Hyzmat Hereketi Hakynda

Hyzmat Hereketi Hakynda

1. Hereket – hereketlendiriji güýje eýe bolup, dünýä ýüzünde tanalmagyna bagly ýagdaýda musulmanlara, musulman dällere, adamzada hyzmat etmegiň umumy idealynyň çäginde bilelikde işleşýän, köpeliji, bütewleşdiriji, birleşdiriji we köňli pidagärlige daýanýan hyzmaty hödürleýän özbaşdak jemgyýetçilik hereketidir.

2. Hereket – ýurduň içindäki we daşyndaky bir gurama bolup, döwletiň syýasatyna we ideologiýasyna goşulmaýan, garaşsyz, hukuga boýun egýän, syýasatdan daşary we özbaşdak hereketdir.

3. Din we medeniýet taýyndan gumanizmi we söýgüni, sosial taýdan agzybirligi we dialogy, çemeleşmek we herekete girmek taýyndan adamlaryň bilimini we ösüşini maksat edinen, oňaýly we makul düşünjedir hereketi esas edinýän, oňuşyksyz we reaksioner bolmadyk, parahatçylyk söýüji ynsanperwer hereketdir.

4. Hereket – yslam gymmatlyklaryna kökenlenen bolsa-da, diňe dini ýa-da dinden başga hiç zady kabul etmeýän, yslamçyl ýa-da däp-dessury esas edinýän milletçi hereket däldir. Panturkist ýa-da panyslamist däldir. Islendik mezhep, tarykat, kult (esasan din manysynda ulanylsa-da, din we sosiologiýa bilimlerinde, daş-töweregindäki medeniýetiň ýa-da jemgyýetiň umumy ynanjy ýerine ýetirýän we ybadatlara özüni bagyş eden jemgyýete berlen at) ýa-da olaryň şahalarynyň, dowamam däldir. Hereket – irki döwüriň (yslam) sopularynyň orta çykaran, ýaşan we häzirki döwrümizde-de ähliumumy hökmünde kabul edilen ahlak herketlendiriji güýçlerine, gymmatlyklaryna hormat goýýandyr, emma, klassyky ýa-da modern manydaky tarykatam däldir. Hereket – din, ynanç we beýan etmek azatlygyny, ynsan haklaryny, hukugyň rüstemligi ýaly ähliumumy gymmatlyklary pena edinýän ynançdan ylham alan, parahatçylygy ündeýän hyzmat sistemasydyr.

5. Herekete köňlüni baglan adamlar dünýä ýurtlarynyň ençemesinde, ýaşaýşyň dürli derejesinde, ylym-bilim, saglyk, mediýa (köpçülikleýin habar beriş serişdeleri), dialog, adamlara kömek etmek, milli we halkara söwda bilen baglanyşykly ygtybarly we makul görülen guramalar gurdular. Bular herkete köňlüni bagyş eden adamlar tarapyndan ýeke-ýekeden ýa-da toparlaryň agyzbirikdirmeleri netijesinde guruldy we professional derejede işledilýär. Agzap geçilen guramalar aýdylan çäklerde edýän işleri bilen adamzada şahsy we guramalar derejesinde peýdaly bolmaga çalyşýarlar. Şu sebäpden herekete, köpçülikde ýitip barýan dogruçyllyk, dürslük, adalat, birek-birege hormat, geçirimlilik, parahatçylyk ýaly ähliumumy gymmatlyklaryň jemgyýetde täzeden dikelmegi üçin ýokardan aşak däl, aşakdan ýokaryk gidýän köňül berenleriň hereketidir.

6. 1970-nji ýyllarda Türkiýede ýerli halkyň bilim we medeniýet ugrunda mätäçligini gidermek üçin özbaşdak toplum insiýatiwasy görnüşinde dörän hyzmatdyr. Hereket plýurealizm (bir jemgyýetde dürli garaýyşlaryň gatnaşygyny kabul etmek) düşünjesi we gurluşy bilen ýetişdiren we täsir eden adamlary arkaly hyzmat edýär. Olaryň döreden hak-hukuga laýyk, makul guramalary häzirki döwürde ýurdumzyň çäklerinden aşyp, halkara derejedäki bilim, medeniýet we dialog hereketi hökmünde kabul edilýär. Hereketiň we olardan dörän guramalaryň işleýşi, köňülden çykan pidagärlik, haýyrsöýerlik, hemaýat we goşantlar bilen ýöredilýär. Mundan başga-da söwda, emma, şahsy gazanç-peýda niýetinde gurulmadyk, professional hyzmat guramalarynyň girdejileri arkaly hyzmatlaryny alyp barýarlar.

7. Hereketdir hyzmatlara köňüllerini bagyş eden, oňa goldaw beren adamlar dini ynanja we gymmatlyklara, ähliumumy kabul edilen ahlaga hormat goýýandyr. Bu işe köňül berenleriň umumy maksady adamzada hyzmat etmek arkaly Allanyň razylygyny gazanmakdyr. Bu kesgitlemä girmän galanlaryň esasy höweslendiriji güýji ähliumumy ahlak gymmatlyklarynyň ýaýramagy we jemgyýetde kök urmagy ýoly bilen dünýäde parahatçylygyň ähliumumy agzybirligiň berkemegidir.

8. Hyzmat hereketiniň esasynda jogapkärçilik duýgusyny, Allanyň razylygyny gazanmak islegini, bermek höwesini, maslahatlaşmak ýoly bilen kollektiw akyly we düşünjäni işjeň herekete öwürmek hem-de, netijede emele gelen üstünlikleri şahsyna baglanyşdyrman ony kollektiwe bagyş etmek prinsipleri bardyr.

9. Hyzmat hereketine köňlüni beren adamlar ýüreklerindäki jogapkärçilik duýgusy bilen jemgyýetdäki we dünýädäki problemalaryň çözgüdine goşant goşmak islärler. Halka hyzmat – Haka hyzmat etmekdir düşünjesi bilen edýän hereketleri netijesinde orta goýýan goşantlary arkaly olaryň diňe Allanyň razylygyny gazanmak maksady bardyr. Emma, bu umumy prinsip, şeýle uly gurşawly sosial hereketiň içinde Allanyň razylygyny gazanmakdan başga-da, şahsy arzuwlaryny kanagatlandyrmak we bu sosial baglanşygy söwda pursatyna öwürmek isleginde ýaşaýanlaryňam bolup biljekdigini aradan aýyrmaz.

10. Hyzmat hereketiniň çäklerinde herhili proýektleriň orta atylmagy, baha berilmegi we ýerine ýetirilmegi meselesinde maslahatlaşmak, köňli bir bolanlaryň umumy pikiri makullap, bir karara gelmekleri esasy zatdyr. Bu esas hyzmat hereketiniň iň möhüm, ähmiýetli elementleriniň biridir. Her bir kararyň, köplenç adamyň gözüniň öňünde, onuň razylygynda we goşulmagynda alynmagy aç-açanlygy, durulygy üpjün eder. Kararlar köplenç umumy razyçylyk, her kimiň makullamagynda kabul edilýär. Tapawutly garaýyşy orta atan adam ýa-da adamlar alynmaly karara çürtkesik garşy bolmasalar, kararyň kabul edilmegine razy bolýarlar. Eger, aýak diräp ret edilse, maslahatyň dowamlylygy olaryň umumy pikiri makullamagyna ýa-da çürt-kesik garşy gitmezliklerine çenli uzaýar. Pikir tapawutlylygy dörände, belli bir şahsyň ýa-da şahslaryň nukdaýnazary zor bilen basylyp ýatyrlmazlygy esas bolup durýar.

11. Hereket – ideologiki we syýasy gurama-da däldir. Onuň ne düýn, ne-de bu gün Türkiýede ýa-da Türkiýäniň daşynda hiç bir syýasy partiýa we ideologiýa bilen baglanşygy ýokdur. Herekete goşulýanlar partiýa saýlanlarynda öz şahsy isleglerine görä saýlarlar. Hereketiň gysga ýa-da uzak wagtlaýyn ideallarynyň arasynda dünýewi taýyndan syýasy, ykdysady tamakynçylygy, syýasy guramany ýa-da sistemany ele almak ýaly, açyk-gizlin maksady ýokdur.

12. Herekete goldaw berýän ýürekdeşleriň arasynda, goýulýan hormat we söýgi sebäpli Fethullah Gülene köre-kör eýerýän şahslaryň bolmagy ähtimaldyr, ýöne bu bilim hereketi tutuşlygyna nazara alynsa, beýle ýagdaý ýok diýerlik derejede azdyr. Tersine, herkete goldaw berýänler, onuň ýa-da başga biriniň orta atýan pikirlerini öz erkleri bilen kabul eden, olardan ylham alan we yzysüre maddy-ruhy pidagärlikleri arkaly eýe çykyp, bu pikirleri durmuşa ornaşdyran adamlardyr. Bu jähtden hereketiň işi we täsirine bakyp, ýüzleý garaýyş bilen “Güleniň imperatorlygy”, “Güleniň mediýasy” ýaly aýdylýan sözler we ýorgutlar Gülene we hyzmata köňül berenleriň arasynda hiç haçan kabul edilmeýşi ýaly, bu meňzetmeler bir taraply ýa-da asla tarapsyz sübýektiw pikirlerdir. Başgaça düşündirsek, bular känbir arassa niýeti bolmadyklaryň kinesi ýa-da bilmeýändiklerinden dörän ýalňyş düşünjelerdir.

13. Hereketiň ýerli we daşary ýurtly derňeýjiler tarapyndan görülen we aýdylan iň möhüm aýratynlyklaryndan biri, onuň ösüşe, üýtgemäge we öňe gitmäge açyk bolup, hemişe özüni täzeleýänligidir. Jemagat, jemgyýet... diýýärkäk, bu gün din, dil, gelip çykyş, jyns tapawutlandyrman, tutuş dünýäde ähli adamzady gujaklaýan ölçegde hyzmat etmegi, munuň gowy görkezjisidir. Bu tarapdan herekete goşulýanlara has giň sosial dereje we şahsyýetlik gazandyrýar, gazanmanalaryna-da ýardam edýär.

14. Hereket – adamzadyň ýüzbe-ýüz bolan sosial, syýasy, ykdysady we gurşap alan daş-töwerek problemalarynyň çözgüdinde ynanjyň güýjünden peýdalanyp boljakdygyny öňe sürýär. Netijeleri uzak wagtyň geçmegi bilen görüljek bolsa-da, sabyr we gaýrat talap edýän, ýokary hilli, döwrebap bilim we ylym bermegiň ähli problemalary çözmegiň ýeke-täk çäresidigini kabul edýär.

15. Hereket problemalaryň çözülmegi üçin orta atylan planlaryň we proýektleriň, guramalaryň we edaralaryň, jemgyýetiň mümkin boldugyça köp gatlaklaryny öz içine almagyny, deň, adalatly we gurşaýjy bolmagyny we her kim, her bir gatlak tarapyndan diňe bir dil bilen däl, iş ýüzünde-de goldanmagyny, hossar çykylmagyny höweslendirer we arzuw eder.

16. Herket – ähliumumy-global derejede kabul edilen ynsanperwerlige, pazilete we gymmatlyklara sarpa goýmak bilen birlikde, ýerli-etrap, sosial, syýasy, medeni, ykdysady we dini gymmatlyklara-da hormat goýulmagynyň we goralmagynyň tarapdarydyr. Her kimiň dini, milli we taryhy buýsançlaryny gorap, ylalaşykda hem sazlaşykda, hemişe agzybir ýaşalyp boljakdygyna ynanýar.

17. Hereket halkyň nazarynda ýa-da käbir resmi, resmi däl edara gatlaklarynda halka we Haka hyzmat etmek düşünjesinde käbir düşünişmezlikleriň bolmagy taýyndan Ussat hezretleriniň ylhamyndan dörän Nur hereketiniň dowamy hökmünde görülip biliner. Emma, hyzmat özbaşdak, tapawutly hyzmat usullary, iş alyp barjak ýerlerini, proýektlerini birleşdiriji guramalary, daşary ýurtlara açylmak we beýleki köp tarapdan özüne mahsus aýratynlyklary bolan garaşsyz hereketdir. Sosial, ykdysady, medeni we beýleki şertlere jogap berip bilmek, bu şertlere görä hyzmat usullarynda we görnüşlerinde üýtgäp duran we hemişe ösýän-özgerýän gurluşy taýyndan ne “Nurjulyk”, ne “Diriliş”, ne “Milli Garaýyş”, ne-de “Ortagündogar” we ş.m. hereketleriň dowamy däldir.

18. Hereket özüniň dörän ýeri hökmünde merkezi hasaplanýan Türkiýede we işini dowam etdirýän beýleki ýurtlarynda, döwlet we döwletiň esaslaryna laýyklykda, milli we halkara hukuk çäklerine görä işlemegi ýörelge edinendir. Hereket iş alyp barýan her ýerinde, ýurdunda, şol ýurtlaryň kanunlaryna görä, zerur bolan rugsatnamalary alyp, ýerli we halkara hukuk we düzgün-tertipleri berjaý edip, hemişe barlaglardyr derňewlere açyk görnüşde hyzmatlaryny ýöredýär. Iş alyp barýan her ýurdunda, şol ýurduň we beýleki milletleriň medeniýetine, taryhyna, däp-dessurlaryna hormat goýup, hukugyň ähliumulygyna we rüstemligine ynanýan, din, dil, gelip çykyş we synp tapawutlandyrmalary etmän, adamzada adam bolany üçin sarpa bildirýän kişileri ýetişdirmegi özüne maksat edinýär.

19. Munuň bilen birlikde, ähli sosial-medeni, täzelikçi we parahatçylyk getirji hereketlere dünýäniň her bir ýerinde hökman bir sebäp bilen garşy çykýanlar bolaýar, bolupdyram. Türkiýede-de we beýleki käbir ýurtlarda-da, hereketiň alyp barýan hyzmatyna, proýektlerine we işlerine garşy çykýanlaram bar. Bularyň köpüsiniň ähliumumy gymmatlyklara we ynançlara ýapyk, dogmatik, dialoga garşy gidýän, dowam edip gelýän ýagdaýlary ýitirmek islemeýän, köpçülige goşulmaýan gatlaklardygy görünýär. Bu kesgitlemäniň daşynda galyp, herekete garşy gidýänler bolsa, hereketi hut özleriniň tanamak mümkinçiligi bolman, özünden öňki toparyň garalamak kampaniýasyndan täsirlenýändigi belli bolýar.

20. Hyzmat hereketine köňlüni baglan adamlar tarapyndan açylan we işledilýän mekdeplere atylýan sübýektiw gara ýöňkemeleriň biri-de mekdepleriň yslam dini üçin missionerlik edýänligini aýtmaklarydyr. Şeýle meňzetmäniň sebäbi XIX we XX asyrlarda missionerlik işleriniň köplenç mekdep açmak üsti bilen alynyp barylanlygydyr. Hyzmat hereketine degişli mekdepleriň bolsa, yslam üçin missionerlik edýän mekdepler däldigine, bu mekdepleriň köplenç yslama ýa-da umumy düşünjede dine garşy aşa üns berýän ýurtlarda-da degişli edaralar tarapyndan mydama gözegçilikde saklamagyna garamazdan, köpden bäri işläp gelýändigi ýeterlik we subut ediji delildir.

21. Hereketde merkezleşdirme we ierarhiýa (dereje, mertebe yzygiderliligi) gurluşy ýokdur. Hyzmat guramalaryna we jemgyýetlerine goşulmak, girmek, çykmak meselesi ýüze çykanda agza bolmak, garşy gitmek, jezalandyrmak diýen ýaly sistema ýokdur. Emma, birmeňzeş ideallar we garaýyşlar sebäpli bir ýere jemlenen adamlaryň döreden hereketinde, ýürekdeş, demokratik we dünýäniň islendik ýerinde baglanşyklarynyň bolşy ýaly, sosial, ahlak, etika taýdan birek-birege täsir etmek we prinsipler hökman bardyr.

22. Hereketiň guramalary ýa-da muňa köňül berenleriň arasynda proýekti esas edinýän baglanşyk bardyr. Emma, bu bag iýerarhiýa gurluşda bolşy ýaly, mejbury däl-de, tersine, her kimiň öz ygtyýaryna baglydyr. Hereketiň giň köpçülik tarapyndan eýeçilik edilmegi, resmi agzalyk mehanizminiň bolmazlygy, biri-birini tanamak üçin belli bir zerurlygyň ýokdugy sebäpli, adatça olar özara tanyşlykda däldirler. Munuň bilen birlikde zerurlyk dörän wagty sosial aragatnaşyk serişdeleriniň, mediýanyň we internetiň üsti bilen özara gatnaşyga girip, tejribelerini, proýektlerini paýlaşyp, biri-birlerinden herhili, islendik goldawy alyp bilerler.

23. Hereket öz-özüni maliýeleşdirýän we maliýe taýdan özüni dolandyrýan guramalary döretmegi maksat edinýär. Bu maksada ýetýänçä, bu guramalaryň maliýe çeşmesi pidagär milletimiziň, hem-de ýerli ilatyň goldawy bilen doldurylýar. Işewür adamlarynyň, herekete köňlüni baglan her gatlakdaky şahslaryň maddy mümkinçilikleriniň ölçeginde, çyn ýürekden goşýan goşantlary, edaralarymyzyň edýän hyzmatyndan alynýan girdejiler, okuwçylaryň okuw tölegleri, maddy kömek etmäge mümkinçilikleri ýoklaryň bolsa pikir, iş we fiziki hyzmat arkaly edýän goşantlary, edilýän hyzmaty maliýeleşdirýän hossarlyk ýardamy hökmünde ýerlikli peýdalanylýar. Fethullah Güleniň ýa-da onuň ýakyn garyndaşlarynyň bu maddy işleriň içinde ýa-da baştutanlygynda bolmazlygy, munuň bilen birlikde goşant goşýanlaryň dokmädeligi, çyn ýürekdeşligi, pidagärligi, bu toplumda sarsmaz ygtybarlylyk duýgusyny ornaşdyrypdyr we häzirem ornaşdyrýar.

24. Fethullah Gülen adamlary hyzmata höweslendirýän, zerur hasaplan ýagdaýynda isle şahsy, isle mediýa kanallary arkaly plandyr proýektler bilen baglanşykly maslahatlar berýän, ugrukdyrýan kanagat ýolgörkezijisidir. Aýratynam, irki ýyllarda köpüň biri hökmünde işjeň hyzmat durmuşynyň içinde ýaşan Gülen, hereketiň içinde çuň ylmy tarapy, ybadaty, ruhy älemindäki agyrlygy, pespälligi, kiçigöwünliligi, dürslügi, namysjaňlygy, ideýa üçin göreşijiligi, herhili şertleriň, ýagdaýlaryň öňünde merdemligi, ýokary fetaneti (zehinlilik), maslahata açyklygy, her kim bilen düşünişip, dil tapyşjak bolmagy, şerigata laýyk we kanunlara boýun egmekdäki ünslüligi we ýene-de şular ýaly häsiýetleri, aýratynlyklary bilen uly hormata eýe bolan, sylanýan adamdyr. Munuň bilen birlikde, köne, klassyk düşünjä görä, “her bir zat onuň makullamagyna bagly, ondan rugsatsyz edilmeýän” lider däldir. Hereketiň ornaşan, ýazga geçirilen, kitap we kasseta görnüşünde neşir edilen, halkara konwerensiýalara tema bolan birnäçe ykrar edilen prinsipleri bardyr. Olar ýerli we daşary ýurtly alymlar tarapyndan akademiki konferensiýalarda nygtalyp geçildi. Guramalarda işleýän, emma Güleni bir gezegem görmedik nijeme adamlar bu prinsipleri özlerine ýörelge hökmünde kabul etdiler we olaryň ýol almagy üçin işläp, ellerinden gelen goşantlaryny goşdular. Şol sebäpden Fethullah Gülenden soň bu hereketiň soňunyň nähili boljakdygy, dolandyrlyşyň nähili alynyp baryljakdygy ýaly soraglar ýa-da hereketiň dagap-dagamazlygy baradaky endişeler köp kişi tarapyndan esassyz we ýerliksiz görülýär.

25. Fethullah Gülen dini ugurda alan ylym-bilimi we bu ugurda isle, işjeň hemaýaty, isle, orta atan ylymy eserleri bilen, dini manyda hormatlanýan orna eýe bolmagyna garamazdan, oňa mukaddeslik ýöňkelmez. Başgaça aýtsak, käbir dinlerdäki dindar adamlara berilýän mukaddeslik derejesi ýa-da statusy onda ýokdur.

26. Hyzmat hereketiniň resmi ýa-da obýektiw kesgitlemesi ýokdur. Ýöne muňa garamazdan, Fethullah Gülen hem degişlilikde, oňa köňlüni bagyş eden ýa-da garşy gidýänleriň öz düşünjelerine görä, hyzmat hereketini sübýektiw kesgitlemeleri bardyr. Bu kesgitlemeleriň hiç biri bu herekete köňlüni baglan beýleki adamalara degişli däldir. Hyzmat hereketine degişli ýokarda beýan edilen kesgitleme, suratlandyrma, düşündiriş we prinsipler hem muňa girýär.

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2020 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr