenlerem eşitdik. Halk arasynda “Pylan söweşde pylan weli ýetişdi, kömek etdi” diýen ýaly wakalar gürrüň berilýändir. Daşa gitmek gerek däl, Kipr söweşinde pylan weliniň pilotuň ýanynda oturyp: “Oglum, bombalary şu ýere, şu ýere taşla!” diýip öwredenini gürrüň berýärler. Emma hakyky bedenleri nirede bolsa, nirede özüni aşyp, nirede Rabbynyň bu ihsanyny gazanan bolsa, inçe bir hala geçen bolsa, hakyky özi şol ýerdedir. Muňa garamazdan, olar mysaly bedenleri bilen birnäçe aýnada birden görünýän ýaly, dürli ýerlerde görnüp bilerler. Welilerden “abdal” derejesine ýetenler, aýdaly, şu wagt mesjitdedirler, emma şol bir wagtda Serwerimiziň (s.a.w.) huzuryndadyrlar. Bir görseň Käbededirler, hem başga bir ýerde wagyz edýändirler. Muny bilseňiz, eliňizi bedenlerine degirseňiz, eliňiz içinden geçer gider. Çünki siziň eliňizi degireniňiz olaryň asyl bedenem, ruham däldir. Bu olaryň ruhunyň daşyndaky eşik bolan mysaly bedendir we olar temessül halyndadyr.

Gün bir tarapdan maddy bolany üçin birdir, emma müňlerçe ýerde temessül edýändir we görünýändir.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2024 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr