„Allah“ diýmek bilen „Taňry“ diýmegiň arasynda näme tapawut bar?

Allah diýmek bilen Taňry diýmegiň arasynda näme tapawut bar?

Biziň gadymky ata-babalarymyz musulman bolmazlaryndan öň ýaradyjy bir zada ynanýardylar. Mümkin özlerine görä dürli taňrylary hem bolandyr. Emma olar has köp öz şiwelerinde «Tengri» diýenlerinde zat-y uluhyýeti göz öňünde tutýardylar. Bu söz soň has inçe düşünjeleri öz içine aldy we «Taňry» görnüşine geçdi. Ol aslynda mabud (idol) diýmekdir we arapçadaky «Ylah», farnsuzçadaky «Dio», parsçadaky «Huda» sözler bilen manydaş sözdür. Emma, hiç haçan Hak Tagalanyň ähli esma-i hüsnasuny özünde jemleýän ism-i Zat bolan Allah sözüniň ýerini tutjak söz däldir. Allah diýlende ähli äleme tejelli eden ismleri bilen bir Zat-y Ejell-i Agla aklyňa gelýär. Allah sözüniň manysy hem şudur. Ýagny, Ol Mabud-u Mutlak, Halyk-y Mutlak, Maksud-u Mutlak, Ryzzak-i Mutlak, Bari-i Mutlak, Jemil-i Mutlakdyr... Esmaýy Hüsnanyň (Allahyň gözel atlary) jemlenýän Allah sözünde şeýle umumy many bardyr we bu sebäpden Allahyň (j.j.) has adydyr. Allah diýlende bu Mabudu Mutlak düşüniler we Wajibul Wujut ýadyňa geler. Emma taňry diýlende grekleriň ýadyna Zews düşýär, müsürlilere Apis öküzi, hindilere bolsa sygyrlary... Diýmek taňry sözi bilen ýerlikli-ýerliksiz mabud kelemesiniň ýadyňa düşmegine derek Lafz-i Jelal bolan Allah kelemesi Wajibul Wujuduň has ady hökmünde diňe ol Esma-i Hüsnanyň eýesi Zat-y Züljelaly aklyňa getirer. Şonuň üçin bir ynsan taňry sözüni Allah diýmegiň ýerine ulansa maksadyny aňladyp bilmez we hata etdigi bolar. Taňry, ylah sözi ýerinde Huda, Diýo we God ýerine ulanylyp bilner, emma Allah ýerine däl... Allah Hak Tagalanyň Zatynyň has adydyr. Şonuň üçin «LÄ ILAHE ILLALLAH» diýýäris, emma «Lä Allaha illallah» diýmeýäris. Ilki bilen ilahlar, taňrylar, ýene näme bar bolsa hemmesi inkär edilýär soňra subutnama edilip Mabud-u Mutlak getirilýär we diňe Allah bardyr diýilýär.

Möwlit ýazyjysy Süleýman Çelebi bu hususy örän owadan beýan edip «Birdir Allah, ondan başga taňry ýok» diýip iki sözi hem öz ýerinde goýupdyr.

Muňa esaslanyp bir ynsanyň agzyndan taňry sözi çykanda, derrew oňa garşylyk görkezmeli däldir. Ol adamyň bu sözi näme maksat bilen ulanýandygyny seljermeli. Eger Allah diýmegiň ýerine ulanan bolsa mylaýymlyk bilen ony düzetmeli. Hiç gany gyzgynlyk etmeli däl. Biziň günlerimizde-hä asla!..

Pin It
  • -de döredildi.
Awtorlyk hukugy © 2021 Awtorlyk hukugy goralandyr
fgulen.com, Türk yslam alymy Fethullah Güleniň resmi web saýtydyr