Sözbaşy

Ynanjyň saýasynda

Imana we Yslama degişli meseleler düşündirilende „Nähiliden?“ öňürti „Näme üçinleriň?“ beýan edilmeli döwründe ýaşaýandygymyz her kime bellidir. Bolup geçýän hadysalary diňe bir synplara bölmek däl, olary derňemek islänler hem wyždanyna ikilik etmän, bu hakykaty inkär edip bilmez. Çünki, köki aňymyzda, şahalary we miwesi köňlümizde bolmaly Tuba agajyna meňzeýän iman, häzirki döwürde takyk ylymyň, pelsepäniň we ösen tehnologiýanyň güýjüni ulanyp, jähennem höwesli bir hüjüm bilen ýok edilmek islenilýär.

Köki guran agaçdan miwe alyp bolmaýşy ýaly, “näme üçinleriň” guradan “imanyndan” “nähili” diýlen gymmatly miwäni almak mümkin däldir. Weýran edilen ýer ilki bilen bejerilmeli, dikeldilmeli, soňra, abadanlaşdyrylmalydyr. Bejerilmekden, dikeldilmekden öň abadanlaşdyrmak peýdasyz, bejerilmänkä dikeltmek hem netijesiz, soňra dikeldilip, abadanlaşdyrylmajak bolsa, bejermek hem manysyzdyr. Şonuň üçin, her meselede bolşy ýaly, munda-da ifrat (aşa geçmek) we tefritden (kemter gaýtmak) gaça durup, orta ýoly tapyp, dogry netijä ýetmegiň gutulgusyz dessuryna eýermelidir.

Akylyň salgy berýän delillerini niýet we maksat edinip, dialektikanyň we demogogiýanyň ters ýoluna düşmek nähili ýalňyş bolsa, ondan doly ýüz öwürmegem dogry däldir. Aslynda, bu iki ýalňyş bir hakykatyň iki sany tapawutly ýüzüdir. Derňewdäki bu ýalňyşlyk hem şolaryň her birini aýratynlykda dogry hakykat hökmünde kabul etmekdedir. Bu tapawutly düşünje prinsipleriň her birini aýratynlykda gutarnykly hakykat hasaplamak olaryň arasynda geçip bolmajak uçrumlary döredipdir we häzir hem bu ýagdaý dowam edýär. Emma duýguçyllykdan daş parasatlylyk we çuň düşünje bu iki tarapy birleşdirip aradaky gorpy aýryp biler.

Ymam Gazaly we Möwlana ýaly, Yslamyň beýik alymlary hakykata barýan ýolda akylyň getirýän delillerine meşgul bolmagyň diňe wagtyňy zaýa etmekdigini, güýjüni diňe akylyň delillerini ýygnamaga sarp edýän kişiniň hakykata ýetýänçä ysgyndan gaçjakdygyny nygtapdyrlar. Ymam Gazaly akylyň delilleri bilen hakykata ýetmek isleýän adamy haja niýet edip, atynyň serenjamyna güýmenip, ýolundan galan kişä meňzedipdir. Ol: “Beýle meşgullyk ynsany hakykata ýetirmez, gaýta, ondan mahrum eder” diýipdir. Möwlana bolsa, hakykaty delillerden tapmaga çalyşýan adamy “Käbäniň öňünde durka, kyblany gözleýäne” meňzedipdir.

Gazaly bilen Möwlananyň akylyň delillerine beýle sowuk garamaklaryna sebäp bolan aýratynlyklaryň her biri özbaşyna derňewi talap edýär. Çünki, bu garaýyş we düşünje barada şol döwre degişli etimologiýany öwrenmän bir söz aýtmak çetindir. Şeýle etimologoki derňew bolsa, şol döwre çenli emele gelen Kelam ylmynyň bu tema degişli meselelerini täzeden gözden geçirmek we öwrenmek arakaly berjaý edilip biliner. Meseläniň bu tarapyny ýörite şol ugurda işleýän alymlara goýup, bir-iki sany kiçijik derňew bilen kanagatlamagy makul bildik.

  1. Yslamyň bu iki beýik alymynyň ýaşan döwürlerinde akylyň delilleri bilen meşgullanmak, zerurlyk beýlede dursun, paradoksal fantaziýadyr. Çünki, iman berk, sagdyndyr. Onuň deliller bilen berkidilmegine zerurlyk ýokdur. Zerurlyk ýokka, berkitjek bolmagyň ýykjak bolmakdan tapawudy näme?! Şonuň üçin, ýykylmaga eltip biljek akyl delillerine garşy çäreler öňünden görülipdir.
  2. Edilen terjimeler bilen Ýunan pelsepesiniň ýeňilen döwründe akylyň delillerine meşgul bolmak akylsyzlyk hasaplanardy. Şeýle ýagdaýda akylyň delilleriniň faziletinden söz açmak, Mejnuny yşka höweslendirjek bolmak ýaly manysyz görnerdi. Şol bir wagtda, hiç hili tankydy göz bilen garamazdan kabul edilen pelsepe düşünjelere düşündirişler talap edilmelidi we bu işi hem olar berjaý edýärdi.
  3. Akylyň delilleri hakykata eltýän ýolda diňe bir wesile we köpri bolmalyka, maksada öwrülipdi. Ymam Gazalydyr Möwlana we olar bilen pikirdeş din alymlary beýle ters ýola düşenleri dogry ýola salmak isleýärdiler.
  4. Olaryň ýeten ýagdaýynyň we derejsiniň edebi bu çemeleşmäni hökmany edipdir. Şeýle hem, şol döwürde ýüze çykan ruhy hassalyklar olaryň ulanýan usuly arkaly doly bejerilipdir.
  5. Ol beýik adamlar dury suwa meňzär. Ýaşaýan döwürleriniň gabyna görä, şekile girerler. Bu şekile girmek bolsa, içinde ýaşaýan şertler bilen gatnaşykda ýüze çykýar. Şol döwürde ýazylan ählli eserler muňa iň aýdyň mysaldyr.

Häzirki döwrüň adamalary özüne düşündirilen ähli meseleleriň mümkin boldugyça akylyň delilleri bilen berkidilmegine ähli döwürlerdäkiden has mätäç. Ýöne meseläniň maňzyna ýetip bilmek üçin onuň daş gabygyny döwmek gerek. Ýagny, maňzy datmak üçin gabygy aýyrmak hökman, emma bu ýeke-täk şert däldir. Beýik alymlaryň bu işi gaýtalap durmaklary bolsa, özleriniň dadyp doýanlaryny, nesibesi barlara-da dadyrmak üçindir. Çünki, olar özlerinde Hakkal-ýakyny gören nazardyr garýyşyň barlygy üçin delilldir subutnama mätäç däldir. Serleri arşyň mertebelerinde gezýän bu ägirtler, nijeme kişileriň golundan tutup, o derejelere ýetirip bilmek üçin aýaklaryny ýere diräpdirler. Jismaniýet diwarynyň arasynda gysylyp galan şol görgülileri ruhuň we kalbyň ýaşaýan derejesine göterip bilmek üçin, ol pirlerde muňa zerurlyk bardyr. Ýöne olaryň bu maksat üçin delildir subutnamalara dolanyp gelmeklerine diňe pidagärlik hökmünde seretmek gerek. Çünki, olar bu ahlagy hiç kimiň baryp bilmedik, hatda Jebraýylyňam nazarynyň ýetmedik mekanlaryna gadam basan Iki Jahan Serwerinden (s.a.w.) öwrenipdiler. Onuň magraçdan yzyna dolanyp gelşi iň uly hikmet sapagydyr. Munda maksat – Ballaryň Balyny tapmak we başgalara-da tapyp bermekdir...

“Ynanjyň saýasynda” hem şeýle maksat bilen taýýarlandy. Awtoryň dürli döwürlerde eden wagyzdyr söhbetlerinden bu tema bilen baglanşygy bolanlaryny bir ýere jemlemäge çalyşdyk. Muny taýýarlaýanlar uly kynçylyklary çekdiler. Çünki, düşündirilenler temalaryň içinden içine geçip gidýärdi. Olary saýlap, böleklere bölmek tutuş söhbete zelel ýetirip biljekdi. Şol sebäpden uzak wagtlap, seresap işlemek gerek boldy. “Ynanjyň saýasynda” şeýle zähmetiň netijesinde döredi.

Eliňizdäki eser kitabyň birinji tomy. Birinji kitapda “Towhydyň delilleri”, “Ruh-perişde-jyn-şeýtan”, “Ýazgyt” we “Metafiziki dartgynlylyk” ýaly temalaryň üstünde durulýar. Beýan edilişdäki çynlakaýlyk we ussatlyk örän ýokary derejede.

Hamd sanjagynyň saýasynda saýalamak her birimiziň arzuw-dilegimiz. Eliňizdäki eser ählimiz üçin şeýle netijä sebäpkär bolar diýip umyt edýäris.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr